00:23 Şamanot | |
●Kökler
Edebi makalalar
ŞAMANOT Otdan gürrüň çykanda bada-bat şamanot ýada düşýär. Oglankak şamanotdan böküp heziller ederdik. Çagalyk ýatlamalaryma salgylanyp aýtsam, şamanot bugdaý orlup, sypaly ýygnalmadyk meýdanda ýakylýardy. Ot üçin sypal üýşürýänimizi bilýärin. Näme üçin otdan bökýänimizi sorap durmagyň geregi ýokdy. Dabara toma şa edýän aýallar biri-birine: “A gyz, senem günäňi dök” diýşip, utanjaňlary şowhun bilen oda tarap iterdiler. Şamanot diýilmeginiň sebäbini welin aýdýan ýokdy. Şaman ýa-da porhan jadygöýlügi tebipçilik bilen utgaşdyryp bil- ýän adam. Onuň ruhy güýji, başarnygy jynlara erk edip bilşinde ýüze çykýar. Bu wezipäni abraý bilen berjaý etmegi üçin oňa ygtybarly, wepaly jynlardan düzülen “goşun” gerek, “kapyr” jynlaryň ordasyny dargatmakda ol serkerdelik ukybyny görkezmegi başarmaly. “Goşuny” aýgytly hüjüme galdyrmakda gopuzyň, dutaryň, depderiň, jaňlaryň owazy söweşe çagyryş bolup ýaňlanýar. “Kapyr” jynlar syrkawyň erk ygtyýaryny alyp, bendäni zyr däli edip taşlapdyrlar. Duşmana abaý üçin ulanylýan ýerlikli serişdeleriň biri-de otdur. Oduň emriniň öňünde arwahlar durup bilmez! Oda gyzdyrlan demiri dili bilen ýalap bilýän, dym-gyzyl közi ýalaňaç dabany bilen owradyp bilýän şamanyň öňünde “kapyr” jynlar durup biljekmi diý! Belki, şamanyň ot bilen edýän oýnuny göz öňünde tutup, soňra bu däp-dessura şamanot diýlendir. A.Öräýewiň “Adat” kitabyndan ýazgy: “Sardaba nowasyna salnan, göramana getirilen jesediň eti akypdyr, gurapdyr, diňe süňki galypdyr. Şu tertipde bir maşgalanyň neberesinden ýedi arkasy şol göramana getirilipdir. Olaryň hemmesiniň jesedi agzalan göramanda guradylypdyr. Şondan soň göramana getirlenleriň hemmesiniň süňküni otly kesindi bilen daglap ýakypdyrlar. Şeýle etmek bilen, süňkleriň eýelerini günäden saplandy hasaplapdyrlar. Bu däp-dessuryň gelip çykmagy Şamanot bilen bagly bolupdyr”. “Mif we simwol” kitabynda Ýewropanyň, Kawkazyň halklarynda däp-dessur baýramçylygynda otdan bökmek däbiň bolandygy aýdylýar. Adamlary, mallary oduň arasyndan geçiripdirler. Bu däp baryp-ha, Gadymy Rim döwründe-de bar ekeni. Grek mifinde aýdylyşyna görä, antik zamanynyň meşhur gahrymany Ahilles ölmez-ýitmezligi ýalynyň içinden geçip gazanypdyr. Jeýms Frezeriň “Altyn şaha” kitabynda dünýäniň dürli ýerinde, dürli halkda ot bilen bagly dessurlaryň bardygy aýdylýar, olaryň ge- çirilişi beýan edilýär. Aýratynam tomusda, iň uzak günler 22-24-nji iýunda Ispaniýada, Gresiýada otlar ýakylyp, oduň üstünden bökmek töwereginde tans etmek dabaraly giň ýaýrapdyr. Aýallar otdan bökenlerinde: “Ähli günäm yzda galdy” diýip gygyrypdyrlar. Bu däp Demirgazyk Afrikanyň musulman halklarynda, aýratynda Aljirde, Marokkoda meşhurdyr. Howlularda, ýollaryň çatrygynda, ekin meýdanlarynda, harmanlaryň gapdalynda otlar ýakylýar. Ýakymly ys ýaýradýan otlary, çöpleri oda atýarlar. Adamlar tüssäniň aşagynda duranlary bilen oňman, ony ekin meýdanlaryna, bag-bakjalyga kowjak bolýarlar. Her kim otdan bökmegi parz bilýär. Azyndan ýedi gezek bökmeli. Soňra ýanýan kesindileri alyp öýleri, hassa- laryň ýatan ýerini tüssä gapdyrýarlar, doga okap, olaryň çaltrak sagalmagyny dileýärler. Muny-da az görýän ýaly, oduň külüni saçlaryna, bedenlerine çalýarlar. Otdan bökenler derdi-beladan saplanmaly, önelgesizleriň çagasy bolmaly. Oduň gudratly güýji diňe adamlara däl, haýwana-da, ekine-de oňyn täsir etmeli. Musulmanlaryň Aý kalendaryny ulanýandygyny, Gün-şemsi kalendar boýunça hasaby ýöredilýän baýramlaryň olarda meşhur däldigini göz öňünde tutsaň, onda iň uzak gün bilen bagly bu baýramçylyk ünsi has-da özüne çekýär. Bu faktdan şeýle netije çykarsa bolar: Ýewropanyň hristian halklary ýaly Demirgazyk Afrikanyň musulmanlary-da bu däbi butparazlyk döwründen alypdyrlar. Başda m niň ýatlan şamanodum hem şu däp bilen gös-göni bagly bolmaly diýjek. Onuň tomusa, bugdaýyň ýygnalýan mahalyna gabat gelýändigi-de şony tassyklaýar. Ýene bir ýagdaýy bellemek gerek, şamanot diýilse-de ol ot hakyky şamanoda meňzänok. Çarwa türkmenleriň arasynda ot bilen bagly gadymdan gelýän däp bolupdyr. Oňa alas diýýärler. Mal sürisi iki oduň arasyndan geçirilýär. Etnograf alym Annadurdy Orazowyň “XIX asyrda, XX asyryň başynda türkmenlerde maldarçylyk” atly kitabynda ýazylyşyna görä, tekelerde, ýomutlarda, gökleňlerde, salyrlarda, nohurlylarda bu däp gyşdan aman çykylyp ýaza ýetilende, owlak guzy alnandan soň, berjaý edilipdir. Iki ýerde uly ot ýakylypdyr. Çopan ilki sürüniň erkejini oduň arasyndan geçirýär, soňra gyk-wak bilen sürini kowýarlar, soň adamlaryň özleri-de geçýärler, dert-bela galsyn diýip dileg edýärler, şol ýerdenem ýaz örüsine gaýdýarlar. Ähli keselçilik köne ýerde galmaly, derdi-belalaryň täze ýere gaýtmagyna gudraty güýçli ot päsgel bermeli. Bu däbiň Ahaldaky ady topuk, ýa-da sürüni topukdan geçirmek. Ot iki ýerde däl-de, köp ýerde ýakylýar, olara ýüzärlik, it tezegi, duz zyňylýar. Süri kowlandaky şowhunyň arasy bilen: “Derdi-belanyň galdygy bolsun, dünýä belasyndan sakla!” diýip gygyrýarlar. Şaman-porhanyň täsir ediş serişdesine öwrülen pursatynda oda şamanot diýilse ýerine düşjek. Yslamdan öň türki halklaryň arasynda şamanlaryň täsiriniň juda güýçlenmegi, ot bilen baglylykda has aňyrdan gelýän däpleriň-de soňra olaryň ady bilen baglaşdyrylmagy bolup biljek zat. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |