15:06 Çen-çaklar ortadan aýrylsa ýagşy | |
ÇEN-ÇAKLAR ORTADAN AÝRYLSA ÝAGŞY
Ene dilimiz, edebiýatymyz, taryhymyz, meşhur şahslarymyz hakynda metbugat serişdelerinde, internet saýtlarynda, habar beriş serişdelerinde dürli makalalar berilýär, çykyşlar edilýär. Munuň özi biziň mukaddes ene dilimize hem dünýä ýaň salan türkmen edebiýatymyza (Öňki makalalarymda hem belleýşim ýaly, Gündogaryň üç pygamber şahyry diýen mertebä eýe bolan şahyrlaryň ikisi-Enweri hem Muizzi Seljuk türkmen şalygynyň şahyrydyr. Magtymguly Pyragy bolsa Orta Aziýada ýaşaýan türki halklarynyň arasynda ilkinji milli şahyrdyr. D.Ý.), taryhymyza halkymyzyň teşneliginiň netijesidir diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Gynansagam, türkmen dilimiz hem edebiýatymyz, meşhur şahslarymyz hakynda ýazylan makalalaryň, çykyşlaryň belli bir bölegi çeper höwesjeň derejesinde bolup, kähalat ol makalalarda, çykyşlarda ylymdan daş, heňe gelmejek pikirler aýdylýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine edilýän esassyz şübheleriň halk tarapyndan goldanmaýandygy üçin ähli halkymyza, okyjylarymyza çäksiz minnetdar. Öňki makalalarymda hem ýatlaýşym ýaly Pyragynyň şygyrlary diýip, Gylyç Müllüniň tabşyran 214 goşgularyna şübhe bildirip ýazylan makalalaryň sany jemi otuza-da ýetenok. Soňky ýyllarda käbir daşary ýurt habar beriş serişdelerinde çap edildi diýäýmeseň, Magtymgulynyň kämil şygyrlaryna şübheli makalalar, esasan, ortadan aýryldy. Emma muňa garamazdan, metbugatda çykyş etmeselerem käbir adamlaryň Pyragynyň agzalan şygyrlaryna esassyz şübhe bilen garaýandyklaryny bilýäris. Olaryň iň esasy delillerem alym Aşyrpur Meredow Gylyç Müllüniň tabşyran şygyrlaryna şübhe bilen garandygy üçin, şonuň yzyny dowam edýärmişler. Özem özlerinde delilli pikiri bolmadyk az sanly ol “magtymgulyşynaslar” kyrk ýaşyndan soňra Aşyrpur Merediň “şägirtleri” boldular. Olaryň aýdýan pikirleri gapma garşylykdan doly. Olar Aşyrpur Meredowyň şol mesele boýunça hiç bir esasy bolmadyk pikirlerini gaýtalaýarlar. Magtymgulynyň kämil şygyrlaryna şübhe bildirmegiň öňbaşçysy bolan Zylyha Muhammedowanyň, Sapar Ahallynyň, Aşyrpur Meredowyň hem olaryň häzirki döwürde bar bolan az sanly "şägirtleriniň" pikiriçe, “Magtymgulynyň “Gürgeniň” şygryna öýkünilip, “Türkmeniň” şygry ýazylypdyr. Emma “Türkmeniň” şygrynyň has kämildigini bilselerem, olar özleriniň şübheli pikirlerini delillendirmek üçin, esassyz ol şygra “gowşak goşgy” diýdiler. Baryp, geçen asyryň 50-60-njy ýbyllaryndan bäri “Türkmeniň” şygry öýkünilip ýazylan bolsa, olara şolar ýaly öýkünip şygyr ýazmak teklip edildi. Emma häzire çenli kämildigi köre-de belli bolan “Türkmeniň” goşgusy ýaly eser döretmek hakynda gürrüň ýok, bu çeper şygryň ýeke setiriniň öwezini tutup biljek şygram döredilmedi, Ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesow “Türkmeniň” şygrynyň Magtymgulynyňkydygyny ykrar edip, bu esere meňzedip, “Türkmeniň” diýen şygyr ýazdy. Ýöne bu halypa şahyryň ýazan “Türkmeniň” goşgusynyň çeperçiliginiň Pyragynyň şygryndan has pesdigini aýtmak gerek. Diňe şu maglumatyň özem örän kämil “Türkmeniň” şygrynyň Magtymgulynyňkydygyna şaýatlyk edýär. Şu mesele boýunça söhbeti jemlemezimden öňürti, şu hakykaty ynam bilen aýdyp biljek. Aşyrpur Meredowa ynamly deliller bilen Magtymgulynyň kämil şygyrlaryna edilýän şübhäniň esassyzdygyny ynandyryp bolardy, ýöne onuň kyrk ýaşlaryndan soňra “magtymgulyşynas bolan şägirtlerine” hiç zat ynandyryp bolmaz. Şol sebäpli olaryň delilsiz, gybat derejesindäki pikirleri hakynda mundan artyk söhbet edeniňe degenok. Soňky ýyllarda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna, onda-da şahyryň golýazmada gelýän goşgularyna özüçe düzediiş girizip, Oguz hanyň pygamberdigi, onuň dini wagyz edýän Zaratuştra bolandygy barada heňe gelmejek ýalan-ýaşryk pikirleri öňe sürýän awtor ýüze çykdy. Awtoryň adyny aýdyp oturmaýyn, sebäbi gürrüňini etjek awtorymyzyň makalasy kitapcy.ru saýtynda bar. Men awtoryň heňe gelmejek pikirleri barada öňki makalalarymda hem degerli jogap beripdim. Ýöne onuň ýalňyş pikirleri barada şu hakykaty aýtmagy ylmy adam hökmünde öz borjum hasaplaýaryn. Ol awtor Oguz hana her dürli atlar bilen pygamberlik dereje berýär. Onuň bir makalasynda Oguz han Zülkarneýin, soňra Zaratuştra (awtor ony Zoroastr diýip alypdyr.) diýip ony dini wagyz edip ýören adam etjek bolýar. Oguz han Mitr-araba eýesem bolýar. “Awesta” kitabynda Mitriň Zaratuştra däldigi gaty anyk beýan edilen. Şol sebäpli Oguz hany pygamber etjek bolýan awtoryň pikirleri gapma-garşylykdan doly. Ol awtor agzalan şahslary birleşdirjek bolýarmy, garaz kellesine gelen ylymdan daş pikirleri öňe sürýär. Ýöne Zaratuştra onuň aýdyşy ýaly otparazçylyk dinini wagyz edenok. Aslynda otparazçylyk diýen din ýok, ynanç bar. Emma Zaratuştra “Awesta” kitabynda bir Hudaýlylygy wagyz edýär. Ol Gündogar ylmynda häzire çenli mälim bolan ilkinji bir Hudaýlylygy wagyz edýän dini öňe sürýär. Onda Hudaýyň ady Ahuramzada. Zaratuştranyň wagyz eden ýeke Hudaýlyk dinini bilmän, ony otparazçylyk dini diýip bütinleý ýalňyş atlandyryp, nädip onuň Oguz handygy barada awtoryň gürrüň edip bilşine haýran. Ol awtor hiç bir çeşmede tassyklanmadygam bolsa, Zoroastry pygamber hasaplaýar, özem çaklama edenok, Zoroastr anyk pygamber diýýär. Awtoryň Oguz han Zoroastr diýýän çaklamasy hakykatdan daş pikirdir. Professor Nazar Gullaýew Zaratuştranyň (Nazar Gullaýew hem bu şahsy türkmenleşdirip Zerdost diýip aýdardy) wagyz eden “Awesta” kitabynyň iň gadymy nusgasynyň Nusaýdan çykandygyny tassyklap, ýekehudaýlylygy wagyz edýän bu diniň üç müň ýyla golaý taryhynyň bardygyny aýdardy. Emma Oguz hany pygamber hasaplan ol awtor Oguz hanyň bäş müň ýyl mundan öň ýaşap geçendigini öňe sürýär. Oguz han bilen onuň pygamber etjek bolýan şahslarynyň senesi iki müň ýyl gowurak tapawutly bolsa bolubersin, awtoryň aýdýan “çaklamalaryna” şeksiz ynanmaly. Gündogarşynas alymlaryň, dini ulamalaryň arasynda hem Zülkarneýin kim bolupdyr?! diýen sowala dürlüçe jogap berýärler. Ýöne Zülkarneýiniň ýaşan zamanasynyň häzirki döwrümizden üç müň ýyldan aňyrda däldigini tassyklaýarlar. Gündogarda: “Alyşir Nowaýyny bilseň, türküleri bilersiň” diýip, beýik baha mynasyp bolan Alyşir Nowaýy Isgender Zülkarneýiniň Aleksandr Makedonlydygyny tassyklap, bu şahsa bagyşlap, “Isgenderiň diwary” atly meşhur eserini ýazypdyr. “Görmesem söýlemen, oý bilen çenden..” diýip ýazan, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň milli şahyry Magtymguly Pyragy hem Isgender Zülkarneýiniň Aleksandr Makedonlydygyna (Isgender Zülkarneýin hakynda ýörite makala ýazjak. D.Ý.) kepil geçipdir. Magtymgula “Hezreti Magtymguly” diýip ýüzlenýän bu awtoryň Pyragynyň bu pikirlerine üns bermedigine, beýik dananyň golýazmada gelýän şygyrlarynyň sözlerini çaklamalar bilen üýtgedişine näme diýjegimizi hem bilemzok. Awtoryň “Zoroastr pygamber kim”! diýen makalasynda talaňçylyk manysyny berýän-alaman sözi bilen nemes halkynyň adyny, ýurduny aňladýan alman sözüni manydaş söz hökmünde görkezip, beýik akyldar Magtymgulynyň “Alaman öňüni serdary başlar” diýen setirini öz “pikirine” subutnama edip alandygyna aglajagyňy-da-güljegiňide biler ýaly däl. Daşyndan seredeniňde, meňzeşräk harply sözleri ylmy derňew etmezden, ýalňyşdygy açyk görnüp durka, öz pikiriňe delil hökmünde ulanjak bolmak ylymda ýolberilmesiz bir ýagdaý, Çen-çak bilen bolsa hakykatyň bilinmeýändigini okyjylara ýatlatmak isleýäris. Käbir okyjylaryň çen-çaka esaslanýan bu makalalar barada yzygider gürrüň etmegiň geregi ýok diýmegi-de mümkin. Bu pikir bilen bir tarapdan doly ylalaşýarys. Emma käbir adamlaryň, hatda mugallymlaryň agzalan makalalarda aýdylýan çen-çakly pikirleri hakykat hökmünde kabul edip, kitapçy.ru saýtynda öz ýazýan makalalarynda şol çen-çakly pikirlere salgylanmaklary köki ýalan bolan ol makalalar barada jemleýji pikir aýtmagyň örän zerurdygyny ýüze çykardy. Şol zerurlyga düşünip, şu makalamyzy ýazdyk. Elbetde, türkmen halky Türkmenistan watanymyzda owal-ahyr ýerli halk bolup, şu toprakda gadym döwürden bäri emele gelen medeniýetiň-sungatyň ýalňyz eýesi biziň pederlerimizdir. Türkmenler dünýä medeniýetine-sungatyna uly goşant eden halklaryň biridir. Şonuň üçin heňe gelmejek toslamalary aýtmanyňda hem, türkmeniň taryhy gadymy hem müdimidir. Şol sebäpli pederlerimiziň gadymy hem müdimi taryhy hakynda halypa taryhçylarymyzyň ýazan kämil makalalary bilen yzygider tanşyp dursak, örän ajaýyp bolardy. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |