22:04 Çarşenbede çar ýana... / hekaýa | |
ÇARŞENBEDE ÇAR ÝANA...
Hekaýalar
Gyrmyzy Atajan hakynda näçe gowy pikir ýüwürtdigiçe şonça-da özüni bagtly saýýardy. Öz-özüne ynamy artyp, geljekki durmuşy barada süýjüden-süýji umyt-arzuwlara berilýärdi. Ol bu gezegem şeýle ganatly duýgulara berlip oturyşyna, uçaryň menzile gonanyny hem duýman galdy. Gyrmyzy obada, garry öýünde ene-atasynyň terbiýesinde önüp-ösensoň, oba durmuşy, oba adamlary onuň üçin aýratyn gadyrlydy. Lukmançylyk mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlan gyz bu sapar alymlyga dalaşgär aspirant bolup ezizleriniň huzuryna gelýärdi. — Salam, Gyrmyzy! Sizi öýüňize çenli ugratmaga rugsat ediň! Han-ha, ulagym-a taýyn. Garşysynda bir gujak gyzyl bägülli, syratly ýigidiň beren salamyny, owadan güllerini mähir bilen kabul eden gyz syr bildirmedi. Bir obada önüp-ösen, bir synpda, bir ýokary okuw jaýynda göreldeli ylym-bilim alan bu ýaşlaryň hereketlerinde-de, sözlerinde-de hiç hili ýasamalyk ýokdy. — Gözümiň nury, bilimiň kuwwaty eziz balam, amansag geldiňmi, gyzym! Atasy, a-ýu atasy! Buşluk, agtygyň okuwyny abraý bilen gutaryp geldi — diýip, begençli ses bilen agtygyny garşylaýan Oguldöndi enäniň bu wagtky begenji ýere-göge syganokdy. Gyrmyzy öz ezizlerine ähli hoş habaryny birdemde diýen ýaly gürrüň berdi. Garrylaryň ikisiniň hem balasynyň üstünligine deň şärik bolýandyk laryna begenjiniň çägi ýokdy. Olar buýsanç gözýaşlaryny sylyp: — Berekella, berekella! — diýişdiler. Gyz enesine bu gün-erte bile okan ýoldaşlarynyň, professor-mugallymlarynyň myhmançylyga geljekdigini aýtdy. — Ene, men olara seniň diliň hem eliň süýjüligini, atamyň hasylly bagy barada-da, obamyzyň taryhy, etrabymyzdaky taryhy ýadygärlikler hakynda-da gürrüň berdim. — «Gelen — döwlet» diýipdirler, ine, gapymyz açyk, gelibersinler. Häzir bolsa hökman söwüş etmeli bolarys. Hä diýmänkäň ejeň-kakaň, doganlaryň, goňşy-golamlarymyz hem gelerler, hoş habaryň ady uly... Toý şowhuny sowuldy. Atasy agtygyny ýanyna çagyrdy. Ir säher bilen hezil edip bag içinde gezim edip ýören Gyrmyzy atasynyň keýpihonlyk bilen dilli tüýdükde çalýan sazyna berlip, aýagynyň ujy bilen ýuwaşjadan ýöräp, enesiniň gapdaljygynda eda bilen ornaşykly oturdy. Magtymguly Pyragynyň «Bu derdi», «Gözel sen» diýen dürdäne şygyrlarynyň keremli sözlerini Myrat aganyň dilli tüýdükde şeýlebir täsirli saýradyşyny biparh diňlemek asla mümkin däldi. Atasynyň bir göge galyp, birem gök den ýere gonjak algyr laçyn deýin ýeke dyz çommalyp, bütin düýrmegi bilen söze, owaza berlip, gara dere batanyny synlap oturan Gyrmyzy çagalygyndaky ýakymlyja endigine eýerip, başyny enesiniň dyzyna goýdy. Nähili ajaýyp pursat! Türkmeniň tüýs arzuwlaýan öý-ojagy, maşgalasy! ...Orta ýazylan bereketli saçagyň üstündäki bugaryp duran tagamyň ysy, üsti basyrylgy demini alyp duran gök çaýyň keýpi Myrat aganyň işdäsini açdy. Ol tüýdügini bir gapdala goýdu-da, kemsiz demini alan gök çaýdan bir owurt owurtlady. Şol wagt daşardan bir çaganyň janagyryly aglaýan sesi eşidildi. Ara salym bermänem, bir gelin ýaňy aýak bitenje gyzjagazynyň elinden tutup, içerik girdi. Bosagadan içerik ätlän gelin duran ýerinde eglip, oturanlara salam berdi. Ýarym-ýaş bolup duran gelniň gözleri Gyrmyza düşende onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol aglap duran gyzjagazyny bagryna basdyda, ümyşarat bilen oňa bir zatlary düşündirjek boldy. Muny aňan Myrat aga çalaja ardynjyrady-da: — Amanmyň gelin?! Öý-içeri, hemme gurgunçylykmydyr?! Gülälegiň ýaranokmy? Bar, Gyrmyzym, gelnejeň habaryny al — diýdi. Gyrmyzy, çagaly gelni beýleki otaga geçirip, gyzjagazyň garynjygyny sypap otyrdy. Gyrmyzynyň eli degenden çaga şobada aglamasyny goý dy. Akja körpeçäniň üstünde arkanlygyna ýatan çagajyk däbşenekläp, Gyrmyza päsgelçilik döretjek ýaly etdi-de, posalajyk eljagazlary bilen onuň uzyn barmaklaryny agzyna salmak isledi. Gelin çagasynyň ellerinden tutup, ony saklajak bolýardy. Gyrmyzynyň çalasynlygy, dogumlylygy daşyndan kömek isletmeýärdi. Ýaş gelin gyzyň ähli hereketlerini nazaryndan sypdyrman synlaýardy. Gyrmyzy bolsa, ol gelniň ýanynda duranyny hem unudan deý, bar ünsüni çaga beripdi. Ol onuň aýajyklaryny gönüläp tutup, dabanynyň aşagyny ýuwaşja owkalaýardy. Muňa çaganyň keýpi göterilip, jykyr-jykyr gülýärdi. Gyrmyzy çagany gujagyna alyp, tä ýadap uka gidýänçä onuň bi len degşip-gülüşdi, oýun etdi. Ahyrynda, gujagynda uklap galan çagany ejesine berdide: — Çaga biraz çyrçykly. Ony wagtlywagtynda maşgala lukmanyňyza barladyp duruň! Özüňiz hem çaganyň arkajygyny, aýagynyň aşagyny sypap duruň. Ol sowuklapdyr — diýdi. Dili süýji, eli ýeňil, öz saýlan kärine yhlasly ýapyşýan agtygyndan göwnühoş bolan Myrat aga: — Gyrmyzy, gyzym, hany bärik gel — diýdi. Gyz kirpikmen gara gözlerini tegeläp, atasynyň bir zat aýdaryna sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Myrat aga käsesindäki çaýdan owurtlap oturyşyna, nazaryny bir nokada dikip, az-kem dymdy. Elindäki käsesini saçagyň üstünde goýduda, agtygyna şu rowaýaty aýdyp berdi. ...Günleriň birinde bir goja kişi Lukman Hekimiň ýanyna baryp, öz saglygyndan arz edipdir. Gojany üns bilen diňlän Lukman Hekim onuň çep eliniň ýeňini çermäp, barmaklarynyň üsti bilen damar urşuny barlapdyr. Gojanyň dyrnaklaryna, gözlerine, saç-sakgalyna garap, onuň derdiniň ýeňil däldigi ni aňypdyr. Şonda-da, Lukman Hekim ýaşula hiç hili syr bildirmändir. Onuň arkasyna kakyp: — Tüweleme, ýaşuly, ýagdaýlaryňyza erbet däl. Nesip bolsa, bar zat oňatlyga-da bor. Häzir men size bir melhem bereýin — diýip, goňşy otaga çykyp gidipdir. Birsalym eglenibrägem eli suwly mejimäni alyp gelipdir. Ol elindäki gaby ýaşula uzadyp: — Ýaşuly, şu melhemden her gün bir owurtdan bäş gezek içiň, şonda üç güne ýeter. Üç gün geçensoň, ýene de meniň ýanyma geliň. Men şu melhemden näçe diýseň tapyp bereýin — diýýär. Ýaşuly gaby eline alyp ugrap bar ýarka, Lukman Hekim oňa ýene-de birnäçe zatlary ýatladýar. Ol: — Ýaşuly, her gün irden az-kem gezim ediň! Duzly, ajy, aşa ýagly naharlardan gaça duruň! Gök önümli tagamlary iýiň, saz diňläň! Öz gowy görýän şahyrlaryň goşgularyny labyzly okaň. Gülküli wakalary köpräk ýatlaň. Gürläňde-de gülküli wakalary täsirli aýdyp, özüňem, özgelerem begendir. Öz eliň özüňe em bolanok. Öz ýakynlaryňa aýt, goý, olar seniň gyjygyňy getirip, dabanyň aşagyny owkala synlar. Şonda seniň nerw damarlaryň işjeňligi artyp, özüňi ýeňil duýarsyň — diýipdir. Ýaşuly uly ynam, umyt bilen Lukman Hekimiň ähli aýdanlaryny höwes bilen ýerine ýetirýär. Netijedede, melhemiň güýji bilen, öňki içini hümledip ýören goja ýaşuly Lukman Hekimiň ýanyna gelip, özüniň minnetdarlygyny bildirip, saglygyna nepi degen şol melhemiň nähili melhemdigini, onuň nämelerden taýýarlanandygyny soraýar. Lukman Hekim şonda ýaşulynyň öňünde bir bedre arassa suwy getirip goýupdyr-da: «Ine, siziň derdiňize ýaran melhem bolmaly şu...» diýip, bir mejime suwy onuň eline tutdurypdyr. «Biz tebipleriň ilkinji borjy hassada ýaşaýşa bolan höwesi, derdi ýeňmäge bolan ynamy döretmek. Nähili ýag daýdygyna garamazdan, şol iki gudraty hassada döredip bilmedik tebibe meniň haýpym gelýär» diýipdir. — Görýäňmi, gyzym! Hünär kämilligi, akyl kämilligi bir gysym toprak. Ony bolmalysy ýaly, dogry we doly ulanyp bilmeseň, ýenede seniň ynsabyň horlanar... Oguldöndi enäniň: — Atasy, Aşyr lukmanyň ogul agtygy bolupdyr. Bizi bäbek toýuna çagyrýarlar. Hany, Gyrmyzynam alyp, toýa gideli — diýenine mähetdel gapy kakyldy. Gapynyň öňünde bir ýaşuly bilen iki sany ýüzleri nurana zenan durdy. Olar Atajanyň ene-atasy bilen ejesidi. — Çarşenbede çar ýana... diýleni. Biz-ä, siziň döwletli gapyňyza öz ýitigmizi gözläp gelendiris. «Gudaçylyk — müňýylçylyk» diýipdirler. Ýakyn garyndaşlyk gatnaşygymyz uzagyndan bolsun! — diýip, olar içi süýji-kökeli saçagy Oguldöndi enä uzatdylar... Şemşat AKGAZAKOWA, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy. | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |