17:31 "Ite zyñaýmalysy galypdyr" | |
● Kökler
Edebi makalalar
“ITE ZYŇAÝMALYSY GALYPDYR” Güýç gurbatdan gaçyp, ebla ýagdaýa düşen garry adamlar hakda türkmenlerde aýdylýan bir söz bar: “Itiň öňüne zyňaýmalysy galypdyr”. Bu sözüň aňyrsynda gadymyýete degişli taryhy hakykat ýatyr. Taryhçy A. Jykyýewiň getirýän maglumatlaryna salgylansaň, Hazar deňziniň gündogar ýakasynda ýaşaýanlar hakynda Empirik täze eýýämiň ilkinji asyrynda: “Girkanlar ölenlerini itiň öňüne zyňýarlar” diýip habar beripdir. Girkanlar diýlende Gürgen sebitlerinde ýaşan gadymy taýpa göz öňünde tutulýar. Köne zamanda garrylary meýdana zyňyp gaýtmak däbiniň türkmenlerde-de bolandygyny halk döredijilik eserleri bilen bir hatarda “Görogly” eposy-da aýan edýär. Atasy Jygaly begiň maslahatyna eýerip, soňra taý atyny gaçyran Görogly käýinip durka, onuň serine şeýle hyýal gelýär: “Wah, garry bidöwlet zaňňar, bir işiň üstünden barjakdyň, bardyň-da dyndyň. Onda ol munda bul diýip, gepiňi köneldişiňdenem bilýärdim” diýip düwdenekläp barşyna atasyna käýinýär. “Men ozal eýýämde her kimiň öýünde garrysy bar bolsa garrandan soň arkasyna göterip, dagdan ötürip taşlap gaýdýar diýip eşidýärdim. Beýder ýaly bu garry pakyrlaryň näme zeleli degýärkä diýip göwnüme gelip ýördI. Her kimiň öýünde garrysy bar bolsa, şular ýaly zeleli degýär ekeni munuň. Indi men muny arkama göterip, dagdan ötürip taşlajak bolup azara galyp ýörenimden, baryp bogup öldüräýeýin-le aksakaly” diýip oýlandy. Ömrüniň ahyrynda Görogly- ny-da dagyň gowagynda goýup gaýdýarlar. Gadymy awtorlar Siseronyň, Ýewsewiniň, Pompeý Grogyň ýazgylarynda-da şeýle däbiň bolandygy tassyklanýar. Ölenleriň jesedi jaýlanylmazyndan öňürti itleriň, guşlaryň öňüne taşlanýar, olaryň haýwanlar tarapyndan gemirlen süňkleri soň topraga duwlanypdyr. Men öňki miniatýuralarda zoroastrizm dininiň ynançlaryna görä, jesediň bada-bat ýere gömülmeginiň oňlanmandygyny, etiň-ýagyň topragy zaýalaýan hapaçylykdygyny, meýdi kakatmak üçin ýörite edilen saganalarda goýlandygyny aýdypdym. Belki, gyssanylan halatda meýdi it-guşuň etden arassalanmagyna-da ýol berendirler? It, guş gadymy ynançlarda hudaýlaryň keramatyna şärikli haýwanlar diýlip bilinipdir. Gadym zamanlarda adamlaryň meýdini iýýän ýörite itleri saklamak käbir halkda däp bolupdyr diýip, “Mif we simwol” diýen kitapda-da aýdylýar. Bu däbiň döremegini ölenleriň ýerasty Gara hudaýa degişlidigi hakyndaky ynanç bilen düşündirse bolar. Gara hu- daýyň mifologik obrazy itiň keşbinde ýüze çykarlypdyr. Gadymy maýýa halkynda “asman itleri” diýen düşünje bolupdyr, ony ýagyş hem ýyldyrym bilen baglapdyrlar. Eýranlylaryň gadymy sungatynda häli-şindi duş gelinýän ganatly itiň şekilini-de şu mana dahylly etse bolar. Ganatly it ganatly ýylan, ganatly at bilen ugurdaş bolmakdan ötri, olaryň hemmesi-de ýerasty hudaýyň obrazyny aňladýan alamatlardyr. Geçiniň-de, möjegiň-de şu hatara girýändiklerini ýokarda aýdypdyk. Pazryk halysynda ganatly böriniň şekiliniň çekilendigini-de belläpdik. Bularyň hemmesi bir ynanjyň degerli alamatlarydyr. Itiň obrazy bilen Gara hudaýyň gabatlaşdyrylmagyna sebäp hökmünde itiň hem ýylanyň dillerini çykarýandyklary delil ge- tirilipdir, hemem onuň Aýa garap uwlaýandygy aýdylypdyr. Aý bilen itiň obrazynyň garyndaşlygy olaryň ikisiniň-de Gara hudaýa wekilçilik edýändigindedir. Täze dogan Aýyň şekiline seredenler onda itiň açylan agzyna meňzeşlik görüpdirler, ony asman iti diýip atlandyrypdyrlar. Gün hudaýy gije dynç almaga gidende özüne garaşly bolan itine asman mülkini goramagy tabşyrypdyr. Görüň, itleriň sakçylyk hyzmatynyň aňyrsynda nähili ynanç ýatan ekeni? Türkmenlerde it uwlasa halanoklar, goşanç görýärler. Ýokarda itiň Aýa garap uwlaýandygyny, olary gara hudaýyň obrazynyň birleşdirýändigini aýtdyk. Şeýle-de bolsa, itiň uwlamagy adamlarda howsala döredýär, ýakymsyz duýgulara maýyl edýär. Muny Ýewropa, Kawkaz halklaram halanok. Aňyrdan gelýän pikire, ynanja görä, ite adamlaryň ölümini öňünden duýdurmak başarnygy berlenmiş, it kimdir biriniň ajalyna uwlaýar diýip yrym edipdirler. Bu ynanjy ýene Gara hudaýyň emri bilen baglasa bolar. Merhumlar Ýerasty dünýä, onuň eýesi Gara hudaýa degişli edilipdir. Diýmek, Gara hudaýyň wekili hökmünde it ýerasty dünýä gitmelileri öňünden bilýän ekeni. Edil şu ýerde türkmenlerdäki Italmaz diýen at hakynda söz aç- mak zerur.Biz gulaga ýakymsyzrak eşidilýän bu adyň manysyny köplenç çagasy durmaýan adamlaryň ajalyň ýoluny gaýtarmak üçin dakandyklaryna syrygdyrýarys. Ýöne bu ýerde itiň adynyň getirilmegi gyzykly. “It hem almaz” diýer ýaly dünýä inen çagagyk itiň öňüne zyňylaýmaly ülhüt garry däl, ýa-da etini iýäýmeli meýit däl. Ýaňy dünýä inen eýjejik jandar! Bu ýerde beden göwre bilen baglylyk ýok Näme üçin onda "it almaz“ diýilýär. Meniň pikirimçe, bu ýerde has gadymy ynanç bilen baglanyşyk bar. Şol ynançdan biziň ata-babalarymyz habarly bolupdyrlar diýjek. Gadymy Gresiýada mazarlarynyň üstüne ýylanyň, atyň şekilleri ýaly itiň şekilini-de goýmak däp bolupdyr. Grek miflerinde üç kelleli Serber atly melgun köpek ölüleriň mesgenine girilýän gapyny saklap ýatyr diýilýär. Sibirde, Hytaýda, Günorta-Gündogar Aziýada ýa- şaýan halklarda ölenleriň ruhuny ol dünýä it ugradýar diýen ynanç bolupdyr. Indi “it almaz” diýlende şol ynanjy nazarda tutulyp aýdy- landyr diýmäge esas bar. E.Taýloryň ýazmagyna görä, Demirgazyk Amerikanyň indeýlerinde iti öldürip hojaýyny bilen jaýlamak däbi bolupdyr. Eskimoslar çagany jaýlanlarynda onuň gabryna itiň kellesini salýarlar. Itiň ruhy çaganyň öňüne düşüp, oňa ruhlaryň ýurduny tapyp bermeli diýýär-ler. It bilen baglylykda adama at bermegiň başga bir tarapyna ünsi çekmek bilen Ahmet Bekmyradowyň “Andalyp hem oguznamaçylyk däbi” diýen kitabyndan bir bölegi dykgatyňyza hödürleýärin: “Nur- muhammet Andalybyň “Oguznamasynda” Oguz hanyň esasy garşy- daşlarynyň biri Itbarak han. Ol Hytaý ýurdunyň şasy... Bize “it” sözi düşnükli. Eýsem “barak” sözi näme? Bu söz hem gadymy türki dilde hüžžük tüýli, diýseň okgunly, çalasyn, hilegär häsiýetleri bilen tapa- wutlanýan, aw üçin iň ýaramly iti aňladypdyr. Bu it hakynda gadymy zamanlardan şeýle rowaýat galypdyr: “Türkileriň ynanjyna görä, bürgüt garrap, haldan düşensoň iki sany ýumurtga goýup, olary ba- syrýarmyş. Ýumurtgalaryň birinden şu Barak atly güjük peýda bolýarmyş. Itleriň iň ýüwrügi hem awy berk saklaýany şu Barak itidir. Il- kinji ýumurtgadan bürgüdiň öz jüýjesi çykýarmyş. Ol onuň jüýjeleri- niň iň soňkusy bolýarmyş... Biziň üçin gyzykly zat biziň eýýämimizden ozalky ýedinji asyrda Assiriýa döwletiniň üstüne çozan aşkuzularyň goşunbaşysynyň adynyň hem Işpakaý bolmagy. Itbarak-Işpa- kaý. Käbir fonetiki üýtgeşmeleri hasap etmeseň, bu sözler biri-birine gabat gelýär. Eýsem, Işpakaý sözüniň manysy näme? I.M.Dýako- now gadymy Orta Aziýa skifleriniň arasynda itiň keramatly jandar- dygyny belläp, onuň “it” diýmegi aňladýan bolmagy mümkin diýen netijä gelýär. Taryhçynyň bu garaýyşy, biziň pikirimizçe, has ynandyryjy. Hakykatdan hem, gadymy döwürde skifleriň, şol sanda türkmenleriň arasynda it keramatly jandar hasap edilipdir”. Ariel Golan “Mif we simwol” kitabynda getirýän faktlary-da ýokarky pikiriň peýdasyna. Gadymy Müsürde itler şeýle bir sarpalanýan ekeni, ony öldüren adama ölüm jezasy berlipdir. Türki halklar itde hudaýlara mahsus keramaty görüpdirler. Şonuň üçinem olaryň hökümdarlary It diýen ady götermegi buýsanç bilipdirler. Bu aýdylany Itbarak han diýlen at hem subut edýär. Taryh sapagynda “peçenegler” diýen söze gabat gelerdik. Bu Rossiýa bilen uruş alyp baran çarwa taýpalarynyň ady. Dogry aýtjak bolsaň “itbeçene” diýmeli, ýagny, “it çagasy” diýmek. Tutuş taýpa- lar özlerini itiň çagalary diýip atlandyran bolsalar, bu eýýäm itiň hormatynyň örän belent tutulandygyny bildirýär. “Gorkut ata” eposynda Salyr Gazan ite ýüzlenýär: Garaňky agşam olanda, waf-waf üýren, Ajy aýran dökülende, şap-şap içen, Gelen hyrsyzlary goruzan, Goruzyban sesi bilen ürküzen, Ordamyň habaryny bilermi sen, diýgil maňa Salyr Gazanyň bu sözleri eldekileşdirilen itiň hereketlerini beýan edýär. Çarwa türkmenler üçin itiň gymmaty has-da artykmaç bolan. Oňa ygtybarly ýoldaş hökmünde garapdyrlar, sylapdyrlar, onuň gylyk-häsiýetinden many alypdyrlar. Itleriň urşundan Görogly söweş usulyny ýasaýar. Ine, onuň beýany: “Atlanyp kowmaga başladylar. Köpläp ýakynlasalar gaçyp otyr, ýeke, iki ýetäýseler, dönäkgeden kepje bilen agdarýar. Göroglynyň kä gaçyp, kä kowup, meýdanda urşup ýörşi, edil it urşy ýaly, ýeke-ýekeden saplap gelýär” Indi Göroglynyň öz sözi: Bedew münüp, meýdan meste köwlendim, Ganymyma ajdar bolup towlandym, Menem bu uruşy itden öwrendim, Gähi gaçyp, gähi kowmagyň gerek. Şunuň bilen bir mahalda, bisowat, manysyz gepläp oturan adamyň sözüni: “it ýandakdan böken ýaly”, “it otlan ýaly”, “it suwa siýen ýaly” diýip häsiýetlendirýärler. Geçmişde ite haýran galaýmaly häsiýetlendirmeler beripdirler. Şolaryň birine eýran arylarynyň- otparazlarynyň mukaddes kitaby “Awestada” duş geldim. Ýokary hudaý Ormuzd itiň häsiýetlerini beýan edip şeýle diýýär: “Itde ruhanylaryň, esgeriň, daýhanyň, hyzmatkäriň, ogrynyň, ýyrtyjynyň, jelep aýalyň, çaganyň häsiýeti bardyr. Ol ruhanylaryňky ýaly az hörek bilen oňup bilýär, esger kimin öýüňi saklaýar, daýhan ýaly az ýatýar, hüşgär, ogrular hem ýyrtyjylar ýaly garaňkylygy halaýar, jelep aýal kimin näzirgenýär, çaga ýaly ukuly hem mylakatly”. Mundan jaýdar aýtmak mümkin däl! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |