09:25 Çingiz hana garşy taryhyñ gizlin terakty: Hasan Sabbah we Alamut galasy | |
ÇINGIZ HANA GARŞY TARYHYÑ GIZLIN TERAKTY: HASAN SABBAH we ALAMUT GALASY
Taryhy makalalar
Taryhyñ çañly sahypalarynyñ arasynda jana kast edýän ýörite toparlaryñ iñ meşhury bolan haş-haşynlaryñ (ýa-da beýleki ady bilen nizariler) tälim berlen galalary legenda mysaly al-asmanda howalanyp, häsirem dim-dik dur. Bu galalaryñ iñ meşhury Hasan Sabbahyñ mesgeni hökmünde tanalan Alamut galasydyr. Bir mahallar dünýäniñ çar künjüne gorkudan ýaña zagyrdanan bu gala Ýewropadan gelen talap bilen ýene bir gezek üns merkezine giripdi. • Rim papasynyñ tabşyrygy: Haş-haşynlara buýrulan howply ýumuş XIII asyryñ başlarynda Ýewropa çäklerini ýyldyrym çaltlygynda giñeldip barýan Mongol imperiýasynyñ hökümdary Çingiz handan öler ýaly gorkýardy. Ýewropanyñ iñ güýçli goşunlary-da Çingiz hanyñ rehim-şepagatsyzlygynyñ we strategiki paýhasynyñ garşysynda näderinu bilmän galypdy. Şonuñ üçinem Ýewropa bu howpy aradan aýyrmak ücin jeñ meýdanlarynyñ daşyndan bir çykalga tapmagy makul bildi. Şol döwrüñ Rim papasy we beýleji ýokary çinli ýewropaly ýolbaşçylar bu gizlin we howply tabşyrygy haş-haşynlara berdiler. Eger haş-haşynlar bu ýumşy bitirip bilseler, Ýewropadan uly sylag almalydylar. • Haş-haşynlaryñ ölüm howply meýilnamasy Alamut galasynda bu tabşyryñ jikme-jiklikleri inçegöz elekden geçirilip, ykjam taýýarlyk görülýärdi. Çingiz ýaly birini öldürmek ýönekeý teraktdan has köprän zady talap edýärdi. Haş-haşynlar Çingiz hana ýakynlaşmagyñ we ony öldürmegiñ iñ täsirli ýoluny tapmak üçin birnäçe günläp maslahat edipdir. Emma bu gizlin meýilnama heniz güýje girmänkä, Çingiz hanyñ gulagyna ýetirilipdir. Taryhyñ iñ güýçli hökümdarlaryndan bolan Çingiz han haş-haşynlaryñ amala aşyrjak teraktyna garşy dessine öñüni alyş taýýarlygyny görmäge başlapdyr. • Garagurumyñ ýolundaky ganly garpyşyk Haş-haşynlar Çingiz hany öldürmek üçin kyrk pidaýysyny söwdagäriñ tüýsünde Garaguruma ugradypdyr. Emma bu pidaýylar (smertnikler) Garaguruma barmanka Hazar daglarynyñ eteginde Çingiz hanyñ çaklañja otrýady tarapyndan gabaldy. Otuz dokuz haş-haşyn pidaýysy diriligine suwda gark edilip, balyklara şam edildi. Diñe biri bolup geçenleri Alamutyñ dykgatyna ýetirmek we türki taýpalardan bileleşen bu güýçli goşunyndan daşda durmagy duýdurmak maksady bilen diri galdyryldy. • Haş-haşynlar we olaryñ garañky geçmişi Haş-haşynlar Hasan Sabbah taralyndan gurlan we yslamyñ şaýy mezhebiniñ bir şahasy bolan nizarileriñ teraktçy toparydy. Bu topar Alamut galasynda tälim alyp, döwrüniñ iñ gorkuly terrorçylaryna öwrülipdi. Özlerini haş-haş (neşe, marihuana) ösümligine uýgunlaşdyryp, ölüme gözüni gyrpman gitjek derejede taýýarlaj pidaýylar duşmanlaryny mazaly yzarlap, duýdansyz hüjümleri guranlaryndan soñ gözden gaýyp bolýardylar. Emma Çingiz ýaly adamy öldürmek haş-haşynlaryñ iñ kyn işlerinden biri boldy we bu şowsuzlyk bilen tamamlandy. • Ýewropanyñ lapykeçligi we mongol howpy Haş-haşynlaryñ bu ýumşy bitirip bilmezligi Ýewropanyñ Çingiz hanyñ garşysynda nähili çäresiz bolup galandygyny ýene bir gezek görkezdi. Mongol imperiýasy Ýewropanyñ çäklerini alkymlap gelýärdi. Haş-haşynlaryñ bu şowsuzlugy olaryñ syrly we ölüm howply at-abraýyny belli bir derejede ýere dökdi. Emma bu hadysa taryhyñ iñ uly teraktyna edilen synanyşyklaryñ biri hökmünde ýatda galsy we haş-haşynlaryñ garañky taryhyna täze sahypany ýazdy. Çingiz hana garşy guralan bu terakt haş-haşynlaryñam ukyp-başarnyklarynyñ ýetmeýän zadynyñ bardygyny görkezdi. Hasan Sabbahyñ pidaýylary taryhyñ iñ uly hökümdarlarynyñ birini öldürmäge synanyşanda mongol goşunynyñ rehim-şepagatsyzlygynyñ we strategiki pähim-paýhasynyñ garşysynda näderini bilmän galdylar. Bu hadysa haş-haşynlaryñ garañky we gorkunç dünýäsiniñ bir parçasy hökmünde taryhyñ çuñluklaryna ýazyldy. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||