13:41 "Bu dünýä Hudaýyñ fantaziýasydyr" / ikinji söhbetiñ dowamy | |
NOBATGULY. Elbetde, muňa syr diýip düşünmeli! Ýöne nähili syr?.. Men ýaňky Tutanhamon hakyndaky gürrüňimi jemläýin. Faraonyň gubury açylyp, onuň o dünýä asudalygy bozlandan soňky ölüm-ýitimler nämeden gelip çykýar? Piramidanyň içinde müňlerçe ýyl ýaşan awuly möjejikler günäkärmi ýa radioaktiw elementlermi? Başga bir topar alymlaryň çaklamasy has hem gyzykly. Adamyň ölenden soň ruhy asmana gidýär. Muňa dünýäniň ähli ýerindäki adamlar ynanýar. Emma gadymy müsürliler bu babatda has öňe gidipdirler. Gadymy müsürliler her bir adam üç strukturadan ybarat diýip düşünipdirler. Adamyň daş göwresine – Hat, ruhuna – Ba, ikisini gorap duran energiýa aurasyna bolsa – Ka diýip at beripdirler. Häzir ylym adamyň daşynda kosmonawtyň geýimi ýaly adamy gorap duran auranyň bardygyny açdy. Ynha, şol adamyň bedenini we ruhuny gorap duran energiýadan ybarat Ka biziň bedenimizi älem güýçleri bilen birleşdirip durýar. Adam ölýär, ruh asmana uçýar, Ka bolsa älem energiýasyna garyşyp gidýär. Emma käbir adam ölende Ka eýesini ýitirip, gözüne urlan ýaly çyrpynyp başlaýarmyş. Ol älem energiýasyna goşulyp bilmän, ruhdan – Ba-dan hem bedenden – Hat-dan jyda düşüp elewräp, ahyry kimdir birine ýapyşýarmyş. Netijede ony öldürip, onuň Ka-syna goşulyp älem güýjüne garyşýarmyş. Hany, şu ýerde bir nakyly ýatlalyň. Türkmen: «Ölüm ýeke gelmez» diýýär. Bu näme? Eýse biziň ata-babalarymyz hem adamyň Hat, Ba, Ka-dan ybaratdygyny bildilermikä? Ýa million ýyllyk tejribeleri esasynda akyl ýetirdilermikä? OSMAN ÖDE. Ynha, öz gepiňde özüň tutuldyň, ýa bolmasa, öz-özüňi tutduň? Sen ýokarda türkmenleriň jesedi dessine jaýlaýandyklaryny aýdyp, olary ölä az hormat goýýan hökmünde köteklediň! Eger türkmenler Ka-dan basym dynmak üçin şeýdýän bolsalar näme? Seret, adam ölen ýere barlanda gaty geplenmeýär. Ömür gyssanmany halamaýan türkmen öwlüýä ugranynda örän gaty gidýär. Öli jaýlanýan wagty her kim ol bendäniň ýagşylyklaryny ýatlamaly. Ýasyň beýemçisi ýaşuly üç gezek ölen adamyň nähili adamdygyny aoranda, öleni ýigrenýänem bolsaň, «gowy adamdy» diýmek parz. Adam jaýlanyp bolnandan soň hemişeler ýigrimi-otuz ädim daşlyga çenli ylganardy... NOBATGULY. O dünýä bar. O dünýä biz göz öňüne getirerden has gowy bolmaly! Şonuň üçinem ölen bende öz ezizini, ýürekdeşini äkidýän bolmaly! A faraonyň töwereginde öldürilýän gullar babatda bu başgaça. Birinjiden, gullary gaty gynap öldürýärler! Jellatlaryň ýüzleri ýapyk! Üstesine-de, olar ýüz müň! Gullar jeza ýerine bäşden-üçden getirilýär, jeza berýän adamlar bolsa sanalgy. Diýmek, olaryň ruhlary asmana uçup, bedenleri ýere gömlensoň energiýa göwresi – Ka-laryň gynalmakdan guduz açyp, şindize çenli piramidanyň içinde gidere ýer tapman ýören bolmaklary gaty ähtimal. Umuman, bu meseläni tutuş bir kitap ýazyp düşündirmeli. Iki sahypada muny düýpli düşündirmek mümkin däl! Bu ýazgylar diňe üşükli okyjy üçin. OSMAN ÖDE. Nobatguly, diri giderin öýdüp gorkma, senden soňa galsam, nesip bolsa, seni üç gün saklaryn!.. Dünýäde syr kän, emma biz ateistik terbiýe alan kişiler bolup, köp zady inkär etdik, köpüsini bolsa hatda din hem inkär edýär. Türkmenistanda ýüzlerçe keramatly ýerler bar. Olaryň aglabasy gonamçylyklar, Astanababa, Ysmamyt ata, Üç ýüz altmyş öwlüýäler, Paraw bibi, Ak işan, Talhatan baba... Olara aýlandyrylan önelgesiz gelinleriň ençemesiniň soňra çagasy bolýar, zyýanly, akyly üýtgän däliler dälilikden açylýar. Muňa ýüzlerçe mysal getirip bolar. NOBATGULY. Yslam ýurtlarynyň başga ýerinde, megerem, ýok zat hem bizde bar. Öwlüýäsine şeýle hormat goýýan türkmen gadagan edilen zady – aýdym-sazy hem öwlüýäde edýär. Ýolötendäki Babagammar, Daşoguzdaky Aşyk Aýdyň pir öwlüýäleriniň başy mydama köp adamly. Belli günler bolsa hut ol taýlary toýa aýlanýar. Bagşylar, sazandalar aýdym-saz edýärler, on müňlerçe, ýüz müňlerçe mähelle ýygnanyşyp, dabara edýärler. Men başga halklarda şeýle dessuryň bardygyny bilemok. Üstesine-de, Aşyk Aýdyň babada, Baba Gambarda geljekki ýaşajyk sazandalar bir gije ýatyp, aýdym-saza ak pata alýarlar. Hudaý kalbyňa zehin beren bolsa, şol ýatan gijesi sazanda hökman bir yşarat bolýar diýýärler. Men onda ýatyp, ak pata alan onlarça sazandany bilýärin. Maryda, Daşoguzda bu bagşylar üçin kanun! OSMAN ÖDE. Yslam dini, hut pygamberimiziň özi Hudaýdan başga hiç kimi, hiç zady hudaýlaşdyrmaly däldigini gaty berk nygtaýar. Näme dileseň, hut Allanyň özünden dilemeli, seni ýalkasa-da, gargasa-da hut Allatagalanyň özi ýalkap, gargap biler diýip pygamberimiz açyk aýdypdyr. Kim bolsa bolsun, ol şahsyň keramatlaşdyrylmagyny, hudaýlaşdyrylmagyny ret edipdir. Diňe ýeke-täk Hudaýa bitmek, pygamberden galan parz. «Dädem Gorkutdan» bir mysal. Däli Dumrul Ezraýylyň demine düşüp aman dileýär. Ezraýyl oňa: NOBATGULY. Ýaňky keramatly ýerlere ynanmak, uýmak, belli adamlary, geçen merhumlary keramatlaşdyryp, olaryň ruhundan keramata garaşmak, olara arka diremek – hemmesi – adamzadyň ilki tapan dini anemizme degişli. Biz yslam dinine uýýan halatymyzda ozalky ataşparazlyk dinimizi, ondan aňyrdaky dinlerimizi, hatda iň ilkinji dinimizi hem unutmandyrys. Bir mahallar ýele, suwa, oda, gaýry gudratlara çokunmamyz – hakydamyzdan çykmandyr. Ýöne peskiräk derejä öwrülipdir. Güýçli ýel tursa, hökman Baba Haýdary çagyrýarys. Ýagyş ýagmasa, Burkut baba gurbanlyk berýäris. Ekin ekjek bolanymyzda daýhançylygyň piri Babadaýhana sygynýarys... Garaz, mysal köp. Hakyda, aňa, gana girýän zat çykmaýar, däp-dessur bolup galýar. OSMAN ÖDE. Geçmişde ody, suwy, dagy-deňzi, asmany, Aýy-Güni kermatly hasaplapdyrlar, olaryň hudaý sanylan döwürlerem bar. Bu babatda türkmenler, ýagny biziň ata-babalarymyz oguzlar-gunnlar has öňe giden borly. Köphudaýly Sokraty täze dini gözleýän hökmünde jezalandyran zamanlary, eýýäm dünýäni basyp almaga dalaş edip ugran Oguzhanyň alty ogluna at dakyşy hanyň planynyň dünýä masştabyndadygyna güwä geçýär. Günhan, Aýhan, Gökhan, Daghan, Deňizhan, Ýyldyzhan. Onuň ogullarynda barlyk jemlenýär. Meniň pikirimçe, Oguzhanyň ogullary ýöne bir beýik atlary götermän, dagy, deňzi, Güni, Aýy, gögi mukaddesleşdirmek üçin, geljekki neberelerini şol zatlara sygyndyrmak üçin dakylan ýaly bolup dur. Seniň «Jemşidiň jamy» atly poemaňda Magtymguly-Pyragy hut daga, deňze, göge, ýyldyza, Aýa şeýle manysynda sygynýar. Sen bu poemany Magtymgulynyň iki ýüz elli ýyllyk dabarasy mynasybetli konkursa niýetläp ýazypdyň. Sen ol mahallar gaty realist şahyrdyň. Ýa sen şol mahallaram dagyň, deňziň, ýyldyzyň geçmişde ylahy güýje eýe bolandygyny bilýärmidiň ýa zehin güýji bilen döredimi, ýa olar tötänlikmi? NOBATGULY. Osman, men dünýä hakyndaky filosofiýanyň esasy filosofiýadygyna baryp student ýyllarym ynandym. Biz ol mahallar Akmyrat Şir bilen tirkeşerdik. Dünýäni özümiz ýaradan ýaly, oňa akyl ýetirmäge synnardyk. Şondan mende bir kesel galdy. Men mümkin bolan ähli ateistik kitaplary satyn alýardym, sebäbi alymlar şol kitaplary tankytlamak üçin hökman mysal getirýärdi, kitaplaryň filosofiýasyny gürrüň berýärdi, ýepbekleýärdi, atanak çekýärdi. Biziň ateistik zamanamyzda, ähli dini çeşmeleriň bizden daşda mahallary, şolar maňa dünýä babatda pikirlenmäge gözbaş bolup hyzmat edipdi. Ýaňky ady agzalan eser babatda aýdanyňda, men ony ýazanymda ata-baba däplerimizden ugur aldym. Biziň ýaşulularymyz kyn ýagdaýa düşende «Ýa, pirim Amaş baba!» diýerdiler! Magtymguly sufist şahyr, ýöne ol şol bir wagtda gaty realist şahyr. Pygambere, geçmişdäki beýik pirlere poemanyň başdaky bölümlerinde ýüzlenilýar. Poema esas edilip şahyryň ölüminiň öňýanyndaky üç güni ýönelige alynmady. Dünýä akyl ýetiren beýik Magtymguly ölüminiň öň ýanynda real dünýä bilen ýüzbe-ýüz bolýar! Magtymguly dünýäni düzetmäge gelen adam. Ol öz missiýasyny hut şonda görýär. Ol Adam atadan başlap ähli pygamberlere, yslamyň läheňlerine ýüzlenýär. Gökhana, Daghana, Deňizhana... ýüzlenmesi tötänlik ýa ylham miwesi däl. Kanunalaýyklyk. Ol Magtymgulynyň bütin döredijiliginde nerw zynjyry bolup dur. OSMAN ÖDE. Adam özüniň uzyn taryhynda ähli zatlary, Aýy, Güni, gögi, dagy, deňzi, ýyldyzy, ýyldyrymy keramatlaşdyrypdyr, ylahylaşdyrypdyr, ýöne esasy gudrat adamyň özünde! Keramat adamyň özünde! Ýönekeý mysal: birden dişiň agyrsa, derrew şol ýere eliň aýasyny ýetirýärsiň! Muny adam bilmezden edýär, emma indi görüp otursak, her bir adamyň elinde biotok bar ekeni! Adam öz agyrysyny eliniň kömegi bilen aýryp bilýär, emma biz özümize ynanman, dessine derman içýäris ýa doktora eňýäris. Adamyň elini bir zat kesse, ýa barmagyna tiken çümse, dessine agzyna ýetirýär. Adam ony özi bilmezden edýär, emma indi görüp otursak, oňa tüýküliginden gowy derman ýok eken. Peşewiň dermanlygy hakda täsin kitap çykdy, senem okadyň. Geçen asyrda inçekesel düwnük ýaly, bejerip bolmaýan keseldi. Emma şol kesele duşan bir ýazyjy öz peşewi bilen agyr inçekeselini bejerip, şol mahalky ylmy dünýäsini haýrana goýýar. Adamda näme we nähili dert bar bolsa, şol dertleriň ählisiniň dermany hem tebigy görnüşde adamyň golaýynda, el ýeterinde. NOBATGULY. Spid, rak ýaly keseller asmandan meteorlar bilen ýere gelipdir diýilýän wersiýada bar. OSMAN ÖDE. Olaryň dermanyny tapyp bilmän şeýle netijä gelnen bolmagy ähtimal. Seniň okanyňy-okamanyňy biljek däl, ýöne «Komsomolskaýa prawda» gazetiniň 1995-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda çykan goşmaça hepdeliginde bir täsin makala çap edildi. Moskwaly Nikolaý Wiktorowiç Şewçenko beýnidäki rak çişinden başga rak keselini bejerip bilýär. Aşgazandaky şol ady gurmuş keseliň birinji, ikinji stadiýasyny ol ýüzugra bejerýär. Üçünji-dördünji stadiýasyndaky keseli uzak – bir ýyl, bir ýarym ýyl bejermeli bolýar. Emma keselli oňa çenli doktorlaryň dermanlary bilen organizmini zaýalamadyk halatynda. Şewçenko peşew bilen bejermegi ret edýär, sebäbi häzirki zamanda peşewiň düzümi arassa däl. Şewçenko ragy bejereni üçin pul almaýar, metodyny kim sorasa aýdýar. Onuň iki sany diplomy bar. Ine, onuň instruksiýasy: bir stakana 30 gram rafinirlenmedik (arassalanmadyk) günebakar çigit ýagyny, üstüne 96 gradusly arassa spirtiň 15 gramyny guýmaly, çemçe bilen garman, stakanyň agzyny ýapyp, üç-dört gezek silkelemeli, iki minut geçirip, dessine içmeli. Yzyndan hiç zat iýmeli däl, çilim çekmeli däl. Melhem aç garna içilmeli, yzyndan ýarym sagat hiç bir zat iýmeli-içmeli däl. Birden ýüregiň bulansa, nämedir bir zady çeýnäp, tüýkürmek bolýar. Melhemi günde üç gezek takyk wagtda içip, bejergini on gün dowam etmeli. Onsoň bäş gün arakesme. Şeýlelikde, arasy arakesmeli on günden üç gaýta prosedurany gaýtalamaly. Ondan soň uly arakesme edilýär, 14–21 gün. Ýaňadan on günlük bejerişe geçmeli. Melhemi tä kemsiz gutulýançaň edibermeli. Ýöne şu melheme başladygyň hiç hili derman, damardan glýukoza sanjymyny almak bolanok. Arak-şerap içmeli däl. Melhemiň dozasyny kemeltmek, bir gün içip, ikinji gün içmezlik ýa ýarpy ýolda taşlamak bolmaýar. Eger tapyp bilseň, gijesine Çijewiň lýustrasyny otagda ýakyp goýmaly. Ol Moskwada köp. Şol lýustra bolsa melhem beýni çişinem bejerýär. Melhem içmegi keseliň islendik stadiýasynda başlap bolar. Agyr-ýeňil diýip durmaly däl. Moskwada belli onkologlaram öz peýdasy degmejek pasiýentlerini Şewçenkonyň ýanyna ugradýar. Nikolaý Wiktorowiç öýünde bejermeýär, ýöne kim barsa kömek edýär, melhemi peýdalanmagy bolsa, ak ýürekden her kime öwredýär. Ol adamlaryň betbagtlygyndan baýamagy peslik bilýär. NOBATGULY. Sen asyryň derdini aňsatlyk bilen çözdüň oturyberdiň-ow... OSMAN ÖDE. Ylmy medisinanyň gapdaly bilen mydama halk medisinasy hem barýar. Dünýäde nähili dert bolsa, hökman onuň dermany hem bar. Käte gaty çylşyrymly meseläniň çözgüdi örän ýönekeý bolýar. Rak elhenç kesel! Meniň agam pahyr şol keseliň pidasy boldy. Şol keseldigi aýdyň bolandan soň birden adamyň umydy üzüläýýän eken... Ýokardaky bejerişiň hiç hili zyýanly zady ýok. Günebakar ýagy ýa spirt içilmän ýören närse däl. Umydyny ýitiren bir bende şu melhemden peýda tapyp açylsa, nähili bagtly bolar! Hut Muhammet pygamberimiz bir zat bilseň öwrenjege öwret diýip wesýet edýär. NOBATGULY. Adam birnäçe gorkynyň astynda ýaşaýar. Şol gorkularyň biri hem şol adyýaman kesel! Halk medisinasynyň ylmy medisinany aňkardýan halatlary gaty köp, ýöne gynansak-da, halk medisinasy ylmy medisina ýaly ýörite öwrenilenok, öwredilenok, melhemleri satlyga çykarylanok. Ýönekeý bir zat, men bir mahal amerikaly indeýleriň medisinasy hakynda bir kitap okapdym, ýadymda galanlary şindem köp. Kolumb Amerikany açmazyndan öňem, soňam indeýler uçursyz ýowuz durmuşda ýaşaýar. Sebäp olaryň ýaşaýan ýurdy sümme tokaý, jeňňel. Ilkidurmuş adamy ýaly ok-ýaý bilen mydar etmeli. Şonuň üçin aýallaram erkekler ýaly mydama söweş taýynlygynda. Gowgaly wagtda indeý aýallary haýsydyr bir ösümlikden alnan melhemi içip, özlerini göwreli bolmaz ýaly edip bilýär. On-ýigrimi ýyl soňundan asuda durmuş boldugy başga bir otuň melhemini içip, ýaňadan çaga dogrup bilýär. Bu hakykat! Emma ylym şol melhemi indeýlerden öwrenip, bütindünýä ornaşdyraýjak ýaly. Tersine! Dünýäniň ähli ýerinde çaga aýyrtmak görlüp-eşidilmedik derejede ösüp gidip otyr. Çaga aýyrtmagy ýönekeý adam diline terjime etseň, öz çagaňy özüň öldürmek bolýar!.. Häzir Ýewropada, Amerika, Ýaponiýa ýaly baý ýurtlarda adamlar semizlikden gaty ejir çekýärler. Hut Aşgabatda-da birnäçe wraçlar her dürli ýollar bilen semiz adamlary kadaly ýagdaýa getirýän firmalary açyp işläp ýör. Emma netijesi gaty az. A indeýler ýaşlykda semizlige ýykgyn edýän çaga birhili em berýärler, wessalam, çaga kadaly ýagdaýda ösýär. Indeýleriň düşünişiçe: «Her adam uzak ýaşaýar». OSMAN ÖDE. Aý, şahyr, horlugyň bilenem öwünip bilýäň-ow... Indeýleriň diş agyryny dagy ýüzüniň ugruna goýduryp bilşi hakynda menem okapdym... NOBATGULY. Her bir adamda Ylahydan bir parça gudrat, nur, paýhas, güýç, syr bar, Hudaý ynsany ýerdäki hudaý edip ýaradypdyr, emma adam öz güýjüni, paýhasyny, syryny, ylahy parçasyny, nuruny açyp bilmän, Allatagaladan gudrata garaşýar, öten-geçen keramatly adamlardan gudrata garaşýar, özüne akyl ýetirip bilmäni üçin özüni ýalňyz duýýar. OSMAN ÖDE. Hawa, adam asmandan diňe Allany agtarman, özüne meňzeş takdyryny agtarýar. Baryp Plutarh Aýda ýaşaýyş bardygyny, ýöne onda adam däl-de, iblisleriň ýaşaýandygyny gaty ynam bilen aýdypdyr. Platonyň Atlantida hem Lemuriý babatdaky kitaby hem şol gözlegleriň netijesi. Adamzat Täze dünýäni – Amerikany açyp, Ýeriň daşyna gämili aýlanyp, zemini doly açanyndan soň, asmana has umyt bilen garap başlaýar. Olar golaýdaky planetalarda hökman adama meňzeş jandaryň ýaşaýandygyna ynanypdyr. Hut şol ynam zerarly Jordano Bruno oda girýär. Ol planetalarda ýaşaýyş bardygyny aýdypdyr. Din bolsa ony ret edýär. Bu gözlegiň yzy has hem gyzykly. Ýazyjylar fantastiki eserleri ýazsalar, alymlar çyna berimsiz çypdyrmadan hem gaýtmaýar. 1835-nji ýylda Jon Gerşel Keýptuanda laboratoriýa gurup Aýda senuber jeňňellikleriniň, ýarganatlara meňzeş guşlaryň bardygyny, aňly jandarlar tarapyndan Orta Aziýadaky ýaly kanallar çekilip, ekin ekilýändigini Amerikada çykýan «San» gazetinde çykyş edip aýdýar. Nemes astronomy Frans Grothoýzen Aýda daşy galaly uly şäheriň «bardygyny» açýar. Eldetde, bular ýalan-ýaşrykdy. 1869-njy ýylda Şarl Kro atly alym Wenerada hem Marsda ýagty berýän nokatlary görýär. Iki planetada-da ýaşaýyş bardygyny tassyklaýar. Nemes alymy Karl Gross şol planetadaky adamlar bilen habarlaşmak üçin Gazagystanyň giň territoriýasynda ummasyz odun üýşmeklerini üýşürip, Pifogoryň teoremasynyň şekilini çekip otlamagy maslahat berse, awstraliýaly alym Littrof uly ýaplary gazyp, onda matematiki simwolyň suratyny çekip, şol ýaplaryň içinem nebitden dolduryp otlamagy teklip edýär. Meniň bu gurak beýan edýän zatlarym şeýle bir sensasiýa turuzýar, tutuş dünýä bumuna öwrülýär. Hatda janly ýaşaýyş bilen habarlaşyp bilenler üçin 100 müň altyn frank baýrak hem bellenýär. Haýsydyr bir alym ullakan güberçek lupa gurduryp, şonuň kömegi bilen gaýry planetanyň üstündäki çägäni ýakyp hat ýazmagy ündese, başga bir alym radiotolkun goýbermegi teklip edýär. Emma ol mahallar entek beýle kuwwatly apparaturalar ýokdy. NOBATGULY. Men özümden sitatajyk alaýaýyn! OSMAN ÖDE. Dagy kimden aljak! Seniň ýadyň bilen gerek mahalynda zerur sitatany tapyp bilmejegiňi men bilýän. NOBATGULY. Sag bol! «Jemşidiň jamy» atly tragediýa-poemamda Pyragy adamzada ýüzlenip şeýle diýýär: «Sizi Hudaý zeminiň hudaýy boluň diýip ýaratdy, emma siz hatda adam hem bolup bileňzok!» Ähli hazyna adamda! Ähli baýlyk adamda! Dünýäniň ähli syry adamda! Gurbannazar bu babatda «tebigat özüne akyl ýetirmek üçin bizi ýaradypdyr» diýip, ajaýyp jümle aýtdy. Bu pikiri Ýewgeniý Ýewtuşenko Gurbannazardan ýigrimi ýyldan soň edil Gurbannazaryň aýdyşy ýaly gaýtalady. Uly, beýik pikirleri mydama uly hem beýik halkyň şahyrlary, akyldarlary ilkinji bolup aýdýandyr öýdüp ýörmeli däl. Biz ýerdäki hudaý! Biz syr. Älemiň syrynyň kelebi bizde! Hudaý häli-şindi adatdan daşary gudratlary döredip, bize özümizi salgy berýär, emma biz tamakinlik bilen göge seredýäris. OSMAN ÖDE. Hindistandaky Satýa baba näme diýjek? NOBATGULY. Dünýäde gudrat görkezip çeçen weliler müňlerçe, ýüz müňlerçe, häzirem ýüzlerçesi ýaşap ýör, emma biz olary Hudaý ýörite ýaradandyr diýip ynanýarys, ýa inkär edýäris. Ýöne biziň ählimizde şeýle güýjüň barlygyna men ynanýaryn. Hytaýda, Gimalaý daglarynyň içinde ýaşap ýören, gaty köp pajygalary başdan geçiren tibet halky bar. Gimalaý dagynyň otuz graduslyk sowugynda kölüň buzuny deşip, egnindäki ýalňyz prostyny suwa batyryp, çuň-ýalaňaç endamyňda şonuň ikisini guradyp bilmeseň seni okuwçylyga hem almaýarlar. Olaryň kämil çykany ýalaňaç endamynda bir gijäniň dowamynda otuz sany prostyny guradyp, üşemek beýle-de dursun, derläp çykýar. Hindi daglaryna näme diýjek?! OSMAN ÖDE. Iki adamda eýýäm üç pikir, üç ideýa bar diýip bir ýaňsyly söz bar. Ähli dinler Adam atany we Howa enäni Allatagala palçykdan ýasapdyr diýýär. Adamzat bäş million ýyl mundan ozal maýmyndan adamlaşypdyr diýen ikinji wersiýa, ylmyň wersiýasy hem bar. NOBATGULY. Islendik wersiýa, islendik ideýa, islendik pikire uýýanlaram, uýdurmaga döwtalaplaram ýeterlik. Üýtgedip gurmak döwri kosmosdan gelen gelmişekleriň galdyran yzlary hakda, Zemindäki kosmodrom hakda, haýran galyp oturmaly geň-taňlyklar hakda iki sagada golaý dowam edýän bir dokumental filmi görüpdim. Senem gören bolsaň görensiň. Şol fikm, hakykatdanam, başga planetadan biziň Ýer şarymyza birnäçe gezek gelnip gidilenini örän ynandyryjy faktlar, maglumatlar, deliller bilen ynandyrýar. Elbetde, oňa ynanasyňam gelip dur. Daşda-da bolsa, ykbaldaş garyndaş gerek. Onsoňam, aňyrsy-bärsi tükeniksiz älemde, birnäçe ýüz müň Gün sistemasy bar älemde Hudaý diňe adamzady ýaradyp, ýeke ogully ýaly onuň götüne garap, lälikligine çydap ýörüp bilmez! OSMAN ÖDE. Dünýä akyl ýetirmegiň azbukasy – adam. Iň kiçijik mikropdan pile çenli, meduzadan kite çenli, gürleňgüjükden gözsüz halyna gije hiç bir zat bilen çakyşman uçýan ýarganata çenli, ýönekeý otdan agaçlara çenli, çägeden gara daglara çenli, gurbaga kerepden deňiz asty otlaryna çenli öwrenmek – dünýäniň ilkinji syrlaryny açmaga giriş. Emma adam asmana seredýär-de, dünýä akyl ýetirip bilmeýändiginden zeýrenýär. Meniň bir klasdaşym bar, ýönekeý daýhan ogul. Oturyp-oturyp «men dünýä düşünemok» diýmäni halaýar. Hany, aýt, meniň daýhan klasdaşym oňa akyl ýetirse, eline galam alan şahyr oňa akyl ýetirse, ondan dünýä bolarmy? Ýöne dünýäde bäş milliarddan gowrak adam bar, her adam dünýäniň birje zadyna akyl ýetirip bilse, biz az-azdan, bölek-bölekden dünýä düşünip başlarys. NOBATGULY. Çaga dünýä ineninde onuň ýany bilen tuwagy hem gelýär. Malyňka-ha «eşen» diýilýär. Çaga bilen gelýän tuwagy dessine gömýärler. Emma görlüp oturylsa, ol çaganyň ylahy gudraty bilen çaganyň ýanyna goşulan «pasporty» eken. Ony dessine gömmeli däl. Ony çaganyň dokumentini öwrenen ýaly öwrenmeli. Täze alan maşynynyň kitabyny öwrenen ýaly öwrenmeli. Nowosibirskide şony ýörite öwrenýän bir institut bar, şol institutyň direktorynyň aýtmagyna görä, çaganyň tuwagy öwrenilende, şol çaga ene garnynda näme ýetmändir, näme artykmaçlyk edipdir, oňa haýsy witamin gerek, ol haýsy kesel bilen ene garnynda keselläpdir, haýsy kesel oňa ene-atasyndan gan bilen miras geçipdir, haýsy kesellere garşy durnukly, haýsy kesellerden ony has gowy goramaly – institut şularyň ählisini çaga doglan badyna öwrenip bilýär. Diýmek, biz eýýäm çaganyň fiziki dünýäsine köp ädim aralaşyp bildik. Emma, gynançly ýeri, ol institut çaganyň ruhy tarapy bilen gyzyklanmaýar, oňa häzirki zaman ylmy pes gelýär, geljekde tuwagyň üsti bilen çaganyň täleýini hem okap bolar. OSMAN ÖDE. Iki-üç ýyllykda bir ufolog alymyň ýazan makalasyny okadym. Ol «Trud» gazetinde çap edilipdi. Şol alymyň ady doly ýadyma düşenok welin, ol ufolog hökmünde dünýä belli alym. Ol başga planetalylaryň soňky ýyllarda gaty köp gelmeginiň sebäplerini, gelýänleriň apparaturalaryny, uçuş häsiýetlerini çuňňur öwrenip, şol gelmişekleriň Aýyň bize görünmeýän tarapynda ýörite stansiýa gurup, Ýer şaryny kontrol astyna alandygyny, gelmişekleriň, aýratynam, ýadro ýaraglarynyň skladlary bar bolan uly şäherleriň töwereginde köp görünýändiklerini gaty ynandyryjy deliller bilen ýazypdyr. NOBATGULY. Geçmişde özüne göwni ýetýän hökümdarlaryň ata çykany dünýäni basyp almak hyýalyna münüpdir. Isgender şahly, Oguz han, Çingiz han, Gitler... Emma taryhda ol adam ogluna başartmady. Daşyndan gelenlere mähriban Ýer şarymyzy aldyraýmankak, söhbetimizi şu gezeklikçe tamamlaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |