17:01 "Geçiñ öñ aýagy ýaly bolup..." | |
● Kökler
Edebi makalalar
“GEÇIŇ ÖŇ AÝAGY ÝALY BOLUP...” Görgüsiýaman geçi! Seni näme üçin halanoklar, ýogsa seniňem-ä har zadyň ýok? Ýeteşikli adama at dakjak bolsalar: “geçiň öň aýagy ýaly bolup” diýýärler, sabyrsyzlygy, ýoknasyzlygy seniň bilen häsiýetlendirýärler! Geçisakgal adamy kesesinden halamaýarlar. Halkyň meşhur eposynyň gahrymany, türki halklaryň idealy bolan batyrlygyň hakyky nusgasyny görkezen Görogly beg görden çykan bäbejikkä ene deregine ony geçi emdiripdi ahyry! Idealyny emdirmegi ynanylan geçini halkyň halamazlyga haky ýokdur diýjeklerem tapylsa gerek. Bu ýagdaý alym A.Bekmyradowyňam dykgatyndan sypmandyr. Ol “Göroglynyň yzlary” diýen kitabunda eposyň gahrymany hakyndaky söhbetiň dowamynda şeýle ýazýar: “Biz öňde türki kowumlaryň totemi bolan böri baradaky rowaýaty getiripdik. Rowaýatda böri il-günden, ata-eneden aýrylyp bir özi ýalňyz galan çagany idedip, ony öldürmän, aman saklaýar. Bu rowaýat has üýtgedilip, eposda hem gaýtalanypdyr. Eposda görüň içinde dogup, enesi ölüp, ýalňyz galan Göroglyny geçi emdirýär. Ony idedip, öldürmän saklaýar. Bu ýerde böriniň ornuna geçi çykýar. Esasy aýtmaly zat, türkmen folklorynda böri bilen geçiniň hemişe bilelikde hereket edýändigi. Biziň şahyrana halk döredijiligimizde geçi hem böri bilen bagly ertekileriň ýedisi döredilipdir. Nämedendigini bilmedik welin, bu ertekilerde böri bilen geçiniň arasyndaky garşylykda geçi ýeňiji bolup çykýar. Ýöne bir zat belli. “Göroglydaky” bu geçi bilen bagly detal türki kowumlaryň gelip çykyşy dogrusyndaky mifiň täzeçe gaýtalanmasy. Has takygy, ol soňky döwrüň durmuşyna laýyklaşdyrylypdyr. Eposda gadymy totemiki obraz bolan gurduň hereketleri indi adamlaryň gündelik durmuşlaryna has ýakyn, ellekileşdirilen geçiniň adyna geçirilipdir. Hernä, alym “nämedendigini bilmedik welin” diýse-de, yz ýanyndan öz geňirgenmesine özi “adamlaryň gündelik durmuşyna has ýakyn, ellekileşdirilen geçiniň adyna berlendigini” aýtmak bilen dogry jogap berýär. Her döwür zerurdyr öýden ýerinde rowaýatlary-da, dinleri-de üýtgedipdir. Börä bolan ynanç bilen deňeşdireniňde soňky adamlar üçin geçiden görülýän hözir, peýda has ýakyn, has islegli. Onsoňam çarwalar börüden zyýan görmeseler peýda görenoklar. Zyýanyň sebäbine-de geçini möjekden üstün çykarýarlar, hatda ony goýun janawaryň goragçysy edip görkezýärler. Muny türkmen ertekilerini okasaňyz bilersiňiz. Beýleki türki halklarda bolşy ýaly, türkmenlerde-de ýagyş diläp Burkudyň ýoluna geçi daňmak däbi bar. Näme üçin geçi daňylýar? Goýun daňylanda bolanokmy? Goýna Hydyr gören mal diýýärler, Ybraýym halyl Allanyň ýoluna ogluny gurban berjek bolanda, Biribaryň emri bilen gurbanlyk goýun bilen çalşyrylýar. Burkudyň ýoluna-da goýun daňylsa has netijeli bolaýjak ýaly diýersiňiz. Emma geçi daňylýar. Burkut diňe ýagyşa erk edip bilýän pir bolansoň, ol geçi bilenem oňar-la diýläýdimikä? Belki, munuň sebäbini yslamdan irki dörän ynançlardan gözlemelimidir? Dogrudanam, Burkut yslamyň önümi däl, onuň köki irki ynançlardan. Geçiniň mifologik taryhy paleolit zamanynyň žiwopisinde beýanyny tapypdyr, şondan bärem ol hudaýlaryň, jynlaryň, arwahlaryň gapdalyndan aýrylman gelýär. Dünýä halklarynyň ählisiniň folklorlarynyň gahrymany bolandygy baýaky zat. Gadymy halklaryň birnäçesinde geçi hasyllylygyň, rowaçlygyň simwoly bolupdyr. Geçiniň aýagynyň düşen ýerinde bugdaý desseleri bol bolar diýipdirler. Ýadyňyzda bolsa, “Gürrüňi köpelen ýolka” diýen miniatýurada hettleriň 25-nji dekabrda başlanýan bir baýramçylygynda hasyllylygynyň hudaýy Telepinus atasy Zemin hudaýyň sowgadyny halta salyp getiripdir, haltany hemişe gök öwsüp oturan mukaddes daragtyň şahasyndan asypdyr diýilýärdi. Ine, şol bolçulyk hudaýy Telelepinusyň obrazyny-da geçi bilen gabatlaşdyrypdyrlar. Rus alymy, akademik B.Rybakow slawýan halklarynyň folklorynda geçiniň hasyllylyk bilen baglaşdyrylmagyny onuň ellekileşdirilen döwrüniň daýhançylygyň ilkinji ädimleri bilen gabatlaşandygy bilen düşündirýär. Bu ýerde-de pragmatik endikleriň ýol alyşynyň mysalyny görýäris. Geçiniň Burkut bilen baglaşdyrylmagyna esas bolup biläýjek faktlara men “Dünýä halklarynyň mifleri” diýen ensiklopediýada gabat geldim. Onuň gysgaça beýany şeýle. Käbir mi- fologik garaýyşlarda, mukaddes saýylan atributlarda geçi apy-tupanyň hudaýy bilen bagly. Egis ýa-da egidi (“geçiniň derisi”) grek hu- daýlary Zewsiň, Afininiň, Apollonyň degişli alamaty-atributy. Beýik grek şahyry Gomeriň ýazmagyna görä, egida demirçiligiň hudaýy Gefestiň baş hudaý Zews üçin ýasan galkany. Soňra egidany Amalfeý atly geçiniň galkanyň daşyna örtülen hamy diýip hasap edipdirler. Beýle diýilmeginiň iki sebäbi bolup biler. Birinjisi, örän aňyrky zamanlaryň däbine görä, çep el geçiniň hamy bilen goralýan ekeni. Ikinji egida atlandyrylan agzyndan ot pürkýän elhenç jandary öldüren Afina onuň dersinden özüne galkan ýasanýar, şol galkan Afinanyň hemişelik belgisine-atributyna öwrülýär. Her ýyl Akropolda Afina hudaýyna geçini gurban etmek däbi başlanýar. Şonuň ýaly-da grekler geçini Zewsiň ýyldyrymyny özünde gizläp saklan bulutlaryň simwoly hasaplaýarlar. Indoýewropalylar üçin geçi ýyldyrymyň we apy-tupanyň simwolydyr. Şu aýdylanlardan soň geçiniň Burkut diwana dahylly gudratda paýynyň bardygyna düşünmek kyn däl. “Mif we simwol” kitabyna salgylansak, dürli döwürlerde, dürli geografik guşaklyklara degişli bolan birnäçe gadymy grafemalarda bedeninde ösümlikler gögeren geçiniň şekiline gabat gelinýär. Eger geçi Zemini aňladýan alamat hökmünde alynsa, bu kompozisiýanyň manysyna düşünse bolar. Hakykatdanam, geçiniň kult hem mifologik obrazynda ýerastyna erk edýän Gara hudaýyň birnäçe aýratynlygynyň ýüze çykmasy bar. Munuň degerli alamatlary hökmünde bu haýwanyň aýgyrlyk meýillerini hem sakgalyny görkezmek gerek. Günbatar semitlerde Asima hudaýy bolupdyr, ol geçi şekilinde. Samaritýanlar dünýäniň geçiniň emrinden dörändigine ynanypdyrlar. Müsürliler geçä hormat goýup onuň etini iýmandirler, olar geçini hudaý ýoluna gurban edýändikleri üçin ýewreýleri halamandyrlar. Geçiniň şekili türkmen halysynda-da bar. Halyşynas G.Saurowanyň kitabynda köne eňsidäki bir nagyşyň illýustrasiýasy berlipdir. Geraldik kompozisiýa iki şekilden ybarat. Ortada ýaşaýyş daragty aňladýan şekil, onuň her gapdalynda geçiniň bir meňzeş şekili daragta bakýar. Nagyşyň gelip çykyşy, manysy hakynda hiç zat aýdylmaýar. Emma nagyşlaryň bimanysy bolmaýar. Olaryň gadymyýete mahsus many aňladýandygyny mysallar arkaly tekrarlapdym. Bu gezegem geçiniň stilleşdirilen şekiliniň gadymy manysyna şübhe edemok. Indi öz garaýşymyzy, çaklamamyzy öňe süreliň. Geçi hasyllylygyň, bolçulygyň simwoly. Hettleriň hudaýy Telepinusyň obrazy bilen gabatlaşypdyr diýdik. Belki, türkmenleriň eňsä salan nagyşy ýaşaýyş daragtynyň hasyllylygyny, rowaçlygyny aňladýan grafemadyr? Indi, geçiniň halanmaýandygy barada ahwalatlar. Goýun sürüsini yzyna tirkäp, et kombinatyň dowzah ýerine am janawarlary alyp barýan tekäniň hilegär sypaty soňky döwrüň ýüzleýje garaýyşynyň döreden zady. Gadymyýete gitseň has esasly, has ýigrenji hadysalara duşsa bolýar. Rus dilli adamlar birini masgara etseler “Ah, ty kozýol!” diýýändir. Onuň manysyny köpüsi bilýänem däldir. Geçä bolan ýaramaz garaýşa ýigrenç diýip bolmaz. Çebiş etiniň arzylydygyna, geçi süýdüniň hörekdigine garamazdan ony halap baranoklar. J.Frezer buşmen taýpasy “kim geçä seretse, hapalanýar, bimaza ýagdaýa düşýär” diýip hasaplasalaram, geçini mukaddes hasaplaýarlar diýip ýazýar. Mongollarda myhmana goýun sowgat edilse hormat, geçi berilse kemsitmek diýip düşünýärler. Hristianlarda goýun Hristos simwoly, geçide şeýtanyň obrazyny görýärler. Rus nakylynda: “Hudaý goýny, şeýtan geçini ýaradypdyr” diýilýär. Bu garaýyş geçiniň uruşganlygy, başbozarlygy bilen düşündirilýär. “Mif we simwol” kitabyň awtory A.Golan üçin bu esasy sebäp däl. Geçide terk edilen, ýüz öwürlen diniň näletleýän hudaýynyň keşbini görýärler. “Hudaý goýny ýaradypdyr” diýen sözde gadymy düşünje bar. Asmanyň hudaýy zemindäki ösümlikleriň simwoly hökmünde goýny ýaradýar. Goýun bilen geçiniň hudaýlary başga, biri haýyr, beýlekisi şer. Geçiniň paýyna şer düşüpdir. Geçini jähennemiň hudaýy bilen, goýny Günüň hudaýy bilen baglaýarlar. Orta Aziýada, Kawkazda şeýtany geçiniň şekilinde, geçisakgal, aýaklary syňrakly, kellesi şahly göz öňüne getirmek endigi bar. Ruslar şeýtan geçini ýaradanda oňa öz keşbini beripdir diýýärler. Geçiniň obrazynda şeýtany görmek orta asyryň hristianlary üçin adaty bir ynanç bolupdyr. “Enohyň kitabynda” aýdylyşyna görä, gadymy ýewreýlerde erkeklere urşy, aýallara jelepçiligi öwretdi diýilýän Azaýelanyň şer araýan ruhy geçä siňipdir. Şonuň üçinem geçini Azaýeliň ýoluna gurban edipdirler. Her näme diýilse-de, geçä bular ýaly gadymy ynançlardan gözbaş alýan ýigrenç türkmenlere has bolmandyr. Onuň goýun bilen deň görülmeýändigini goýun ýaly ýuwaş, hakyna kaýyl däldigi bilen düşündirse bolar. Türkmen halk döredijiliginde geçiniň obrazyna ýigrenç duýulýan däldir, gaýta “Jelulym, Belulym” ýaly ene geçä yssy mähir berlen ajaýyp ertekiler döredilipdir. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |