23:42 Kärizler | |
KÄRIZLER
Taryhy makalalar
“Suw munuň özi durmuşdyr” diýen hakykata uýan türkmen halkymyz suwuň gadyryny bilip, ony mukaddes hasaplapdyr. Ekerançylyk, maldarçylyk ýa-da agyz suwy üçin peýdalanylýan suwuň sähelçe ýetmezçilik eden ýerinde bolsa çykalga tapmagy başarypdylar. Munuň üçin kärizler, guýular ýaly gadymy suwaryş desglaryny ulanypdyrlar. Şeýle desgalar öňki döwürlerde Türkmenistanyň ähli ýerinde bolupdyr. Žurnalist Seýitguly Mämmetnurow Baş arhiw uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Baýrammämet Goýunlyýewden Aşgabadyň daş-töweregindäki emeli suwaryş desgalarynyň taryhy barada gürrüň bermegini haýyş etdi. Kärizler emeli ýerasty suw desgalarynyň aýratyn görnüşidir. Olar gadymy Gündogar medeniýetiniň bölegi bolup, ýerasty suwlaryny toplamaga hyzmat edýär hem-de ýerleri suwlulandyrmak maksady bilen aýratyn-da, agyz suwuna bolan islegi kanagatlandyrmak üçin, ony öz akymyna ýeriň ýüzüne çykarmakdyr. Guýularyň, ýap ötükleriniň bu ulgamyny türkmenler käriz diýip atlandyrýarlar. Kärizler emeli ýerasty ötük bolup, olar degişli berkitmeler bilen gurulýar. Kärizler ýeriň suwly gatlaklaryna çenli ötükleri gazmak arkaly ýeriň ýüzünden 100 metre çenli we şondan soň hem köp çuňlukda ýerleşýär. Kärizleriň bir bölegi suwly gatlaklarda ýerleşip, ol käriziň suw ýygnaýjy bölegi diýlip atlandyrylýar. Kärizler diwarlarynyň üsti bilen suwly gatlaklardan geçýän ýerasty suwlary özünde toplaýar. Geçýän suw köp ýa-da az suw geçirýän gatlagyň ýokary ýapgytlygy boýunça belli bir eňňit bilen edilen käriziň jary bilen käriziň boş bölegi diýlip atlandyrylýan ikinji bölegine baryp düşýär, bu suw ýeriň üstüne çykarmak üçin niýetlenendir. Käriziň boş böleginden geçen suwuň bir bölegi ýitýär, suwy geçiriji zatlar bilen süzülýär we şeýlelikde, käriziň suw toplanýan böleginde ýygnanan suwuň doly möçberi ýeriň üstüne çykyp bilmeýär. Käriziň gurlanda bu guýular kärizlere ýygnanýan zatlary almak üçin hyzmat edýär. Türkmenler kärizleri gurmakda gurluşyk tehnikasynyň käbir kadalaryny, daşy, agajy (arçany – onuň ýakymly ysy bolup, suwda gowy saklanýar. Özi-de Aşgabadyň golaýyndaky Köpetdagyň eteklerinde ösýär) hem-de käriziň boş bölegini berkitmek üçin küýzegärçilik önümini ulanypdyrlar. • Käriziler Türkmenistanda haýsy wagtdan bäri we nähili ulanylypdyr? Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň wagtyň geçmegi bilen saralan dokumentleriniň şaýatlyk edişi ýaly, kärizleri gurmak we olary peýdalanmak hakyndaky maglumatlar 1800-nji ýyla degişlidir. Elbetde, kärizleriň köpüsini XIX asyrda-da gurup başlapdyrlar. Kärizleriň Aşgabat topary günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara çekilip, Aşgabadyň 2-3 kilometr günortasynda ýerleşipdir. Bu dzülük Köpetdagyň günorta-günbatar baýyrlyklary bilen çäklenendir. Kärizleriň Aşgabat topary iki bölege bölünýär. Birinji bölege esasy guýulary Köpetdagyň geriş belentliklerinden ýokarda ýerleşen kärizler girýär. Ikinji bölegine bolsa esasy guýulary ýeriň ýapgytlaryndan 3-4 kilometr pesde ýerleşen kärizler girýär. “Balyş” gadymy kärizleriň biridir. Ol 1870-nji ýylda gurlup, günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara uzalyp gidýär. 4534,5 metr uzalyp gidýän, 8 guýusy bolan bu käriziň goşmaça şahalary bilen, käriziň uzynlygy 4897 metr bolup, guýularynyň umumy sany 160-dyr. Guýularyň arasyndaky uzaklyk ortaça 3031 metre ýetýär guýularyň çuňlugy ortaça 20-22 metre deňdir. “Syrt” kärizi öz başlangyjyny Garadamak obasynyň günorta-günbataryndan alyp gaýdaýr we günorta-günbatardan demirgazyk-gündogra tarap ugur alýar, onuň 106 guýusy bolup, uzynlygy 3751 metrdir. Guýularynyň aralygyndaky ortaça uzaklyk 41-46 metrdir. “Garadamak” kärizi bolsa günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara tarap uzalýar, ýagny Köpetdagyň gerişlerine takmynan paralleldir, soňra öz ugruny demirgazyk-gündogara düýpli üýtgedýär. Käriziň esasy ugrunyň uzynlygy 3050 metr bolup, 101 guýusy we iki şahasy bardyr. Bir şahasynyň uzynlygy 325,5 metr bolup, üç guýusy bardyr. Beýlekisiniň uzynlygy bolsa 662,5 metr bolup, 86 guýudan ybaratdyr. Şeýlelik bilen, käriziň umumy uzynlygy 4039 metr bolup, 112 guýusy bar guýularyň arasyndaky ortaça aralyk 78 metrdir. Olaryň ortaça çuňlugy 28-30 metrdir. Käriz 1879-njy gurlupdyr. “Berzeňňi” kärizi Aşgabat topar kärizleriniň Köpetdagyň dag etek baýyrlyklary bilen raçäkleşýär. Ol günortadan demirgazyga uzalýar we Howdan jülgesine baryp ýetýär. Esasy uzynlygy 3015,5 metr bolup, onuň 75 guýusy bar. uzynlygy 643,5 metr bolan goşmaça şahasy bolup, onuň 12 guýusy bar. şeýlelik bilen, bu käriziň umumy uzynlygy 3654 metr bolup, onda 88 guýy bardyr. Esasy ugur boýunça guýularyň arasyndaky ortaça 39,7 metr, şahalar boýunça bolsa 53,6 metr, bütin käriz boýunça bolsa 42 metrdir bu käriz 1889-njy ýylda gurlupdyr. “Işan” käriziniň esasy guýusy Garadamak obasynyň 4-5 kilometrliginde ýerleşýär, ötüginiň umumy ugry günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara tarapdyr. Käriziň iki şahasy bardyr: birinjisi – baş akym uzynlygy 4445 metr, 10 guýusy bar ikinjisi 983 metr bolup, onuň 17 guýusy bardyr. Şeýlelik bilen, käriziň umumy uzynlygy 5428 metre deňdir, 127 sany guýusy bardyr guýularynyň aralygy 43-45 metrdir. Kärizden öň, ýagny 1889-njy ýylda gurlandygyna hem-de onda yzygiderli abatlaýyş işleriniň geçirilmändigine görä, käriziň we onuň ötükleriniň çökmegi bolup geçipdir. Suw çagylly ýerlerden şildiräp, damjalar bilen ötügiň suw toplaýjy bölegine gelýär. Suwuň örän köp bölegi bolsa käriziň düýbünden gelýär. “Mülkaman” käriziň ugry günorta-günbatardan demirgazyk-gündogaradyr. Onuň üç şahasy bar: esasy akymyň uzynlygy 3587,5 metr bolup, onuň 86 guýusy, ikinji şahasynyň uzynlygy 1103 metr bolup, ol 20 guýudan ybaratdyr we üçünji şahasynyň uzynlygy hem 441 metr bolup, onuň 9 guýusy bardyr. Şeýlelik bilen, käriziň umumy uzynlygy 5151,5 metr bolup, 115 guýusy bardyr. Guýularyň arasyndaky ortaça uzaklyk 43,5 metrdir. Bu käriz 1909-njy ýylda gurlupdyr. Käriziň gurlanyna köp wagtyň geçmändigi üçin onuň birneme gowy ýagdaýda bolmagyna oňyn täsir edipdir. “Genjeli” kärizi Garadamak obasynyň günortasynda ýerleşip, ol günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara uzalyp gidýär, ol iki şahadan ybarat bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara gidip, günortadan gelýän ikinji şhany kabul edýär. birinji şahanyň uzynlygy 4612 metr bolup, onuň 148 guýusy, ikinji şahanyň uzynlygy bolsa 1066 metr bolup, 26 guýusy bardyr. Käriziň umumy uzynlygy 5678 metr bolup, ol 1894-nji ýylda gurlandyr. “Inžener” kärizi günortadan-demirazgyga ýerleşýär. Käriziň umumy uzynlygy 2651,5 metr bolup, onda guýularyň 95-i bar. guýularyň ortaça aralygy 27-28 metr bolup, ortaça çuňlugy-da 27-28 metrdir, käriz örän gowy ýagdaýda saklanyp galypdyr, ötüklerinde opurylmalar ýokdur.. Şäheriň, obalaryň ýaşaýjylaryny suw bilen üpjün etmegiň we ýerleri suwarmagyň ýeke-täk çeşmesiniň kärizler bolandygyny bellemek gerek. Diňe Aşgabat şäheriniň töwereginde kärizleriň 20-den gowragy gurlupdyr, olaryň umumy uzynlygy 46565 metr bolup, olardaky guýularyň sany bolsa 1405-dir. XX asyryň başlarynda abatlamak arkaly Aşgabat topar kärizlerini dikeltmek işi başlandy. 1928-1929-njy ýyllarda ähli kärizlerde diýen ýaly guýulary we ötükleri arassalamak ýaly abatlaýyş işleri geçirildi, hususan-da şeýle işler “Genjeli”, “Mülkaman”, “Garadamak”, “Syrt” we beýleki kärizlerde geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 1929-njy ýyla çenli “Inžener” kärizi Aşgabat şäherini suw bilen üpjün etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolupdyr. “Adalat” gazeti, 31.03.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |