10:04 Buluçlaryň taýak oýny | |
BULUÇLARYŇ TAÝAK OÝNY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Biziň respublikamyzda ýaşaýan buluçlaryň baý medeni mirasy hem täsin däp-dessurlary bar. Olaryň öz gadymyýetini saklap gelýän, iň ýörgünlisi lat owazy – taýak oýnudyr. Taýak oýny gyzyklylygy, özboluşlylygy bilen beýleki halklaryň tanslaryndan tapawutlanýar. 1936-njy ýylda Moskwada halk tanslarynyň bütinsoýuz festiwaly geçirilýär. Şonda güneşli Türkmenistandan baran buluçlar özleriniň milli tansy bolan meşhur taýak oýny bilen çykyş edip, tomaşaçylary haýran galdyrýar. Şondan bir ýyl soň merkezi neşirde çykan “Народное творчество” žurnaly dördünji sanynda okyjylary buluçlaryň täsin sungaty bilen tanyşdyrýar. Onda A.Barş taýak oýnunyň aýratynlyklary, ýerine ýetiriliş düzgünleri, ondaky hereketleriň akgynlylygy, yzygiderliligi barada gürrüň berýär. Surata düşüren Sapargeldi Rozyýew. Žurnalda çap edilen tansyň düzgüni hem notasy, megerem, halk döredijilik edaralaryna, medeniýet öýlerine, tans toparlaryna, syngat bilen gyzyklanýan höweseklere niýetlenen bolsa gerek. Taýak oýny köplenç öýleniö toýlarynda ýerine ýetirilýär. Oýna gatnaşýan adamlar hökman jübüt-jübüt bolmaly. Deprekçi bilen surnaýçy tegelenip duran tansçylaryň ortasynda durýarlar. Oýun ýuwaşja başlanyp, kem-kemden güýjäp ugraýar. Onda her tansçy hem öňdäkiniň, hem yzdakynyň taýagyna urup ýetişmeli. Deprekçi bilen surnaýçy ikisi heň çalýar, oýnaýan adamlar şol heňe görä, öz garşydaşynyň taýagyna urmaly. Deprekdir surnaýyň heňi barha güýjäp ugraýar. Eger oýunçy depregiň heňine goşup, taýagyny beýleki ýoldaşynyňka urup ýetişmese, ol hökman oýundan çykaýmaly. Sebäbi onuň yzyndaky ýoldaşlary örän çalasynlyk bilen hereket edip gelýärler. Taýak oýnunda, ilki bilen çakganlyk gerek. Näçe çalt hereket etseň, oýun şonça gyzykly geçýär. Her oýna kyrk-elli adam goşulýar. Oýun gyzyşdygyça ýaňky adamlaryň sany dura-bara azalýar. Oýun mazaly gyzanda, deprekçidir surnaýçy heňi üýtgedýär, saz has çaltlanýar. Sazyň şeýle ritmine ýetişmeýän tansçylar azalyp, soňunda sanaýmaly adam galýar. Taýak oýnunyň ikinji bir görnüşine do latti – iki taýakly oýun diýilýär. Iki taýakly diýilmeginiň sebäbi, birinjiden, oýna iki adam gatnaşýar, ikinjiden, şol iki adamyň her elinde bir taýak bolmaly. Muňa iki sany çakgan oýunçy saýlanýar. Olar dürli hereketler edip, perwana ýaly daş-töweregine aýlanýarlar. Oýunçylar bi-biriniň garşsyna şeýle bir hüjüm edýärler welin, bular şu oýundan sag-aman çykarmyka beri diýip öz-özüňe howsala bilen sowal berýärsiň. Toýçy märeke: “berekella”, “aperin”, “haýr gendaý” (“sag boluň”) diýşip, şowhun turuzýar. Oýun gyzyşdygyça, ýene üýtgeşik heň çalynýar. Käwagt oýun iki sagada barabar dowam edýär. Oňa gatnaşýanlar hernäçe çalt hereket etseler-de, biri-biriniň eline, ýüz-gözüne taýak degirmeýärler. Eger taýagy garşydaşynyň bir ýerine degse, ol eýýäm oýundan çykan hasap edilýär. Ýaş oglanlar uly adamlara goşulman, özbaşyna bäş-on sany bolup, olardan daşrakda, ýöne şol heňe goşup oýnaýarlar. Oýnuň juda kyndygyna hem çylşyrymlydygyna garamazdan, her bir buluç ony öwrenäýmeli, sebäbi haýsy toýa gatnaşsa, ony hökman oýna salýarlar. Buluçlaryň milli taýak oýnuna elli-altmyş ýaşly ýaşulular hem gatnaşýarlar. Aýdyşlaryna görä, bir wagtlar gije bolsun, gündiz bolsun, tapawudy ýok, şol depregiň gümmürdisi howsalaly pursatda adamlary söweşe, talaňçylara garşy aýaga galmaga çagyrýan nagra bolup ýaňlanýan eken. Çarwaçylygy kesp-kär edinen buluçlar depregiň sesini eşitdigi, çagyrylmadyk myhmanlary taýak bilen garşy alar ekenler. Buluçlaryň baý döredijilik mirasy bilen ýakyndan tanşanyňda, munuň şeýledigine oňat göz ýetirmek bolýar. Elbetde, bu zatlar geçmiş taryha öwrülip gitdi. Indi deprek hem surnaý buluç toýlarynyň çakylykçysy bolup hyzmat edýär. Depregiň sesi eşidildigi, nirede, kimiň işiginde bolsa-da, toýa barybermeli. Surata düşüren Sapargeldi Rozyýew. Häzirki döwürde buluçar dürli halklaryň wekilleri bilen agzybir maşgalada ýaşaýarlar, öz däp-dessurlaryny hem ösdürýärler. Häzir buluçlaryň meşhur taýak oýnunyň gadym wagtlardaky ýaly, diňe öýleniş toýlarynda däl-de, hasyl toýlarynda-da, konsert programmalarynda-da ýerine ýetirilmegi muňa şaýat. Şu ýerde ýene bir zady aýtsak, artykmaçlyk etmese gerek. Türkmenistanda ýaşaýan az halklaryň biri bolan buluçlaryň taýak oýny, beýleki gowy däp-dessurlary-da biziň meeniýet hem sungat işgärlerimiz tarapyndan öwrenilse gowy bolardy. Seýitguly MÄMMETNUROW, Ýolöten raýonyndaky 18-nji orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy, buluç folkloryny öwreniji. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||