01:29 Bürgüt | |
BÜRGÜT
Goşgular
Daglaryň, çölleriň bezegi bürgüt, Byçgy ganatlaryň alysda ýaýyp. Gözi aw agtarsa, aşyk ýüregi, Ýeriň jemalyndan bilmändir doýup. Ejizligi ýüreklerin paralan, Görip gargajyklar gygyldaşanlar. Ajyganda weli kiçelip olar, Bürgüdiň galdyran awun daşanlar. Günleriň birinde gara daş bolup, Bürgüt awuň depesinden inipdir. Şonda dagyň gyçak gerşine degip, Polat ýaly ganatlary synypdyr. Şol ýerde jan beren ol algyr bürgüt, Häkimsiz galypdyr düzler, dereler. Ol bürgüdiň pajygaly ölüşin, Görüp, görip gargajyklar begenen. Olar hezil edip gagyldaşanlar, Bürgüdiň galdyran awundan doýup. Emma giç, Juda giç gara gargalar, Aglaşanmyş awsuz galanny duýup. 31.01.1979 ý. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |