09:36 Bu adam ölse... / detektiw hekaýa | |
BU ADAM ÖLSE...
Detektiw proza
Agşamara Edgor Kraft Seradagdaky dördünji ýolda çapyşyga gatnaşýan “Garagöz” atly ata iki ýüz dollar goýdy. “Şeýla” atly atyň ýeňiji boljakdygy çak edilipdi, emma ol ilkinji öwrümde bäsdeşlerinden yzda galdy. Garagöz pellehana golaýlaýardy...Edgor Kraft ýaňybir utan pullaryny hasaplamakçydy, emma Garagöz üçürdikläp çapmaga başlady-da, pellehana ýeteninden soňra ýaryşdan çetleşdirildi. Kraft barça puluny utduryp, öýüne eli boş gaýtmaly boldy. Elbetde, ertesi gün onuň keýpi juda erbetdi. Garaşylmadyk wagty, şu hatlar geldi. Ol jemi alty sany hat alypdy. Ilkinji bäşisi, onuň heniz-henizler töläp bilmejek töleg talapnamalarydy. Şonuň üçin olary hem başky talapnamalar duran çekmä oklady. Altynjy bukjadan bolsa onuň bagtyna talapnama-da, karzyna alan awtoulagy bilen mebeliniň muzdsuz mejbury alynjakdygy baradaky duýduryşam çykmady. Bukjadan ortasynda birnäçe söz ýazylan kagyz çykdy. Onda ilki biriniň at-familiýasy ýazylypdyr: “Jenap Jozef G.NEÝMANN” Aşagynda bolsa şeýle sözler bardy: “BU ADAM ÖLSE, SIZ BÄŞ ÝÜZ DOLLAR ALARSYŇYZ”. Onuň häzir degişme götermäge ýagdaýy ýokdy. Tutuş ýaryşyň dowamynda öňde barýan at pellehana golaýlanda üçürdikläp çapsa, elbetde adamyň keýpi zym-zyýat bolar. Ol kagyzyň arkasyna seretdi, kagyzyň ikinji tarapynda hiç zat ýazylmandyr. Haty ýene bir sapar okady. Bukjany aldy. Bukjada diňe Kraftyň at-familiýasy bilen salgysy, ýerli poçta bölüminiň möhüri bardy. Kraft bolgusyz henek eden adama sögüne-sögüne bukjany jyrym-jyrym edip, zibildana oklady. Soňky hepdäň dowamynda bu geň hat barada pikirem etmedi. Öz derdi özüne ýetikdi. Ol hiç-hili Jozef G.Neýmanny tanamaýardy, şoň üçin onuň ölüminden soňra bäş ýüz dollar aljakdygyna-da ynanmaýardy. Ol bu hat barada aýalyna-da hiç zat aýtmady. Şular ýaly garaşylmadyk miras hakynda algysyny sorap jaň edýän “Superfinans” birleşiginiň işgärine-de duýdurmady. Ol aýlygynyň hiç zada ýetmeýändygy barada pikirlenýärdi. Iki gezek at çapyşygyna bardy, birinjide otuz dollar utdy, ikinjide ýigrimi üç dollaryny gidirdi. Jozef G.Naýmann bolsa bütinleý unduldy. Günleriň birinde ikinji hat geldi. Ol bukjany açdy. Eplenen kagyzy aldy, kagyzyň içinde on sany elli dollarlyk pul bardy. Kagyzda bolsa şeýle söz ýazylypdyr: “SAG BOLUŇ!” Edgor Kraft iki hatyň arasyndaky baglanyşygy birbada aňlap bilmedi. Bäş ýüz dollar beýlede dursun, haýsy eden işi üçin sagbolsun aýdylýandygy barada-da kän kelle döwdi. Şo mahal ilkinji hat ýadyna düşüp, köçä ylgady. Gündelik gazeti satyn alyp, duýgudaşlyk sahypasyna göz aýlady. Çyndanam uzak dowam eden hassalykdan soňra Park-Pleýsdäki 413-nji öýde ýaşan Jozef Genri Neýmann altmyş ýedi ýaşynda, ýerli hassahanada aradan çykypdyr. Onuň bir aýaly, üç çagasy, dört agtygy bar eken. Kraft iki ýüz dollary alyp galdy, üç ýüz dollaryny bolsa bankda goýdy. Awtoulagyň nobatdaky tölegini, jaýyň kireýini, maýda-çüýde bergilerini berdi. Dogry, onuň bergileri henizem bardy, emma Jozef Genri Neýmannyň ölümi oňa biraz arkaýynrak dem almaga mümkinçilik beripdi. “Superfinans” birleşiginiň işgäri karzyň belli bir möçberiniň tölenendiginden kanagatlanyp, ony birnäçe wagt bimaza etmedi. Şol agşam Kraft aýaly bilen at çapyşygyna gitdi. Hatda aýalyna-da islän atyna pul goýmaga rugsat berdi. Kyrk dollaryny utdurdy, emma keýpi bozulmady... Ýene-de näbelli hat geldi, haty açmady. Bukjaň üstündäki basma harplardan haty ugradanyň kimdigini bilip, birnäçe minut haty açman durdy. Ol sahy nätanyşyň bir zat soramagyndan we alan bäş ýüz dollarynyň öwezine nämedir bir zatlar etmeli boljagyndan gorkýardy. Ahyry bukjany açdy. Hiç-hili haýyş ýazylmandyr — başky at-familiýa ýazylan ýönekeý kagyz: “JENAP REÝMOND ANDERSEN” Aşagyrakda şeýle ýazgy: “BU ADAM ÖLSE, SIZ ÝEDI ÝÜZ ELLI DOLLAR ALARSYŇYZ”. Soňky birnäçe güniň dowamynda Edgor Kraft jenap Reýmond Andersene hiç-hili erbetlik islemeýändigine özüni ynandyryp gezmeli boldy. Ol bu adamy tanamaýardy, ol barada eşidibem görmändi, oňa ölüm hem dilemeýärdi. Emma barybir... Her gün irden gazet alyp derrew duýgudaşlyk sahypasyny açyp, biygtyýar jenap Reýmond Anderseniň adyny agtarýardy. Ol her gezek içinden: “Men oňa ýamanlyk dilämok” diýýärdi. Emma ýedi ýüz elli dollar... Eger oňa bir zatjyklar bolsady, eline şonça pul ilerdi. Emma ol Andersene o dünýä gitmäge kömekleşmez. Ýok, ýok, kömek etmeli däl. Ýöne oňa bir zatlar bolsa... “Bir zatlar” boldy. Bäş günden soňra gündelik gazetden uzak dowam eden hassalykdan soňra aradan çykan garry Andersene ýazylan duýgudaşlyk ýazgysyny okady. Onuň ýüregi çalt-çaltdan urdy. Özüni günäkär ýaly duýdy. Emma, näme üçin özüni günäkärlemeli? Ol erbet iş edenok ahyryn. Andersen ýaly hassa garryň ölendigi üçin bagtyýar bolmaly. Ýöne, näme üçin, kimdir biri oňa ýedi ýüz elli dollar bermeli? Emma berdi. Hat ertesi irden, ukusyz geçen gijeden soň geldi. Kraft gijäni hat geljekdigi-gelmejekdigi barada oýlanyp, o tarapdan bu tarapa, bu tarapdan o tarapa agdarynjyrap geçirdi. Ýedi ýüz elli dollar pul bilen “SAG BOLUŇ!” diýen tanyş söz geldi. Näme üçin? Umuman düşünip bilmedi. Haty çekere salmazdan ozal ýekeje söz ýazylan kagyza uzak wagt seredip durdy. Içinden: “Çalt-çaltdan ýazyp dur” diýdi. Iki hepde hat gelmedi. Ol: “Sahy nätanyş meni unudan däldir” diýen umyt bilen her gün poçta gutusyny barlaýardy. Kämahal boş guta seredip, ýigrimi-otuz minut pul bilen hat barada içini hümledip durýardy. Iş etmekçi bolýardy, emma hyýaly syrly sahy hakdaky pikirlere gönügýärdi. Ol ýylyna bäş müň dollar gazanýardy, bäş müň dollary gazanmak üçin ol hepdesine kyrk-elli sagat der döküp işleýärdi. Indi bolsa iki hat bilen barmagyny-da gymyldatman, şo puluň üçden birini gazanypdy. Ýedi ýüz elli dollar ony bergilerinden doly dyndarmadyk bolsa-da, ep-eslisini üzüpdi. Jaýyň kireýini, awtoulagy üçin bergisini bermegiň wagtam geldi. Ýene bir gün at çapyşygynda pul utdy, ahyrsoňunda bar utan puluna goşup ýigrimi dollar utdurdy. Şol günleriň birinde ýerzemine howa täzeleýji teklip edilen we haýsydyr bir haýyr-sahawat guramasyna pul geçirmegi haýyş edilen hatlar bilen bilelikde, üçünji hat geldi. Beýleki hatlar zibile gitdi. Üçünji hat açyldy. Şol öňküsi ýaly, diňe at-familiýa özgeren. “JENAP KLOD PAÝRS BU ADAM ÖLSE, SIZ MÜŇ DOLLAR ALARSYŇYZ" Haty çekere salan mahaly Kraftyň eli sandyraýardy. Müň dollar: Berilýän puluň mukdary akly çaşyryjy derejä ýetipdi. Jenap Klod Paýrs. Ol Klod Paýrsy tanaýarmy? Elbetde, ýok. Kim ol? Bejerip bolmajak hassalykdan öljek garrymy? Kraft: “şeýle bolawersin” diýip umyt edýärdi. Bular ýaly oýlary üçin özüni ýigrenýärdi, ýöne özüne erk edibem bilenokdy. Bu gezek ol maglumat ýygnamaga başlady. Telefon maglumatnamasyndan Honideýl-draýw köçesinde ýaşaýan Klod Paýrsy tapdy. Ol maglumatnamany ýapyp, işini etmekçi boldy, emma bolmady. Ýene-de maglumatnamany açyp, bu adamyň nämeden öljekdigini çen bilen biljek bolýan dek telefon belgisine uzak wagt seredip durdy. Krafta ol hökman öläýjek ýaly bolup duýulýardy. Eger ol bir adamyň at-familiýasy ýazylan hat alsa şol adam ölýärdi, Edgor Kraft bolsa pul alýardy. Diýmek, Klod Paýrsyň hem jany gylyň üstünde duran bolmaly. Jaň etdi, telefony bir aýal aldy. Kraft jenap Paýrsy sorady. Oňa: — Jenap Paýrs hassahanada—diýdiler— Siz kim? — Sagboluň — diýip Kraft jaňy öçürdi. Içinden: “Elbetde” diýdi. Olar hassahanadan öljekdigi anyk bolan hassany tapýarlar we hassa aradan çykansoň Edgor Krafta pul ugradýarlar. Näme üçin ugradýandyklary bolsa Krafty indi alada goýmaýardy. Belki ol adam telewizorda görkezilen dälä meňzeşdir. Ol däli her hepde adamlara million dollar paýlapdyr. Eger biri Krafta pul ugratmakçy bolsa, Kraft oňa garşy däl. Şol günüň özünde hassahana jaň etdi. Klod Paýrsyň iki gün ozal operasiýa edilendigini aýtdylar. Operasiýa şowly geçipdir, hassaň ýagdaýy gowy eken. Kraft: “bu wagtlaýynça” diýip oýlandy. Paýrs ölüme höküm edilen. Ol Paýrsa gynandy, soňra bolsa gijeki at çapyşygy barada pikirlenmäge başlady. Ol “Mele Ýyldyz” atly aty halapdy. Bu aty ençe wagtdan bäri synlaýardy. Belki ol bu gün ýeňiji bolar. Kraft çapyşyga bardy. Mele ýyldyz onuň ynamyny ödemedi. Ertesi bolsa gazetden Paýrsa ýazylan gynanjy tapyp bilmedi. Hassahana jaň etdi, oňa hassaň gowulaşýandygyny aýtdylar. “Beýle bolmagy mümkin däl”. Klod Paýrs hassahanada üç hepde ýatdy, şol üç hepdäň dowamynda oňa seredýän lukmandan beter Edgor Kraft onuň saglygy barada köpräk gyzyklandy. Bir gün Paýrsyň ýagdaýy erbetleşip, huşundan gitdi. Şepagat uýasynyň sesinde gaýgyly äheňler duýuldy. Kraft bolsa ykbalyndan minnetdar boldy. Emma Paýrs ertesi özüne geldi. Şepagat uýasy bu habary şatlanyp aýtdy, Kraft bolsa gazaba mündi. Şol günden soňra Paýrsyň saglygy oňatlaşdy. Ol hassahanadanam çykdy. Kraft nädip beýle bolandygyna düşünip bilmeýärdi. Ählisi çepbesine çöwrülipdi. Paýrsyň ölüminden soňra ol müň dollar almalydy. Paýrs hassady, jany gylyň üstünde durdy we garaşylmadyk wagty Krafty müň dollardan mahrum eýlap, ölümiň çeňňeginden halas boldy. Kraft indiki hata garaşýardy, ýöne hat gelmedi. Jaýyň kireýini bermeli wagtyndan iki hepde geçdi, awtoulag üçin tölegem gijä galdy. Ýene-de “Superfinans” birleşiginiň işgäri jaň etmäge başlady. Kraft näme etjegini bilmän aljyrady, hatda: “bu adam ölse” diýip ýazylypdy. Paýrs ebedi ýaşamaz ahyryn, ol ölensoň Kraft müň dollar alar. Meselem Paýrsyň başyna bir bagtsyzlyk gelse... Ol biygtyýar gaýta-gaýta şu pikire dolanýardy. “Mesele bolmaz” diýip özüni köşeşdirýärdi. Onuň Klod Paýrs bilen gyzyklanýanyny hiç kim bilmeýärdi. Gowy taýýarlyk gorse, hemmesi ýagdan gyl soguran ýaly bolar. Polisiýa ony güman etmez. Ol Paýrs bilen iň bärkisi tanşam däl ahyryn... Şeýle bolsa... Kraft öz-özüne: “Men başarmaryn—diýdi— Beýdip bilmerin. Bigünä adamy öldürmek — hiç-haçan”. Ol müň dollarsyz oňmaly diýen karara geldi. Öň şol pulsyzam ýaşap bilipdir-ä. Hawa, müň dollar bolsa erbed-ä bolmazdy. Puly nähili sowmalydygyny ol gowy bilýärdi, emma oňaýmaly bolar-da. Ertesi irden Klod Paýrsyň ady gazetleriň ilkinji sahypasynda ýer aldy. Gije kimdir biri ony Honideýl-draýwdaky öýünde pyçaklap öldüripdir. Jenaýatçyň kimdigi bilinmeýärdi. Jenaýata nämäň sebäp bolandygynam hiç kim aýdyp bilmeýärdi. Kraft bu habary okap, aglamak isledi. Paýrsy edil özi öldüren ýaly özüni günäkär duýdy. Ol hiç-hili erbet iş etmändigini, hiç kimi öldürmändigini gowy bilýärdi. Ýöne bu barada oýlanypdy, Paýrsa ölüm diläpdi. Pul ertesi geldi. On sany ýüz dollarlyk — müň dollar pul we ikije söz ýazylan kagyz: “SAG BOLUŇ!” Kraft pullary mäkäm gysymlap durşuna: “Maňa sagbolsun aýtmak gerek däl —diýdi— sagbolsun aýtmak gerek däl”. *** “JENAP LEON DENNISON BU ADAM ÖLSE, SIZ BIR ÝARYM MÜŇ DOLLAR ALARSYŇYZ”. Kraft haty okaýan mahaly, ýüregi agzyndan çykaýjak bolup çalt-çaltdan urýardy. Haty iki sapar okady, soňra bukjasyna salyp ýyrtym-ýyrtym edip, zibile zyňdy. Kellesi agyrdy. Derman içdi, ýöne agyry aýrylmady. Günortana çenli işde-de hiç zat etmän oturdy. Günortan naharhana girip naharyň tahamyny duýman naharlandy. Işe dolanansoň agşam Seratdagda boljak at çapyşygy barada oýlanmakçy boldy, emma hatdaky setirler göz öňünden gidenokdy. Işden irräk çykyp, köçede gezelenç etdi. “Jenap Leon Dennison”. Dennison Kedbýuri-awenýudaky öýde ýaşaýardy. Jaňy hiç kim almady. Dennison adwokat eken, telefon maglumatnamasynda edarasynyňam telefony bardy. Jaň etdi, sekretary jenap Dennisonyň ýygnaga girendigini aýtdy. “Bu adam ölse”. Kraft: “Ýöne Dennison bu golaýda öljege meňzemeýär” diýip içini hümletdi. Iň bolmanda hassahanada ölmejegi-hä anyk. Dennisonyň saglygy gowy, işleýär we haty ýazan adamam bu barada bilýär. “Bir ýarym müň dollar”. Emma nädip? Onuň sapançasy ýok, nireden almalydygynam bilmeýär. Pyçak? Klod Paýrsy pyçaklap öldürendikleri ýadyna düşdi. Pyçagy tapmak aňsatjagam. Emma...muny etmek islemedi. Onda nädip? Awtoulag? Amala aşyrsa bolar. Ol Dennisona çeträk bir ýerde garaşyp, ony kakyp gitmegi mümkin. Ölen adama ulagyň degen reňkinden, ulagyň bamperinde galan gan yzyndan ony polisiýaň derrew tapmagy ahmal. Ol nädip tapýandyklaryny anyk bilmese-de, awtoulagda adam öldürenleriň köpüsiniň gözenegiň aňyrsyna düşýändiklerini bilýärdi. Öl öz-özüne: “Bu pikiri kelläňden çykar— diýdi— sen ganhor däl ahyryn”. Ýöne bu pikiri kellesinden çykaryp bilenokdy. Iki gün başga zatlar barada oýlanmaga synanyşdy— bolmady. Hyýaly Dennison we söz berlen pula birsyhly dolanyp durdy— bir ýarym müň dollar. Dennisony öldürmek barada pikirlenýärdi. “Bu adam ölse”. Bir gün irden turup Kedbýuri-awenýu bardy. Leon Dennisonyň öýüni uzak wagtlap synlap durdy. Dennison öýünden çykdy. Ol awtoulagynyň ýanyna barmak üçin ýoly kesip geçjek mahaly Kraft aýagyny gaz pedalyna goýdy. Dennisony kakmak üçin pedaly basmagyna sähelçe galdy. Ol wagtynda özüni saklap, Dennisonyň ulaga münüp gidişine tiňkesini dikdi durdy. Soňra bu eden işinden hoşnut boldy. Aýdaly, ony tutdular. Hat ugradýan adam bilen hiç-hili bagly ýeri ýok. Barça hatlary ýok edipdi, hatlar bolanda-da olary ugradan adamyň kimdigi näbelli. “Bir ýarym müň dollar”. Penşenbe güni, öýlän, aýalyna jaň edip, işden çykyp, dogry Seratdaga gitjekdigini aýtdy. Aýaly hemişekisi ýaly närazylyk bildirdi, ýöne çekeleşmedi. Kraft Kedbýuri-awenýu bardy. Garawulyň naharhana giderine garaşdy, gidensoň derrew ylgap öýe girdi. Leon Dennisonyň jaýyny tapyp, sim bilen gulpuny açdy. Ol gulpy açýança, edil polisiýa geläýjek ýaly gorkup, derledi. Emma hemmesi hamyrdan gyl sogran ýaly boldy, içeri girdi, gapyny ýapdy. Ol bosagadan geçensoň oňa bir zatlar bolan ýaly boldy. Gorky, endişe, tolgunma, barça-barçasy bir ýerlere dep boldy. Dennisonyň öýüne, edil başga Edgor Kraft giren ýalydy. Içinden: “Ählisi anyk— diýdi— Jozef G.Naýmannam ölüme höküm edilipdi. Reýmond Andersenem, Klod Paýrsam. Indi Leon Dennison ölüme höküm edildi, ol hökman öläýmeli”. Ählisi anyk we düşnükli. Edgor Kraft uly bir oýunda bary-ýogy pyýadaçöp. Onuň özüne bölünip berlen wezipäni ýerine ýetirmegi lazym. Barçasy hökman meýilnamalaşdyrylyşy ýaly bolaýmaly. Hemmesi meýilnamadaky ýalam bolar... Ol Dennisonyň gelmegine üç sagat garaşdy. Gapyň gulpy şykyrdanda Kraft, buhar peç üçin odun çapylýan paltajygy depesine göterip daraklygynda ýöräp, işigiň arkasyna gizlendi. Gapy açyldy, Dennison içeri girdi. Palta bat bilen indi. Dennisondan ses-seda-da çykman ýykyldy. Palta ýene-de iki sapar onuň kellesine uruldy. Leon Dennison ne gymyldady, ne-de ses çykardy. Kraft gapyň tutawajyny, barmak yzy galmagy mümkin bolan hemme ýeri arassalady. Soňra öýden bildirmän çykyp gitdi. Ony hiç kim görmedi. Ol gijesi bilen wyždanynyň kösemeginden gorkupdy. Emma ynsabynyň hiç zat diýmeýändigine geň galdy. Ol bir eýýam, Andersene ölüm diläp, Paýrsyň ölümini meýilnamalaşdyran wagty ganhora öwrülipdi. Hyýalynda edýän jenaýatyny hakyky durmuşda amala aşyrmak, oň üçin müşgil bolmady diýen ýaly. Ertesi hat gelmedi. Hat, aradan bir gün geçensoň geldi. Bukja ep-esli galyňdy: içinden on bäş sany ýüz dollarlyk pul bilen kagyz çykdy. Bu gezek hat özgeripdi. Hemişeki ýaly: “SAG BOLUŇ!” diýen setirden soňra: “TÄZE IŞIŇIZ GÖWNÜŇIZE ÝARADYMY?”diýen sözler bardy. © Lourens BLOK Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||