00:24 Al kakmyş! | |
●Kökler
Edebi makalalar
“AL KAKMYŞ!" Men bu miniatýurany ýazmak bilen bir ýagdaýa ünsi çekmekçi bolýaryn. Halkyň aňyrdan gelýän aňlatmalarynyň düýbi hemişe uly taryhdan gözbaş alyp gaýdýar. Ynha, aýdaly, bizde “albassy” diýen söz bar, ýa-da “al kakmyş” diýip sögülýär. Betgylykly, bedroý aýal maşgala-da “albassy ýaly” diýilýär. Elbetde, türkmeniň sähelçe üşügi bolany Albassydan habarlydyr. Halkyň ynanjyna görä, Albassy göwreli aýallaryň, aýratyn-da ýaňy bolan çagalaryň kastyna çykan al-arwahdyr. Bäbegi ýeke galdyrmak maslahat berilmeýär, amatly pursaty aňtap ýören Albassynyň penjesine düşäýmegi ähtimaldyr. Bu al-arwahy betnyşan kempiriň sypatynda göz öňüne getiripdirler. Ýekegöz, saçy ýere düşüp dur, ýeňsesinden içegeleri görünýär. Er- keklere zyýan etmese-de, göwreli aýallara iňňän howply. Onuň re- himine bil baglamadyk aýalyň işi pyrryk, göwresindäki çagasyndan jyda düşäýmegi ähtimaldyr. Albassy maslygyň ýanynda oturmagy halaýar, çagajyklaryň bagryny sorsam diýýär, Çakyr süňk, dyrnaklary peýkam ýaly ýiti, gyzyl ýüz, saçlary eýmenç sary, aýagynyň barmak- lary dabanynyň ýerinde biten arwahyň taryhy ýoly uzak. Ol Gündogar halklaryň ählisinde, şol sanda türkmenlerde-de bar. I.Blaramberg “Ýatlamalar” diýen kitabynda ony Aalla diýip tutýar, onuň kempir sypatly erkekdigini aýtmak bilen, çaga bolandan ýedi gün soň onuň howpunyň gutarýandygyny belleýär. Blaramberg ýazgysynda parslaryň arasyndaky ýnanjy beýan edýär. Bu arwahyň telim ady bar, döwürleriň dolanyp, ynançlaryň üýtgäp durmagy bi- len onuň ady-da, oňa berlen häsiýetde üýtgäpdir. Ol türki halklaryň hemmesinde diýen ýaly Albassy ady bilen meşhur. “Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýada ýazylyşyna görä, “Albassy” sözüniň döreýişinde gutarnykly pikir ýok. Käbir awtoryň pikiriçe, Albassy türki halklaryň döreden personažydyr. Başga bir çaklama salgylanyp aýtsak, onuň eýran mifologiýasy bilen baglanyşygy bar. Bu arwahyň ady “Al” diýen pars sözi bilen türkçe “basmak” manysyndaky “bas- ty” sözüniň goşulyşmagyndan döräpdir. Ýene bir düşündirişde has gadymy zamana salgylanylýar. “Al” sözüniň düýbünde gadymy semit halklarynda hudaýy aňladýan ILU sözi ýatyr, “basty” sözi bolsa, hindiýewropa degişli termin bolmak bilen “ruh”, “hudaý” diýen many berýär. Ruslardaky “bes” sözünde-de şu many bar. Olaryň köki bir ýerden. Eýýäm şu düşündirişleriň mysalynda-da “Albassy” diýen adyň gelip çykyşyna ençeme halkyň, döwürleriň dahyllydygyny görýäris. Bu babatda “Mif we simwol” kitabynda berilýän maglu- matlar has-da ünsi özüne çekýär. S.Tokarýew paleolit zamanyndan galan aýal şekilleriniň ähmiýeti hakyndaky meseläniň üstünde durup, Sibiriň, Altaýyň, Uzak Gün- dogaryň halklarynda, oduň, öýdäki ojagyň penakäri saýylýan aýal ruhunyň bolandygyna güwä geçýän materiallara ýüzlenýär. Bu ruhuň neolit zamanyndaky aýal hudaýlar bilen baglanyşygynyň bardygyny aýtsa bolar. Gadymy hetleriň miflerinde ojagyň penakäri hasaplanan aýalyň ady Alalt. Ol Kawkazdan Merkezi Aziýa sebitlerine çenli ýaýran, neolit zamanyndaky Beýik Aýal hudaýyň obrazyna kysymdaş bolan Al, Allat atlandyrylýan aýal ruhlar bilen gabatlaşýar. Türkmenlerde-de täze doglan çaga bilen bagly 40 çille diýen yrym bar. Kyrk güne çenli çagany goraglaýarlar, adamlara görkezmejek bolýarlar. Elbetde, bu gorky ölüm bilen bagly. Bu yrymyň aňyrsy daş eýýäminiň Beýik Aýal hudýyna bolan ynançlardan gözbaş alyp gaýdýar. Tebigatdaky direlişiň hem ölümiň erki Beýik Aýal hu- daýyň elindäki gudrata bagly diýip düşünipdirler. Ölüm hem betbagtlyk bilen baglaşdyrylan halatda ony aýylganç, bedroý kempiriň keşbinde göz öňüne getirmek endigi daş eýýäminde Ýewropada ýa- şan taýpalaryň arasynda-da ýörgünli bolupdyr. Ol kyrk günüň dowamynda bäbegi heläk edip bilýär, sebäbi bäbek onuň ygtyýaryndaky jandar diýen ynanç adamlary juda gorkuzypdyr. Bu hakynda Mariýa Gumbutasyň “Beýik Aýal hudaýyň siwilizasiýasy: Gadymy Ýewropa düýäsi” atly kitabynda giňişleýin ýazylýar. Gelip çykyşy taýdan türkmenlere garyndaş bolan alanlarda (osetinler) bu Aýal hudaýyna Alardy diýilýär. Oňa mahsus häsiýetli alamatlaryna garap, onuň neolit zamanyndan gözbaş alyp gýdýandygy, XIX asyryň aýaklaryna çenli Kawkaz halklarynyň arasynda täsiriniň saklanandygy aýdylýar. Onuň hem adynyň “Al”hem “Erdi” (“hudaý” diýen manyda) sözleriniň goşulmagyndan dörändigine garamazdan, häsiýet babatda biziň bilýän Albassymyzdan biraz tapawutlanýar. Ol rehimliräk. Adama juda bir ýamanlygy bolmasa-da, ýoknasyz endi- gine eýerip, betbagtlygy, keseli gönderäýýär, ýöne dileg etseň, adyna doga okap, ýalbarsaň: “Biziň ojagymyza myhman bolup geläýen ekeniň, indi aladaň bilen ýoluňa gidiber, senden göwün edemzok” diýseň, gulak asyp gidiberermiş. Neneňsi bolanda-da, ondan juda gorkupdyrlar, onuň hormatyna baýramçylyklar gurupdyrlar. Aýallar başlaryna ak ýaglyk daňypdyrlar, ruhanylar murtlaryny gyzyl reňke boýap, doga okapdyrlar, oňa niýetlenen mukaddes agaja ak hem gyzyl matalar daňypdyrlar, hudaý aýaly uzyn boýly, al ýalyn reňkin-de göz öňüne getiripdirler. IL, EL, AL-öň ýerasty dünýäniň hudaýynyň ady. Soňra araplar öz baş hudaýynyň adyna Alla, ýewreýler El, gadymy semit halklar Ilu diýýärler. Araplaryň yslamdan öňki aýal hudaýynyň ady Allat bolup- dyr. Allat asmanyň hem ýagyşyň eýesi hasaplanypdyr. Ony ýaragly aýal görnüşinde şekillendiripdirler. Tirkiş JUMAGELDI | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||