17:38 Oglan göwni / hekaýa | |
OGLAN GÖWNI
Hekaýalar
Gurbanlaryň uly tamynyň kölegesinde öýjük-öýjük oýnaýan döwürlerimiz bir bolgusyz zadyň üstünde sözümiz azaşyp, sene-mene etmeli bolanda, tarap-tarap bolup biri-birimize: "Jepbi däldi, Jepbi däli" diýşerdik. Eşidýäňmi Oguljahan, nirede bolsaňam eşit şu gepi! Sen zerarly ýene-de Jepbi däli ýadyma düşdi. Barybir, men saňa "Jepbi däli-Jepbi däli" diýip gygyryp bilmerin. Şeý diýenim bilen-de: "Men indi şo boldummy?" diýip seň-ä janyň ýanmaz, meňem içim sowamaz. Çünki sen biziň obamyzdan däl, Jepbi dälini tanaňok. Menem indi garşydaşyma: "Jepbi däli" diýenimde, köşeşäýýän oglanjykdygymdan salýanypdyryn. Onsoňam: "Entek ýaş-da" diýilýänleriň hatarynda bolsam-da, köpleriň jepbi däliçe-de ýoklugyna aklym çatyp ýör. Ýene-de bir zat: ol görgüli däli diýilse-de düwläp, il ürküzip ýörenok. Degilmese kaýyl. Ýöne il köpçülikden çetleşiberseň, däli diýäýjek eken. Jepbäde şeý diýdiler. Şony diýenleri bilen-de oňmadylar. Äwip-säwip bir dükana geçäýse dagyn, haý-küş diýilmän ulaldylanlar ony daşladylaram. Olaryň ene-atalary-da aňry gitse üç-dört ýyldan Jepbini daşlaýanlaryň hataryna goşuljak, häzirlikçe welin ýerden kesek götererden ejizje bezzatlaryny: "Ýat indi, han-ha jepbi däli gelýär" diýip gorkuzardylar. Düňle görgüli welin, näme diýilse-de, ýeňsesinden keseklense-de barmysyňyzam diýmez. Onuň mundan başga-da juda geň bir häsiýeti bardy. Oňa däli diýilmeginiň esasy sebäbi şol bolmagam ahmal. Işigaýdan haçan görseň eline gabarasy biziň akbaýymyzyň ýalagyçarak jamy alyp, öýleriniň güneýine çykyp, otluçöp dänesine deňeçerräk çöpleri çöpläp oturandyr. Tabagyny tümmekläp bildigi hem çöplän çöplerini hol beýleräk çykarar-da otlar goýberer. Ana şonda düňle bendäniň gerdeninden düýe ýüküni düşüren ýaly bolup uludan dem alyp bildirer-bildirmez ýylgyrýandygyny aýdýarlar. Onuň şu bolup ýörşüniň özünden özge kime zyýany bar, Oguljahan? Hiç kime zelelsiz şol bendä deňäp bilmerin-ä. Çünki biziň aramyza düşen tow Gurbanlaryň uly tamynyň kölegesinde galan çaga sögüşleri däl-ä, Oguljahan! Has gönüläp aýtsam sen maňa-ha gaty uly zyýan etdiň. Bu zatlary ýatlan bolup oturmagam aňsat däl. Ýöne ýatlamasam içime-de sygmaz. *** Goçak daýym göz aýdyňa gullugy dynyp öýümizden örüläp başlanyma iki hepde çemesi boluberende geldi. Dogrusy bu meni o diýen begendirip barmady. Öňlerem bolşy ýaly onuň gödeňsi ýüzüni görenimden howum basyldy. Ol özüne dahylly-dahylsyz, ähli zat babatda garagyňa dikanlap hasabat soramagy gowy görýärdi. Aýda rowanda bir gelýän-de bolsa, okuwçy döwrüm ähli okuw esbaplaryma göz gezdirerdi. Oňa gündeligimi görkezmek meniň üçin-ä synpdan-synpa geçiş synagy derejesindäki jogapkärli zatdy. Onuň bir gezegem dolup barýan depderimiň bir ýerleriniň garalananyny görüp, täzeden göçürdeni hiç ýadymdan çykanok. Häzirem: "Ilki ýyl gullukda näme işlediň?" diýip, hasabat soramaga gelene meňzeýär. Goçak daýym goşa ýassyga tirsek urup çaýyny göwünli-göwünsiz owurtlap oturşyna kirjigen tahýasyny kä maňlaýyn, kä ýeňsesine süýşürip hamana beýnisindäki pikirlerini çugdamlaýan ýaly etdi: -- Bäş-üç günläp ejeň çöregini iýen bolsaň az däl. Seniň ýaly ýüňi ýeten ogul ýetişdiren aýagyny uzyn salyp oturberende-de bolýar. Eneň-ataň üstüňden goramlaýyn guýup durmaly ýaşa ýetipsin. Oň üçinem etsem-petsem gerek-dä. Küýünde näme bar bolsa eşideli, Begli han! Beýdip uzak ýatma indi. -- Aý, kakamyň ýanna sürä gidäýmesem... Daýym gobsundy-da süýem barmagy bilen keçäni taýly gezek kakdy: -- Gowşaksy gürlemesene, "Eýdäýmesem, beýdäýmesem" diýen ýaly ikuçly zady aýtma! Onnoňam o ýerde kakaň kömekçisi sensizem ýetik. Gaýta, nahar şory bir adamlyk artyk atarmaly edersiň. Şoň üçinem boljak zady et. Demir ýol gurluşygyna git. Dokumentleriňi guratlap, "Goçagyň diýýän oglany" diý-de bara-aý. Daýym Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň gürrüňini edýärdi. Öýümize gel hernäçe kejebäm daralýanda bolsa, Goçak daýymdan şu gezeg-ä göwnüm bitdi. "Gerekli işini saýlaý" diýenlerinde-de, özüme şundan laýygyny tapmazmykam diýip durun. Çünki bu ýol biziň paýtagtdan iki ýüz kilometr çemesi gaýrada oturan obamyzyň maňlaýyndan geçmelidi. Özi-de Bekgä meňzeş ysyrganyp ýöreniň biri tapylaýmasa, şu obadan oňa dahylly kişi ýeke-täk men bolmalydym. Ýüregimiň demir ýol sary atygsamagynyň sebäbi-de şudy. *** Başky üç gün tas, demir ýol gurluşygyna bolan barja badymy alypdy. Şol iş günleri dowam ediberenliginde, atygsap duran ýüregimden, dyňzap duran hyjuwymdan zat galmazlygam ahmaldy. Düşürilýän wagon-wagon ýükler, nätekiz oturan ýagdaýynda eýläk-beýläk çala gondamaly bolýan şpaldyr relsler ir bilen turanyňda kimdir biri üstümden depeläp geçäýdimikä diýdirýärdi. Şeýle-de bolsa naharhana işe geçirlmegimi özüm-ä haýyş etmedim. Gaýta "Iki ýyllap gazan başynda gulluk edipsiň, nebir eli süýji ýigidimiz bardy. Olam işden gidäýdi. Sen inim, şu işi gaýrat etde, öz üstüňe çek!" diýenlerinde-de, "munça adamyň damagyny boýun alyp bilmerin" diýip, gaýkyjaladymam. Ýöne bir aý, ýarym aý bäri köpüň biş-düşünden başy çykýan belli bir aşpezleri bolmansoň, kä gün duzly, kä gün ýuwan ýene bir günem ýananyrak nahar bilen oňňut edip ýören pyýadalar aňyma-maňyma-da garamadylar. Aslynda-ha bu meň üçinem gowy boldy. Ozallar ýuwunyp ardynyp, ukymy alyp bilsem, hoş bolýan halyma, hat-da indi bäş-alty sany göçme jaýjagazlary bilen kiçeňiräk obany ýatladýan düşelgämiziň dik depesinden garap duran alaňda aýagymy uzyn salyp oturmaga-da wagt tapýardym. Ol günler mende sallançakda enesiniň hüwdisine meýmireýän çaganyň rahatlygy bar eken. Ýöne ýüzüni gaýralygyna tutup düşelgämizden gitdigiçe daşlaşýan demir ýoluň şypallary deý birmeňzeş günler ahyry ugruny üýtgetdi-de oturyberdi. Munuň günäkäri-de aýlyk alan günümiz düşelgämizde peýda bolan gyzdy. Dogrusy ol şol gün bir ýerlerden çykaýmandy-da, biziň aýlygymyzy getiripdi. Onuň ir bilen ýük getiren otludan inip gelýändigini görenler: "Oguljahan geldi-de pul geldi " diýşip erew-de berew bolşuberdiler. Ýaşulyraklaryň biri: "Baryň-how ýüküni göterşiň" diýşip iki sany oglany oňa garşy ugratdy. Oglanlar göwrümi ýarty halta barabar gara sumkany gerňäp barşlaryna, mawy köýnekli gyzy hem yzlaryna düşürip, hat petek, dokument we ýene-de şoňa meňzeş jogapkärli işler üçin niýetlenen jaýjagaza girip gitdiler. Düşelge-de başga uzyn etekli ýoklugyndandyr-da, men oňa özüm bilmezden kän seredipdirin. Onuň ýeňsesinden nähilidir bir ýylpyldyly zat gysdyrylanam bolsa, sökelenip duran melemtil saçlary, tilkiniň burnuny ýada salýan uşlajyk köwşi bir täsindi. Men hat-petek jaýjagazyndaky hasap-hesip otagyna hemmeler pul-püçegini alyp, işli-işine dargaşansoň bardym. Görüp otursam, mawy köýnekli gyzdaky täsinlik diňe bir melemtil saçlarda ýa-da çüňklejik, kinniwan köwüşde däl eken. Ol bosagada görnenimden ýylgyrdy-da: -- Gel Begli Berdiýew...! -- diýdi. Nätanyş gyzyň adymy, hatda familiýamam tutmagy meni aljyratdy. Aljyramanlygymda: "Siz meni nireden tanaýaňyz? diýmelidim. Iň bolmanda onuň öz adyny soramalydym. Bolsa-da, sapajak-supajak edip, gyzaryp durşum sähelçe salyma çekdi. -- Men ýalňyşaýýan-a däldirin-dä. Bu gezek pursaty elden bermedim. -- Ýalňyşyb-a ýalňyşaňyzok welin ýöne meň adymy nireden bilýäňiz? -- Bu ýerde ütgeşik syr ýok-la. -- Ol giden at familiýa ýazylan kagyzy öňüme süýşürdi. -- Şulaň arasynda aýlygyny almadygy ýekeje. Olam sen bolmaly. Familiýamyň deňine gol çekenimden soň, uzadylan puly alyp çykybermekçidim. Mylaýym ses meni saklanmaga mejbur etdi: -- Pulyňyzy sanaň-a! -- Aý, kem çykaýasy ýok-la... -- Kem çyksa hiç-le artyk çykaýsa nätjek?! Aýdanlaryma ökünip, içimden öz-özümi kötekledim. "Hökman kem çykmalymy diýsene, göwnüne alaram öýdeňok". Puluň petde bolup duranlygy üçin barmaklaryňy işletmek kyn düşýärdi. -- Garaköseň bolup durma-da, bölüp sanaýsan-a Begli! Bu gezegem onuň aýdanlaryny etdim. Halys erkimi aldyraýdym öýdýän bu gyza. Ilki "Bir, iki, üç" diýen bolup başlan-da bolsam, soň sanymy bulaşdyrdym. Gaýtadan sanaýmagada ýene bir zat diýip ýaňsa alaryndan çekindim. Şonuň üçinem, hamana sanaýan ýaly, elimdäki pullary şykyrdadyp geçirdim oturdym. Ol bolaryma mähetdel sorag berdi. -- Dogry ekenmi? - Dogry. Indä- sypaýdymow diýip yzyma öwrülenimem şoldy. Aýlyk paýlaýan gyzyň jakgyldysyna hat-petek jaýy çalaja yrgyldaýdymyka diýdim. -- Aý oglan entek puluň hemmesini sanaňogam-a nireden dogry bolýarmyş? Pekge bolmasaň, şeýdermiň diýsene? Puluny bölüp sanaýan adam-da, aýlygymyň ýarysyny stoluň üstünde galdyryp barsam nätjek. Gyzaryp-bozaryp, pula zordan el uzatdym. - Sanamasaň, sanama welin, gaýrat et-de, puluňa bir eýe çyk, Begli! Ýa-da ejeň ilkinji aýlygyň ýarysyny alanja ýeriňde taşlaý diýdimi, hä, Begli! Menden jogap bolmansoň ol has beleň alýardy. Sag-aman çykanymdan soňam onuň jakgyldy gatyşykly sesi yzymdan ýetdi durdy. -- Begli, birinji aýlygy ýuwmalam-a borsuň... Men naharhananyň gapdalyndaky dükanjykdan (elbetde, ony ýöretmegem meniň boýnumy) ululygy kagyz papkaçarak sowgatlyk şokaladlaryň birini elime aldym. "Gorkagy kowalasaň, batyr bor" diýenleri-dä, özümem ýaňy sypyp bilsem kaýyl bolup duran ýerime barýan. Belki, Oguljahanyň soňky sözleri üçin şeýdendirin.. Şeýle etmek bilen onüň biziň obamyzyň gyzlarynyňka meňzemeýän melemtil ülpüldewik saçlaryny naryň dänesi deý hatarlanyşyp duran dişlerini akjardyp durşyny görmek, jakgyldaýşyny ýene bir ýola eşitmek islän bolmagymda mümkin. Garaz, haýsam bolanda, oňa elimdäkini uzadanymy bilýän: -- Bu size... -- Näme diýdiň-ä, Begli! Men oýun etdim-ä... Eliňdäkini somlap durman, stoluň üstünde goýup gaýdyberenligiňde bolanokmy diýsene?! Durn indi şeýtde, iki jahan owarrasy bolup. Şular ýalyda gaty birhili bolar eken. Yzyňa öwrülip gaýdyberseňem däl-dä. Hamana, daş uzadyp duran ýaly, ellerimiň ysgyny gaçyp barýar. Bolsa-da, dilime gelenleri ýüzugra sarnaşdyryp goýberdim.. -- O, diýeniň üçin däl-laý. Ejem neme diýdi, "Ilkinji aýlygyňda işdeşleňňe süýji-köke paýlagyn!" diýdi... Ol ýylgyrdy. Belkem şol wagt işdeşlerimiň ählisine şular ýaly süýjiden paýlaýsam, aýlygymdan hiç zat galmazlygynyňam ahmaldygy hakynda pikir edendir. Näme pikir edendigi hiç, sowgadymy alan ýeri bolýar maňa. -- Begli, sen-ä çaý içibermeli etdiň, sag bol! Ýöne men muny bu ýerde açjak däl. Aşgabada äkitjek, işdeş gyzlarymyň ýanynda açaryn. "Täze bir oglan işe gelipdir, barana şokalad berýär" diýibem aýdaryn. Sowjak kabinetden çykmaga ýaramadyksyraýan gyzlar indik gezek gaýdamda yzyma tirkeläýse nädersiň?! Bir topar gyz özümi sorap duran ýaly ernim ýazylaýdy. Asyl, şol gün bir ýerde oturyp, kakar tapdamym. Aýagym bişen dönüp, bir eýläk, bir beýläk aýlandym ýördüm. Nireden görüp, nireden eşidendiklerine haýran, işdeşlerimizem eýýäm: "Begli ýeserje ekene-aý, Rejebiň bir ýyllap yzynda ser-sepil bolup, oňly salam-helik edişip bilmän ýören gyzyna sowgat beribem ýetişäýipdir" diýip, gürrüň edýärmişler. Ýeri, berilse berilipdir-dä. Şoň aňyrsynda hökman birzat bolaýmalymy diýsene?! Öz ýanymdan şeý diýip gatyrganýanam bolsam, Oglujahan gelen otlusy bilen öýläniräk yzyna öwrülende, düşelgä tukatlyk aralaşdy. Şol gün agşamlyk üçin bişiren çorbam şurrugrak bolupdyr. Oglanlaryň bir-ä eşdiribräk hüňürdedem: -- Eý, buň içinde iki sany pomdior gabykdan başga zat ýok-laý... Gapdalyndan ýene biri çykdy: -- Aý, goýsanaý, ine, meňkiň iç-ä etden doly. Haýsy tabaga näme atýandygyn bilmän bulaşyp oturşyma haýran. Susak saypyn ilkinji gezek tutýan ýaly, ber-başagaý bolup, naharlary paýlaşdyranymdan soň, ozalkyja çykýan depäme haýdadym. Tomus gijesiniň bildirer-bildirmez ysgynsyz şemlyna ýaňy sowan ak çägç aýagymy sokanymam şoldy. "Bega, nähili-ow?!" diýip, bir ýerden Rejep çykdy. Berkje gysyp durşyna, elimem wagty bilen goýbermedi: -- Malades, ilkinji ädimiň-ä hiç neneň däl-ýeý seň! Onuň näme hakynda aýdýandygyny badabat aňdym: -- Arkaýyn bol, Rejep, ädim däl şo... Ol bolgusyzja ýylgyryp, ýüzüni gapdala sowdy: -- Beh, şunsy "ädim" dä bolsa, "ädimi" dagy nähili borkan-aý muň. -- Sen ondan-a gaty arkaýyn bol Rejep, Oguljahana näm berenem bolsam, il näme diýýänem bolsa, olar ýaly netim ýogow meň. -- Bolýa-laý, arkanjaklamasana men saňa: "Pylany gowy görýändirin, şoň ýanynda görünme!" diýmäge gelemogow. Olar ýaly bir özüni bilýän oglanlardan dä men. -- Görünjek adam näme diňede-de ugruny tapar welin, men-ä Oglujahan diýip ölüp baramok. Asyl seň nemedip ýöreniňi bilsem ýanyna golaýlajak däl-ä... -- Bega, iki ýaş köp zadam däl welin, tapawudy bir ýerde bildirmese, bir ýerde bildiräýerem. Kiçiligiňi bilde, sen meni diňläý iň gowusy. Söýsem söýüpdirin-dç men bir gyzy. Biriniň söýenini ýene biriniň gowy görüp bilmegi mümkin-ä. Bu ýerde gep diňe bir söýmekde däl-de, özüňi söýdürip bilmekde. Diýje bolýan zadym nemedär-aý, biri-birimizi göremizd-ä güles-ýalas ýedişen boluşyp, başga ýerde-de: "Pylan zat etjekdim welin şu ara düşdid-ä" diýen ýaly ýeňse gürrüňi gerek däl. Şoň üçinem men ba diýibä äden ädimiňi yzyna alma! Beý diýsem, Rejebem ýöne ýatar öýtme! Gönüläp aýtsam, bu ikimiziň aramyzdaky ýaryşdaraý, pellehanamyzam Oguljahan. Düşündiň dämi?... Sesimi çykarmadym. Rejep mundan öziçe netije çykardy: -- Bolýa onda, ikimizem startda, finişimiz Oguljahana tarap. Bir, iki, üç, dawaý, gitdim men-ä.., görd-ä senem... Beýik inenligi sebäpli badymy saklap bilmän ätmer-sätmer bolup barýan Rejebiň yzyndan tümlüge siňýänçä garadym oturdym. Kä bir aýdýanlarynyň-a jany ýok däl ýaly. Ýöne gaty birhili oglan. Söýgüdenem bir ýaryş bormy diýsene?! Oýun-oýunjaga dönderip barýar-aý. Şol ýaryşyň bolanlygynda men-ä goşulmajagym çynym. Goý, Rejep söýsünem, söýdürsinem. Şeýdibem üstün çykandyryn öýdüp göwnüni hoşlasyn ýörsün. Maňa näme ýitirýän zadym barmy?! Onsoňam Oguljahan meni başyna ýapsynmaý. Köp gyzyň gözleýäni okuwly, titije oglan. Rejebem tüýs şo-da. Kompýuter ugrundan okapdyr. Şu ýere-de tejribe geçmäge ugradypdyrlar. Hat-petek jaýyndaky kompýuteriň başyndan galanok. Kä mahal bir kagyz, ýarym kagyz ony-muny ýazan bolaýmasa, edýän işem ýok. Şonuň üçinem, ýuwunyp ardynmagada, titildemägede onuň wagty bol-telki ýetýär. Günüň dowamynda eşigini iki ýola dagy çalyşýandygyn bilýän, oglanlar gürrüň edýär: şu çölüň içinde-de Rejebiň ýanynda üç tüýsli atyry barmyşyn. Olaryň biriniň bahasy dagy aýlyga barabar diýdiler. Bir-biregi sulhy alyşmaly bolanda, şuňa meňzeş zatlaram az rol oýnanok. Şonuň üçinem bu meselede biz ýalynyň Rejebiň gapdalynda görünmediginden gowusy ýokdur. Onsoňam, gep-gürrüň diýenem bir zat bar. Men-ä bu giden adama täzelik, gep başy bolup ýöresim gelenok. Kimiň gürrüň bolasy gelýär?! Il seniň islegiňe bakýarmy näme?! Nireden näbileli, eýýäm kimler bilesigelijilik bilen, kimem ýaryşly gürrüňi ýatlaýarmyşyn. Özlerem indi aý aýaklaberende diňe aýaklarynda däl, "ýene bolarka?" diýip garaşýarmyşlar. Soňky gezek aýlygymy aldygym gaýtjakdym. Bolmady. Indi bir üstümden güldürmäýin diýip, şakyrdadyp-şakyrdadyp pulumy sanadym. Ine, indi gaýdybermelidim. Şol wagtam Oguljahan: -- Begli! -- diýdi. Gülmäge ýene birzatlar tapandyr-ow diýip, endamym jümşüldäp gitdi. Nädim alandygymy bilemok. Görsem, elimde kinniwan gutulyja atyr dur. -- Neme, Oglujahan bu näme-aý? -- Saňa. Kiçijik sowgatjykda. -- Beýdip nemetmelem däl-ä, Oguljahan..! Oguljahan elini salgap goýberdi. -- Bolýa-la o zatlar hiç-le. Ýöne seň işiň barmy şumat. -- Aý, üýtgeşik bir işim-ä ýok. -- Gel, onda maňa pul sanaşsana! Al, saňa gerek bolsa Oguljahanyň golaýynda-da görünmejek oglan, onuň bilen kelle çakyşdyryp pul sanap otyr. Oguljahan duýýamy-duýanokmy biljek däl, şu ýere geleniň syrlyja ýylgyrýandygyny bilip duryn. Hangeldi traktorç-a çykyp barýarka Oguljahana bildirmän, "Akyllyja bol" diýen manyda gara ýag bolan süýem barmagyny çommaldyp, "haýbatam" atdy. Gyza beýlekä içgin garap başlalym bäri olara iň ýakyn durşum şumyka diýýän. Şondandyr-da, onuň dem alşyna çenli eşdip oturmak meni goram-gowşak edip barýardy. Şu ýagdaý uzak dowam edenliginde hasabymy bulaşdyryp, adam baryny görgä goýmagymam ahmaldy. Bolsa-da oglanlaryň biri gapydan geläýdi. "Gazanyň gaýnaýar" diýip. Biri gop beren ýaly, ýerimden gaty çalasyn galdym. "Hany, bir aýlanyp gaýdaýyn, häzir gelerin-dä" diýip çykdym-da gaýtdym. Sypsam kaýyl, soň köwlenmejegim çynym. Oguljahanyň bu bolşy öte göwnaçyklykdanmyka, gyzar ikindide "ugrajak bolýan" diýip özi geläýdi. Geň ýerem elinde gül bar. -- Bu çölüň içinde gülüň näm-aý? -- diýdim. -- Ol çalaja gyzardy. Bolsa-bolmasa saçlaryny timarlaýandansyrady: -- Şuňa menem haýran, Rejep berdi. Garaşdyra-garaşdyra, iliň soňunda gelip şuny berdid-ä. Almasaňam birhilek. - Haý, öz ýanyndan ýaryş gurap ýören oglanda. Ol hepdaşa diýen ýaly Aşgabada öýlerine baryp gaýdýar. Munam düýnki gezek gidende alyp gadýan bolmaly. Ýöne Rejebiň gülüne Oguljahanyň gollary bilen ýene-de Aşgabada nesip etmedi. Oguljahan ony "barýançam süllerer" diýip, nämedir bir zatdan boşan guta suw guýup, şonuň içinde oturdyp gitdi. -- Şol gün Rejebe nebsim agyrdy. Görgüli, gülüniň naharhananyň töründe durandygyny görüp birhili boldy. "Aý, ýaňy kofe içdim işdäm ýok" diýip, naharynam iýmedi, çüm-süm etdi oturdy. Bu ýagdaýa menden başga gynananam ýokmuka diýýän. Gaýta, "O gyz Beglä atyr getiripdir, a-how, Rejebiň gülünem alypdyr-da, içňi ýakaýyn diýen ýaly onam şoňa beripdir" diýip gürrüň edýärmişler. Gülli waka adamlara eslije iş boldy. Gülüp gönendiler. Hat-da, indi olar iş eşikleriniň o ýerini bu ýerini çatmaly bolanda, iňňe-sapak alyşyp-berişseler-de: "Bolansoň yzyna getirgin, ýene birine berip goýberip Rejebiň gülüne dönderäýme!" diýip, sargan bolýardylar. Hangeldi traktorçam: "Begli han bilen o gyzyň eňek atyşyp pul sanan bolup oturşlarynyň ýönelige däldigini aňdym-la, Rejebiň gul zat alyp, ber-başagaýdygyny bilenligimde, ol beýle masgara bolmazdy. Sen inim oňaý gülüňem il görmänkä berýäňmi ýa düýäň öňüne oklaýaňmy, bir zat et diýerdim" diýýärmişin. Şeýtdi-de, adamlar meni Rejebiň diýýän "ýaryşynyň" ýeňijisi hasapladylar. Ejem: "Bir zady kän gaýtalaberseň, ahyry bir gün perişdeleriň "omyn" diýýän wagtyna gabat gelermişin" diýýär. Oguljahan ikimiz hakyndaky täzeliklerden ýadamaýan ildeşlerimiziň gürrüňleri-de perişdeleriň "omyn" diýen wagtyna gabat geläýdi öýdýän. Soňa baka Oguljahanyň hakykatdan-da, meni söýýändigine özümiňem ynanasym gelip başlady. Ýogsam, hol, ilki başda Rejebiň ýanynda: "Meň beýle netim ýok, arkaýyn bol"! diýenim ýadyma düşüp, "Erkek bol-da sözüňde dur!" diýip, kä mahal öz-özüme gyjydam berýärdim. Ýöne duýgy diýlen "Erkek boluňa" beýlekä bakmajak eken. Gaýta şeýle bolanda Oguljahan ýadyma düşýärdi-de ony göresim gelip başlaýardy. Golaýjagynda oturyp, pul sanaýasym gelýärdi. Özümi akladygym däl, aslynda, bir gyz "sen" diýip kökenekkä bilmediksiremegem erkeklik däldir-le. "Onuň "Sen" diýip durandygyny nireden bilýäň?" diýjeklerede jogabym taýýar. Arada tomus aýaklap gijelerine howa çigrekläberende, bolgusyzja dümew tapyndym-da dört-bäş gün öýden örmeli boldum. Oda Oguljahanyň aýlyk getirýän gününe gabat geldi. Şonda ol "ýaranok" diýseler ýarym-ýaş bolup, aglapdyram. Aňyrsynda bir zat bolmasa jahyl çykan oglan dümewläpdir diýip aglanaýasy ýog-a... Wag tgeçdigi saýy Oguljahan ikimiziň gatnaşyklarymyz hem adatylyga öwrülip barýardy. Kä mahal oglanlar: "Begli, pul haçan gelerkä-aý?" diýip, degen bolaýmasalar bu zatlara üns berýänem ýokdy. Adamlar indi Oguljahan geläýjek günleri üst-başyma has timar berýänligim bilen-de öwrenişipdirler. Şol günem oglanlaryň birine saçymy deňletdim. Rejep gelip, naharhananyň ýeňsesine alyp gitmedik bolsa, eşiklerimem ütüklejekdim. Çünki ertir Oguljahanyň gara beräýmegi ahmaldy. Rejep gözünden gara eýnegini aýryp, onuň bir sapyny ýakasynyň iç ýüzüne goýberdi. -- Begli, şumat oglanlaryň ýanyna aýlanyp sagbollaşyp ýörün. Tejribe geçmeli wagtym boldy. Ertir nesip bolsa öýe gaýdýaryn. Seň bişiren naharlaryňam kän iýdik, sag bol! -- Ol nämedir bir zatdan ätiýaç edýän ýaly töweregine garanjaklady. -- Aýdanym gowumy, aýtmanym gowumy bilemogam. Ýöne seň eliňden iýen duzumyň hatyrasyna aýtmaly diýen netijä geldim men-ä. Sen dogry düşün Begli, şu Oguljahan gaty gowy gyz däl. Bärik gelse-hä sen diýip ölüp barýar. Aşgabatda sataşsagam men diýip hozanak. Şoň üçin gaty bir ýüregiňi berip ynanyp ýörme diýjek bolýan. Eger-de goltugyndaky suraty ýene-de suw içim salym çykarman saklanlygynda-da, düwülen ýumruklarym Rejebiň ýylmanak ýüzüne gök salardymyka diýýärin. Görmeseň ynanyljak däl, Rejebiň elleri Oguljahanyň biline oralypdyr. Rejep "ýaryşly" gürrüňden soň Aşgabatda duşuşy, kafe oturmaga gidişleri, soňam şeýdip görşüp durmagy şertleşişleri hakynda gürrüň berýärdi. Onuň aýdýanlary üçege zyňylan daş ýaly takyrdap, gulagyma degýärdi-de kellämde uly güwwüldi turuzýardy. -- Men-ä şeýleräk hereket etjegimi öňünden aýdandyryn. Eger günäm baram bolsa bagyşla Begli! Muň üçin ýüzüňi sallama, dost! Başga bir içimbile sataşyp bilmän galan bolsam nätjek?! Hiç-laý daşary ýurt seriýallaryna seredip, şolaň edenini şu ýerde-de edibermelidir öýdüp ýören gyzlaram tapylaýýarda... -- Sag bol, sag bol, aýdanyňa sag bol, Rejep! Ol göwünlik berýän äheňde arkama kakyp gidensoňam şeýdip hümürdedim durdum. Şol agşam wagty bilen uklap bilmedim, eýläk-beýläk agdarynyp ýatyşyma Oguljahana sözleriň agyryndan-agyryny, ýitisinden-ýitisini taýýarladym. Agyr söz aýtmak nire, ertesi ol gelensoň, hatda aýlygymy almaga baryp bilmedim. Aýagym çekmedi, ýöne Rejep näme diýseňem, tap biler oglan eken. "Ýagdaýyňa düşünýän" diýip, aýlygymy getirip gidiberdi. Men Oguljahany iň soňky gezek ýük daşaýan otla düşelgä azyk getirmek üçin ýörite tirkelen wagona Rejebiň goşlaryny ýükleşip gelýärkäm gördüm. Ine, indi aňrujy gaýratyň bolsa, ýüregiňdäkini aýdara pursat döräpdi. Ýöne dilimiň üstünden biri basýan ýaly hiç gymyldanok. Ol deňäme gelende ýüzüni sowdy. Şonda onuň eginleriniň silkinip-silkinip gidendigini saçlarynyň bolsa öňkilerine garanyňda bulaşyklygyny duýdum. Oguljahan otly ugransoňam ozalkylary ýaly, ýük wagonlaryndan ýeketäkligi bilen saýlanyp barýan wagonyň aýnasyndan ak elýaglygyny çykaryp galgatmady. Oňa derek şol aýnadan gara görnüme barýança Rejebiň ýarty göwresi sallanyp gitdi. Şondan soň biz aýlygymyzy orta ýaşanyrak başga bir zenandan alyp başladyk. Oguljahan bu ýerlere gaýdyp gara bermedi. Müňkin Rejebiň ýerine ýaňy orta mekdebi tamamlan "boýny almaň sapagy ýaly" diýilýän çekinjeň oglany işe almadyk bolsalar, bu gürrüňler mundan aňryk uzaldymasa-da uzaldylmazdy. Kiçiligine bakmaly däl eken, Kakajan kompýuteri şänik döwen ýaly edip otyrdy. Üstesine-de, Rejebe meňzäp mydama şonuň başyny alyp ýatman, maňa sogan ardyşmaga, et dograşmaga ýetişýärdi. Bir günem "Wah" diýlene dönderäýdi meni: -- Saňa öýlenensiňem öýdemok welin, oguljygyňam bar eken-ow -- diýýär. -- O, nämäň oguljygy? Ýalňyşýaň öýdýän! -- Ýa, o suratdaky gelneje bilen oglanjyk başga bir zadyňmydy?! -- Nämäň suraty-aý? -- Kompýuterdäki. Surat diýlende ýüregime tiken batan ýaly boldy. Kakajany öňüme salyp kompýuterli otaga haýdadym. Bu bolup ýören zatlara aklym haýran, elimde gujak doldurýan oglanjyk, gapdalymda-da at ýaly gelin. "Bu dogrudanam menmi-aý" diýip kän seretdim. Gözümi kompýuteriň ekranyna degiräýjek bolup, bir seretdim, yzyraga çekilip iki seretdim. Ýöne nädip seretsemem men-dä şol durun. Kakajanyň ýagdaýy meňkä görä elhal eken: -- Oglanlaň biri oýunlyga salyp edendirl-aý diýdi. -- Men ýeýdip aýal, oglan uşak bilen surata düşen adam däl -- diýdim. Aý, düşünmedigem bolsaň, kompýuterde şeýdip bolýar. Ondan alyp oňa ýelmäp, şular ýaly suratlary ýasaýan programma bar bularda. - Şular ýaly ýasalan surat başga barmy? -- Ine şuda ýasalan diýip, Kakajan Rejebiň arada maňa görkezen suratyny ekeranyň ýüzüne çykardy. Ählisine düşündim. Olary Kakajana ak kagyzyň ýüzüne çykartdym. -- Sag bol inim! -- diýbem, onuň arkasyna kakdym. Nämä "Sag bol!" diýenime düşünmedik Kakajan: "Olary hakyky surat kagyzyna-da çykaryp bolýar-ow" diýip, gygyryp galdy. -- Şol günüň ertesi iki-üç günlük rugsat alyp, Aşgabada gaýtdym. Sorap-idäbem düýp edaramyzy tapdym. Haşamly jaýyň içindäki mermer düşekli meýdançany süpürip ýören daýzalara-da Oguljahany sorap gelenimi aýtdym. Başa barsa, netim ony şolaryň birine çagyrtmakdy. Özüm barsam, bar zadyň bulaşaýaryndan çekinýärdim. Daýzalaryň biri edip oturan işini goýup, bilini ýazdy: -- Oguljahanyň işden gidenine eslije wagt bolandyr köşek. Sen onuň nämesi borsuň? -- Tanşy-laý -- diýip, gümmmük-sümmüge urup, bu ýerden uzaklaşmak bilen boldum. Ýöne daýzalaryň özara hümürdileri gulagyma geldi durdy. -- Wah, görgülijigim saralyp soldy-da. -- Ho-ol aýlyk paýlamaga gidýän ýerinden çagaly-çugaly ýerçeken gözüni-başyny aýlapdyr. Şuňa namys edip gitdi çaga... -- Bu erkeklere sen aýtmagyn... -- Aşgabadyň mygyldyly köçeleriniň biri bilen gaýralygyna alyp gidýän awtobuslaryň gidýän ýerine barýan. Özümem ýenjilip goýberilen ýaly hiç zatdan serim ýok. Diňe bir zady -- näme üçindir Jepbi dälä kömekleşesimiň gelýändigini bilýän. Oguljahan, hakykatda meniň nähili oglandygymy bilmeýşiň ýaly, onyda tanaýanam dälsiň! Ol biziň ýeňse ýüzümizden geçýän tozanly ýoluň egrem gelýän ýerinde ýaşaýar. Bir göwnüm: "Bu dünýäniň bir çöpüni azaltsaň, bir peýda, gitde Jepbi däli bilen çöp-çöple" diýýär. Ýöne üme düşmez adamlaryň meni-de Jepbi däliniň gününe salardan çekinýän. Ondan bäri Jepbi däli elindäki tabagy ýüzlerçe gezek çöpden dolduryp oda ýakandyr. Şonça saparam gerşinden düýe ýüküni düşüren ýaly bolup uludan dem alandyr. Barybir häli-häzirem bu dünýäniň çöpi tükenjege meňzänok. Eger bagyşlap bilseň bagyşla Oguljahan! Menem iliň: "Pylany däli" diýerinden, çagalaryň ýeňsämden daşlaryndan çekinip ýörşüme, henize bu güne çenli Jepbi dälä kömek edibem bilemok. Daýanç ÝEGENMYRADOW. | |
|
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |