03:23 Nireden dörän oýun? | |
● Kökler
Edebi makalalar
NIREDEN DÖRÄN OÝUN? Geçmişde türkmenlerde pökgi oýnalypdyr diýip biljek däl, ýöne sowet zamanynda pökgi bilen bagly oýunlaryň juda meşhurlyk gazanandygyna güwä geçip biljek. Ilki elde oýnalýan pökgi - woleýbol, soňra aýak bilen oýnalýan - futbol giň ýaýrady. Futbolyň watany diýlende Angliýanyň ady tutulýar, emma “Mif we simwol” kitabynda getirilýän käbir fakt bu netijäniň gutarnyklydygyna belli bir derejede şübhe döredýär. Has gyzykly ýeri-de, pökgüniň asyl gelip çykyşynyň gadymy mifler bilen bagly bolmagydyr. Men at hakyndaky miniatýurada ýerasty dünýäden çykyp, ilkinji gezek asmana göterilen mifiki haýwanyň sugun bolandygyny aýdypdym. Sugun gyz görnüşli Güni ýeriň astyndaka ele salýar, ony asmana alyp gaçýar. Jahankeşde B.Zaletaýew “Türkmenistanyň gadymy hem täze ýollary” kitabynda Nusaýdan tapylan tegelek bürünç aý- nanyň suratyny ýerleşdirip, ondaky sugunyň ussatlarça şekillendirilendigine haýran galýar. Dogrudan-da, okdurylyp barýan burum-burum şahly sugunyň hereketiniň duýarlykly suratlandyryp bilinişi, biziň eýýämimizden ozalky II-I asyrlarda, ýagny, bürünç zamanynda nusga bolarlyk sungatyň dörändigine güwä geçýän delildir. Men sugunyň ägirt tizligini göz öňüne getirip oturşyma, megerem muny çeken ussat Günüň ogurlanyşy hakyndaky mifden täsirlenendir diýýärin. Öz wagtynda bu mifiň mazmunyny beýan edýän grafema-da döredilipdir, onda Günüň şekili sugunyň şahynyň üstünde goýulypdyr. Zemin hudaýy ahwalaty duýýar-da, sugunyň yzyndan kowýar, ony agyr zarba duçar edýär, Güni asmandan dolap getirýär. Bu öwrülişik gije-gündiziň dowamynda ýene gaýtalanýar, şol gaýtalanyp durşy!... “Mif we simwolyň” awtory soňra kulta hyzmat edýän mif bilen ritualyň bütewiligine üns berýär, şolaryň utgaşmasyndan kult gutarnykly mana eýe bolýar. Her bir mifiň mazmuny diňe sözde beýan edileni bilen oňmaýar, onuň däp-dessur arkaly aňladylmasy-da zerur gerek. Altyn şahly suguna bagyşlanan baýramy şol zerurlygyň ýüze çykmasy hökmünde düşündirse bolar. Gyz görnüşli owadan Güni eýelemek üçin dowam edýän göreşi hereketde görkezmekden ötri, tomaşa laýyk gyzyk berip biljek usuly oýlap tapmaly. Şu jähtdenem pökgi bilen oýnalýan dürli oýunlaryň çykan bolmagy gaty ähtimal. Awtor pikirini delillendirmek üçin birgiden mysal getirýär. Bular dini dessur hökmünde oýlanyp tapylan oýunlardan ybarat. Bu oýunlar asteklerde, ýaz paslynda Germaniýada, Angliýada oýnalypdyr. Soňabaka olar sport oýunlaryna öwrülip gidipdir: futbol, woleýbol, basketbol, gandbol diýip atlandyrylýar. Güni eýelemek bilen bagly göreşi aňladýan futbol oýny has irki zamanda Indoneziýada oýnalýan ekeni, özlerem oýun üçin ýanýan pökgüleri ulanypdyrlar, şeýdip ogurlanan Güne has täsirli, tolgundyryjy görnüş beripdirler. Latynça “pökgi” diýmek radanika, “köphudaýlylara-da” radanis diýilýär. Iki sözüň bir kökden dörändigi oýlan- maga gyzykly material berýär. Rus dilinde “pogan” diýen söz bar. Ol sögünji hem aňladýar. Ýaramaz häsiýetli adamy sypatlandyrmak. Megerem, bu söz butparazlara, köphudaýlylara ýigrenç bilen garamakdan dörän bolsa gerek? Dmitriý Dalyň rus diliniň düşündirişli sözlüginde-de bu sowala şeýleräk äheňde jogap berilýär. Angliýada pökgüli oýun maslenisa baýramçylygyna gabatlaşdyrylýar, elbetde, bu ýerde-de hiç hili tötänlik ýok. Maslenisa butparazçylyk döwrüniň baýramy bolmak bilen onuň manysy gyş ukusyndan oýanan zemin hudaýy bilen baglydyr. Hudaýyň oýanmagyna ýeriň astyndan Günüň ogurlanmagy sebäp bolandyr diýmäge esas bar Maslenisa baýramynda bliny bişirmek hökmany şert. Onuň ýaga bişirilýäni üçin hem bu baýrama maslenisa (maslo-ýag) diýen at goýlupdyr. Blinylar ýuka, näzik bolmaly, tegelekligi Günüň şekilini, sarymtyl reňki Günüň reňkini aňladýar. Bu baýramçylykda Angliýada aýallaryň çapyşygy geçirilýär. Ylgawa goýberilýän zenanlaryň elinde bliny bişirilýän saç, sajyň içinde bliny. Ylgap barýan futbolçylaryň aýagy bilen pökgüni alyp gidişi ýaly, aýallar-da ylgawyny ýazman, saçdaky blinyny bökdürmegi başarmaly. “Literaturnaýa gazeta” 2001-nji ýylyň aprel sanlarynyň birinde iňlis taryhçysy, ýazyjy Pol Jonsonyň “Biziň ruhumyza gelen gyrgyn” atly makalasyny göçürip çap edipdir. Awtor dünýäde iň köpçülikleýin ýaýran futbol oýnuna ýigrenjini açyk aýdýar, şatlyga derek hesret getirýän, pul gazanmagyň çeşmesine öwrülen, git-gide syýasata ram etdirilýän bu oýnuň gadagan edilmegini talap edýär. Men makalada aýratyn ünsümi çeken taryhy faktlardan söz açmakçy bolýan. Taryhy eýýäme çenli diýilýän döwürlerden başlap, tä geçen asyryň aýaklaryna çenli futbol hakynda mälim bolan habarlar onuň ýöntemligine güwä geçýär. Futbolyň Gadymy Gresiýada köpçülik üçin gödek tomaşa bolandygyny Gomer hem ýatlapdyr. Nyşanadan sowa geçen pökgi degende ukyda ýatan Odisseýa oýanýardy. Iisus Hristosyň zamanyndan öňler Hytaýda, Ýaponiýada futbol oýnalýan ekeni. Pökgüni öküziň böweninden, hamyndan ýasapdyrlar, içine ýüň dykypdyrlar. Futbol Florensiýada Galkynyş döwründen hem öň ýaýrapdyr. Angliýada futbol oýnunyň gadagan edilen mahaly hem bar, ol Riçard II-niň häkimlik eden ýyllaryna gabat gelýär. Bu gadaganlyk Karl II-niň döwründe-de dowam edipdir. Karlyň futboly ýigrenişi çeniň-çakyň däl. Emma protestant ruhanylaryň arasynda bu oýny goldaýanlar tapylýar. Olar katolik däp-dessurlary boýunça geçirilýän Maslenisa baýramynda ýol berilýän masgaralyklardan köpçüligiň ünsüni sowmagyň aladasy bilen onuň garşysyna futboly ýaýbaňlandyrmagyň ugruna çykýarlar. Bu oýny düzgünleşdirmäge ymykly baş goşanlar, ony iki garşydaş komandanyň arasyndaky bäsdeşlige öwrenler kim diýilse, öňi bilen meşhur iňlis ýazyjysy Walter Skottyň adyny tutmaly bolar. Soňky ýyllarda futbolyň barha biznese öwrülýändigi, dünýäniň uly stadionlarynda tomaşaçylaryň arasynda ganly garpyşmalaryň köpelýändigi, saýlawlarda ses almagyň aladasyndaky häkimiýet toparlarynyň ýaramaz hadysalara üns berýändigi makalanyň awtorynyň juda gaharyny getirýär. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |