22:49 Ogluma pent | |
OGLUMA PENT
Goşgular
Adamyň başy gowgaly Ýöne çökermegin köňlüň. Bu dünýäniň kändir aly, Nur ýüzüň bolmasyn galyň. Aga ak diýmegi başar, Ýüregiň bolmasyn gara. Dost aýbyny açma, ýaşyr, Il-günüň derdine ýara. Il hanjak?! Senem ugrdaş git, Akymyň tersine ýüzme. Ölçerip, sanap ädim ät, Pul mesisi bolup azma. Diýrler baýlyk eliň kiri, Başyňa salmasyn bela. Päk niýet döwletiň ýary - Iliň bolsun saňa gala. Durmuşam humar mysaly Utduň-utuldyň parhy ýok. Ýaşama namartlar ýaly, Kalbyňa ýoldaş bolsun Hak. Goldamaga dost-ýar gerek, Durmuşda bolma gury san. Ömürlik söwer ýar gerek, Gaýgyrma il-gün üçin jan. Soňky sözüm nesihatym Haklawergin Ahmet adyň. Sensiň nesil-dowamatym, Sönmäwersin ojak-oduň. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |