05:58 Burnum jygyldan eken... / ýumoreska | |
BURNUM JYGYLDAN EKEN…
Satiriki hekaýalar
Günleriň birinde agşamara men Hally aganyň öýlerine baranymda, öz deň-duşlarym eýýäm ýygnanyşyp oturan ekenler. Gapydan boýnumy uzadagadan “Salawmaleýkim” diýip, bosagadan ätledim welin ýaňky oturanlaryň hersi bir ýerden: “Waleýkim essalam, geleweri. Ana, Ýagmyram geldi” diýişdiler-de, edip oturan gürrüňlerini gülkä ýazdyraýdylar. Men bir hili aňk-taň boldum. Emma derrew özümi dürsedim-de, gülkä goşulmak üçin myssajyk ýylgyrdym. Onýança Hally aga: “Gel, oglum, geç, otur, hol Berdiliniň ýanynda gonaý” diýdi. Menem tizräk geçenimi kem görmedim, sebäbi hemmeleriň gözi mendedi, özlerem ýylgyryşyp otyrdylar. Berdili bilen el berip salamlaşyp oturdym welin, ol: “Saçyň nähili-aýt?” diýip, ýylgyrdy. Men haýdan-haý biygtyýar elimi kelläme ýetirenimi duýmandyryn. Saçymy üç-ödrt gezek barmaklarym bilen daran ýaly edip, soň elimiň aýasy bilen sypalaşdyrdym. - Şeýleräk etsene-aýt, ýogsam içerik şahly jyn-arwah girdimikä öýtdük. Hally aga-da edil şu wagt jyn-arwah hakda gürrüň berip otyrdy – diýdi. Oňa deňiç Hally aga gürrüňini jemleýän ýaly: “Hawa, adamyň gözüne her hili zat görünýär” – diýdi. Sag gapdlymda gyýarak oturan Annamyrat Hally aganyň bu sözlerini ýaňsa alyp, kinaýaly äheňde “Näme görünse görünýändir wlin, jyn-arwah-a görünýän däldir” – diýdi. - Ýok, oglum, ony diýme – diýip, Hally aga gaty görjek boldy – Ynha, öten tomus Nyýaz aga giç agşam mazarçylygyň içinden geçip barýarka, ony arwah urupdyr. Ol sag tarapynyň eli-aýagy ysman, üç aýlap keselhanada ýatdy. Şindi-şindem onuň sag aýagy diýenini etdienokmyşyn – diýip, öz aýdanlaryny delillendirjek boldy. Emma oňa oturanlaryň biri: “Aý goýsan-aýt, ýaşuly. Nyýaz aga gipertoniýa keseli zerarly şu güne düşdi” – diýdi. Muňa-da jogap berjek bolup, Hally aga bir zat-bir zatlar samraýardy. Men onuň gürrüňini eşitmeýärdim, sebäbi öz içki oý-pikirlerime gümradym. Çekeleşik uzaga çekdi. Adamlar gaýtmaşak edenlerinde, mmenem şol içimi gepledip, ýola düşdüm. Men öz ýanymdan: “Be, meniňem-ä ýolum şol mazarçylygyň üstünden geçýär. Hernä bir betbagtçylyk bolaýmasa ýagşydyr” – diýip, çaltyrak ýöredim. Mazarçylygyň gapdalyna geldim welin, birhili sojap çykýan “jykk-jyyyk” ses peýda boldy. Başga-da geçere ýol bolmansoň, men mazarçylygyň içi bilen tizräk geçmäni ýüregime düwdüm. On bäş-ýigrimi ädim ätmänkäm assyrynlyk bilen çalaja diňşirgendim. “Jyyk-jyyyk” edip çykýan ses entek galmandy. Men öňküden hem beter çalt ýöredim. Emma şunça jan etsemem, edil ýöremeýän ýalydym. Bir hili aýaklarymyň ýilikleri doňan ýaly, asyl ädimlerim ädilmeýärdi. Ýaňky “jyyk-jyyk” welin, ökjämi basyp gelýärdi. Men ädimlerimi giňräk-giňräk ädip basjak bolup, gara suw boldum. Emma “Jyyk-jyyk” galanokdy. Şol barmana men ylgap başladym. Gaýta “jyyk-jyyk” güýçli ýaňlanyp, bar mazarçylyga dolan ýalydy. Öz ýanymdan “Göwnüňe gelen, alnyňa geler” diýemnleri, ynha bir belaň üstünden baraýdym öýüdýän” – diýip, men gözlerimi tegeläp, dalla gözleýän ýaly eýläme-beýläme garadym. “Jyyk-jyyk” entägem yzyma düşüp gelýärdi. Men halys daljygyp, demim-demime syganokdy, ýüregim agzymdan çykaýyn diýýärdi. Tüýs sütünim süýnüp, men ylgamamy bes etdim. Dört-bäş ädimden soň: “aý name bolsa şol bolsun” – diýip, bir daş köprüjigiň üstüne özümi lampa goýberdim. Demimi almaga ýetişemokdym. Şonda-da hälki “jyyk-jyyk” sesi hem seýrekleýärdi. Men muňa haýran galyp, ýene-de diňşirgendim. “Jyyk-jyyk” sesi hem seýrekleýärdi. Men muňa haýran galyp, ýene-de diňşirgendim. “Jyyk-jyyk” jygyldamasyny dowam edýärdi, ýöne öpküsi ýaly gaty sojanokdy. Men ýene-de öňküdenem beter has dykgat bilen diňşirgendim. Asyl düşünüişip otursam, meni heläk eden “jyyk-jyyk” sesi burnumyň jygyldysy ekeni. G.SYPAÝY. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1971 ý. №14 (1170) | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |