10:34 Öñki maý baýramlary | |
● Kökler
Edebi makalalar
ÖŇKI MAÝ BAÝRAMLARY Sowet zamanyna adat bolan baýramlaryň hemmesine syýasy many berilýärdi, sebäbi olaryň döreýiş taryhy syýasata baglanandy. Muny esasy baýram bolan 1-nji maýyň mysalynda düşündirse bolar. 1889-njy ýylyň iýulynda Parižde 2-nji Internasionalyň kongresi bolýar. Kongres 1886-njy ýylyň 1-nji maýynda 8 sagat iş gün talap eden Çikago işçileriniň köçe ýörüşleriniň polisiýa tarapyndan dargadylanyny ebedileşdirmek maksady bilen şol güni zähmetkeşleriň raýdaşlyk baýramy hökmünde bellemegi karar edýär. Emma, 1-nji maýy ýer şarynyň dürli künjünde, ýüz-müňlerçe ýyl öň dörän däplere eýerilip halk baýramlaryň geçirileninden bihabardyk, sebäbi köne baýramlaryň ýatlanylmagyny agalyk sürýän ideologiýa halamazdy. Öňki maý baýramlary kongresleriň, döwlet ýygnaklarynyň karary esasynda bolmandyr, olara halk baýramlary diýmeli. Angliýada 1-nji maý güni gyzjagazlar topar bolup, öýlere aýlanyp, ýörite düzlen aýdymlary aýdypdyrlar, ellerinde gül çemenlerini göterip, gülleriň üstüne akja gurjaklar goýupdyrlar. Irlandiýanyň daýhanlary henizem maý baýramyna şar alyp çykýarlar, şarlara altyn hem kümüş reňk kagyzlar ýelmeýärler, şeýdip Güni, Aýy şekillendirýärler. Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde 1-nji maý güni tokaýdan Maý agajyny getirip obanyň ortasynda dikmek, ony güller, her hili owadan matalar bilen bezemek adat bolup gelýär. Maý baýramda ýaş diýmän, garry diýmän hemmeler agşam tokaýlara, jeňňellere, baýyrlara çykýarlar, uzak gijäni şatlykda, şagalaňda geçirip, berýoza ýa-da uly ýel agajyny alyp gaýdyp, ony bezäp, daşynda tans edip, aýdym aýdýarlar. Agaçdan ýaglyk, mata, kolbasa, ýumurtga asyp, towsup almaşak oýnaýarlar. Şwesiýada 1-nji maýyň öň ýanynda depäniň, baýyrlaryň üstünde çakmak daşyndan tutaşdyrylan ot ýakylýar. Olaryň daşynda ýaşlar aýdyma, tansa başlaýarlar. Ýaşulular tomaşa edip duruşlaryna ýalynyň haýsy tarapa öwüsýändigine gyzygýarlar. Eger günorta öwüsse, ýazyň ir hem ýumşak geljegini, demirgazyga öwüsse, gijigip geljegini çaklaýarlar. Birgiden ýerde ýaşlar biziň oglankak şaman otdan böküşimiz ýaly otdan bökýärler, biz “oda günämizi dökýäris” diýen bolsak, olar “albassylary ýakýarys” diýýärler. Maý baýramlaryň täsin däp-dessurlary barada J.Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda giňişleýin, jikme-jik gürrüň berilýär. Bu baýramyň aňyrsynda nähili ynançlaryň ýatandygyny bilmek islegimizi “Mif we simwol” kitaby arkaly kanagatlandyryp bileris. Zemin hudaýynyň aýal bolandygyny aýdyňlaşdyrmak kyn.Onuň kyndy- gy ol hakynda mifleriň ýoklugyndan, onuň obrazynyň öçügsidiginden, häsiýetli alamatlarynyň, hat-da hususy adynyň bolmandygyndan ybarat. Onuň tersine, Asmanyň hudaýy, dünýäni erkinde saklan Älemiň enesi diýlip tanalan neolit zamanynyň Beýik Aýal hudaýynyň obrazy has aýdyň, has täsirli. Gadymy, orta asyr ýazuw çeşmelerde, etnografik materiallarda onuň obrazynyň böleklenmegi zerarly dörän aýal hudaýlaryň atlary gabat gelýär. Olaryň iň görnüklisine Kibe- lo diýýärler. Firigiýada bu hudaýy adamlaryň, tebigatyň, hat-da hudaýlaryň enesi diýlip, oňa sejde edilipdir. Rimde ol Beýik Ene hök- münde sarpalanypdyr. Bäşinji asyrda Fransiýanyň üzümli meýdanla- rynda bol hasyldan umydygär bolnup, Kibelonyň eli bäbekli heýkeli- ni oturtmak zerur bilinýän ekeni. Ynançlaryň üýtgemegi, bir diniň beýlekiden doly rüstem çykmagy zerarly eli çagaly Kibelonyň ornuny Bibi Merýem eýeleýär. Gadymda 1-nji maý baýramy Kibelonyň mynasybetine bagyşlanypdyr. Şol gün güller, mata bölekleri bilen bezelen “maý daragtyny” dikmek adat bolupdyr, kähalatda ony ýörite ulaga salyp, obalara aýlapdyrlar. Şu däp Günbatar Ýewropada biziň günlerimizde-de dowam etdirilip gelinýär. Ol Ýewropa rimlileriň üsti bilen ýaýraýar, olara-da Kiçi Aziýada ýaşaýan greklerden geçýär. Grek mifinde Maýýa-dag perisi, Atlanta bilen Pleýonyň bir gyzy, soňra grekleriň baş hudaýy Zewsiň aýaly, Germesiň ejesi. Oňa eneke diýýärler, ol çaga emdirýär hem terbiýeleýär. Asteklerde Maýýa-hasylyň hudaýy. Hindi ýazgylarynda Maýýa- Asmanyň enesi. Buddalar üçin Maýýa-Buddanyň ejesi. Hindilerde Brahma-ýokary hudaý. Mikaddes kitap “Upanişad” (“Syrly taglymat”) gadymyýetde ruhanylaryň täsin düşündirişlerine mynasyp bolýar. Onuň täsinligini söhbetiň alnyp barylşyna ýöňkese bolar. Söhbete gatnaşýan puha- nylar pikirlerini beýan edenlerinde goşgy bilen kyssany gezekleşdiripdirler. Biziň dessanlarymyzda-da goşgy bilen kyssa gezekleşýär. Belki, baglanyşyk bardyr? Brahma ähli zady ýaradan hudaý, ol dünýä ruhy, üýtgeşik barlyk, onuň keşbi bolmaýar. Brahma barlykdaky real dünýä däl, ol hyýaly dünýä, oňa Maýýa diýilýär. Krişna ynanýanlar üçin Maýýa sözüniň manysy bar. Krişna Halkara jemgyýetini esaslandyryjy A.Ç.Bhaktiwendante Swami Prabhuradanyň “Ýaşaýyş ýaşaýyşda döreýär”kitabynda Krişnanyň iň ýokary lezzet alyjydygy aýdylýar. Diňe Krişnanyň aňyna aralaşan lezzetiň manysyna düşünýär. Adam ejir çekýär ýöne ony lezzet hökmünde kabul edýär. Şoňa MAÝE- salgyma kowalaşma (illýuziýa) diýilýär. Bu ahwalaty awtor düýäniň mysalynda düşündirýär. Düýe hezil edip tikenli ýandak iýýär, tiken onuň diline batyp gany bilen çeýnelip, özboluşly tagam döredýär. Düýe: “Bäh, ýandagyň ýakymlydygyny!” diýýär. Şu lezzetli duýga Maýa diýilýär. Ma “ýok”, ýa “bu” diýmegi, ýagny, “bu ýok” diýmek. Illýuziýanyň düşündirilişi şeýle. Ellin-rim zamanynda Maýýa Wulkan hudaýynyň aýaly, Merkurynyň ejesi. Türkmenlerde Maýa owadanlygyň, göpküň simwoly. Ony gyzlara dakýarlar. “Maýa ýaly owadan gelin” diýilýär. Halk döredijiligimizde Akmaýanyň obrazy bar. Oňa üýtgeşik keramat berlipdir. Döwüň elinden ölen doganlaryny direltmek üçin Ak pamyga Akmaýanyň süýdi salgy berilýär. Çarwa düşünjesine görä, owadanlyk, keramat düýä berlen, düýäniň süýdi hem dertlere derman, ikinjidenem adama, tebigata ýaşaýşy beren Hudaýlaryň ga- dymdan Maýýa atlandyrylmasyndan türkmenem bihabar däl ekeni. Rimde Maýa hasylyň, topragyň penakäri, eli bäbekli şekillendirilen, onuň bilen bagly däp-dessur 1-nji maýda berjaý edilip şol aýa-da maý aýy diýlipdir. Maýýa hudaýyny dabaralandyrmak maý aýyna gabat gelýär. Baýramçylyk Troisa ýa-da Suw peri bilen bagli dini da- baralara utgaşypdyr. Suw perisine mahsus däpler berjaý edilende Atyň gatnaşmasy zerur bilnipdir. Belki, bu alamat Maýýa hudaýynyň aslynyň Zeminasty hudaýyndan gaýdýandygyny aňladýandyr? Eýýäm suw bedewi ýadyňyza düşen bolsa gerek! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |