23:10 Çaýyr | |
ÇAÝYR
Goşgular
Gadymdan rowaýat bar eken şeýle: Çaýyr şaýyn tutup çykypdyr seýle. Ugrapdyr Garagum çölüne sary. Ýok eken ýanynda oñ howandary. Maksady basymrak baryp ýetmekdi. Ak çägäñ üstünde mekan tutmakdy. Köp düzlerden, köp gyrlardan ötüpdir, Şol barşyna ýorunjalyga ýetipdir. Mawy güli görküne görk goşýardy, Kebelekler uçup gaýmalaşýardy. Çaýyr muny görüp sowulyp birden, - Salam - diýip, baran oslagsyz ýerden. - Men çöle barýaryn dostum ýorunja, Myhman bolman geçdim mäşe, bürünje. Bir gijejik meni myhman alsana, Hezil gürrüñlerme gulak salsana. Ýorunja diýenmiş: - Ýer ýok pelimde, Gyslyşykda dökülşip dur gülüm-de. Barsañ, kabul eder ilerki baýyr, Men myhman almaryn, gidiber çaýyr - Çaýyr şonda gidibermän durupdyr, Halymsyran bolup boýun burupdyr. - Bolmasa, çiliñde ýatyr bir gije, Ukymy alyp men giremsoñ güýje. Dañ atan badyna turup gideýin, Hormat goýup, sag bol berip gideýin. Rehmi iýnip, ýorunja baş yrapdyr, - Çilde ýataý - diýip, çaýra garapdyr. Çaýyr onsoñ ýazjak bolup bilini, Ýassanypdyr ýorunjanyñ çilini. Şol gije kyrk ýere kökün urupdyr, Peliñ içine-de golun geripdir. Köne çaýyr ýaly çili tutupdyr, Ertir gün dogsa-da sarsman ýatypdyr. Ýorunja: - Nä ýatdyñ beýle - diýenmiş, - Basymrak garañy saýla - diýenmiş. Çaýyr hem diýenmiş: - Berme hökümi, Men eýýäm ýüz ýere urdum kökümi. Kyrk ýyl bäri ýaşaýaryn şu taýda, Señ hakyñ ýok gaýtam şu jelegaýda. Gowsy, özüñ gaç-da gidký atyzdan, Köküm her gün artar gider otuzdan - Diýip, çaýyr her gün bir gez ösüpdir, Ýorunjany gabap, barha gysypdyr. * * * Durmuşda-da şeýle adam tapylýar, Pilin alyp ara çile topulýar. Mellek çilin añryk süsüp başlaýar, Şeýdip goñşusyny gysyp başlaýar. Çary GURBANGYLYJOW. | |
|
√ Galasym gelýär / Goşgular - 13.11.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Tün gider, gündiz geler, gör, nijesi uz geler... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Aýalsyzyñ ariýasy / Goşgular - 25.11.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |