17:47 Çarhy inerler aýlaýar | |
ÇARHY INERLER AÝLAÝAR
Edebi makalalar
Köpleriň kalbynda oba bolan beýik garaýşy döreden Zaratustranyňam düýesi bolupdyr diýýärler. Hytaý ýurdunyň orruk-ortasyndan gaýdyp, ýedi müň kilometre uzaýan Beýik Ýûpek ýolunyň esasyny goýýan täjir Çžan Szýanyňam näçe şatyňam bolsa, tap getirjek sarsmaz inerleri bolandyr. Ýogsam ol ýollaryň aşdyraryndan aşdyrmazy ýakyndyr ahyry. Zaratustranyň otparazlyk dinini emele getirmeginde dünýäniň orny bolupmy, bolmanmy, biljek däl. Ýöne ýüpek ýolunyň Beýik ýüpek ýoly bolup, Hytaý ýüpeginiň, Merwiň tirsek boýly hoşaly üzümlerinden serilen kişmişiň, dünýäde hyrydarly gawunlaryň eýläk-beýläk gatnamagy üçin-ä inerler-nerler gerek bolupdyr. Bu hemmä belli zat, gümansyratmak gerek däl, şeýle beýik derejä eýe bolan ýoluň döremeginde inerleriň orny bar eken. Ine, onsoň şu ýagdaýlardan habarly kalbym maňa «Inerler hakynda söz aç!» diýdi durdy. Olar söz açanyňa deg ärem. Çünki inerleriň häsiýeti hakynda oýlanyp otursaň, olardan türkmen dünýäsine kybapdaşlygy tapýarsyň. Ol kybapdaşlyk bolsa bir ýa iki däl. «Mal eýesine çekmese şumluk» diýýärler. Belki-de, ol janawer niçe asyrlar bäri hataryny dartyp, odun-suwuny çekip sörşüne gylyk-häsiýet babatda türkmeniň özüne, meňzäp gidendir. Eger başartsa-ha gürrüňimizem şol meňzeşlik hakynda bolmaly. *** Jaň sesi gelýär. Ýöne näme üçindir ol esasy gürrüňden ünsüni sowaýanok. Çünki bu ses mekdeplerde sapagyň başlanandygyny ýa-da tamamlanandygyny habar berip duran, düwmejigini basaňda ala-zenzele edäýýän häzirkizaman jaňlarynyň sesi däl. Uly adamyň düwdenekläp ýörenje gyzjagazynyň boýnundaky jaňjagazyňkydanam sesi ýogynyrak. Düňňürdiliräk kakýar. Bildim, bu hatar başyny çekýän inerleriň boýnuna dakylýan jaňdyr. Bu ses kerweniň agras ädimine kybap. Bilýän, «Bu zamanda kerwen küje?» diýjekleriňiz bardyr. Elbetde, özünde ençeme iner güýjüni saklaýan maşynlar barka kerwen dartyp ýörene duşmajagym hak. Ýöne barybir bu ses kerwen jaňynyňky. Bu belki-de, bu Çyn-Maçyndan ugrap, Hotan Ýarkent, Balh şäherleriniň üsti bilen Merwe gelýän kerweniň düňňürdisidir. Mümkin, bu ses şeýle bir uzakdanam gelýän däldir. Geçen asyryň birinji ýarymynda argyşa gatnap kerwenleriň sesidir. Dogrusy, bu sesiň haýsy eýýamdan, haýsy asyrdan gelýändiginiň ähmiýeti-de ýok. Çünki geçen asyryň ortalaryna çenli kerwen jaňlary düňňürdäp durupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerden bäri kyrk-elli, iki-üç ýüz düýeli kerwenler Garagumyň göwsüni dilip, daglaryň geçidini tapyp, eýläk-beýläk kän gatnapdyr. Kerwen hataryna goşulmak obanyň daş ýüzündäki aklaňlaryň aňyrsyndan tamdyr odunlyk üçin erkegiňe çerkez-çeti basyp, geläýen ýaly däl. Ýüzlerçe, kähalatda müňlerçe kilometre uzaýan kerwen ýollaryny geçmek üçin iner kuwwaty gerek bolupdyr. Barybir ol ýollaryaşaýmak inerlere-de aňsat bolmandyr. Sebäbi iki-üç ýüz düýeli kerwendäki ähli ulagyň uçdantutma iner bolmajagy aýan. Şonça malyň içinden dürek düýeler hem tapdyrypdyr. Hatarda tohumy gatyşan — dürek düýeler barka, inerlere kyn düşüpdir. Çünki dürek düýeler şata çydaman, orta ýolda çökgüç bolýarmyşyn. Ana, şeýle halatda olaryň ýüki-de ozalam ýüki ýetik inerlere urulypdyr. Şeýlelikde, hatardakalar ýerde ýük galdyrmaýan janawerler il ýüküni, özgäniň dert azaryny-da çekmeli bolupdyrlar. Bu bolsa, Magtymgulynyň dünýäsi bilen seretseň, merdanlaryň häsiýeti. Bu dördünji eýýamyň ruhy atasynyň «Ýurt derdine gider ilde merdanlar» diýip, ynsandan gözläp ýören häsiýeti ahyryn. Ol janaweriň ynsana kybapdaşlygy diňe bir şunda hem däl. Köçämizde maljanly diýilýän biri bar. Eýläk geç, beýläk geç, irden ýa öýlän geç, haçan görseň, agylynyň töwereginde köw-söw edip ýörendir. Esasan-da, oýnam başly düýesine yhlasy artyk. Ine, bir günem ol aýagulag edinmegiň kül-kül bilen bazara gitdi. Türkmen dessury-da, bizem goňşy-golamlar bolup, «At arkasy gutly bolsun!» diýmek üçin garaşyp otyrys. Gözümizem köçäniň ol başynda görünýän delräk maşynlarda. Ýöne garaşýanymyzyň maşynly däl-de, dagyň bölegi deý, örküçleri gümmezekläp duran burunnykly erkegi idip gelýänini gördük. Aýdyşyna görä, göwün diýen ulagy duşmandyr. Onsoň tokly-toram alaý-aýyn-la diýen niýet bilen mal bazaryna barypdyr. Şol ýerde-de ýaňky janwere duşup, söwdasyny edäýipdir. Düýe saklaýanlar-a höwür döwründe düýelerini edip, eýläk-beýläk gitmeli bolmajakdyklaryna begendiler. Düýe saklamaýanlaram janaweriň eýlesine-beýlesine geçip, «Bäh, tüweleme zat eken-eý» diýşip, kän synladylar. Düýelileriň tama edişi ýaly, höwür döwründe erkegi düýe sürüsine goşup, örä goýberdiler. Höwür döwri tamamlanyberende hem onuň nirädir bir ýere ýitirm bolandygyny eşitdik. Köpler-ä: «Ýat sürä ulaşandyr, üç-dört günden gara berer, ýorunja, künjara iýenje ýatagyny unutmaz» diýen netijä geldi. Ýöne üç-dört gün geçse-de, üç-dört hepde geçse-de, ondan gördüm bildim bolmady. Iki aý boluberende erkegiň öňki eýesinden «Malyňy ýygna» diýen habar gelipdir. Ýorunja, künjara, urba sepilen tirt bilen bakylan howlusyny taşlap, mundan iki ýüz kilometr çemesi uzaklykdaky selinli-sazakly sähralaryna gaýdyp baran janawer dünýäniň haýsy künjeginde bolsa-da, ahyrynda gyzgyn topragyna dolanan türkmeni ýadyma saldy. Sähralaryň ady tutulanda hökman guýular hem hakydaňda janlanýar. Mukaddes Ruhnamanyň birinji kitabynda ýatlanylýan ýyldyzboýly guýularyň nämediginden azda-kände habarym bar. Indi-indiler olardan tehniki enjamlaryň kömegi bilen suw çykarylýar. Şolaryň ýok ýerinde welin, utundyr çarhyň belli gadry ýok, Körpelerimiziň içinde utundyr çarhyň nämedigini bilmeýänler kändir. Ýöne olara bu hakynda ýatladaýmak kyn däl. Olar bolmanda Çakanly kinony-ha görendirler. Gorkajyk Çakanyň atasynyň guýa sallaýan pursaty-da ýatlaryndadyr. Ana, şonda başy guýynyň agzyna abanar ýaly edilip dikilen goşa agaja utun, olaryň ýokary çetinde, ikisiniň aralygynda duran tegelejige-de çarh diýilýär. Guýa sallan bedräňi göni çekäýjek bolsaň, goluň üzülere geler. Urganyňy çarha salyp, çekseň welin, bedräniň agramy ýarpa gelene dönäýer. Ýöne süri ýakmaly bolanda bedrede alynan suw ýokam bolmanok. Şonuň üçinem çarwalar mal ýakmaly bolanda ýörite ýasalan, has göwrümliräk gaby —gowany ulanýarlar. Elbetde, göwrümli bolany üçin ony çekip çykarmaga-da üç-dört adam-a gerek. Hat-da, guýynyň agzyna gelen gowany sowup, suwyny nowa guýmak hem iki bolmasaň, başardaýanok. Ýöne hany, bäş-alty sany bolup bir süriniň yzyna düşüp ýören barmy? El kömeginiň azlyk edýändigi üçinem çarwalar gowany çekmegi erkege ynanypdyrlar. Guýa sallan gowanyň ýüpüniň bir ujy erkege baglydyr. Gowa suwdan dolansoň, güýynyň agzynda duran «Çek!» diýip, gygyrýar. Ýüp dartylyp ugrar. Üstünden ýüp geçýän çarh hem aýlanyp, gowanyň agramyny ýeňleder. Gowa guýynyň agzyna gelensoň erkege «Gaýt» diýip, gygyrarlar. «Çek, gaýt» diýen seslere werziş bolan janawer şol bir aralykda öňe-yza gider-geler durar. Şeýdibem iner güýji bilen «Çek, gaýt» sözleriniň astynda çarh aýlanar durar, aýlanar durar. Aýlansyn-aýlanmasyn, guýy çarhynda üýtgeşik bir çylşyrymlylyk ýok. Ýöne aýdyşlaryna görä, «Pelegiň çarhy» diýen bir düşünje bar. Dogrusy, olam aýlanýarmyşyn. Aýlanýanam bolsa, onuň guýynyň çarhyndan tapawutly tarapy kän diýýär. Bu tapawudy, ine, özm-ä aşakdaky setirlerden tapdym: Arşda Çarhypelek çarhyn aýlaýar, Älemin aýlaýar, arşyn aýlaýar. Zamanaň yzyndan gelýän zamana Gijeler şuglasyn saçsa Ýere Aý, Gündizler Gün nurun saçýar zemine. Şu setirlerden çen tutsaň, pelegiň çarhy aýlananda zamanlar geçip, eýýäm täzelenýän bolmaly. Eger-de Çarhypelegiň aýlanyşy eýýamlar bilen kesgitlenilýän bolsa, ol türkmen milletiniň ykbaly babatda hem birnäçe ýola aýlanypdyr. Çarhypelek her gezek aýlananda milletiň ykbalynda uly özgerişi amala aşyrypdyr. Çarhypelek aýlanyp, Oguz han eýýýamynda ösüşler, özgerişler ýoluna düşülen bolsa, onuň ýene bir ýola aýlanmagy bilen ikinji eýýam gelip, Mukaddes Ruhnamanyň birinji kitabynda aýdylşyna görä, yslamy meýletin kabul eden Gorkut ata türkmen ruhunyň täze bir giňişligini açýar. Türkmen yklabynda üçünji ýola aýlanan pelek çarhy bolsa türkmeniň ruhuny dünýä çykarýar. Beýik Serdarymyzyň aşakdaky setirlerinde aýdyşy ýaly, bu gün pelegiň ösüşi-özgerişi getirýän çarhy ýene-de bizi nazarlaýar. Pelek çarhyn biziň sary aýlaýar, Soh garaşdyk, ajap eýýam gelipdir. Dogrusy, pelegiň çarhy hem öz-özünden aýlanmaýarmyşyn. Pelegiň çarha pelegiň çarhy, üýtgeşik çylşyrymlylygy bolmažyk guýy çarhy hem öz-özünden aýlanaýanok ahyryn. Çarwalardan sorasaýeň, çarhlaryň aýlanyp durmagy üçin inetrler gerekmişin. Hawa, çarhy inerler — iner kybap Beýik ynsanlar aýlaýarmyşyn. Şeýdibem dünýä özüniň inerleri, iner kybap ogullary bilen çarhyny aýlap, ösüşlere, özgerişlere sary gidip barýarmyş, gidip barýarmyşyn. Daýanç ÝEGENMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |