06:45 Dandanakan söweşi | |
DANDANAKAN SÖWEŞI
Taryhy makalalar
“Beýhakynyň taryhy”. Bu özboluşly we adaty däl täsin kitabyň awtory Abul-fazl Muhammet ibn al-Huseýn Beýhakydyr. Ol 386 (996)-njy ýyllar töwereginde Horasanyň Beýhaky obasynda doglupdyr. Beýhaky 412 (1021)-nji ýylda, gaznalylar döwletiniň gülläp ösüp başlan döwründe ar-rasail diwanynda gulluk edipdir. Gazna şäherinde ýigrimi ýyl töweregi bu ugurda resmi hatlary düzüji-mürze bolupdyr. Ol Mesgudyň (1030-1041) soltanlyk eden döwründe seljuklar bilen gatnasyklaryň häderejede bolandygyny gözi bilen gören. Şeýle hem ol seljuklar döwletiniň nädip döränliginiň janly şaýadydyr. Beýhäky 20 ýyla golaý köşkde hoja Abu Nasyr Mişkanyň elinde işläpdir. Abu Nasyr 431 (1039)-njy ýylda ýogalypdyr. Halypasynyň aradan çykanlygyna garamazdan, soltan Mesgut ony öz diwanynda işlemäge alyp galypdyr. Emma kitap bilen tanşylansoň, “Soltan dünýäden gaýdansoň, ol öz işlän wezipesinden çetleşdirilen bolmaly” diýen çaklama döreýär. Bu hakda ol öz kitabynda agzamandyr.Şeýle-de bolsa, soň soltan Abd-ar-Reşidiň 441-445 (1049-1053) häkimlik başyna geçmegi bilen, ol ýene-de öňki wezipesine dikeldilipdir. Beýhäky 470 (1077)-njy ýylda aradan çykypdyr. Ol öz "Taryhyny“ ýaşy bir çene baran döwründe ýazan bolmaly. Sebäbi öz kitabyndaky taryhy wakalary ýüz görmezden we hiç kime elgarama däl adamyň ýazyşy ýaly beýan edýär. Beýhakynyň kitabynyň esasy aýratynlygy, onda gürrüňi edilýän wakalar awtoryň hut özüniň gatnaşmagynda bolup geçenligindedir. Muňa wakalaryň bolup geçen senesiniň örän takyk görkezilendigi hem güwä geçýär. Biz şu ýazgymyzda kitabyň Dandanakan söweşine degişli ýeri hakda gürrüň etmegi makul bildik. 1039-njy ýylyň 23-nji sentýabr güni seljuklaryň aýry-aýry ýerlerde gaýyrýan işleri hakda, olaryň Böri tegine adam kömegini berişleri hakda ýurduň çar künjünden howsalaly habarlar gelip gowşupdyr. Altyndaşyň ogly Handanyňam seljuklar bilen arasyny sazlap, böwetleriň böwsülip, adamlaryň Horasana doljakdyklary hakyndaky gep-gürrüňler howaýy zatlara çalym etmänsoň, 1039-njy ýylyň 9-njy noýabrynda (sapar aýynyň 18-nde, çarşenbe güni) emir Mesgut uly leşger bilen Hyratdan çykyp, Puşanga gelipdir. Şol ýerde goşun hatarlarynyň nyzamyny ýene bir gezek gözden geçiripdir. Şo wagtlar Togrul beg Nişapurda eken. Emir Saraý Sinji diýen ýere baranda ýol ikä bölünipdir.Biri Nişapura, beýlekisi hem Tusa barýan ekeni. Şol ýerde emir Togrulyň öz adamlary bilen Nusaýa gaçyp gitmezligi üçin ony ýolda güpbasdy etmegiň hyýalyna düşüpdir. Şu maksat bilen ol Tus Tabarystanyna barýar. Sadabat diýen ýerde, goşuny gelýänçä, iki günläp garaşmaly bolupdyr. Beýhaky öz ýazgysynda Togrulyň we onuň nökerleriniň münen atlarynyň gaty daýawdygyny aýratyn belläpdir. Haçanda Togrul emiriň Tusa gaýdandygyny eşidende munuň özüni ele salmak üçin edilýändigini bada-bat aňypdyr we emirden sypmagyň alajyny edipdir. Ýöne ykbalyň şonda Togrula gülüp bakandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Gözüniň awusyny almak üçinirkilen emir, agşamky namazdan soň piliň üstünde ýatyp galypdyr. Soltanyň piline esewan edýän adamlar onuň süýji uka gidendigini görüp, emiri biynjalyk etmezlik üçin pilleri haýallyk bilen sürüpdirler. Bu hem Togrulyň peýdasyna bolupdyr. “Eger-de şo gezek ýatyp galmadyk bolsady, emir Togruly ele saljakdy” diýip, Beýhaky ýazýar. “Men hem emir bilen biledim. Biz onuň yzyndan barýardyk. Nuka ýetenimizden soň, emir ertir namazyny şo ýerde okady we Togrulyň yzyndan ýetjek bolup, münüp barýan pilini gaty gyssady. Hojana baranymyzda, daň bilen deprek seslerini eşiden Togrulyň o ýerden zym-zyýat bolandygyny eşidip galdyk” diýip, Beýhaky belleýär. Emir aradan salym geçmänka gelse-de, bary giçdi. Ol elden giderilen pursat üçin özüni günäkär saýypdyr. Şeýle hem, öz töweregindäki adamlara bolan gahar-gazaby diýip-aýdar ýaly bolmandyr. Ony şeýle ýagdaýda öňde-soňda gören adam bolmandyr. Togrulyň we onuň adamlarynyň yzyndan garadan gaýtmaz atlylary kowgy iberse-de, netije bermändir. Şondan soň emiriň özi Togrulyň yzyndan kowmaga başlaýar. Togrul at ýazdyrman diýen ýaly Bawerde gelipdir. Ol bu ýerde öz dogany Dawut bilen görüşýär. Esasy goşun hem ähli goşlar Bawertde jemlenipdir. Wagt geçmän hem soltanyň gelýändigi hakdaky habary Togrul bilen Dawuda ýetiripdirler. Doganlar guma siňmeli diýen karara gelipdirler. "Şonda biz çynymyzbilen kowgy eden bolsasyk, garşydaşlarymyzy alsagam alardyk weli, ýöne Hudaýdan bidin çöp başy gymyldamaýar-da” diýip, Beýhaky ýazýar. Şondan soň emir Nusaýa gelipdir. Nusaýyň howasy emire ýarapdyr, şonuň üçinem ol birnäçe gününişerap içip, wagtyny hoş geçiripdir. Nusaýdan soň emir Nişapura gaýdýar. Beýhaky: “Garşydaşlarymyzyň hem ýagdaýlarynyň o diýen öwerlikli bolmandygyny, howsalaly bolandyklaryny,Togrulyň şo günler ädigini, sowudyny hem aýyrman, galkanyny ýassyk edip, kellesiniň aşagynda goýup ýatandygyny soň eşitdik” diýip ýazýar. Beýhakynyň görkezen senesini milady hasabyna öwürseň, 1040-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda emir Nişapura gelipdir. Olar Şadýah bagynda mesgen tutupdyrlar. Emire golaý adamlaryň biri Suri Togrulyň oturyp giden uly halysyny çapym-çapym edipdir. Beýhakynyň öz ýazgysynda şo günleriň Nişapuryny suratlandyrmagy hem okyjyda gyzyklanma döretmän durmaýar. Ol Nişapuryň öňki gören Nişapuryna asla meňzemeýändigini ýazýar. Şäher boşap galana meňzäpdir. Bir mançöregiň bahasy üç dirheme ýetipdir. Adamlar öz öýleriniň üçeklerini ýykyp, odunyny satmaga mejbur bolupdyrlar. Tutuş maşgalasy bilen ölenleriň sany-sajagy ýok ekeni. Muwafik, hadys tarapdary ymam bolsa Togrul bilen bile şäherden çykyp gidipdir. Şol ýylyň gyşy gaty gazaply gelipdir. Şäherde açlyk başlanypdyr. Munuň ýaly açlygy Nişapurda öňde-soňda gören bolmandyr. Emiriň öz goşunyndanam, garamaýak ilatdanam ölenleriň sany sanardan geçipdir. Muňa garamazdan, emir Nişapurda bolan günlerini şerap içip, wagtyny şady-horramlykda geçiripdir. 1940-njy ýylyň 16-njy mart güni emir Nişapurdan Tusa tarap ýola düşüpdir. Ol bu ýere nowruzyň onunjy güni gelipdir. Onuň goşuny Surhderäniň üsti bilen düzlüge inip, Sarahs tarapa gönügipdir. Togrulyň adamlary hem emiriň ýygynynyň ugruny biljek bolup, olaryň yzyndan galman, garama-gara ýöräpdirler. Her bir gören zatlaryny Togrula ýetirip durupdyrlar. Soltanam olary aňtamagy öz adamlaryna tabşyrypdyr. Emir düzlüge inensoň, biraz salym dynç alyp, şol ýylyň 5-nji maýynda Sarahsa tarap ýola düşüpdir. Beýhaky şonda emiriň goşunynyň düşen ýagdaýyny şeýle suratlandyrýar: “Biz Sarahsa gelýänçäk, ýolda açlygyndan ölüp galan at janawerleriň sany-sajagy ýokdy. Atly esgerleriň haly perişandy. Olar açlykdan we atlaryna iýmiň ýoklugyndan lapykeçdiler. Bu ýere biz şaban aýynyň soňky güni (15-nji maý – A.Ç.) gelip ýetdik. Ýolda ölen düýeleri görüp, ýüregiň gyýylýardy. Weýran edilen şäherdeagyz suwy ýokdy. Bugdaýyň birje başyna gözüň düşjek gümany ýok. Adamlar çar tarapa gaçypdyrlar, gögerip oturan ota gözüň düşmeýär, dag düzlügi misli sürlen ýaly. Em bu ýagdaýa haýran galdy. Emir maslahat çagyrdy. Maslahata wezir, Bu-Sahl, döwlet hadymlary, serkerdebaşylar gatnaşdy. Olar şeýle diýdiler: “Şu gidişine gitse, ne adam, ne haýwan galar. Näme boljagy belli däl”. Muňa emir: “Biziň garşydaşlarymyzyň hem ýagdaýynyň şundan gowy däldigini bilýän” diýdi. Emiriň adamlary oňa: “Hökümdarymyzyň ömri uzak bolsun! Eger biz şu wagt Hyrada barsak, dogry bolardy. Çünki Badhyzda-da, ol ýerde-de iým ýeterlik. Biz şol ýerlerde az salym özümizi raslap, gerekli zatlardan ýükümizi tutup, ýene yzymyza dolansak, göwnejaý bolardy. Duşmanyň amanyny bermezdik”diýdiler. Emir: “Siziň bu diýýäniňiz asla bolanok. Men Merwden başga hiç ýere barjak däl. Duşmanyň barjak ýeri şol ýer. Men bolsa munuň üçin her gün gelip bilemok” diýdi. Olar “Hökümdaryň sözi biziň üçin kanundyr. Ol bizi nirä iberse-de, biz gideris” diýip aýtdylar. Şeýle diýseler-de, adamlar emiriň ýanyndan lapykeç çykdylar. Olar Bu-l-Hasan bilen Mesguty Leýsi emiriň ýanyna ugratdylar.Emiriň muňa gaty gahary geldi we eger kimde-kim şunuň ýaly gürrüň bilen ýanyna gelse,kellesini aljakdygyny gazap bilen aýtdy”. Remezanyň 2-si,juma güni (17.05.1040) emir atyna atlanyp, Merwe tarap ýola düşüpdir. Ýoluň ugrunda atlaryň ysgyndan gaçyşyny, tapdan düşen esgerleriňatlary turuzjak boluşlaryny emir öz gözi bilen görüpdir. Remezanyň 7-si (22.05.1040), öýlänler, töwerekde müňlerçe türkmen esgerleri görnüpdir. Ýynalçylar hemem emiriň leşgerinden gaçyp gaýdan 500 sany atly şolaryň arasynda bolmaly diýlip çaklanypdyr. Böri teginiň serkerdelik etmeginde türkmen atlylary emir goşunynyň dört tarapyny gabapdyrlar. Iki tarapdanam dartgynly garpyşyk başlanypdyr. Türkmenler şol darkaşda uly düýe sürüsini ele salyp, gaçyp ýetişipdirler. Duşman näçe kowgy etse-de, olary ele salmak başa barmandyr. Türkmenleriň düşelgä çenli yzlaryndan garama-gara gelişlerini gören emir duşmanyň özlerinden güýçlüdigine göz ýetirip başlaýar. Öýle namazyndan soň emir adamlary kabul edipdir.Ol öz wezirinden hem-de goşun serkerdelerinden ýaňky bolan wakanyň sebäbini sorapdyr. Oturanlar emiriň bu sowalyna: “Olar bu gezek biziň üstümize duýdansyzlykda çozdular. Ertirem gelip bir görsünler, gözleri nämäni görerkä?” diýip, gidiberjek bolupdyrlar. Emma olaryň bu jogaby emiri kanagatlandyrmandyr. Gürrüň welin, uzaga çekipdir. Şonda serkerdeleriň käbiri goşunda esgerleriň söweşmek isleginiň azlygyndan, olaryň duşman tarapyna geçäýmek meýilleriniňhem ýok däldiginden zeýrenipdirler. Gürrüňiň dowamynda derbi-dagyn bolmak howpunyň bardygyna göz ýetirilipdir. Wezir goşun başlyklardan pugta tertip-düzgüni saklamaklaryny berk talap edipdir. Ol Merwde ýagdaýlaryň gowulanjakdygyna, munuň üçin iki geçelge ýol galandygyny aýtsa-da, goşun serkerdeleriniň käbiri “Öz leşgerlerimiz özümize howp salaýmasa” diýen pikiri ortadan aýyrmandyrlar. Şol gün ýarygijeden soň bolan waka barada Beýhaky şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Türkmenler soltan barada, onuň Sarahsdan çykyp, taýýarlanýan ýörişi hakynda eşidip, howsala düşüpdirler. Togrul öz adamlaryny daşyna ýygnapdyr. Şonda boljak, bolaýmaly zatlar hakda uzak gürrüň edilipdir. Oturanlaryň arasynda: “Sen biziň öňbaşçymyz. “Haýsy zady dogry diýip hasap etseň,biz ony ýerine ýetireris” diýipdirler. Soňundanam: “Ýüklerimizi öňden ugradyp, özümizem Dehistan bilen Gürgene barsak, o ýerdäki täjikler söweşmäge asgyn, şonuň üçinem, ol welaýatlary ele almaly. Eger o ýerleri almadyk ýagdaýymyzda-da, Reýe bararys. Reý, Jibal, Yspyhan özümiziňki. Biz patyşanyň ýurdundan çykyp gitsek, patyşa bizi yzarlamaz. Ol beýik patyşa, onuň goşuny uly. Ol biziň söweş tälimlerimize-de belet. Ol biziň yzymyzdan kowgy etmez...”diýipdirler. Oturanlar munuň bilen ylalaşypdyrlar. Şonda Dawut sesini çykarman oturypdyr. “Seniň pikiriň nähili?” diýip soranlarynda: “Siziň bu aýdanlaryňyzyň bary, gelen netijäňiz hem biderek” diýip, Dawut aýdypdyr. – Ilkiden-ä, biz bu işlere baş goşmaly däldik. Baş goşup, onuň gaharyny getirdik. Uruş tutaşdy. Biz onuň näçe welaýatyny tozdurdyk. Indem diri galmak üçin däl-de, ölüm bilen söweşmeli. Eger biz ondan üstün çyksak, onda ähli zat biziňki, üstün çykyp bilmesek, gaçmakdan başga biziň alajymyz ýok. Elbetde, ol biz ýeňiläýsek, birnäçe wagtlap yzymyzdan aýrylmaz.Şonuň üçin ýüklerimiziolardan daşda saklamaly. Eger biz häzir patyşa bilen söweşe girmän gitsek, onda ol bize “gorkularyna gaçdylar” diýer. Ol biziň yzymyza düşer, welaýatlaryň ählisine biz hakda habar ýetirer. Dostlarymyz duşman bolar. Häzirki biziň açlyk ýagdaýymyz, olarda-da edil şunuň ýaly. Ygtybarly adamdan eşidişimize görä, olaryň ýagdaýy gowy däl. Biziň ýagdaýymyz olaryňkydan gowy. Adamlarymyzam, atlarymyzam dynjyny aldy. Olar indi gumdan çykmaly. Ýaňky aýdanlaryňyz batyrlyg-a däl.. Olardan gorkmak bolmaz” diýip, Dawut aýdypdyr. Ýabgu-da, Togrulam, ýynalçylar-da we beýleki öňe düşýän adamlaram Dawudy goldapdyrlar. Söweşmäge ýaşrak, atlary hem ejizrak iki müň atlyny saýlap, ýükleri gorasyn diýip ýola salypdyrlar. Söweşmek üçin saýlama 16 müň atlyny taýýar edipdirler. Ýynalçylaryň baştutanlygynda öňden gitjekler hem şonuň içinde. Seresaplygy elden bermeli däl. Ýagdaý, hakykatdan-da, hatda ýazylyşy ýaly” diýlip, habarda aýdylypdyr. Muny okap bolan dessine Bu-Sahl atyna atlanyp, emiriň ýanyna ýöneldi. Menem onuň bilen biledim. Emir okap, birsalym oýa batdy, soň “Biziň öňümizde bulaşyk iş ýatyr. Men Hyrada baryp, bu adamlar bilen ýaraşyk gazanmaly. Bi pursat elimizden gitdi. Indi Hudaýyň başymyza salan işini görüberýäs, goşun bary gyrlar. 16 müň atly nirde, biziňki ýaly sowuk-sala, namart goşun nirde!”diýdi. Şonda Bu-Sahl: “Soňy gowulyk bilen gutarar. Merwe bir ýeteliň, şo ýerde hem söweşmeli bolsa söweşeris, ýaraşmaly bolsa-da ýaraşarys” diýdi. Harby geňeşe ähli goşun başlyklary çagyryldy. Hat ýene bir gezek okaldy. Türkmenleriň özlerinden çekinýändiklerini bilip, olaryň birneme ruhlary göterildi. Her edip-hesip edip, Merwe ýetmeli diýlen karara gelindi. Gijesi bilen ýolşaýy tutuldy, serkerdeler esgerleriň ruhuny götermäge çalyşdylar. Ertesi, remezanyň 8-i, penşenbe güni (25.05. 1040) emir atyna atlandy... Biz bir parsah ýol geçsek geçendiris, çepden, sagdan, ähli tarapymyzdangarşydaşlaryň köp sanly atlylary görnüp başlady. Uly darkaş başlandy. Biz olardan goranýardyk, biziň esgerlerimiz zordan söweşýärdiler. Garşydaşlar bolsa örän aýgytly hereket edýärdiler... ...Duşmanyň barha mertlerçe söweşýändigi, biziňkileriň bolsa gowşak darkaş gurýandyklary mese-mälim görünýärdi. Söweşde emir hem, goşunbaşlyklary hem aýratyn tapawutlandylar. Emir elindäki gürzüsini gujurly işledýärdi. Emma goşundakylaryň emiri garşydaşlaryň eline berjek boluşlary weli, ap-aýdyň boldy... Biziň derýanyň kenaryna ýetmegimize ýene 3 parsah ýol bardy”. Emiriň leşgeri derýanyň kenaryna gelip, başly-barat ýerleşipdirler. Bir uly howpuň bardygyndan adamlar eýmenip başlapdyrlar. Hatda olaryň arasynda bir-biri bilen razylaşyp, hoşlaşýanlary hem bolupdyr. Emir bolsa düýbünden ruhdan düşüpdir. Maslahat yzyna maslahat geçiripdir. "Merwe ýene 2 geçelge galdy. Merwe ýetip bilsek, köp zadymyz çözler” diýip, öz-özlerini köşeşdiripdirler. “10 sany türkmen emiriň 500 esgerine bäs gelýär” diýip, Beýhaky ýazýar. Emir soňky gezekki maslahatynda wezirinden “nätmeli?” diýip soranda, wezir oňa “Başda bu ýere gelmegiň geregi ýokdy. Bu hakda näçe aýtdyk. Men özümi öldürip, muny aýdanyma Bu-Sahl şaýatdyr. Indem yza gaýtjak gümanyň ýok. Merwem daşda däl” diýipdir. Irdenki namaz okalandan soň, dep kakylypdyr.Emir Merwe tarap ýola düşüpdir. Beýhaky “Emiriň töwereginde 50-60 sany ätiýaçlyk üçin dromader bilen 300 sany gulam bardy. Pildir ýaraglary ýetikdi” diýip belläpdir. Olar şol gün ýarym parsah ýol geçip-geçmänkäler, dört tarapdan türkmen esgerleri emiriň goşunynyň üstüne çozupdyrlar. “Togrulyň, Ýabgunyň, Dawudyň baýdaklylary hiç ýerde görünmeýärdi. Togrul öz saýlama goşunyny we batyr esgerlerini öňe ýollap, özi hem goşunyň yzynda, söweşe taýýar bolup durupdyr. Biziň adamlarymyz jan edip gaýtawul berdiler. Şeýdip biz günortan bolanda Dandanakan galasyna geldik. Ol ýerde emir bir beýik ýerde aýak çekdi we suw sorady. Beýlekiler hem şeýle durdylar. Garşydaşlarymyz hem hatara durup, bize seredýärdiler. Ilatyň köpüsi galanyň diwarlarynyň astynda görnüp başladylar. Olar elleri suw küýzeli aşak düşdüler. Emiriň adamlary teşneligini gandyrmak üçin suwy işdämenlik bilen içýärdiler. Uly derýalar gurap galypdy, olarda ýekeje nem suw ýokdy. Emir “Atlar içer ýaly suw soraň” diýdi. “Galada 5 sany guýy bar, adamlar içer ýaly suw berýärler. Ýöne galanyň daşyndaky 4 sany guýyny garşydaşlar adam jesetleri bilen dolduryp, olary gömdüler.Rugsat berseňiz, biz olary bir sagadyň içinde arassalarys...” diýip aýtdylar. Emir bu ýerde saklanman, ýene-de ýola düşýär. „Tertip-düzgün bozuldy. Köşk gulamlary düýelerinden böküp düşüp, täjikleriň, aý, garaz, kim ejizräk bolsa, şolaryň ellerinden atlaryny aldylar. Şir belgili 370 atly gulam türkmenleriň tarapyna geçdi. Böri tegin bar wagty bizden geçen gulamlar hem olar bilen garyşdylar. Olar “Ýar, ýar” diýşip gygyrdylar. Özlerem ýaraly haýwan ýaly söweşe girdiler... Biziň adamlarymyz gaçmaga başladylar. Emir bolsa Abdyryzzak, Ahmet Hasan, Bulsahl, Bunasr, Bulhasan hem-de olaryň gulamlary bilen galdy. Men, Bulhasan Dilşat hem şolaryň arasyndadyk. Hajyp Bektugdy bilen gulamlar düýede çöl bilen gaçýardylar. Induslar başga bir tarapa gaçyp barýardylar. Kürtler bilen araplary gören adam ýokdy. Hiltaşy üçünji bir tarapdady. Sag we çep tarapdaky hatarlarda hiç hili tertip-düzgün galmady. Her kim başly-barat gaçyp baryşlaryna: “Başyňy gutar! Başyňy gutar!” diýip, gygyryşyp gaçýardylar. Garşydaşlarymyz bolsa bada-bat biziň ýüklerimize topulýardylar hem hüjüm edýärdiler. Emir gaçman, söweşýärdi. Olar birden emire garşy topuldylar, emir bolsa gaty mertlik bilen darkaş edýärdi. Onuň elindäki gürzi degen ýerini ýok edýärdi. Onuň üçin adam bolsun, haýwan bolsun, parhy ýokdy. Birnäçe gezek garşydaşlar emiriň üstüne topulyp, oňa golaý geldiler, emir olary yza serpikdirýärdi. Eger şo gezek müň sany edermen atly emiri goran bolsady, şol jeňde emir üstün çykardy. Emma onuň töwereginde şeýle batyrlar ýokdy. Men söweş gidip durka, emir Maudyny (emiriň ogly – A.Ç.) görüp galdym. Ol eli ýalaňaç gylyçly: “Eý, namartlar! Heý, bolmanda, birnäçe atlyňyz meniň ýanyma geliň!” diýip gygyrýardy. Ýöne ýekeje-de atly esger oňa kömege barmady. Ol atynyň ýüzüni duşman bilen garpyşyp duran atasynyň ýanyna öwürdi. Soltan bilen täjik gulamlar, aýratynam hajyp Abdyryzzagyň uzyn boýly gulamy edermenlik görkezdi. Arman, bir türkmen onuň yzyndan gelip, gürzini arkadan saldy.Gulam ýere ýazyldy. Şobada birki sanysy gelip, onuň atyna we ýaragyna eýe çykdylar. Gulam jeň meýdanynda mertlerçe wepat boldy. Türkmenler bilen gulamlar bu beýik heläkçiligi bahym amala aşyrmak üçin barha we barha hüjümlerini artdyrýardylar. Abdyryzzak hem, Bulmasur hem, beýlekiler hem: “Hökümdaryň ömri uzak bolsun! Indi bu ýerden başyňy gutarmasaň bolmaýar” diýdiler. Hajyp jamedar türkçe: “Hökümdar eger şumat başyny gutarmasa, duşmanyň eline ýesir düşýär” diýdi. Haçanda Merweruda gelenimizde, muny aýdan hajybyň ödi ýaryldy. Emir atyny debsiläp geldi-de, howuza tarap ýola çykmagy buýurdy. Gurap giden suwsuz derýanyň ugry bilen atlarymyzy çapdyryp barýardyk. Biziň ugrumyz bilen gaçyp barýan adamlar halas bolupdy. Ýöne beýleki ugurdakylaryň hemmesi ýesir düşdüler... Emire men howzuň ýanynda gabat geldim. Emiri görüp, ol bu ýerde goşuna serenjam berjekdir diýip pikir etsem-de, bu boljak zat däldi. Gitmäge taýýarlyk görülýärdi. Adamlaryň hersi bir ýerden gelip, ýuwaş-ýuwaşdan toplanyşýardylar. Bu günortan namazyna çenli dowam etdi. Türkmen we türk atlylary göründi. Olar emir bu ýerde aýak çekip, özüni dürsänden soň yzyna dolanyp, söweşe girjekdir öýtdüler. Emir bolsa gardaşy hem ogluny, beýleki serkerdelerdir tanymal adamlary ýanyna alyp, ata atlandy-da, adamlary tozana garyp gitdi. Emir iki sany garçystanly ýol beledi hem öz ýanyna alypdy. Atynyň ýüzüni bolsa gala tarap öwrüpdi. Türkmen atlylarynyň bir topary uzaklardan göründi. Beýlekisi yzda galan ýükleri talamak bilen meşguldy. Haçanda Gün gyzaryp başlanda emir bol suwly howdanly ýere geldi. Men bu ýere agşamky namazda geldim. Emiriň dromoderde gitmek meýliniň bardygyny bilip, ony taýýarlap goýan ekenler. Oňa on alty sany at goşulypdyr. Türki hajyp onuň yzy bilen gidip, ysgyny gaçan atlara hemaýat berýärdi. Bu atlar örän gymmatly atlardy. Haçanda men bu ýerik gelemde, birtopar adama gözüm düşdi. Men olara tarap ýöneldim. Görsem, bular wezir, ariz, Bulfatih Razy, Bulsahl, Ysmaýyl dagylar eken. Olar meni görüp, “Biz ýöreýäs” diýdiler. Olar meniň ýagdaýymyň gowy däldigini görüp, “Gitseň, gel, mün” diýip, özleri bilen äkitjek boldular. Men “Gaty ýadadym” diýdim. Şo wagtam “Howlugyň, emir ugraýar” diýen sesler eşidildi. Olar şeýdip gyssanyp gitdiler. Men hem olaryň yzlaryna düşdüm. ...Biziň gören bu görgülerimizi bilmek üçinem, doly gürrüň bermek üçinem köp wagt gerek bolardy, hatda bir ömrem ýetmezdi diýip pikir edýärin... Remezan aýynyň 16-synda juma güni (31.05.1040) emir bu ýere gelip, düşelgede iki günläp eglendi. Geljekler gelip bolansoňlar, öýle namazyndan soň biz 70 adam bolup, Gura tarap ýola düşdük. Emir hem ýarygijeden soň, biziň yzymyza düşüp, Gura tarap ýöredi. Ertir daňdana çenli bir menzil ýol geçdik...”. Beýhaky gürrüňiniň ahyrynda emiriň ýeňlip gaýdan ýeri bolan Dandanakanda türkmenler çadyr dikip, tagt bina edilendigini ýazýar. Togrul beg tagta geçip oturypdyr. Ähli derejeli adamlar Horasanyň hökümdary hökmünde oňa tagzym edipdirler. Seljuklar türküstanly hanlara, türküstanly ýokary derejeli adamlaryň ählisine öz ýeňişlerini buşlap, çapar iberipdirler. Muny Beýhaky ýörite belläp geçipdir. Şeýle hem Beýhaky aňtawçylaryň habarlaryna esaslanyp, Togrulyň Nişapura gitmek meýliniň, Ýabgunyň ýynalçylar bilen Merwde galjakdygyny, Dawudyň hem esasy goşun bölekleri bilen Balha ýöriş edip, Balhy we Toharystany boýun egdirjekdigini hem ýazýar. Beýhaky Dandanakan söweşi hakda jikme-jik ýazyp, ýeňlişe sezewar bolan emiriň uly bir goşundan galan galak-gaçak bölegini tertip-düzgüne salandygyny hem belläp geçipdir. “Gur şäheriniň ilaty emiriň öňünden çykdylar, naz-nygmatdan oňa hezzet-hormat etdiler. Şol ýerde-de emir türküstanly hanlara bolup geçen wakalar dogrusynda hat taýýarlamagy Beýhaka tabşyrypdyr. Beýhaky: “Şonda men ol wakalar barada, gep iki çykmaz ýaly, çynyňy ýazmaly” diýip, öz içimden pikir öwürdim. Biziň hatlarymyz barýança, garşydaşlarymyzyň çaparlary o ýerlerde bolarlar. Olar öz ýanlary bilen harby nyşanlaryny we baýdaklaryny alyp bararlar. Çünki şeýtmek türkmenleriň öňden gelýän däbi” diýip, Beýhaky ýazypdyr. Gürrüňi edilýän Dandanakan söweşi hakyndaky wakalar ar- Rawendiniň „Rahat as-sudur wa aýat as-sudury“ atly kitabynda hem öz beýanyny tapypdyr. Dandanakan söweşini gözi bilen görüp, ony gyzgyny bilenem kagyza geçiren Beýhakynyň kitabyndan ýüz ýigrimi ýyldan gowrak wagtdan soň ýazylan Rawendiniň kitabyndaky wakalara ser salmak gyzyklydyr. Bu kitap seljuklaryň taryhy barada ýazylan az sanly işleriň biri. Onuň awtory Abu Bekir Muhammet ibn Aly ibn Suleýman ar-Rawendiniň doglan we ýogalan ýyllary näbelli. Bölek-büçek terjimehalyndan görnüşine görä, ol Yspyhanda ýaşan alymyň maşgalasynda önüp-ösüpdir.On ýylyň dowamynda ol Gurhany, hadyslary gowy öwrenýär, arap, pars edebiýatyna belet bolýar. Seljuklaryň soňky soltany Togrulyň köşgünde meşhurlyga eýe bolýar -- 571-590 (1175-1194)-nji ýyllar. Horezm şasy Muhammediň 590 (1194) nji ýylda pars Yragyna girmegi hem-de soltan Togrulyň ölümi sebäpli, ol Hemedanda ýalňyzlykda ýaşaýar. Kiçi asyýaly seljuklaryň Konýada tagta çykmagyna ýüregi bilen begenýär. Ol bu eserini hem tagta çykan Abu-l-Faht Keýhysrow ibn Gylyç Arslana bagyşlaýar. Ar-Rawendi öz eserini 599 (1202-03) nji ýylda başlap, 601 (1204-05) nji ýyl töwereginde ýazyp gutarýar. Türk soltany Myrat II (1421-1451) döwründe „Rahat as-sudury“ türk diline geçirilipdir.1921-nji ýylda tekstiň türkmenlere degişli ýerleri Muhammet Ykbal tarapyndan doly neşir edilipdir. Kitapda soltan Mesgut Hindistandan Gazna dolanyp gelende, seljuklaryň işleriniň rowaç alýandygyny eşidip, Horasanyň emirine çapar iberipdir. Ol seljuklara garşy uruş yglan etmegini, olary Horasandan çykarmagyny emirden talap edipdir. Horasanyň emiri muňa "Men we meniň ýaly adamlaryň hiç birisi-de seljuklara diýenini etdirip bilmeýär“ diýip jogap iberipdir. Emiriň bu jogaby soltanyň gaharyny getiripdir we ondan özüne tabşyrylan permany ýerine ýetirmegi gaty berk talap edipdir. Horasanyň emirine başga alaç galmansoň, ol buýruga boýun bolup, goşunyny aýaga galdyrypdyr. Emiriň leşgeri şol söweşde ýeňlişe sezewar bolupdyr. Soltan Ruhn-ad-din Abu-talib Togrul-beg Muhammet ibn Mikaýyl ibn Seljuk 424 (1033) -nji ýylda Nişapura häkimlik edip başlaýar. Rawendiniň ýazmagyna görä, Togrul beg özüniň häkimlik edip bilýänliginiň ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Soltan Togrul beg we beýleki seljuk soltanlary at-abraýly wezirleri, hajyblary, din hadymlaryny öz ýanlarynda saklapdyrlar. Onuň wezirleri – Salary Bujgan Abu-l-Kasym Kubany, Abu-Ahmet Dehistany, Amruk, Amit-al-mülk Abu-nasr al-Kundurydyr. Onuň möhürinde serdesse şekillendirilipdir. Ol ýigrimi alty ýyllap patyşalyk edipdir. Onuň hökümdarlygy ykrar edilip, at-owazasy ýaýrap ugraýar. Bu ýagdaý Mesgudyň gulagyna degýär. Ol leşger ýygnap, Gaznadan Tusuň we Teginabadyň üsti bilen Horasana öç almak üçin gaýdýar. Şo wagt Togrul beg Tusda eken. Soltan Mesgut iki doganyň birleşmegine ýol goýman, Togrul begiň üstüne hüjüm etmegi göz öňünde tutýar. Şonuň üçin hem, ol garaňky gatlyşandan ýüwrük piliniň üstüne münüp, atly leşgeriň öňüne düşüp, niredesiň Tus diýip ugraýar. Tus bilen aralyk bolsa 25 farsah ýol. Piliň üstünde gidip barýarka irkilýar, uka gidýär. Pil hem öz maýdalyna gidip barýar. Soltany oýarmajakdan bolup, pili howlykdyrmaga hiç kim milt edip bilenok. Daň atan çagy Togrul beg bilen Çagry begiň birleşen habary gelýär. Muňa gahary gelen soltan pile göz-gulak bolmaly adamy itden çykarýar. Ol ýerden yzyna dolanan Mesgut çölde, Sarahs bilen Merwiň aralygynda seljuklar bilen söweşe girýär. Bu çöllügiň birnäçe ýerinde suw bar eken. Seljuklar o guýularyň suwuny çekip,özünem gömüp goýarlar... Mesgudyň nökerleridir atlary teşnelikden horlanýarlar, garşydaşlarynyň hüjümlerine döz gelibilmänem, yzlaryna gaçyp ugraýarlar. Mesgudyň täk özi galýar. Mesgut gaçmak bilen bolýar. At ony zordan göterýänligi üçin ol piliň üstüne münýär. Ok-ýaraglardyr ýükler, ähli gymmatly zatlar duran-duran ýerinde galýar. Soltan Mesgut gaçyp barýarka, bölek-bölek türkmen nökerleri onuň yzyndan kowýar. Ol pilden düşüp, ata atlanýar-da, söweşe girýär. Seljuklar ýeňiş gazanandan soňra, hasam güýçlenýarler. Leşger sany artýar. Ýurtda olara hormat bilen garaýarlar, olaryň patyşalygy ykrar edilýär, allanäme hökümdarlyk edip başlaýarlar. Çagry beg bilen Togrul beg ikisi, olaryň ýabgu kalýan (uly ýabgu) diýlip atlandyrylýan agalary Musa ibn Seljuk, agalarynyň çagalary, tanymal garyndaşlary, leşgerbaşylar bir ýere ýygnanyp, geňeş edýärler. Birek-birek bilen ylalaşykda ýaşamak üçin bir çukura tüýkürýärler. "Meniň eşidişime görä, Togrul beg öz doganyna bir peýkam uzadyp: "Şuny döw“ diýýär. Dogany ony şart-şurt edip döwýär. Togrul ikisini uzadýar. Onam şeýdýär. Üçüsini berende, oňa döwmek birneme kyn düşýär. Dördüsini birden döwmeli bolanda weli, döwüp bilmeýär. Togrul beg şonda: "Şundan özüňe tymsal al: agzymyz ala bolsa, islendik adam bizi depeläp biler, eger agzybir bolsak, onda biziň golaýmyza gelip biljek bolmaz. Eger agzymyz ala bolsa, onda dünýä bize boýun egmez, duşman bizi ýeňer, şalyk elimizden gider“ diýip aýdýar“. Şondan soň olar birleşip, ymam Halyf al-Kaýyma hat ýazypdyrlar: "Seljuk urugyndan bolan biz Siziň sadyk guluňyzdyrys. Biz hemişe-de Size boýundyk. Biz hemişe kapyrlara garşy uruşdyk, elmydama-da keramatly Käbä zyýarat etdik. Biziň Ysraýyl ibn Seljuk atly abraýly agamyz we baştutanymyz bardy.Ýamin-ad-daula Mahmyt ibn Söbiktegin ony hiç bir günäsiz ýerinden ýesir alyp, Hindistana, Galanjar galasyna iberdi. Mahmyt ony tä ölinçä, ýedi ýyllap zyndanda saklady. Ol biziň dogan-garyndaşlarymyzyň köpüsini zyndanlara atdy. Mahmyt ölenden soň, onuň ýerini ogly Mesgut eýeledi. Ol döwlet işlerinden çetleşip, keýp çekdi, heleýbazlyk etdi. Şonuň üçin hem, Horasanyň din hadymlary we atly-abraýly adamlary özlerini goramagy bizden haýyş etdiler. Onuň leşgerleri biziň garşymyza çykdylar. Biz hüjümem etdik, yza-da çekildik, ýeňildigem, ýeňdigem. Soňky sapar Mesgut köp leşger ýygnap, biziň üstümize geldi. Hudaýyň kömegi bilen bagtymyz getirip, biz ondan üstün çykdyk. Derbi-dagyn edilen Mesgut masgara bolup gaçdy, tugy ýere gaçdy, döwleti bolsa bize galdy...“ Bu haty olar yhamdar adamdan – Abu-Ishak al-Fukkaýydan iberipdirler. Şo wagt Salary Bujgan hem wezir, hem-de köşkdäki ähli işleri dolandyryjy eken. Hat iberilenden soň seljuklar öz aralarynda welaýatlary bölüşipdirler. Welaýatyň her tarapy bir häkime paýlanypdyr. Çagry beg ulusy bolansoň, Horasanyň uly bölegini özüne alyp, Merwi paýtagt edinipdir. Musa Ýabgu Kalýana Bust welaýaty, Hyrat, Seýistan we onuň çäkleri berlipdir. Çagry begiň ogly Kawarda Tabas welaýaty hem-de Kerman ülkesi berlipdir. Togrul beg Yraga gidipdir. Onuň enebir dogany Ybraýym Ýynal, ýegeni emir Ýakudy hem-de agasynyň ogly Gutulmyş Togrul begiň leşgerinde gulluk edipdirler. Togrul beg Reýi eýeländen soň, ony öz paýtagty diýip yglan edýär. Ol Ybraýym Ýynaly Hemedana, emir Ýakudyny Abhara, Zengana we Azerbaýjanyň çäklerine, Gutulmyşy bolsa Gürgen welaýatyna we Damgana häkim edip iberipdir. Ine, gadyrly okyjylar, biz gaýratly we edermen ata-babalarymyzyň öz garaşsyzlygy, özbaşdaklygy ugrundaky gahrymançylykly göreşleriniň käbir sahypalaryna ser salyp geçdik. Elbetde, bu göreşiň olara ýeňil düşmändigi bize belli. Şonda-da olar agyr kynçylyklaryň öňünde dyza çökmändirler, ýowuz duşmana baş egmändirler. Özbaşdaklygy, erkinligi hemme zatdan eziz görüpdirler. Şonuň üçin hem beýik Oguz hanyň batyr nesilleri öz maksatlaryna-da ýetipdirler. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |