08:17 Çaldyran söweşi | |
ÇALDYRAN SÖWEŞI
Taryhy makalalar
Çaldyran söweşi Osmanly türkmen patyşasy Ýowuz Soltan Selim bilen şaýy ynançlary esasynda gurlan Sefewi türkmen döwletiniň hökümdary Şa Ysmaýylyň arasynda bolup geçen meýdan söweşidir. Şa Ysmaýylyň Akgoýunly türkmen döwletini taryh sahnasyndan aýyrmak bilen birlikde Azerbaýjan, Eýran, Yrak we Arabystan sebitlerini ele geçirip, Anadoly ýarym adasyna çenli çäklerini giňeltmegi Çaldyran söweşiniň bolmagyna getiren esasy sebäpleriniň biridir. Şa Ysmaýyl Anadolyda mümkinçilik tapdygyndan pitne döredip, Osmanly döwletiniň içinde ýerleşen şaýylary öz agzyna bakdyrmak üçin elinden gelenini aýamandyr. Ýowuz Selim hem her pursatda Osmanly döwletini dargatmak isleýän we Ýewropa edilýän her harby ýörişde pursatdan peýdalanyp, Osmanlyny arkadan urmagy maksat edinýän Şa Ysmaýyla çürt-kesik zarba urmagy niýetine düwýärdi. Çaldyran söweşiniň esasy sebäpleri bolan bu ýagdaýlardan başga hem şu sebäpleri görkezmek bolar: * Gündogar Anadolyny ele geçirmek isleýän Şa Ysmaýylyň bu sebitde ýaşaýan şaýy türkmen taýpalaryny Osmanly döwletine garşy aýaga galdyrmaga çalyşmagy. * Ýowuz Selimiň Eýrana etjek ýörişinden öň Dulkadyrogly Alauddöwleden kömek islemegi we onuň kömek etmekden ýüz öwürmegi. Çaldyran söweşiniň düýp sebäbi bolan mezhep bölünişigi we bu bölünişigi öjükdiren syýasy göreşler netijesinde türkmenler tarapyndan gurlan iki beýik türki döwlet söweşmek üçin ýüzbe-ýüz gelipdir. ХVI asyrda umumy türk taryhynyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri hökmünde Çaldyran söweşini görkezmek bolar. Seljuklar döwründe Anadoly ýarym adasyna ýerleşen ilkinji türkmen taýpalary medeni hem-de mezhep taýdan umumy sosial gurluşy emele getirýärdiler. Anadoly Seljukly döwleti döwründe ýarym adany türkmenleşdiren bu ilkinji şaha sünni ynanjynda bolmagyna garamazdan, Beýik Seljuk döwletiniň ýykylmagy we Orta Gündogarda gerim alan derwüşçilik akymlarynyň we şaýy mezhebiniň täsiri astynda galyp, tapawutlanýan ynanja eýe bolan toplumlaryň Beýik Seljuk döwletiniň ýykylmagyndan soňra Anadoly ýarym adasyna göç etmekleri düýpli sosial meseleleriň ýüz çykmagyna getirýär. Anadoly Seljukly döwleti döwründe köpçülikleýin Anadola ýerleşen türkmen taýpalary bilen döwletiň soňky döwürlerinde ýüze çykan derwüşçilik hereketiniň we şaýy mezhebiniň täsirine düşen türkmen taýpalaryň aralasyndaky tapawutly ynançlaryň üstünde birnäçe çaknyşyklar ýüze çykypdyr. Kiçi Aziýa ilkinji bolup göçüp gelen türkmen taýpalarynyň Anadolynyň jümmüşine ýerleşensoñ we bu sebitleri ýurt edinensoñ 50-100 ýyla çenli aralykda soñ göçüp gelen türkmen taýpalaryny aralaryna alman, gaýtam mezhep agzalalygy, ekerançylyk we öri meýdanlarynyň üstünde tur6am oňşuksyzlygy hasam gapma-garşylykly ýagdaýlafy döredipdir. Anadoly Seljukly döwleti döwründe başy başlan bu mezhep bölünişigi soňrakky döwürlerde-de ullakan problema öwrülip, örän köp sanly bulagaýlyga we çaknyşyklara sebäp bolupdyr. Agzalan problemalar Osmanly döwleti döwründe-de dowam edipdir. ХVI asyrda häkimiýetiniň gerimini barha giňeltmäge çalyşýan Osmanly döwleti derwüşçilik akymyndan täsirlenen bu gatlaklary goltugynda saklamaga dowam etmek bilen olaryň ýüze çykarýan bulagaýlyklaryna garşy göreşipdif. Bu meseleler döwletiň agalygyna we at-abraýyna täsirini ýetirip biljek içerki mesele bolşy ýaly, garaw görmedik ýagdaýynda derwüşçilik ynanjyny makullaýan goňşy döwletleriň hem öňünde ejiz ýagdaýa düşürip biljek ýagdaýa getirjegi gümansyzdy. Sefewi hökümdary Şa Ysmaýyl bolsa ýüze çykýan bu ýagdaýlardan peýdalanýardy we döwlete garşy Osmanly tabynlygyndaky mezhepdeşlerini ulanyp, her dürli bulagaýlygy döredip durýardy. Şa Ysmaýyl edil Anadoly alawylary ýaly şaýy mezhebinden we derwüşçilik akymyndan täsirlenen türki hökümdar bolupdyr. Asly türkmen bolan Şa Ysmaýyl Eýrandaky Akgoýunly döwletini ýykyp, häkimiýetini giňeldipdir we Osmanly döwleti üçin iñ howply duşmana öwrülipdir. Çünki Şa Ysmaýylyň guran Sefewi döwleti mezhep tapawutlylygyny galkan edinip, Osmanly döwletine garşy duşmançylykly hereket edýärdi we Osmanly häkimiýetiniň tabynlygynda ýaşaýan türki kowumlary belli bir derejede öz tarapyna çekip, gitdigiçe güýçlenýärdi. Bu bölünişik we Çaldyran söweşiniň ýüze çykmagyna alyp baran bütin sebäpleriň çeşmesi bolup durýar. Şa Ysmaýylyň agressiw syýasatyna garşy seresaply we hoşniýetli syýasat alyp baran Soltan II Baýezit hatda onuň 1507-nji ýylda Dulkadyrogullary türkmenleriniñ üstüne guran ýörişi pursadynda-da, Osmanly döwletiniň çäklerini birugsat eýelemegine-de we 1511-nji ýylda dörän Şaguly gozgalaňyny goldamagyna-da hiç hili garşylyk bermändir. Bu ýumşak syýasat sefewileriň güýçlenip, Eýranda şaýylygy ornaşdyrmagyny aňsatlaşdyrýar. Şol bir wagtyň özünde bu, ters propoganda netijesinde döwlete garşy öjükdirilen Anadoly halkynyň Şa Ysmaýyla meýil etmegine ýol açýardy. Netijede sefewi döwletiniň döwlet bitewiligine ýetirjek howpuny nazara alyp, kakasyny tagtdan indirip ýerine geçen Soltan Selim 1514-nji ýylda Çaldyranda Şa Ysmaýyly agyr ýeňlişe sezewar etdi. Çaldyran ýeňişi arkaly Gündogar Anadoly doly ele geçirilip, Osmanly döwletiniň çäkleri Ýewfrat derýasyndan gündogarlygyna uzalsa-da, asyl maksat Anadolynyň üstüne abanyp biljek sefewi howpunyň derbi-dagyn edilmegidi. Bu maksada doly ýetmek başartmadygam bolsa, eýelenen sebitler Osmanlylara strategik taýdan ähmiýetli artykmaçlyklary berdi. Aýratynam Diýarbekıriň eýelenmegi Osmanlylara Sefewiler bilen Mamlýuklaryň hereketlerini ýakyndan syn etmägd we olaryň güýç birikdirmeginiñ öňüni almak ýaly artykmaçlygy berdi. Günorta serhetdäki iň ähmiýetli garnizonlaryň birine öwrülen bu şäher soňrakky ýyllarda Siriýa, Yrak we Eýranyň jümmüşine gurnaljak ýörişler üçin harby baza wezipesini ýerine ýetirdi. Sefewi howpunyň az wagtlygam bolsa, ortadan aýrylmasy Soltan Selimiň Mamlýuklaryň üstüne ýöriş gurnamagyna mümkinçilik döretdi. Köp wagt geçmänkä Siriýadyr Müsüriň eýelenmegi, Mamlýuk döwletiniň ortadan aýrylmagy bilen Sefewiler Osmanlylaryň gündogar-günorta serhetleri boýunça ýeke-täk goňşusyna öwrüldi. Mundan beýläk şu araçäk boýunça günortadaky Sefewi häkimiýetiniň golastyndaky Yrak Arabystany Osmanlylaryň eýelemek üçin göz öňünde tutýan ýeridi. Osmanly goşuny 22-nji awgustda sişenbe güni Töwriziň üstünden ýöräp, agşama çenli Çaldyran sebitine gelip ýetdi. Goşun bu sebitiň demirgazyk-günbatar depeleriniň eteklerine ýerleşdi. Jülgäni elinde saklaýan gündogar depelerinde bolsa Şa Ysmaýylyň çadyrlary görünýärdi. Ýowuz Selim şol gün agşam emeldarlaryny toplady. Bu ýerde ýa-ha dessine hüjüm etmek, goşuna we ýol söküp surnugan aç haýwanlara ýigrimi dört sagat dem-dynç bermek gerekdi. Köpçülik goşuna dynç bermegiñ tarapyny tutdy. Depderdar Piri Mehmet Çelebi bolsa başga heñden gopup: "Eger derhal urşa başlanmasa goşunda, hususanam akynçylaryñ arasyndaky alawylaryñ duşman bilen habarlaşyp, garşydaşyñ tarapyna geçme howpunyñ bardygyny, şeýle bolmadyk ýagdaýynda-da höwessiz uruşjakdyklaryny" aýtdy. Depderdaryñ pikirine görä muña mümkinçilik bermän dañ atyp-atmanka söweşe girmek gerekdi. Ýowuz Selim: "Ynha, ýeke-täk dogry pikiri aýdan kişi... Arman wezirim däl eken" diýip, dessine hüjüme geçmegi emir edipdir. Ysmaýyl Hataýynyñ 10 müñe golaý atly esgeri bolupdyr. Atly esgerleriñ sany sefewilerde has känem bolsa, osmanly goşunynyñ ot açyjy ýaraglary bardy. Muña garamazdan iki goşunyñ güýji deñeçerräk görünýärdi. Gynansak-da, ykbalyñ emri bilen aralaryna çöp düşüp, ikä bölünen türkmen "Şahym" we "Ýa Alla" nagralaryny dartyp, biri-birlerine garşy söweşe giripdir. Ysmaýyl Hataýy öz ýolbaşçylyk edýän ganatynda hüjümde üstünlik gazanypdyr. Ýowuz Selimiñ çep ganaty yzky goşun bölümlerine çenli yza serpikdirilipdir. Emma Osmanly türkmen goşunynyñ sag ganatyna ýolbaşçylyk edýän beglerbegi Sinan Paşa garşydaşy Ustaçlyoglynyñ hataryny bozmagyñ hötdesinden geldi. Sinan paşanyñ goşun birliklerini ýaýratmaly ýerde planly ýagdaýda toplara tarap çekilip, zynjyrlary böwsüpdirler. Bu hereket şeýle bir çalt amala aşyrylypdyr welin, sefewi doganlarymyz birdenkä özleriniñ toplaryñ öñünde durandyklaryny görüpdirler. Toplaryñ öñi açylan badyna Şa Ysmaýylyñ goşun birlikleriniñ üstünden ajal sepelän top oklary ýagmaga başlaýar. Söweş meýdany dem salymdan maslykdan dolupdyr. Ölenleriñ arasynda merdana türkmen begi Ustaçlyoglynyñ hem bolmagy ýeñişi osmanlylaryñ hasabyna tamamlapdyr. Ýowuz Selimiñ sag ganatdaky üstünliginden soñ çep ganatyñ ýeñlişini sazlamagy gerekdi. Serkerdeler, esgerler garadangaýtmaz Ysmaýylyñ çakgan hüjümine döz gelip bilmän yza çekilýärdi. Soltanyñ emri bilen ýanyçarlar arkalarynda arabalardan örülen diwary böwsüp tüpeñ atmaga başladylar. Sefewi esgerleri gowşamaga başlan pursatynda Şa Ysmaýyl hem golundan we aýagyndan ýaralanyp atdam agypdyr. Osmanly esgerleriniñ biri göni Ysmaýylyñ üstüne okdurlypdyr. Eger sefewi serkerdeleriniñ biri şirin janyny orta goýup, hökümdaryna galkan bolmadyk bolanlygynda, Şa Ysmaýyl şol duran ýerinde öldürilmelidi. Şanyñ ýakynlaryndan Mürze Soltan Aly "Şa meniñki!" diýip öñe okdurylýar we ýesir düşýär. Hyzyr atly başga bir türkmen janyny howp astyna salyp, atyny Ysmaýyla berýär. Uruşdan ýeñliş bilen çykandygyna ymykly göz ýetiren şa çaltlyk bilen söweş meýdanyndan gaçýar. Sefewilerden entek söweşip ýörenleri-de oña eýerip zyp berýärler. Söweş meýdany osmanly goşunyna galýar. Şa Ysmaýylyñ adaglysy ýa-da aýaly Täçli hanym (Täçli hanym [Gülzar] Soltan Jelaleddin Meñburnynyñ neslinden -t.b.), Widiniñ sanjak begi Mesih begiñ adamlaryna ýesir düşýär. Çaldyran söweşinde iki tarapam uly ýitgileri çekýär. Şa Ysmaýylyñ goşunyndan on dört han, Ýowuz Selimiñ goşunyndanam on sanjak begi söweş meýdanynda wepat bolupdyr. Şa Ysmaýyl gijesi bilen gaçyp ertesi irden Töwrize baryp ýetýär. Emma öz paýtagtyny howply hasaplandygy üçin Dergezene çekilýär. Söweşiñ ertesi irden Ýowuz Selim wezirleriniñ we esgerleriniñ resmi gutlaglaryny kabul edýär. Bir gün geçiribem Töwrize tarap gaýdýar. Üç gün ýol ýöräp Töwrize barýar. Töwrize girişiñ ertesi güni - 1514-nji ýylyñ 6-njy sentýbrynda soltan "Ýakup" metjidine gidip öz adyna okalan hutbada jumga namazyny okandan soñ, bu metjidi gaýtadan abatlamagy buýurýar. Soltan Töwrizde 8-9 gün galandan soñ Stambula dolananda, Töwrizdäki senetkärleri, tüçjarlary, şahyrlary we başga-da peýdalanyp boljak müñlerçe hünärmenleri Stambula getirýär. Stambula getirilenleriñ arasynda Teýmirleñiñ agtyklaryndan Bediuzzaman hem bar eken. Professor Erol Güngör Stambula gelenleriñ arasynda köp sanly alymlaryñ we akyldarlaryñ bardygyny aýdýar. Gelenler Şa Ysmaýylyñ halky gylyjyñ zory bulen şaýylaşdyrma syýasatyna garşy çykýan we mezheplerinden ýüz öwresleri gelmeýän adamlardy. Olaryñ hemmesi Stambulda at-abraýlaryna mynasyp wezipelere bellenipdir. Gyş paslynda Ýowuz Selim Amasýada Eýran şasynyñ ugradan sowgatlaryny getiren ilçileri kabul edipdir. Ilçiler Çaldyran söweşinde patyşanyñ eline ýesir düşen şanyñ aýaly Täçli hanymyn azat edilmegini towakga edipdirler. Ýowuz Selim olaryñ towakgasyny diñlemegem islemändir we ilçileri tussag astyna alypdur. Gelen ilçileriñ ikisi-de Dimetoka zyndanyna oklanypdyr. Täçli hanym bolsa Täçzada Japara nikalanyp berilýär. Hammeriñ pikiriçe soltanyñ beýtmegi halkara hukuklary gödek bozmagy añladýardy. Yslam hukugyna görä-de ilçä zowal ýokdur. Türkmen taryhynda mundan öñ şular ýaly gödek ýalñyşlygy Horezmşa Muhammet we onuñ Otrardaky häkimi Gaýyr han goýberipdi. Yslam hukugynda eger ýeñlen esgeriñ dini yslam bolsa, onda onuñ aýalyny hem ýeñiş gazananyñ nikalap almagyna rugsat berilmeýär. Çaldyran söweşinden öñ Akgoýunly türkmen döwleti ýykylandygy üçin Diýarbekir sefewileriñ eline geçipdi. Çaldyran söweşinden soñ meşhur taryhçy Idris Bitlisliniñ öñbaşçylygyndaky ýigrimi bäşe golaý begzada gelip, Osmanlyny häkimiýetine geçýändigini yglan etdi. Birmahallar Akgoýunly türkmenleriñ paýtagty bolan Diýarbekir şeýdip sefewileriñ elinden gitdi. Emma Şa Ysmaýyl Çaldyranda wepat bolan Ustaçlyogly Mämmet hanyñ dogany Garahany ugradyp, Diýarbekiri gabaw astyna aldy. Halkyñ Ýowuz Selimden kömek talap etmegi bilen ugradylan Byýykly Mämmet paşa bilen Şady paşanyñ ýolbaşçylygyndaky goşun birlikleri gelen badyna Garahan yza gaçýar. Şeýlelikde Diýarbekir ymykly osmanly şäherine öwrülýär. Byýykly Mämmet paşa Diýarbekiriñ beglerbegi wezipesine bellenensoñ, Garahany yzarlamagy dowam edýär. Mardiniñ golaýynda bolan söweşde Garahan wepat bolýar. Şeýlelikde günorta-gündogar Anadoly gutarnykly ýagdaýda Osmanly häkimiýetine girýär. ■ Söweşden soňky ýagdaý Çaldyran söweşiniñ Otlukbeli söweşine çalymdaşdygyny aýtsa bolar. Söweşiñ gidişi, goşunyñ düzülişi we sanynyñ deñeçerligi - hemmesi bolşy-bolşy ýaly gaýtalanýar. Hatda Uzyn Hasan Türkmen ýaly Şa Ysmaýylyñ söweş meýdanyndan gaçyrylyşy hem bire-bir gaýtalanýar. Elbetde, her iki söweşde hem osmanlylarda ot açyjy ýaraglarynyñ bolmagy, olaryñ ýeñişi gazanmakda aýgytlaýjy rol oýnandygyny hem unutmaly däldir. Çaldyran söweşi diñe ýer meselesinde Otlukbeli söweşinden tapawutlanýar. Otlukbeli ýeñlişinden soñ Akgoýunly döwleti diñe birnäçe sany galasyny elden gideren bolsa, sefewiler günorta-günbatar sebitleriniñ agramly bölegini osmanlylara giderýär. Baýburt, Erzinjan, Kigy osmanlylaryñ eline geçýär. 1515-nji ýylda Kemah galasynyñ alynmagyndan soñ Dulkadyr ogullary türkmen begligi Osmanly döwletiniñ düzümine birikdirilýär. Soltan Selim Amasýadaka Idris Bitlislä günorta-gündogar Anadoly sebitlerine gözegçilik etmegi ynanýar. Idris Bitlisli aýratynam kürt taýpa kethudalarynyñ arasyndaky oñşuksyzlyklaryñ soñuna çykyp, 1517-nji ýylda bu ýerleri Osmanly häkimiýetine girizýär. Diñe Diýarbekiriñ töwereginde Sefewi döwleti bilen özara çaknyşyklar belli bir wagta çenli dowam edipdir. Iñ soñky gezek 1517-nji ýylda Şa Ysmaýylyñ Ustaçly Mämmet handan soñ bellän Diýarbekir beglerbegi Garahan Goçhysaryñ golaýyndaky söweşde wepat bolmagyndan soñra sebit tutuşlygyna Osmanly döwletiniñ tabynlygyna girýär. Şeýlelikde osmanly-sefewi serhedinde osmanly tarapdary bolan kürt taýpalaryndan on bir sany etrap döredilýär. Şol döwürde Kars welaýatynyñam osmanlylaryñ düzüminde bolandygyna seredilse, häzirki Türkiýe-Azerbaýjan-Eýran serhediniñ baryp 1517-nji ýylda kesgitlenendigini görmek bolýar. ■ Netije Şa Ysmaýyl tarapyndan esaslandyrylan we gysga wagtyň dowamynda güýçli döwlete öwrülen Sefewi döwleti 1510-njy ýyldan soňra Osmanly döwletini içinden opurmaga başlapdyr. Soltan II Baýezidiň garrylygy we näsaglygy Şa Ysmaýylyň Osmanly häkimiýetine garşy alyp barýan işlerini belli bir derejede ýeňilleşdiripdir. Bu döwürde Soltan II Baýezidiň durmuşa geçiren bütin öňüni alyş çärelerine garamazdan Şa Ysmaýyl işlerini üstünlikli amala aşyrypdyr. Şol sanda Ýewropa ýurtlary hem Osmanlylara garşy Sefewiler bilen aragatnaşyk açmaga çalyşypdyrlar. Osmanlylarda ýüze çykan soltanlyk dawasynda sefewilige garşy bolan Soltan Selim ýeňiş gazanypdyr. Ol 1512-nji ýylda döwletiň başyna geçýär. Şazadalygyndan bäri sefewilere garşy çykan Soltan Selim soltanlyk süren döwründe-de muny dowam etdirip, Şa Ysmaýylyň Osmanly araçäklerini eýelemek syýasatyna garşy ähmiýetli işleri alyp barypdyr. Soltan Selime başyny başlan syýasy, dini, ykdysady, milli we harby özgertmeler netijesinde durmuşa geçiren Çaldyran söweşi arkaly sefewi propogandasynyň öňüni almak başardypdyr. Netijede, iki döwlet arasynda bu görnüşde emele gelen syýasy, ykdysady we sosial-medeni ýagdaý has soňrakky ýyllarda-da osmanly-sefewi gatnaşyklarynda täsirini ýitirmändir. ■ Çeşmeler [1] yavuzsultanselim.gen.tr/caldiran-savasi.html [2] turktarihim.com/Çaldıran_Savaşı.html [3] Dr. Özer Küpeli, " Irak-ı Arap'ta Osmanlı – Safevi Mücadelesi" , History Studies Ortadoğu Özel Sayısı / Middle East Special Issue 2010, s.227-228. [4] Prof. Dr. İbrahim Arslanoğlu, " Aleviliğin Tarihsel Sosyal Temelleri" (makale) [5] Ebû Bekr-i Tihranî, " Kitab-ı Diyarbekriyye", çev. Mürsel Öztürk, Ankara, 2001, s.352; Tursun Bey, " Tarih-i Ebu’l-Feth" , (Haz. Ahmed Tezba ar), s. 142-143. [6] Dr. Bilal Dedeyev, " ÇALDIRAN SAVAŞI’NA KADAR OSMANLI-SAFEVİ İLİŞKİLERİNE KISA BİR BAKIŞ" , Uluslararası Sosyal Araştırmalar Dergisi, The Journal of International Social Research Volume 2/6 Winter 2009, s.132-133. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |