00:03 Lenin kanaly / poema | |
LENIN KANALY
Poemalar
Sapar agañ ýaşy segseni ýygryp, Görüpdir durmuşyñ ençe güzerin. Agtyk-çowluklaryn daşyna egrip, Her birine salyp otyr nazaryn. Çuw-ak sakal, nurly ýüzi gülüp dur, Ol bagtly garry, gaýy-gamy ýok. Hojalykda islän zady bolup dur, Içersinde hiç bir zatdan kemi ýok. Ýorgany sap ýürek, düşegi haly, Kemi ýokdy bag-bakjaly saýadan. Bardy howlusynda her dürli maly, Durmuşyny zähmet bilen baý eden. Körpelerniñ sypaşdyryp başyny, Olara guwanyp çaýlap otyrdy. Her ýere uçuryp göwün guşuny, Geçmiş bir wakany oýlap otyrdy. Şol wagt gyssanmaç geldi-de Begli, - Kaka, seni çagyrýarlar, ýör - diýdi Gelen buldozýorçy ortanjy ogly, - Tejeniñ ullakan toýun gör - diýdi. "Wolga" maşynyna mündirip Begli, Kakasyny alyp, sürdi-de gitdi. Kanal gazyşymyz boldy diýip şowly, Ýolda kän gürrüñler berdi-de gitdi. Uzaklaşman bular gelip ýetişdi, Çañap ýatan Tejen derýañ boýuna. Sapar aga derrew "Wolgadan" düşdi, Wagtynda gelipdir halkyñ toýuna. Garşy alyp derrew Sapar agany, Derýañ boýna getirdiler dessine. "Töweregñe synlap otur bakaly", Diýip, haly düşediler astyna. Märeke şatlykdan tolkun atýardy, Telim ýerde palaw-nahar bişip dur, Radionyñ sesi hemmä ýetýärdi, Gelýänler köp, maşynlardan düşüp dur. Tolkun atyp durdy märeke sili, Göwünler galkynyp, ýürek bökýärdi. Günem bulañ toýun gutlaýan ýaly, Asman gümmezinden gülüp bakýardy. Ymgyr çöli böwsüp gelen kanalyñ, Zor tehnika hötdesinden gelipdir. Bagt goşar ýene bagtyna iliñ, Halkym tutan işiñ şowly bolupdyr. Pil degenok, maşyn çöl göwsün dilen, Buldozýorlar hatar-hatar düzüldi. Doganlyk halklaryñ kömegi bilen, Dünýäde iñ uly kanal gazyldy. Gyrasynyñ gumy hatar ak öý dek, Gözüñ uzaklardan kenara düşýär. Bu goja Jeýhundan gaýdyp gör bak Aýak ujy Tejen bilen tapyşýar. Şu ýerde Begliniñ bitiren işin, Agzaman geçäýsem dilden aýyp bor. Halkymyñ öñünde eden ýumuşyn, Az-u-kän ýazmasam, elden aýyp bor. Işledi gijesi, işledi gündiz, Depeleri ýaryp gumy böwüsdi. Galdyrdy çöllükde ýitmejek bir yz, Geçen ýeri gyzyl-ýaşyl öwüsdi. Bir günlük göreş däl, azzat-da-mazzat, Dessine bellisin edäýer ýaly. Akyp ýatan çäge uçursyz bezzat, Düz ýer däl, tiz gazyp gidäýer ýaly. Emma Begli şu gazaply söweşde, Bar güýjüni toplap öñe dyzady. Başlan ýeri onuñ galan soñ daşda, Yzy uly derýa bolup dyzady. "Amyderýa - iñ bir gudratly derýa, Oñ suwun hiç ýere sowup bolmazmyş. Onuñ damja suwam dälmişin yrýa, Jogapsyz eliñem ýuwup bolmazmyş. Jeýhun göwnemese, näçe gazsañam, Asyl señ yzyña düşüp gelmezmiş. Her näçe urunsañ, jana dözseñem, Nazaryny başga ýere salmazmyş. Kä güñleç ses edip çyrpynan wagty, Kenaryn gark edip suwa batyrmyş. Garañky gijä hem salýarmyş ýagty, Doýmadym deñzine akyp ýatarmyş. Heý onsoñam ol derýany nogtalap, Suwuny Tejene getirip bormy. Tüm gumlarda gyrasyny pugtalap, Ürgün çägelerden ötürip bormy". Tejen halky bu gün gelip bu ýere, Taryhda bolmadyk toýun toýlajak. Ösdürip boýlaryn ýene bir sere, Bagt derýasyna girip boýlajak. * * * Şu ýere getirip Sapar agany, Sözi üýşen märekeden başladym. Bu toýda meñ gözüm görensoñ käni, Ýaşulyny bir gyrada taşladym. Gahrymanym üýşen halkyñ çetinde, Derýañ gaýasyna çykyp otyrdy. Oñ gözi äginmän kenar gatynda, Boş jaryñ düýbüne bakyp otyrdy. Derýanyñ tañkyrap ýatyşyn görüp, Bir uludan demin alyp sojady. Taryh sahypasyn yza agtaryp, Başyn ýaýkap, hasam ýüzi ajady. Garrymyzyñ entek ýaş ýigit wagty, Derýadan nem syzman ekin gurardy. Suw bolmasa halkyñ çökerdi bagty, Açlyk hem penjesin gerip ugrardy. Özüniñem şonda eken bugdaýy, Başlamanka gurap saman bolupdy. Ýigriminji ýyllañ kyndy ýagdaýy, Agyr durmuş diýseñ wehim salypdy. Şol ýylky bir waka Sapar aganyñ, Göz öñünden hatar gurady geçdi. Ýañja atasydy iki çaganyñ, Çärjewe gidişi ýadyna düşdi. ..."Bolmuşyn Çärjewiñ bürünji, mäşi, Il gidip getirýär, gidäýsem menem. Bu ýyl köp adamlañ gaýtdy işi, Gelýänçäm bir mydar edersiñ senem. Diýip, aýalyna maslahat salsa, - Haýay gowy bolsa edäý - diýipdi. Wah gideniñ bilen nepaga bolsa, Bähbidiñden galma, gidäý - diýipdi. Göz-gulak ederler töwerek-daşym, Kak-söküm bar, belki janym saklaryn. Gelýänçäñ mydar bor, bir gara başym, Çagalaram süýt içirip eklärin. Kakasy, sag-aman barsañ şol ýere, Sargajak zadym bar, sen pugta düşün. Aýdyşlarna görä, bäriñi gara, Amyderýasy hem şol ýerdemişin. Tarypyn edýärler Jeýhun derýanyñ, Oñ suwunyñ her damjasy därimiş. Oña erki ýetmez soltanyñ, şanyñ, Özem ähli derýalaryñ pirimiş. Onuñ suwy aby-haýat suwdan hem, Ýokumlymyş, hem süýjümiş, hem derman. Garaz, şondan bir owurtjyk ýuwdan hem, Dünýäde hiç zatdan çekmezmiş arman. Gaýtjak wagtyñ alyp şondan bir çüýşe Gudratly derýanyń suwundan getir. Içsek döwletimiz artar hemişe, Bar sargajak zadym, şony bir bitir. Diýip, dymdy Sapar agañ aýaly, Bir çüýşe suw boldy hemme sargydy. Uzak bolmasa-da Çärjewiñ ýoly, Garaz, şol wagtlar gitmek görgüdi. Düýesi ýok, gitjek bolsa çöl bilen, Hiç bolmanda, gerek bir daýaw eşek. Otla münse ýoldaş gerek dil bilen, Näm bolsa biline guşandy guşak. Aldy aýalynyñ birje halçasyn, "Besdir - diýdi - düşenenmiz şu çaka. Mäş salaryn" diýip, alyp çalçasyn, Otla münüp gitdi Çärjewe baka. Çärjewli tanyşy Narbaý ekäniñ, Sorap-idäp ahyr öýüne bardy. Nyrhyn bilip bazarlaryñ, dükanyñ, Aljak zady hakda oýlanyp gördi. Halçasyn çalyşyp iki put mäşe, "Myhman ýerime bir baraýyn" diýdi. Tanşynyñ öýünden alyp bir çüýşe, "Amyderýasynam göreýin" diýdi. Sapar aga derýa gitdi şol güni, Narbaý taryp edip derýany öwdi. Jeýhunyñ boýuna barşyna göni, Towap edip, soñra, el-ýüzün ýuwdy. "Miýesser bolmady üstünden geçmek", Diýdi-de çommalyp egnini gysdy. "Ýatdan çykaýmasyn suwundan içmek" Diýip, gyrasyna eñegni basdy. Şeýdip haýran bolup, başyny ýaýkap, Derýañ añyrsyna gözün aýlady. Soñra elindäki çüýşesin çaýkap, Suw aljak ýerini durup peýledi. Töwerek-daşyny synlady gowy, Soñra usul bilen elin batyrdy. Bagty hasap edip çüýşeli suwy, Ýyljyraklap myhman ýerne getirdi. Sapar aga bitirensoñ işini, Otla münüp öz iline gaýdypdy. Sypap görüp çalçadaky mäşini, "Bir aý güýmenje bor" diýip aýdypdy. Tejen wokzalyndan düşüp ýöredi, Arkasynda mäşi, elinde çüýşe. Köçedäki gykylyga garady, Meñzeýär gorkuly görülýän düýşe. Şäher köçesinden barýan mahaly, Sapar aga daşa büdräp ýykyldy. Arzylaýan şeýle gymmat bahaly, Çüýşesi döwüldi, suwy döküldi. Zyñylan telpegin aldy-da kakyp, Gujaklady çalçadaky mäşini, Suw dökülen ýere duranda bakyp, Durup bilmän, dökdi gözden ýaşyny. Şol wagt bir rus işçisi gelip: - Jähennem dökülse bir çüýşe - diýdi. Näm etjek şoñ üçin ýüregiñ dilip, Näme urýañ başyn sen daşa - diýdi. Sary saçly orsa içgin bakdy-da, Suwly çüýşäñ taryhyny sözledi. Çalçadaky mäşi ýanna çekdi-de, Ýene suw dökülen ýere gözledi: - Ýöne çüýşe däl, bagtym syndy - diýp, Çüýşäñ bir bölegin dyrmalap gördi. - Üstümden nähili bela iýndi - diýp, Suw dökülen ýeri sermeläp gördi. Saryja saçlaryn sypalap Saşa, Saparyñ egnine goýdy elini: - Bar getiren suwuñ ýekeje çüýşe, Gandyrarmy Tejeniñ giñ çölüni. Ýekeje kerpiçden tam salyp bolmaz, Bir çüýşe suwuñam akdyrmaz aryk. Bir owurt suw bilen bagtyñam galmaz, Ýa-da ol janyña bolmaz tetärik. Ajygan ölmezmiş, alñasan öler, Aljyrama dostum, gulak sal maña. Yrsgyñ oýanyp bagtyñ hem galar, Howlukma ony hem aýdaýyn saña. Russiýada Lenin diýen är döräp, Bütin halkyñ bagtyn açyp başlady. Pukara daýhana mähirli garap, Halka yssy mährin saçyp başlady. Yzyna düşürip işçi-daýhany, Oba gezip, şäherleri söküp ýör. Azatlyga çykaryp bar ynsany, Ýerde dörän Gün ol, çogun döküp ýör. Ýyldyrym dek gezip dana sözleri, Ýüreklere uçgun bolup ýapyşýar. Gana dolup zulumkeşleñ gözleri, Üstlerinde asman-zemin tapyşýar. Lenin dünýäñ gara buludyn syryp, Ýalkymyny saçar älem-jahana. Deñizleri böwsüp, daglary ýaryp, Sözleri hem uçar älem-jahana. Menem bir gün Lenin bilen sözleşdim, "Garagumuñ howrun öçüris" diýdi. Mähir ýanýan gözler bilen gözleşdim, "Jeýhuny çöllükden geçiris" diýdi. Onuñ sözleriniñ bolmaz yrýasy, Ejizlere, dertlilere lukmandyr. Señ ýanyñdan akar Amyderýasy, Hözirini görjekligiñ hökmandyr - Diýip, Saşa serdar hakda gür berdi, Okan ýaly boldy. Sapar bir kitap, Gözlerin giñ açyp gaşlaryn gerdi, Lenin sözün gaýtalady pyşyrdap. Sapar şonda oñ sözlerne yrylyp, Mähir bilen gujaklady Saşany. Onuñ eden gürrüñlerne berilip, Ol bir bada unudypdy çüýşäni. "Meniñki kibitgä baryp dur" diýip, Mäşli çalçasyny egnine atdy. "Täze habarlardan gürrüñ ber" diýip, Mähirli hoşlaşyp öýüne gitdi. Aýaly: -Sag-aman geldiñmi? - diýip, Mäşi görüp, derrew gazan atardy. Diýdi: -Bar zadymyz gutardyk iýip, Çagalaryñ ýagdaýlaram hatardy. Müýnli ýaly aýalyna bakdy-da, Gürrüñ edip berdi suwuñ dökülşin, - Wah! - diýip aýaly için çekdi-de, Başyn ýaýkap-ýaýkap garady daşyn: - Allanäme öýe getiren bolsañ, Yrsgalmyz oýanyp gider diýipdim. Çagalañ ýaradyr başyna çalsañ, Derman suwmuş, kömek eder diýipdim. Täleýimiz haýsy laýa çökäýdi, Bir çüýşe suw bize nesip etmedi. Bagtymyzyñ sili nirä akaýdy, Özümize bir owurdam ýetmedi - Diýip, zeýrenende onuñ aýaly, Sapar oña guwanç bilen gözledi. - Üýtgeşik adama duşaýdym häli - Diýip, eşden zatlaryny sözledi: - Bagtymyzy gözlemäli çüýşeden, Lenin diýen bir akyldar döräpmiş. Garyp-gasar üçin ençe iş eden, Ol mähriban bütin halka ýarapmyş. Asyl uzaklaşman türkmen halkynam, Suwsuzluk derdinden dyndarjakmyşyn. Gülzar etjek diýip bütin mülkünem, Jeýhun suwun bärik iýndirjekmişin. Pikir etme heleý, bagtyñ açaryn, Tapyp gelendirin başga bir ýerden. Menem şonda ganat baglap uçaryn, Seni hem bezärin kümüşden, zerden - Diýende, aýaly başyny ýaýkap, Diýdi: -Gögermejek bolsady ekme. Indikiñ nämemiş ýok zatlar tapyp, Biderek söz bilen içimi ýakma - Diýdi-de çytylyp onuñ aýaly, Gamly gara öýde mäşin bişirdi. - Neresse çörek diýp aglady häli - Diýip sallançakdan oglun düşürdi. Ol iglije çaga tegeläp gözün, - Kakga - diýp naýynjar nazaryn saldy. Ýaş ata Begliniñ sypalap ýüzün, "Mäş içeli" diýip gujagna aldy. Sapar mäşden bir çemçejik içende, Gözüne ýaş aýlap, agzyny ýakdy... Şeýle waka göz öñünden geçende, Ol birsen tisginip, daşyna bakdy. Görse şindem toýçularyñ çetinde, Derýañ gaýasyna çykyp otyrdy. Oñ gözi äginmän kenar gatynda, Boş jaryñ düýbüne bakyp otyrdy. Şol wagtlar birden açmaly diýşip, Bir tarapa geçýär märeke sili. Bu gün ganat baglap uçmaly diýşip, Heşelle kakýardy Tejeniñ ili. Tolgunýan märekäñ ýüzleri ýagty, Adam bary gum böwede gözleýär. Lenta kesip, böwet açyljak wagty, Bir ýolbaşçy orta çykyp sözleýär. Ýolbaşçymyz nutuk sözläp bolansoñ, Sapar agañ ogly Beglä söz berdi. Begli ýylgyrjaklap orta gelensoñ, Ol şeýle sözledi, söze ezberdi: "Getirdik Jeýhunyñ mele suwuny, Ebedi arzuwmyz miýesser boldy. Çözdük asyrlarça çigşen düwüni, Kanal desgalaram ýerbe-ýer boldy. Ata-baba suwsuzlykdan köýüpdi, Gyzgyn çölde otly köýnek geýipdi. Suw diläp Burkuda arzyn diýipdi, Eşitmedi, oñ gulagam ker boldy. Dilege zat ýogyn bildi halkymyz, Jeýhuna jylawyn saldy halkymyz. Bol suwdan geregin aldy halkymyz, Eset, çöl derýasy püre-pür boldy. Güýç görensoñ çägäñ bady ýatyşdy, Kenarynda baglar jähek tutuşdy, Ymgyr çölde bakja, baglar ýetişdi, Solmaz güli-ýapraklary ter boldy. Ýaşyl begres bilen bezäp çölleri, Pagta ekip, ösdüreris gülleri. Baş kanaldan aldyk ençe gollary, Dumly-duşa akyp ýatan jar boldy. Göreş edip biz getirdik derýany, Nazar salsañ şosse ýoldur her ýany, Gözüñ görer altyn ýükli barýany, Çölüm indi durşy bilen dür boldy". Begli şu sözleri aýdanda joşup, Şol wagt kiçijik bir waka boldy. Sapar aga birden alañdan düşüp, Üşerlip, biriniñ ýanyna geldi. Ak sakal bir goja orsa seredip, Ýakyn baryp nazaryny dikýärdi. Onuñ keşbi päk kalbynda ýer edip, Mawyja gözlerne siñe bakýardy. Belki gözlerinden tanandyr ony, - Saşa! - diýip, birden ýañlandy sesi. Ol hem Sapar aga okdurlyp göni, Gujaklaşyp köp durdular ikisi. Iki garry duşanyna şat bolup, Ýylgyryşdy bir-birine bakdy-da. Däde Saşa birden çalaja gülüp, Sapar agañ arkasyna kakdy-da: - Guwanyp bilersiñ ajaýyp işe, Görýärmiñ Leniniñ düşdi nazary. Suwdan doldur, hany seniñki çüýşe, Şu ýeri hem Amyderýañ güzeri - Diýende, gülüşip bulañ ikisi, Ýene-de bir gezek maslahatlaşdylar. Şol wagt Begliniñ eşdildi sesi, - Eset, kaka, gum böwedi açdylar! Tejen derýasyna guýan mele suw, Örküç-örküç bolup yñdarlyp barýa, Tiz ýetmäge howlugýan dek çöle suw, Çyrpynyp, lummurdap, düñderlip barýa. Gözüñ aýdyñ diýip telpek zyñyşyp, Ýene uly bagt tapdyk diýdiler. Şadyýan halk iki ýana eñişip, Jeýhuny Tejene sapdyk diýdiler. Kim ýüzüne sylýar, kim ýuwýar elin, Kimler oña gujak açyp bakýarlar. Märeke kenardan uzadyp golun, Bagt sili bilen bile akýarlar. Sapar aga bilen däde Saşany, Suwa basyp çykardylar dessine. Çaga hasap edýäs segsen ýaşany Diýip, derrew doladylar possuna. "Bagtym daragtyna şerbet bolsun diýp, Garagum çölleri gülzar bolsun diýp, Lenin babam berdi bize derýany, Jennete öwrülip gider her ýany. Ömür suwly etsin gollary, käli, Goý, ady hem bolsun Lenin kanaly". Diýip, Sapar aga birden seslendi; Derýanyn akyşy hasam çaslandy. Çary GURBANGYLYJOW. | |
|
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |