10:49 Ýagar öýdülen bulut / hekaýa | |
ÝAGAR ÖÝDÜLEN BULUT
Hekaýalar
Asmanyň günbatar erňegi utanan gyzyň ýaňagyna meňzedi, al öwüsdi. Sazakdyr sõzenlere çalaja baş yradýan şemalyň öňüne düşüp gelen münder-münder gara bulutlar bu görnüşi bir ýerlere ýitirim etdi. Iküç gün bäri şeýle. Gara bulutlary men-ä halamok. Olar gyzýaňak şapaklar bilen birlikde, meniň arzuwlarymyňam üstüni örtýän ýaly. Ulanylmadan ýaňa sargylt öwsüp, ýalpyldap duran sözen taýagyny elinde dökdürip ýörşüne, Kerimiň-ä keýpi kök. Otugan guzulary kowalap, süriniň arasyna urduryp girişine näme diýjek?! Handurdy aganyň ýoklugynyň etdirýäniädä. Beýdip, sürini güsürdedip ýörşüni görse, baý, tütär-ä. Soňky wagtlarda gürleňkirligi çykypdyr. Kä gürrüňleri dagy öňüňde Kerim däl-de, kino gahrymany durandyr öýtdürýär. — Bir gezek bar-a, bir gyza neme, ýöne, adyny aýtjakgä, söýýändigimi duýdurjak boldum. Gowy taýynlanybam bardym-laý. Şonda-da gyzarylyp nemeden başga söz bilmeýän ýaly, ýöne, «Neme, neme...» diýip durun-da. Ýogsam, başyny başlap bildigim, yzy öz-özünden wazyrlap gitjek-laý. Ahyrynam başga bir zada sowan boldum. Şo-ol bulutlaňam ýagyp bilmän durşy meň sakanaklap, «Neme, neme...» diýip durşuna meňzeýär. Öz-ä ýagsa gerek. Dogrudan-da, günbatar garalýar, ýagaýarmykam?! Iküç gün bäri şol gara bulut serimsal. Şit-pit edýär-de, geçýär gidiberýär. Ýaz aýaklaýmanka-da suw-sil edäýmesi bar diýýärler. Men-ä ýagar öýdemok. Özem şuňa şeýle bir ynanypdyryn welin, bu ynanjyň nädip dörändigine özümem haýran. ýeri, asmana seredip ýagjagyny-ýagmajagyny biler oturar ýaly Handurdy agamydyň diýsene?! Aý, ýagaýýanlygynda-da samana öwrülip barýan ýylak-ýepelege-hä peýdasy degmese gerek. *** Söýün şopuryň azyk getiren gijesi Handurdy agany oba ugratdyk. Handurdy aga bize tabşyryk baryny berip durka, Söýün şopur: — Al-ow, tas ýatdan çykan eken, öýňüzden ugratdylar — diýip, içi egin-eşikli dykalajyk haltany maňa tarap dazyrdadyp goýberdi. Maşyna münensoňlar, Söýün şopur gürrüldiň arasy bilen: — Eý, haltaň agzynda Kerime hat bardyr — diýip, gygyrdy. Biz maşyn gozganyp-gozganmanka, kürsäp kepbä girdik. Kerim-ä hatyny alyp, gara çyranyň başyna egildi. Özi bir, depderden ýyrtylyp alnan ýeke kagyz welin, Kerimiň şol kagyzy eline alaly bäri, roman okarlyk wagt geçdimikän diýýän. Ahyryn bilesigelijiligim Kerimiň hatyna boýnumy uzatdyrdy. Ol hat şeýle bir bulaşykdy welin, taryh kitabynyň gatyndaky aşagyna pylan döwrüň ýazuwy diýlip ýazylan «Suratlara» meňzeýärdi. Adaty hatlary hem-de birinji sözüň baş harpynyň «S» harpyna meňzeýändigini nazarda tutsaň, başky setirdäki iki sözüň «Salam haty» diýen sözlerdigini aňmak bolýardy. Aşakky üç-dört sözlemiň bolsa, ýüzüne seredip oňaýmasaň etjek alajyň ýok. Hatda, kimdendiginem okap bolanok. Kerim hatyny bir gapdalyna bukdy-da, kellämden itdi. — Gerekmejek ýere burnuňy uzatmajak bol, çölem bolanda medeniýeti ýatdan çykaraýmaly däl. Pa-haý, tanalmaýan çöpdürin öýdýäňmi diýsene! Aladasynyň meň medeniýetim däldigini bilýänle! Maňa: «O hat näm-aý? Kim ýazypdyr-aý?» diýen ýaly soraglary berdiresi gelýär. Asyl soramagyn-a, saňa beletdirin. Bilýän-dä soraýdygyň arkan gaýşyp, aýtmadyksyrap, has-da süýjüden boljagyny. Içine sygmaz, ine, öz-özem aýdar. Kerim eden tamasy çykmansoň, kejikdimi, nämemi, hat barada hiç zat gürlemedi. Hatda, ertesi süriň yzyndakagam bulaşyk hat meň üçin tapmaçylygyna galdy. Aýtmajagy çyny öýdýän. Aý, näbileýindä... *** Döwüm-dişlem çörek iýdimi-iýmedimi, bulaşyk haty aldy-da, ýene çyraň başyna gondy. Ýeri, öten agşamky kitap okatmadygyňy az görýäňmi diýsene. — Näme onda ýüzüň görünýämi-eý, gele-gelmäne eliňe aldyň-la?! — Bir gyz, özem ömürboýy arzuwlap ýören gyzyň şeýdip hat ýazar-da eliňe almarsyňmy, ýanyňdanam goýmarsyň. — Näme diýip ýazypdyr-aý?! — Goýun-guzyň ýagdaýyny soramaýany-ha belli. — Şumat özüm bolsama seni golýazmalar institutyna işe aljak, nädersiň ýöne şu haty okap bilen kişi üstünden asyr baryny geçiren ýazgylaram wazyrdadyberse. — Okap bilýän bolsam, şeýtjek dümtünjek oturjakmy, düşünemokda şoňa. Çalarak sähneländir diýsem, häzir alabaharam-a däl. Palaw ataryp, ahyrynda-da, şüle iýeniňkä bardy bü. Ilki-hä gyz diýdi, beýleki diýdi, indem «düşünemokdasy» nämekän? — Eý, çaşyň gözüne seredene dönderdiňle, düşünmeýän bolsaň kimiň ýazanyny, näme ýazylanyny nä bilýäň? Ol berjek jogabyny bulaşyk hatyň ýüzünden gözleýän ýaly, şoň gatyna seredip dymdy oturdy. Kerim hakykatdan-da, gürläp otyrka-da bulaşyk hatly kagyzdan okap oturan ýalydy. — He-eý, inibatyr, bujagaz haty men birinji klasa gatnap başlalym bäri tanaýana. Şu haty tutuşlygyna-ha däl, üç harpyny görkezselerem tanajak. Muny biri okasa menem-ä okamaly welin, eýesinden başga okap bilýän ýagammykam diýýän. Onnoňam hökman okap düşünmeli diýen zat ýog-a. Adama ýürek näme üçin berlipdir, duýmak gerek han ogul, duýmak. Okamak nämä gerek, ýüregimiň gürsüldisi aýdyp dur-a, muň içinde süýji-süýji wadalar ýatyr bilseň... — Aýdaýsana-how, duýgur ýürekli ýigit, wada baryny gönderýän perizat haýsy bagyň gunçasy?! — Aýtjakgä. Men ilerki syýrgynyň gündogar çetinden gyz bolsa sanap başladym: — Akgülmi? — Ýok. — Atagurbanyň gyzymy? — Aýrylsanaý, bar! — Jenned-ä däldir. — Däl-leý. Bilesiň gelýäni çyn bolsa bir şert. Handurdy aga gelensoň deregiňe oba goýberseň... — Hälden aýtda-raý. — Näme-laý, Akmaýa ýazypdyr. Edil şo pursat gyz adyny eşidenligindenmi, nämemi, çyraçüýşä gabalan ýalynjagazam zöwelip giden ýaly boldy. Daýanç ÝEGENMYRADOW. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |