21:23 Durnalaryñ düşlegi / hekaýa | |
DURNALARYÑ DÜŞLEGI
Hekaýalar
Miwe öýüň gapysyna tutulan kilimi galdyrdy-da, bosagadan daşaryk ätledi. Hanha, Şehitli depä durnalar gelipdir. Şehitli depe ýöne bir depe däl. Ol ýaz gelende durşy bilen güle bürenýär. Özem üýtgeşik güllere. Olar ýaly güller Garagumyň başga ýerlerinde bitenok. Şehitli depäni durnalar hasam owadan görkezýär. Ýöne, barybir, bu görnüş Miwäniň göwnüni göterenokdy. Gaýta gussanyň goýnuna itekleýär. Ynha, durnalaram Şehitli depäniň üstünde bir öwrüm ederler-de, gussaly aýdyma gygyryp, gaýralygyna tarap uçup giderler. Miwe muny her ýyl, öýleriniň gaýrasyndaky kykyň suwy kesilýänçä, şu ýerde bolýan günlerinde görýär. Miwe yzyna, öýüň içine girdi. Şeýle görnüş her gezegem oňa Şehitli depe hakdaky wakany ýatladýar. *** Gün içinde oturan çarwa obasyna Nowruz geldi. Oba ýaş oglan-gyzlar gün sanap garaşardylar. Esasanam gyzlar. Olara oglanlar bilen garylyp-gatylyp oýnamaga diňe Nowruzda rugsat berilýär ahyry. Gün ýaşar, gyzlar obanyň gündogarsyndaky depä ýygnanarlar. Läle sesi geler. Bu obanyň oglanlary üçin aýdylyp-diýilip ýörülmeýän çakylykdyr. «Geliberiň» diýdigidir. Sähel salymdanam oglanlar topar tutup barar. Oýun-gülki, giden hezillikdir. Şol günem şeýle boldy. Iki topara bölünişip «Aýterek-Günterek» oýnamaga başladylar. Gyzlar oglan bilen bir ýerde ýanaşyk durmaly bolanda ýaglyklaryny iýşip, bir ujundan oglana tutduryp, beýleki ujundan özleri tutup durardylar. Oglaý dagyň çagyrmaly gezegidi. Olar Bezirgeni çagyrdylar. O tarapdan inçemik, uzyn oglan ylgap gaýtdy. Ol geldi-de çetde duran Ogulaýyň ýanyndan urdy. Üzüp bilmedi. Belki, üzüp bilmediksirän bolandyr. Näme-de bolsa, o tarapyň gykylygy dik asmana galdy. Bezirgene her kim bir zat diýýärdi. — Gyzyň elini sypdyryp bilmän, içiňde janyň ýokmy-ow? — Şu günüň dowamynda çörek iýmediňmi? — Aý, iýäýendirem öýtme şony. Günde görmese işdäsi kemip, içi syryljap durandyr. — Kim-aý, o beýle görülmese bolmaýan?! Bu sowal Oglaýly, Bezirgenli gürrüňi çuňlaşdyrasy geleniň birine bahana boldy. Sesi çasly çykdy. — Tutuş oba belli zady soraýaň-aý! Bezirgen Oglaýyň gapdalynda durdy. El tutuşmaly boldular. Sebäbi Ogulaý ýalygyny gözdaňdy oýnap ýören çagalara beripdi. Bezirgene-hä geregi şol. Ogulaýyň elini gataňsy eli bilen gatyrak gysanlygynam duýanok. Ýönekeý wagt bolanlygynda, o tarapyň ýaňky igenjini jogapsyz goýmazdy. Häzir welin, hamana, eşitmeýän ýaly bolup dur. Ogulaý gaty utandy. Ýüzi gyzardy. Hatda ol Bezirgene eliňi gowşat diýmäge-de utanyp durdy. Gije bolanlygam gowy zat, gyzlar duýmady. Şolar duýanlygynda dagy Ogulaýa ýagşyja degerdiler. Nowruz gijesi Ogulaýda nähilidir bir geň ahwal goýup gitdi. Haçanda şol gije ýadyna düşende, Bezirgen elini gysyp duran ýaly bolup duýulýar. Ogulaý muny ýatlamajak bolup kän dyrjaşdy. Bolmady. Barybir, ýene-de Bezirgen göz öňünde janlanýar. Ol elini gysyp duran ýaly. Ogulaý ene-atadan ir galypdy. Ol agasynyň elinde bolýardy. Gapydaky mallara seretmek, obasynyň süýji suwly guýusyndan içimlik suw getirmek diýen ýaly ownuk-uşak işlerem onuň boýnunady. Şu günki ýaly ýadynda. Bir gezek urganly bedresini alyp, guýa ugrady. Guýudan suw çekip, bedrelerini doldurdy, urganyny külterledi. Indi gaýdybermelidi. Ýanyna gelýänçä duýmandyr. Ýerden çykan ýaly bolup, Bezirgen peýda boldy. Özem tutuş obanyň guwanjy bolan gara atyny münüpdir. Ogulaý oslagsyz duşuşyga gaty aljyrady. Bedrelerini alyp, ýöräberjek boldy. Ysgynsyz çykan sesi eşidip saklandy. Bezirgenem aljyran bolmaly. Ol özüne urganly bedre gerekligini zordan düşündirip bildi. — Atymy suwa ýakaýjakdym weli, galdyraýypdyryn. Neme, urganly bedre... Ogulaý özüni dürsedi. Bezirgeniň özündenem bäş beter bolup durşuna çalaja ýylgyrdy, urganly bedresini uzatdy. Bezirgen guýudan suw çekmäge başlady. Ol henizem aýňalmadyk bolarly. Bedre guýynyň agzyna gelende, sowjak bolup bir elini uzatdy. Bedre agramyna aşak gaýdyp, urgany tutup duran eli urgan bilen çarhyň arasyna düşüp gapjaldy. Gara atam suw içmedi. Burnuny suwa çala degrip, başyny dik göge tutýa. Bezirgen bedräni yzyna gaýtardy. —Taňryýalkasyn! Ogulaý öýlerine haýdady. Ol ýaňky bolan wakanyň täsirinden çykyp bilmän, kän oturdy. Bezirgeniň soňky wagtlardaky bolşuna düşünenok. Nämedenkä? Nirä barsa gapdalyndan çykaýjak ýaly bolup dur. Ol hatda özüne-de düşünip bilenok. Birhili, Bezirgeni özüne ýakynlaşdyrýan güýç bar ýaly. Ene-ata mährine mätäç ösen gyzyň arka, hossar küýsegi diýseň, ol däl. Elbetde, olaryň ýerini tutjak barmy? Ýöne agasy bar. Üstünden guş uçuranok. Bezirgeniň bolşy halaşmak dagy däldir-dä. Eý, toba! Ertir ýene-de suwa gitdi. Ýöne-de Bezirgen. Birigünem, soňraky günem şol bir ýagdaý. Bu Ogulaýy gaty azara goýdy. «iller göräýse, näme diýer?». Ol wagtyny üýtgedibem gördi. Barybir, bolmady. Bir ýerden çykaýýar. Bir gün welin başgaça boldy. — Ogulaý... Ol Bezirgeniň sesine eşidip ýalpa seretdi. Onuň oglana gelişmeýän naýynjarlyk bilen boýnuny burup durşy, Ogulaýa çagalygyny ýatlatdy. Hawa, ho-ol buýny duruk çagalygyny. Ol garşysyndaky oglanyň bolup durşuna juda gyýyldy. — Ogulaý, sen söýülmegiňe razymy? — Razy. Ogulaý bu sözüň agzyndan nädip çykanynam duýman galdy. Ürken jeren ýaly guýynyň başyndan tiz saýlandy. Bezirgeniň ene-atasy geldi. Şol gün Ogulaýyň agasy öýde däldi. Gelnejesi bolsa: «Geňeşip göreli» diýip, myhmanlary ugratdy. Ogulaýyň agasy gelensoň, gelnejesi ony ýagdaýdan habarly etdi. — Olar biri-birini gowy görýän ýaly-la. Arkaýynlyk bilen tirsekläp, çaý içip ýatan pyýada «Wah» diýlene dönüp dikeldi. — N-ä-me, kimden eşitdiň bu zatlary? — Özleri aýtdy. — Kim how, ol özleri? — Häki gelenler. — Häki gelenler aýdan bolsa, indi şolar gapydan ätmesin. Muňam /Ogulaýy göz öňünde tutýar/ gümüni çekmeli. «Gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn» diýleni-dä. *** — Ýekeje ýol galdy, Ogulaý! Ogulaý yzyny diňlemegem islemedi. Onsoňam ol Bezirgeniň diýjek bolýan zadyna aňryýany bilen düşünip otyrdy. Ogulaý beýtmez. Ol oň ýaly gyzlardan däl. Şeýdäýse, ony kiçijiklikden ese-boýa galdyran agasynyň ojagyny depeledigi bolmazmy? Dogry, Ogulaý Bezirgeni gowy görýär. Ýöne agasynyň, gelnejesiniň, duz iýen ojagynyň hatyrasyna päk duýgularynyň deňinden göz ýumup geçmegi başarar. Ýöne edil şeýdäýenine begermikä?! Ol kiçiräkkä-de göwnüne degseler, mal ýatagyna gaýdardy. Çagakaň hezil, öýkäň ýadyňdan çykyşansoň, ýene öňki-öňkülik. Häzir bolsa ony mal ýatagyna sähel salymdan ýadyndan çykyp gitjek öýke däl-de, tutuş kalbyny lerzana getirýän zarba alyp gelipdi. Nämynasyp birine berjek bolýarlar. Näme ol gantmy ýa-da hurmamy çem gelen puluny berip alaýar ýaly. Ol arkasyny agyla berip kän oturdy. Güjüklerini daşyna üýşürip ýatan Alabaýa gözi düşdi. Ol güjükleriň birini oba içinde birine beripdiler. Hanha, yzyna alyp geläýipdir. Güjükleriniň alynmagyny islänok. Ogulaýa agasy adam keşbindäki duýgusyz bir mahluk ýaly bolup göründi. Ony tutuş töwerek gysyp-gowrup barýardy. Ogulaý mertebesiniň, ak bulutlar ýaly päk duýgusynyň hiç bir zatça görülmeýän ýerinden nirädir bir ýerlere baş alyp gidesi geldi. «Nirä gitmeli? Ýa-da Bezirgeniň diýýän ýoly bilen...». *** Olar gijäniň bir wagty ýola düşdüler. Maksatlary Üňüz aňyrsyndaky çarwa obalarynyň birine barmak. Ol ýerde Bezirgenleriň garyndaşy barmyş. Aýagulaglary bolsa, Bezirgeniň gara aty. Ogulaý özünde-de, Bezirgende-de bir galpyldynyň bardygyny aňdy. Göwnüne bolmasa janawer atam öz üstüne uly jogapkärçiligi alanyny duýýan ýaly. Obanyň gaýrasyndaky alaňa dyrmaşdylar. Ogulaý yzyna gaňryldy. «Men ýalňyşaýana däldirin-dä?» diýip, pikir etdi. Hanha, oba tümlüge basyrynyp otyr. Gum-gukluk. Olar tümlüge siňip gitdiler. Daňa golaý şeýle bir tupan turdy, aşyrymlap gelýän çägeden ýaňa gözüňi açyp bolanokdy. Ýöne şonda-da olar ýöräberdiler. Soňabaka at janawere her ädimini ätmek görgi boldy. Olar ýoldan çykyp, ýöräp barýanlarynam duýmandyrlar. Ahyry olar ýel sowulýança garaşmagy makul bildiler. Tupan Gün guşluk bolar uçurlary sowuldy. Ýoly dowam etdirdiler. Bezirgen ýoldan daşgynrak, gündogarrak gidenlerini duýdy. Ýola birigeris diýen umyt bilen çepe burulybrak ýöräberdiler. Ýolsuz ýerden ýöremek at janawere gaty agyr düşýärdi. Kä ýerde aýagy kürüme gitse, gumagrak ýerlerde aýagy çümýädi. Ine-de tomsuň ýakyp-ýandyryjy yssysy öz oýnuny görkezip başlady. Bezirgen suw içmek üçin seretse, meşik ýok. Agşamky apy-tupanda nirededir, bir ýerlerde gaçan bolmaly. Ol gursagyndan itilen ýaly entirekläp gitdi. Bu janyňdan el üzmäge barabar ahyryn. Gaty bagtyň çüwäýmese, aňsat diri sypmarsyň. Bezirgen atdan düşüp, ony idip başlady. Tomus bolsa bar gazabyny şu güne goýan ýaly bolubilenini bolup, epgegini gaýgyranokdy. Gara at soňabaka halys durdy. Bezirgen aty agdygrak sürenligine ökündi. Ogulaýam atdan düşdi. Indi üç tirkeş bolup mytdyldaşyp başladylar. Ýöräp oturyşlaryna, Üňüz çöketliginiň çetinden girdiler. Şondan soň-a hasam kynlaşdy. Aram-aram kölegede oturyp dynç alýardylar. Giden tekizlik, kölege-de ýok, zat-da. Ogulaý birki gezek ýykyldam. Ölümiň öýünde çöketligiň o çetine çykdylar. Olar depejigiň üstündäki uly sözeniň kölegesinde süýndiler. Ogulaýyň aňyrsyna gözýetmez, uly suwa gözi düşdi. — Bezirgen, Bezirgen! Seretsene, hanajykga suw. Bezirgen başyny galdyrdy. Elek-çelek bolup töweregine seretdi. — Hany, hany suw? Ogulaý Uzboýuň içine barmagyny çommaltdy. — Hana. Bezirgen hiç zat görmän, lapykeç bolup ýerine süýndi. — O ýerden ýaňy geçip gaýtdyk. Salgymdyr. Ogulaý töweregine seretdi. Giden düzlük. Ap-ak bolşup, gamaklar oň ünsüni çekdi. Olaryň ýykylyşyp ýatanam, dik oturanam bar. Ogulaý oýa batdy: «Biz indi şu gamaklar ýaly şu ýerde gurap galmaly bormukak?». Ol aglady. Öz ömrüne däl, Bezirgeni bagtly edip bilmändigine gynanyp aglady. Doňýürek dünýe olary maksadyna ýetirmedi. Hatda ýekeje günem bile ýaşatmady. *** Öýüň içinde Miweden başga hiç kimiň ýoklugam gowy zat. Miwe muny ýatlanda hemişe-de şeýderdi. Ýene-de aglady, sessiz aglady. Ümsümligi diňe Miwäniň eginleri silkinende, saçyna dakylan düwmeleriň şyňk-şyňky bozýardy. Miwe daňdanlar düýş görüpdi. Şehitli depäniň aşak etegi — Uzboýuň içi aňyrsyna gözýetmez suwmuş. Töweregem giden bir gülzarlyk. Şol suwuň ýakasynda-da Miwäniň göz öňüne getirişi ýaly, Ogulaý, Bezirgen hem-de gara at ganyp-ganyp suw içip durmuş. *** Miwe oýanan badyna haýdap daş çykdy. Şehitli depä tarap seretdi. Durnalar henizem gitmändir. Olar bu gezek kän eglendiler. Ynha, birdenem asmana galdylar-da, Şehitli depäniň üstünde gyrruwlaşyp birnäçe gezek öwrüm etdiler. Özlerem bir zat aýdýan ýaly, gepläýjek-gepläýjek bolýarlar. Miwe «Wah, düşünsediň» diýip, ahmyr etdi. Durnalar gaýralygyna bakan uçup gitdiler. Hawa, olar öz dillerinde bir zad-a diýdiler. Megerem, Şehitli depäniň ýanynda —Uzboý çöketliginde türkmeniň Beýik Serdarynyň paýhasyndan äpet kölüň döreýänligini buşlaýandyrlar. Daýanç ÝEGENMYRADOW. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |