21:20 Dag-gaýalar | |
DAG-GAÝALAR
"Daglaryň üstünden daglar görünýär” Halyl Kulyýew. Eý Allam, Sen hakyky ussalara halypa, Neneň döredipsiň dag-gaýalary. Ötlem-ötlem, hatar-hatar bina dek, Kerwen gurap gidip barýar ýokary. Köpetdagyň depesinden synlaýan, Töweregiň jülgelerden dolup dur. Ho:l uzakda Sumbar derýanyň suwy, Hana sygman kenaryna urup dur. Daglaryň syry kän, ahwalaty kän, Depeleri biri-birinden beýik, Gözýetimde peýwagtyna gezip ýör, Goralansoň keýpi göterlen keýik. Näçe wagt ýatdyka dag-gaýalar, Ýok, olaryň öňü-de ýok, ardy-da, Göge uzan ýylçyr daşly daglaryň, Ynsan deýin ýok olarda alada. Tapylar müň derdiň dermany munda, Tomus geliň gyşyň garyn iýmäge, Basýan ýerleriňi oýlap basmasaň, Taýdyryp goýberer, bolmasaň, äge. Çykyp barýar dagy ýaryp çeşmeler, Gara daşlar ganyp otyr bal suwdan. Obanyň pestinde ullakan bolup Gar suwy goşulyp döräpdir howdan. Synladykça ýene synlasyň gelýär, Gudrat bilen dörän dag-gaýalary. ...Daglara çykamda göwnüm galkynýar, Bagtymyň gözbaşy saýýan olary. Amansähet ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |