10:25 On dördünji gijäniñ aýy | |
● Kökler
Edebi makalalar
ON DÖRDÜNJI GIJÄNIŇ AÝY Aýyň jemaly türkmen şygyryýet sungatynda owadanlygyň simwoly. Gyzlara Aý bilen bagly at dakmak biziň halkymyzda Aýa bolan garaýyşyň gowulugyndan habar berýär. E.Taýloryň “Ilkidurmuş medeniýeti” diýen kitabynda getirilýän faktlarda käbir halkyň mifinde Aý şeriň hudaýyna meňzedilýär. Afrikanyň negr taýpalarynyň arasynda täze dogan aýy ýigrenç bilen garşylaýan taýpa-da duş gelse bolýar. Umuman, täze Aýy begenç, umyt bilen garşylamak dünýä halklarynyň ählisine diýen ýaly häsiýetli däp. Täze dogan Aý Türkmenistanyň ýaşyl tuguna-da goýuldy. Muny A.Öräýew şeýle delillendirýär: “Aý doganda adamlar gadym wagtdan bäri ony ýüzüne sylýar, ýeneki aý- günlere sag-aman ýetir diýip, gudratly Allatagaladan dileg edýär, dünýä abatlygyny arzuwlaýar. Halkymyz ir döwürden bäri başy dik dogan Aýa sygynýar. Başy dik dogan Aýa gowulygyň nyşany hökmünde sejde edýär. “Aý başy dik, bendäm başy dik, Aý başy ýatyk, bendäm başy ýatyk” diýip yrym edýär. Aý-Oguz hanyň ogullarynyň biri, türkmenleriň gadymy nesilbaşylaryndandyr”. Aýa ýokary hudaý hökmünde sejde eden taýpalarda bolupdyr oňa Günden artyk baha beripdirler. Braziliýanyň wagşy taýpalary Aýyň hereketine görä wagt ölçegini ýöredýärler, baýramlaryny belleýärler, pal atýarlar. Aýallar emýän çagalaryny Aýa tutup alkyş okaýarlar. Türkmenler täze dogan Aýy ýüzlerine sylýarlar, ony ýene görmegi dileg edýärler. Kongoda adamlar dyza çöküp, çapak urup: “Goý, meniň durmuşymam seniň täzelenişiň ýaly täzelenip dursun!” diýip gygyrýarlar. Gottentotlar Aý beýik serkerde diýipdirler. “Seni mübärekleýäris!” Sen bize köpräk bal eçil! Mallarymyzyň iýmini bol et, sygyrlaryň süýdüni köpelt!” diýip, dileg ýollapdyrlar. Ýewropa halklary-da täze dogan aýyň öňünde dyza çöküp, başlaryny ýalaňaçlaýan ekeniler. Araplar ýyl hasabyny Kamary-Aý kalendara görä ýöredýärler, türk-menlerem şol kalendary alypdyrlar. Täze dogan Aý musulman halklaryň arasynda-da meşhur. Metjitleriň, guburlaryň depesinde onuň şekilini goýmak däbe öwrülen. Orak şekilli Aý nyşanyna bolan hor- matyň gadymylygy hakynda “Mif we simwolda” gyzykly pikirler bar. Gadymyýetde käbir zat kult simwolyna meňzeşligine görä mukaddes saýylyp başlanypdyr. Muňa mysal hökmünde täze Aýyň şekilini getirse bolar. Ony keramatly öküziň şahyna meňzedipdirler. Gadymy eýran hem hindi dessurlarynda Öküz aý-aýdyň gijäniň hudaýynyň obrazynda görlüpdir. Müsürde keramatly öküz Apis aý ýagtysynda döredileni üçin “Aý öküzi’ diýipdirler. Şumerde Aý “sakgally öküz” atlandyrylypdyr, ol altyn şahy bilen wagt ýöredýär eken. On dördünji gijäniň dolan aýy-da halklaryň däbinde uly hormata eýe, ol ýagtylygyň simwoly. Wankuwer adalarynda ilat doly aýa sejde edipdir. Olar üçin Aý erkek, Gün aýal, özleri-de är-aýal gatnaşygynda. Aý ýokary hudaý, ýerden iberilýän dogalary eşidip, aşak garaýar, hiç kim onuň nazaryndan sypanok. Töwratda aýdylyşyna görä Musa ýewreýleri Müsürdäki gulçulykdan alyp çykanda asmanda Aý ýagty saçýardy. Şumerler Aý hudaýy hasylyň çeşmesi diýip düşünipdirler. Ýewropada, Braziliýada, Hytaýda Aý ýagtysyna ot ösýär diýip ynanypdyrlar. Fransiýada daýhanlar aý ýagtysynda ekiş geçirýärler. Türkmen aýdymynda: “Sapar aýynyň on dördünde wadalaşdyň gelmäni” diýilýär. Elbetde, dolan aýyň ýagtysynda ýar ýüzüne seret- mek ýakymly, ol Aýyň jemalyndan nur alýar we iki gözellik utgaşýar Eger teşne ýürek giýewçilige baran ýigide degişli bolsa, duşuşmaly ak ýüzli maraly-da aýralygyň derdini çekýän gaýtarma bolsa, başga bir hyýalyň kellä gelmegi-de ähtimal. Ynançlara salgylansaň Zemin hudaýy erkekleriň biliniň kuwwatyny-da artdyrypdyr. Dolan Aý ýagtysynda ten ýakynlygna maýyl lezzetli pursat Aý jemalyna garan zenan aý ýüzli perzendi dünýä indermeli. Ynsanperwer jemgyýet Gyzyl Haç, Gyzyl Ýarymaý adyny görer- ýär, manysy gadymy ynanç bilen bagly. Irki zamanda tegelek-disk Asman hudaýynyň, ýarymaý Zemin hudaýynyň emblemasy ekeni. Bürünç zamanda tegelek-disk Gün simwolyna öwrülýär, Günüň bir simwoly-da Haç, Haç bilen Ýarymaýyň utgaşma sebäbi-de şu ýerden. Musulman ýurtlar Ýarymaýyň şekilini emblema edindiler. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |