23:00 Mülkamanyñ köprüsi | |
MÜLKAMANYÑ KÖPRÜSI
Goşgular
Bir wagtlar Murgap jylawyn çeýnäp, Baharda çyrpynyp, akardy gaýnap. Käte sil gelerdi şeýle bir joşup, Gaçy galdyrardy adamlar üýşüp. Derýa eçilse-de suwun içmäge, Köprüsi ýok iki ýana geçmäge. Köpler geçip bilmän horluk çekerdi, Hyrçyn dişläp iki ýana bakardy. Mülkaman diýilýän akylly-dana, Görüm-göreldeli ähli daýhana. Nirä diýse bile gidäýjekleri, Çagyryp diýenin edäýjekleri: - Görýärsiñiz Murgap jylawsyz derýa, Mydam mes iner dek çyrpynyp barýa. Derýañ iki ýanam ullakan oba, Gatnaşyp gelýäris biz ata-baba. Köprüsi bolmansoñ gatnaw kesilýär, "Iki oba bir derýadan basylýar". Diýseler, biz üçin aýypdyr, belki, Köpri gurunmaga çagyrsak halky! Menden bolsun çykjak ähli harajat, Siz kömek etseñiz, taýýar hemme zat. Şeý diýip, Mülkaman uly iş etdi, Az salymyñ içinde şol köpri bitdi. Ol köpri tüýs jaý ýerinden guruldy, Şondan soñ gatnawam diýseñ güreldi. Atlymy, eşekli, pyýada barýa, Arabaly geçip, guwanyp garýa. Garaz, geçen adam seredip daşyn, Mülkamana aýdyp geçýär alkyşyn. Soñ-soñlar şol köpri bozlup ýerinden, Täzeden has çuññur gazyp ýerinden, Betondan mizemez köpri salyndy, Ondan bärem geçdi ençe ýyl indi. Ýene Mülkamanyñ köprüsi diýşip, Alkyş ýagdyrýarlar ýürekden joşup. Özi bolmasa-da ady tutulýar, Ýüreklere mähir bolup gatylýar. Şeýle adam hakda söhbet açanlar, Şindi-şindem şol köprüden geçenler. Mülkamanyñ adyn tutup geçýärler, Hormat goýup, başyn atyp geçýärler. Çary GURBANGYLYJOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |