14:00 Jaýtygül | |
JAÝTYGÜL
Goşgular
Öñki gudasynam halys çökerip, Towuk üten ýaly ütdi Jaýtygül. Ikinji gyzynam arşa çykaryp, Ýetjek maksadyna ýetdi Jaýtygül. Düwünçekden doly jaýyñ tekjesi, Keýpi kökje, ýeñil gopýar ökjesi Köpelmeli diýip, gyzyñ bukjasy, Jaýtaryp, bazara gitdi Jaýtygül. "Hany-entek üzüm bişip süýjesin, Pagtaçylar goý, sanasyn jüýjesin, Guda boljak adam özün tijesin." Diýip, kän pikirler etdi Jaýtygül. Gelýän sawçylaryñ köpüsin kowup, Gyzyn taryplady, özüni öwüp, Ahyr bir sawçyny üstüne sowup, Oñ daşyna torun atdy Jaýtygül. Gudasynyñ öwrüp enter-pelegin, Gözün gypyp, gorjan bolýar gulagyn, Diýip, "Bar bergiñi bada tölegin". Näçe diýseñ berke tutdy Jaýtygül. Ýolboýy aýtdyryp aýdymy-sazy, Maşyn bary geldi kesilmän yzy? Gelnaljy gelmänkä gaçypdyr gyzy, Gygyryp saçyny ütdi Jaýtygül. Çary GURBANGYLYJOW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||