22:54 Çeşme | |
ÇEŞME
Goşgular
Aka-aka çykypsyñ sen Ýanbaşdan, Gözbaşyñ nirede, Gaýtdyñmy daşdan? Ýar zülpün ýatladýar öwrümiñ - towun Kim, haçan gant goşdy - bal ýaly suwuñ. Gördüm men düýbüñde küýze döwügin, Hiç kim suw daşanok küýzede bu gün. "Belki, galandyr ol Nusaý döwründen?" Oýa batyp, diñleýärin böwrüm men: Nusaýly gözeller suwa gelende, Synandyr ol bir gözeliñ elinde. Inçe bil, uzyn boý nusaý gözeli, Gelendir ertesi täze küýzeli. Aýnasy bolansyñ - saña bakanda, Beg ýigitler at çapandyr ýakañda. Nusaý galasyna dökülip duşman, Senden ençe gezek akandyr al gan. Köp gezek eşdensiñ söweş surnaýyn... Ýatladyp, ýarañy gozgap durmaýyn. Guramasañ - zat bolmada sakaña, Belki, kän ýyllardab geler ýakaña. Maña meñzeş agtygym ýa çowlugym, Gör-le, dowam etmekligiñ gowulygyn! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Dert / Goşgular - 06.06.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |