09:09 Bu kitapda sarsdyryjy hakykatlar bar... | |
BU KITAPDA SARSDYRYJY HAKYKATLAR BAR...
Publisistika
Soñky birnäçe gün bäri esasy jedelli gürrüñleriñ biri ýene Äşe binti Ebu Bekiriñ ýaşynyñ üstünde boldy. Soner Ýalçynyñ täze kitaby "Tagut. Mukaddes aldanyşyñ şejeresinde" aýdylyşy ýaly, ol elbetde durmuşa çykarylanda, alty ýa-da dokuz ýaşynda bolmandyr. Elbetde, şolar ýaly kiçi ýaşda däl eken. Häzir men ýene kitapda aýdylan zady gaýtalap oturmaýyn. Eýse bu gürrüñler nireden çykýarka? Kellesi garjaşyk taryhçylardan we käbir çaprazlyklar bilen doly hadys kitaplaryndan... Meselem, "Sahyh-Buharydan"... Iñ ýaman soragam şu: Buhary hakykatdanam sahyhmy? Tema bilen baglanyşykly paragraf açyp, Soner Ýalçynyñ "Tagut" kitabyndan bir sitata alaýyn: “…Buhary ýaşan ömründe kitap ýazmady. Buharynyñ kitaby diýilýän "Sahyh-Buharyny" Ibni Hajer toplady. Buhary bilen Hajeriñ arasynda 596 ýyl bar! Bu aýdylýan wagt käbir ulamalaryñ diýişinden, Ibni Hajeriñ toplanlaryny başga bir hadysçy El-Huşaýmanä goldanyp ýazypdyr. Ýagny, Hajer bilen Huşaýmaniniñ arasyndaky ýyp tapawudyny 463 ýyla düşürýärler. Buhary bilen Huşaýmaniniñ arasynfaky ýyl tapawudy-da 133 ýyl. Netijede Ibni Hajerden öñ hadys kitaby ýok. Eýse, "Sahyh-Buharynyñ" jiltlerinde nämeler bar: - Aýallaryñ akyly we dini kemter bolýar; - "Fatiha" okalyp çüflenende, içýan çakmasyna em bolýar; - Atda, öýde we aýalda ugursyzlyk bar; - Adamyñ mömin ýa-da kapyr boljakdygy enesiniñ garnyndaka belli bolýar; - Ysraýylogullary bolmadyk bolsa, et hem porsamaýarmyş; - Aýal, eşek, it namaz okaýanyñ öñünden geçse, namaz bozulýar. Hany, soñky ýyllarda keramaty özünden beter dinçileri sizi geñ galdyrýan "hamyla aýal köçä çykmasyn" diýen ýaly sözleriniñ gözbaşy şuña meñzeş hurafalar, ine. Emma onuñ adyndan toplanan hadyslar näderejede dogry, jedelli bolmagynda galýar. Mysal üçin, Ebu Hureýräniñ Haýbar uruşynda Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ýanynda bolandygy baradaky hadtsa nädio ynanmaly? Hureýre bu uruşdan soñ yslama giren adam. Hezreti Muhammetden (s.a.w) soñ birinji aradan çykan aýalynyñ Sewdedigi ýaly ýalñyşlar bar". "Tagut. Mukaddes aldanyşyñ şejeresi"... Soner Ýalçynyñ soñky kitaby. Sarsdyryjy we batyrgaý ýazylan kitap. Sözi aýlap-dolamazdan, saga-sola urmazdan, keseklenmegä razy bolup hakykaty ýazmak añsat däl. Bu kitaba hakykat we ýalanyñ, din we hurafanyñ, akyl bilen jahylyýetiñ (nadanlygyñ) arasyndaky syýahat diýsegem bolýar. Eýse kitabyñ ady nämüçin "Tagut"? • Tagut näme? Tagut - birnäçe we çuñ manylary bolan söz. "Bakara" süresiniñ 256-njy aýatynda: “...Indi kim tagutlary ret etse Allaha ynansa, ol iñ sagdyn gulpa ýapyşandyr" diýilýär. Tagutyñ köp gatly we zahyrydyr batyny (açyk we ýapyk) manylary bar. Tagut - dini içinden bozup, ýoýýan hilegär, galphor, bidgatçy... Tagut - zalymlaryñ ýola goýan düzgüni... Tagut - Gurhanyñ manysyny üýtgedýän, ýoýýan... Tagut - kellesine gelşine görä höküm berip çykarýan... Tagut - Isa pygamberi (a.s) rimlilere garşy küşgüren, ondan halas bolmak islän, ony ahyrynda öldürden... Tagut - Musa pygamber (a.s) Tur dagyna çykanda, yzynda goýup gaýdan dogany Haruny gyraklan, sözünden we ähdinden dänen samirileriñ töwereginde birleşen... Tagut - haka garşy uruş yglan edip, batyla gujak geren. Ine Muhammet pygamber (s.a.w) ömürboýy şu sistemanyñ garşysyna söweşdi... Özem... Bu söz ýakyn taryhda Eýran Yslam Rewolýusiýasy döwründe Aýatolla Homeýniniñ iñ köp ulanýan sözleriniñ biridi. Tagut režimi hökmünde baha berýäni bolsa, imperialistik we kapitalistik sistemady: ýagny neoliberalizm... Ýadyñyza salyñ, ABŞ-na "Uly Şeýtan" diýilen günler. Soñrasynda Siriýa urşy bilen birlikde YŞYD militaristleriniñem diline düşdi: “Tagut tagut…” diýip ýaýradylan wideoýazgylary ýadyñyza salyñ, söz hakyky manysyndan daşlaşdyryldy... Bu hökman bilinmeli zat. Bularyñ barsyny Soner Ýalçynyñ "Tagut. Mukaddes aldanyşyñ şejeresi" kitabynda hakyky yslamyñ nähili ýok edilip, aýnada bozuk surat döredilişini-de subutnamalary bilen birlikde okap bilersiñiz... • Komplimasiýa teoriýalary Komplimasiýa teoriýalaryny diñlemegi juda gowy görýäris. Adam ynanasy gelen zadyna ynanýar, köplenjem hakykaty bilmän ynanýar, bilesi-de gelmeýär. Käte syrlydygyndan, käte gyzyklydygyndan, käte-de iñ beteri sowatsyzlykdanmy nämemi, taryhyñ ähli döwürlerinde komplimasiýa teoriýalary elmydama ýoñ bolup geldi. Meselem... Germes Trismegistiñ ýazandygyna ynanylýan "Germetik rowaýatlar"... Iñlis şahyry Alister Krouliniñ "Altyn şapak germetik jemgyýeti" we "Gündogar ybadathanasy jemgyýeti" hakynda ýazanlary... Beýik Fransuz rewolýusiýasynyñ wekili Onore Gabriel Riketi Mirabonyñ masonlaryñ sözde gizlin obýektleruni paş eden "Gizlin maglumatlar" ýalany... Ogýusten Barrýueliñ masonlygy Fransuz rewolýusiýasy bilen baglanyşykly ýaly edip görkezen dört tomluk kitabynda ýazylanlar... Fransuz ýazyjysy, žurnalist Leo Taksiliñ masonlyk bilen satanizmi birleşdirýän “palladizm” adalgasy… Rus prawoslaw mistigi, publisist ýazyjy Sergeý Aleksandrowiç Nilusyñ ýazan "Sion kethudalarynyñ protokollary" («Протоколов сионских мудрецов») formal ýygyndysy... Amerikan komiksçisi Jek Çikiñ protestantlara garşy Watikan bilen musulmanlaryñ hyzmatdaşlyk edýändigi barada orta atan ýalany... Ýer şarynyñ togalak däl-de tekizdigi we munuñ käbir "gizlin güýçler" tarapyndan gizlenýändigi barada aýdylýan ýapa degmeýän bolgusyz myş-myşlar. Sanasañ sogaby bar... Emma Soner Ýalçynyñ kitabybda komplimasiýa teoriýalary ýok. Tersine, şular ýaly esassyz gipotezalary hakyky resminamalar we wagtyñ synagyndan geçen subutnamalar bilen püçege çykarýar, hemmesini ýalana çykaryp, üstüne hakykatyñ möhürini urýar. Kitaby okadyñyz saýy nämedir bir zatlar hakydañyzda janlanyp, kimdir birilerine gaharyñyz gelmegi mümkin. Belki-de, özüñize! Soner Ýalçynyñ klassykasy dogry hasaplap ýören ýalñyşlaryñyzyñ birnäçesini gözüñiziñ alnyna dikip görkezýär. Ýalanlar, ýalanlar, ýalanlar… • Duşman döretmek... Gitler "Maýn Kampf" kitabynda ýalanyñ nämüçin uly bolmalydygyny şeýle düşündirýär: “Uly ýalanyñ hemişe ynandyryjylyk güýji bolýar, ýurduñ giñ gatlaklary maýda-çüýde ýalana garanda, uly ýalana hemişe has añsat ynanýarlar. Çünki özleri ähmiýetsiz meselelerde ýygy-ýygydan ownuk ýalanlary sözleýärler, emma uly möçberli ýalanlary sözlemäge utanýarlar. Uly ýalanlarg sözlemek kellelerine-de gelmeýär. Şol sebäpli-de başgalaryñ hakykaty köstsüz möçberlerde ýoýup biljek derejede utançsyz bolup biljekdigini pikirem etmeýärler... Ýalandygyny subut edýän maglumatlar bular ýaly adamlara aç-açan görkezilende-de, şübhelenmäge, güman etmäge dowam edýärler. Çünki erbet ýagdaýdaky utançsyz ýalan yzynda hemişe erbet yzlary goýýar, hatda ýalandygy ýüze çykandan soñam. Dünýäniñ ähli spesialist ýalançylary gowy gowy bilýär”. Sorag şu: Biz ýalan deñizinde nädip ýitirim bolduk? Çyrpyldygysaýy ulalýan ýalan daragty şular ýaly we muny kökünden goparyp zyñmak gerek. Ine, şoñ üçin okyjynyñ özem awtor bilen deñ derejese kararly we batyrgaý bolmaga mejbur... Kitabyñ her sahypasynda hakykatlar ýüzüñize urlar we soraglar gulagyñyzyñ düýbünde şañlar durar: Nädip daşymyzy gabadylar? Aklymyzy haçan beýle igdiş edip bildiler? Esasy duşman kim? Sorag köp. Eýse günäkär kim? Ýalanlara aldanýanmy ýa aldaýan? Ýa-da adamyñ özi aldanmaga programmirlenenmi? Bilemok. Iñ bolmanda soragy dogry bermegem gowy başlangyç bolsa gerek... • Din ýaragy Neoliberalizmiñ iñ täsirli ýaragy Din we etnosite. Duşman döretmek iñ añsady. Bir gezek adamyñ ýüregine ýigrenç tohumyny sepeläp çykansoñ, onuñ kül-uşak boljakdygy gutulgysyz. Okamaga, bilmäge, öwrenmäge garşy jahylyýet... Hakykata garşy ýalan... Düzgün-tertibe garşy haos... Ine, Soner Ýalçyn kitabynda tutuş şu ýaramaz uly proýektiñ her bir şahasynyñ nädip ösüşine, şeýle rehimsiz çarhyñ nähili aýlanyşyna şaýatlyk edersiñiz. Bu kitap ýüzýyllyk talañçylygyñ şejeresi! Edil häzirki gelip ýeten ýerimiz - gürrüñsiz boýunsunujylygyñ, gowşaklygyñ, gorkaklygyñ ýa-da açgözlügiñ we aslynda emelsizligiñ, geleñsizligiñ manifesti... Hökümetler ýa-da oppozision güýçler, ýa-da özlerini progressow hasaplaýan käbir garañky ýüzler nämüçin şowsuzlyga uçrady eýse? Çünki… Bar oñarýan zatlary wiktimizasion-rasizmiñ dilidi... Bar oñarýan zatlary otrisatelleşdirme paradigmasydy... Bar oñarýan zatlary gorkuzma strategiýasydy. Bolmady, şowlamady... • Tagut düzgünini nädip ýykmaly? Çarlz Darwin şeýle diýýär: "Ne iñ güýçli, ne-de iñ akylly jandar diri galyp biler... Diñe ewolýusiýa iñ köp uýgunlaşyp bilýänler ýaşap bilýändir!" Eýse bu rehim-şepagatsyz äpet dişlileriñ arasynda ezilmän, horlanman ýaşamagyñ ýoluny nädip tapmaly? Meseläni inkär edip, "şeýle geldik, şeýle-de gideris" añsatçyllygyna kowalaşyp, yzyñyza öwrülip, hemme zady undaýjak bolýarsyñyzmy? Eýsem-de bolsa... Bir adamy öldürmegiñ bütin adamzady öldürmek bilen deñ bolşy ýaly, bir adamy halas etmegem bütin adamzady halas etmek bolmaýarmy näme? Pessimizme, lapykeçlige düşüp oturmagyñ geregi-de ýok aslynda, belki-de bize az-owlak batyrgaýlyk ýetenok! Çünki... Hemme rewolýusiýa ýürekde başlaýar! Hezreti Aly şeýle diýipdir: "Adam bilmeýäniniñ duşmanydyr". Soner Ýalçynyñ "Tagut" kitabyny, okañ, okap beriñ we zamanamyzyñ "tagutlaryndan" ýüz öwrüñ! Ilknur ALTYNTAŞ. 19.06.2024 ý. Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |