17:03 BRICS we GDA: Geljegi ýok halkara guramalarmy? | |
BRICS we GDA: GELJEGI ÝOK HALKARA GURAMALARMY?
Publisistika
GDA-nyñ düzümine girýän ýurtlaryñ döwlet ýolbaşçylarynyñ jemlenişen ýygnagynda dünýä halklary täze jahan urşuny başlamaga edilýän synanyşyklaryñ öñüni almaga çagyryş edildi / Fotosurat: AA 8-nji oktýabrda Wladimir Putin täzeden Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyñ döwlet ýolbaşçylaryny Moskwada ýygnady. 1992-nji ýyldan bäri şeýle ýygnanyşyklar geçirilip gelinýär. Öñler Ýelsin ýygnardy. Dürli ýerlerde jemlenişýärler. Ýöne şol ýygnaklarda nähili kararlar kabul edildi? Haýsy öñegidişlikler bolup geçdi? Ykdysady ýagdaý näderejede düzeldi? • GDA ýurtlary we saýlaw hakykatlary Russiýanyñ we "Kommersant" gazetiniñ žurnalistlerinden biri, Wladimir Putiniñ hemişe ýanynda gezip, Kremldäki üýtgeşmeleri birinji elden ýazýan awtor düýn Lukaşenko we Emomali Rahmon hakynda ýazdy. Biri 1992-nji ýyldan bäri Täjigistanyñ, beýlekisi bolsa 1994-nji ýyldan bäri Belarusyñ başynda otyr. Bu ýagdaýyñ nähili täsiri bolar? GDA ýurtlary nämäni añladýar? Bu ýurtlaryñ arastndaky söwda gatnaşyklary beýlede dursun, dogry-dürs saýlawlar hem geçirilmeýär. Parlament saýlawlarynda netijeler köplenç 90-95%, hatda 85% çemesi çykýar. Sanawlar öñünden taýýarlanýar. Kimiñ prezident boljagy-da öñünden belli. • Demokratik proses we geçmişdäki saýlawlar Bular ýaly saýlawlar näme sebäpden geçirilýär? Sowet döwründe-de bular ýaly däldi. Belki-de, 1989-njy ýylyñ 26-njy mqrtynda Sowet Soýuzynda geçirilen saýlaw dünýä taryhynyñ iñ demokratik saýlawlarynyñ biri bolan bolsa gerek. Aslynda bu ýygnak Kazanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BRICS ýygnanyşygynyñ repetisiýasydy. • Degişgen wäşi we syýasy manzara Putin Häzirbegjanyñ prezidentine "Size Bakuda garaşýarys" diýipdir welin, ol geñ galypdyr. Russiýanyñ prezidentiniñ Halkara gatnaşyklary boýunça geñeşdarynyñ beren jogaplaryna seredenimizde, degişgen wäşiniñ obrazy ör-boýuna galýar. Bütin bu manzaralar indi satiriki eseriñ sýužetine öwrülen ýagdaýda, ýöne munuñ näçe wagta çenli çekjegi belli däl. • BRICS we goşa polýusly dünýä çekişmeleri BRICS ýygnanyşygyna Siriýa agzalyk üçin ýüz tutupdyr. Öñem aýdyp geçipdik, bularyñ hiç hili geljegi ýok. Goşa polýusly dünýä baradaky çekişmeler gyzgalañly dowam edýär. Aleksandr Lukaşenko ahyrynda "goşa polýusly dünýäde bolmagymyz gerek" diýip, Kremle seslenýär. • Türkiýäniñ roly we Türki respublikalaryñ guramasy Türkiýäniñ demokratiýasy Demirgazyk Kipr Türk respublikasynyñ (DKTR) ykrar edilmän gelinýändigine garamazdan, Häzirbegjanyñ we Orta Aziýanyñ türki respublikalarynyñ demokratiýasyndan kän öñde. Umunan aýdanda bular ýaly halkara guramalaryñ geljegine bil baglap bolmaýar. • Häzirbegjan-Ermenistan gatnaşyklary GDA ýygnanyşygynda ýene bir gezek orta atylan mesele Häzirbegjanyñ prezidenti bilen Ermenistanyñ premýer-ministriniñ duşuşmagydy. Uruşyñ üstünden eýýäm dört ýyl geçip gelýär. Ýaraşyk şertnamasy welin baglaşylmady. Häzirnegjan bilen Ermenistanyñ arasynda serhetler doly kesgitlenmedik ýagdaýda. • Geljek hakdaky baha bermeler Ermenistanyñ Häzirbegjan bilen ýer dawasy bar. Bu ýagdaýyñ haýal etmän çözülmegi gerek. Ermenistan bu prosesden zyýan çekdi. Netijede sebitdäki ýagdaý çylşyrymly we hemme zat Kazanda geçiriljek ýygnanyşyga bagly. Ermenistanyñ Türkiýe bilen gatnaşyklaryndaky üýtgeşmeler we Gürjüstandaky syýasy göreş öñümizdäki döwürde pugta syn edilmeli aýgytlaýjy meselelerdir. Maýis ALIZADE. Penşenbe, 10.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |