00:58 Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine... | |
ÇEÑÑEK ATDYM ARZUWLARYÑ DEÑZINE...
Goşgular
Dogry baha bermez hiç kim meňzime, Pikirlem içimi iýäýjek ýaly. Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine, Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly. Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni, Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim. Olam boş goýmady - öwezne meni, Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin. Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym, Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi. Gussa pyçagynda arzuw dogradym, Ýüregim lowlap dur, beýnim kebapçy. Ykbalmy bu?! Öz-özmize amalmy? Neçüýn bolar arzuwlarym çig-çarsy. Yşk okundan atyp goýan maralmy Alar bir gün özge sähraň ýolbarsy... Öz awuňa özüň dyňzap ýetmeseň Diýerler "özüňde soňsuz günä kän". Göreşmedik... Şony hasap etmeseň Maralam, awçy-da bolmaz günäkär. Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýaranlar / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |