07:27 "Çekişmän bekişmez" | |
"ÇEKIŞMÄN BEKIŞMEZ"
Edebi makalalar
(Sowallara jogap) Ilki bilen kitapcy.ru saýtyny okap, teswir ýazýandyklary üçin gaty minnetdar. Bizde okamak, öz pikiriňi aýtmak üçin döredýän mümkinçilikleriniň çäksizdigini belläp, saýtyň adminstrasiýasyna hoşallygymyzy bildirýäris. Hakykatdanam, türkmeniň milli şahyry Magtymgulynyň bize elýeter bolan eserlerinde oguzlar, seljuklar hakynda ýeke setir, asla birje sözem ýok. Öňem habar berşimiz ýaly, takmyn mundan 120 ýyl owal Magtymgulynyň "Külliýaty" bolupdyr. Şahyryň jemlenen eserinde on müňden az bolmadyk şygryň ýa şoňa barabar dürli eserleriň bolandygyny ynam bilen aýdyp bileris. Ýöne meniň pikirimçe, Pyragynyň "Külliýaty" bir ýerden tapylaýanda-da, şahyryň tutuş döredijiliginde hem oguzlar barada maglumat bardyr diýip pikir edemok, seljuklar barada ýek-ýarym ýerinde agzalýan bolmagy mümkin, emma seljuklar hakynda hem düýpli bir maglumat Magtymgulynyň poeziýasynda bardyr diýip pikir edemok. Sebäbini düşündireýin. Türkmenistany müňlerçe ýyl owal terk eden pederlerimiz IX-XI asyrlarda asly türkmen bolan oguzlar ilki Samanylar şalygyna soňra köpçülikleýin Mahmyt Gaznawyny penalap, ata watanlaryna dolanypdyrlar. Seljuk oguzlary taryhda döwrüniň iň uly şalygyny döredip, olar 1038-1157-nji ýyllarda hökümdarlyk edip, Soltan Sanjaryň ölmegi bilen Seljuk şalygy ýykylypdyr. Soňra Horezm şalary döwlet başyna gelip berkeýänçä, çarwa oguzlary birnäçe ýul talaňçylyk edipdirler. Soltan Sanjaryň hökümdarlygynyň soňky on ýyl töweregi halkyň gözi uruşdan açylmandyr. Şeýlelikde, gynansagam, XII asyryň 40-60-nji ýyllarynda Seljuklar, Oguzlar diýen düşünjeler türkmenler diýen sözüň sinonimi hökmünde kabul edilmändir. Mongol zulumyndan soň, halkymyz ata watanymyzda döwlet döredip bilmediler. Halkymyzyň her taýpasy öz bähbitlerini goradylar. XV asyrlardan başlap, türki halklaryny diňe bir düşünje bilen atlandyrdylar. Pederlerimiz türkmenler hökmünde tanalyp başlandy. Eýýäm Alyşir Nowaýynyň döredijiliginde pederlerimizi ýekeje ýerde hem oguz diýip atlandyranok. Nurmuhammet Andalybyň “Oguznama” poemasy türkmen taryhyna teşnelikden döredilen eser. Emma bu eserde hem Seljuklar barada düýpli bir maglumat ýok. Emma Andalybyň şol eserinden başga nusgawy edebiýatymyzda Oguzlar, Seljuklar diýen sözler şöhlelendirilmändir. Molla Nepesiň poeziýasynda oguz taýpalarynyň adty sanalýar. Türkmeniň milli eseri hasaplanýan “Görogly” eposynda hem Oguzlar barada ýekeje maglumatam ýok. Mahlasy, mongol zulumyndan soňra pederlerimiz türkmen ady bilen tanalyp ugraldy. Magtymgulynyň döredijiligi türkmeni aň-dünýägaraýyş taýdan birleşdirip, türkmeni bir döwlete gulluk etdirmek isledi. Şonuň üçin şahyryň Türkmenler baglasa bir ýere bili, Guradar Gulzumy, derýaýy-Nili, Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. - diýen bendi halkyň ýürek owazy bolup ýaňlandy. Pyragy: Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň... diýip, şahyr ähli türkmeniň bir suprada jemlenip bir döwletde ýaşamagyny arzuwlady. Agyr döwletler aýrylar. Bir agza bakmaýan ärden... Bir döwlete gulluk edýän halkyň bir agza bakyp, agzybir ýaşanda bagtly boljagyny Magtymguly akyldar şahyr ýüregi bilen nesihat etdi. Pederlerimizi türkmen diýen halk adynyň daşyna jemlän Magtymgulynyň döredijiligidir. Şonuň üçin Magtymguly gündogarşynas alymlar tarapyndan Orta Aziýada ýaşaýan türki haklarynyň arasynda ilkinji ykrar edilen milli şahyrdyr. Magtymguly türkmen taryhy hakynda söhbet etmegi hiç bir ýagdaýda gözöňünde tutmandyr. Şol sebäpli Magtymgulynyň döredijiliginde Seljuklar, Oguzlar diýen atlar hiç bir ýerde agzalmandyr. Ýene bir gezek nytap aýdýaryn. Beýik akyldar türkmen taryhy barada söhbet etmegiň dagynyk türkmeni birleşdirmezden manysyzdygyna düşünipdit. Şol sebäpli şahyryň döredijiliginde bu sözler bir gezegem ýatlananok. Asla mongol zulumynyň soňuna çykylmagy bilen pederlerimiz türkmen bolup orta çykdylar. Magtymguly oguz sözüni agzapdyr diýip ýazylan pikirler uly fantaziýa esasynda, çen-çak bilen hiç bir ylmy esasa daýanylman ýazylan makaladyr. Makalanyň awtoryny aýdyp oturmaýyn. Awtor makalasynda “Ýaşy nädendir” şygryň şu bendiniň: Ol kimdir, bakyda bir röwşen göz bar, Öňüňde magnysy dört müň, dört ýüz bar, Atasy äridir, aşyk bir gyz bar, Goşulmaz hüýrlere, daşy nädendir? Birinji setiriniň aslynda şeýle bolmalydygyny “Ol kimdir, bakyda bir röwşen Guz bar” belläp, “göz” sözüni “Guz” diýip çaklama bilen üýtgedýär. Delili “ araplar oguzlara guz” diýýärmişin. Ýöne awtor Magtymgulynyň arap däldigini bilenokmyka?! Onsoňam birnäçe golýazmada bu şygryň şol sözi biziň ýazan asyl görnüşimizde gelýär. Birnäçe kätibiň ýalňyşmagy bolup biljek zat däl. Hatda awtor “Oguz hekim” sözüniň çyg çekip , zaýalanandygy üçin, kätipleriň “Lukman hekim” diýip ýazandyklaryny öňe sürýär. Emma awtor sözleri heňe gelmejek fantaziýa bilen çaklap, sözleri çalyşsaň, eseriň manysynyň ýitjekdigine, iň esasy hem golýazmada gelýän eserleriň hiç kimiň ýeke harpyny üýgetmäge hakynyň ýokdugyny bilmeýändigi gaty gynançly. Şeýlelikde, bolmanda, şu güne çenli Magtymgulynyň döredijiliginde Seljuklar, Oguzlar diýen sözler duş gelenok. Agzalaryñ käbiri makalamyzy doly okamaýarmyka?! Birinji, ikinji, asla soñky teswirleriñ käbiri okalyp ýazylana meňzemeýär. Birinji teswire gysgajyk makalamyň içinden alyp jogap bereýin: [i]"Agzalan makalalarda beýan edilen wakalar düýbünden bolmady diýjek bolamok. Emma Seljuklaryň türkmenlere eden zyýany hem Soltan Sanjaryň owadan oglanlary gowy görşi hakyndaky maglumatlar gaty çişirilen. Soltan Sanjar hakyndaky makalada onuň bir “gulamyna” otuz müň nöker beripdir” ýa bolmasa “özüniňkä barabar köşk salmagy buýrupdyr” diýilýäni diňe bir ýalan däl, gözöňüňe getirip bolmajak toslama”.[i] Gaýrat ediñ, yzyny özüňiz okañ. "Nedir şa türkmene näme peýda etdi?!" diýen sowalyňyza hem makalada jogap bar, ýöne şonda-da gysgaça aýdaýyn: Nedir şa türkmeni dokuz ýyl salgytdan boşatdy hem türkmenlere daýandy. Siziň bu sowalyňyza hem makalamyň içinde jogap bar. Eger has giňişleýin jogap aljaklar bar bolsa, şu saýtda goýlan “Beýik akyldaryň şalary wasp edýän şygyrlary hakynda” diýlen makalamy okamagy maslahat berýärin. Nedir şanyň türkmenlere eden ýagşylygy baradaky maglumatlar rus gündogarşynaslarynyň işlerine däl-de, pars çeşmelerine salgylanyp berildi, hakyky taryhy dokumentler. Nedir şanyň goýberen syýasy käbir ýalňyşlyklaryna garamazdan, Eýran-Turan halklarynyň öz aralaryndaky talaňçylygy, alamançylygy bütinleý diýen ýaly ortadan aýrylypdyr. Munuň üçin türkmenleriň Nedir şa bolan minnetdarlygy az bolmandyr. XVIII asyr türkmen şahyry Gülbüni Awşar Kaka etrabyndaky Kelet dagynyň gaýasynda 100x250 sm ölçegde Nedir şa 24 beýtden ybarat waspnama şygyr ýazypdyr. Magtymguly Nedir şa bagyşlap iki şygyr ýazypdyr, bir goşgusy bu beýik şanyň ölümine bagyşlanypdyr. Nedir şanyň adyny pederlerimiz hormat bilen tutup, ol hakda birnäçe hekaýatdyr-rowaýat aýdýarlar. Eger şolara ynanmasaňyz onda halklaryň geçmişdäki han-begleriniň örän ýaramaz zalymdygy hakynda Sowet propagandasynyň täsirine düşendigiňiziň subutnamasy bolýar. * * * Dünýäniň azyndan 95%-i ýurdynyň ykdysadyýeti bazar ykdysadyýetine gurnalan, bazar ykdysadyýetinde ýekeje manat artyk edilmeýär. Emma şonda hem mekdepler 12-14 ýyllyk. Bazar ykdysadyýeti diýen düşünjäniň nämedigini bilmeýändigiňiz üçin, ikinji teswiriňizi ýazypsyňyz. Orta mekdebe-nesliň ylymly-bilimli bolmagy üçin ýatyrylýan pullar ýurduň, halkyň abadançylygynyň kepili bolup durýar. Şonuň üçin orta mekdepde berilýän bilimleri “Bolgusyz bilimler” diýip atlandyrmagyň özi, bolmanda gelşiksiz. Men mekdepler daşary ýurtda tölegli däl diýemok. Dünýäniň gaty köp ýurdunda okuwlar tölegli ýa tölegsizdigine garamazdan, ýaşlaryň tas hemmesi orta mekdebiň bilimini alýarlar. Seljuklaryň türkmenlere eden ýamanlygy hakyndaky makalaň sözbaşyndan başlap, içi ýalan çişirmeden ybarat. Hormatly awtor, sözi kesä çekmän açyk pikir alşaly. Meniň ýokarky pikirime ýekeje ygtybarly delil getirip bilmersiňiz. Makalada Seljuk soltanlygynyň Gündogarda üç pygamber şahyr diýilýän şahyrlaryň ikisini berendigi hakynda aýdan pikirim we beýleki delillerim siziň makalada ýazan zatlaryňyzyň aşa çişirilendigini subut edýär. Mäne babanyň we beýleki şol döwürde salnan binalary sanap oturmaýyn. Şol binalaram, şol döwrüň döredijiligem Seljuk şalygynyň öz döwründe iň ösen şalyk bolandygyny subut edýär. Hormatly awtor, men siziň adyňyzy awtor hökmünde tutmadym. Emma makalany internet esasynda taýynlasaňyzam, makala siziňki. Taryhy geçmişimiz hakynda şeýle makala ýazmak, öz-özüňe hüjüm etmekden başga zat däl. Ýene bir zat. “Ululara ýer bermelimi” diýip ýazylan makala ýerliksiz. Elbetde bir ýaş kiçiniň ula ýer bermändigi üçin üstüne düwlemek nädogy. Ýöne türkmen edebinde ulynyň kiçä ýer bermegi adamçylyk borjy. Kiçi öz borjyny duýsa, ulularymyz kiçä hormat goýmaýan bolsa, telekdigini bu gün bolmasa, ertir duýar. Şol sebäpli ýer berilmändigi üçin aýal gohlan bolsa ýer bermedik ýigit şol gohy gazanypdyr. Ýöne men ýaşlaryň, şol sanda makalany ýazan awtorlaryň watanyny söýýändigine berk ynanýaryn. Ýöne ýaşlardan makalany doly okap, teswir ýazmaklaryny haýyş edýärin. Emma pikiriňizi ýazyň. Türkmen “Çekişmän bekeşmez” diýipdir. Hormat bilen Döwlemyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|