14:25 Däneler | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ DÄNELER Asmanyñ açygyn söýdüm, Gyzlaryñ alçagyn söýdüm. Müñ öýüñ duzuny datdym, ~ Öýümiñ saçagyn söýdüm. * * * Gelinleriñ arasynda Göz eglendi agrasynda. Müñ gülüñ tohumyn gördüm Ýazyñ ýüpek göwresinde. * * * Agşam ýatdym mukam diñläp, Säher turdum mukam diñläp. Pikir etdim, saz bolmasa, Goja heññam gider zeñläp. * * * Takdyr maña şeýle dosty bersedi, Görünsin halymyñ agyr pursady. Diýýänimden biri bardy hem welin, Olam indi özün tutdy, dürsedi... * * * Sen aýdan, ýyldan dilgir, Ýagyşdan, ýelden dilgir. Ýolumda böwet diýip, Garga bilbilden dilgir. * * * On altynda bakdym dünýäñ ýüzüne, Ýekeje göz ildi şonda gözüme. Elli ýaşda etdim on minut gezim ~ Müñ bir perizada sataşdy gözüm. * * * Güler ýüzi bardy, ýaz ýaly göwni. Illi-günli, dostly-ýarly ýigitdi. Pul bilen ganybir garyndaş boldy, Deregine başga bir zady ýitdi. * * * Ilçilikdir, aýnan kişi aýnasyn, Inçelen inçelsin, ýognan ýognasyn. Juda janym ýakyp, gargynamda-da, Men diýerin: "Ah, köküñiz ýaýrasyn!" * * * Seniñ maña ýaramaýan tarapyñ, Juda çökder bolýar edýän talapyñ. Seniñ ikinji bir erbet tarapyñ, Ýetmesiz ýerlere ýetýär tanapyñ. Onsoñ üçünji bir ýetmez tarapyñ, Bolmaz eken sende takat-tagapyl. Üstüne-de, iñ bir ýaman tarapyñ, Diýýäñ: "Bu häsýetler Alla tarapyn..." * * * Küren obañ, uly iliñ içinde Onuñ birje kişä göwni ýetýärdi. Şol göwni ýetýäni del adam däldi, Ol özüni göz öñünde tutýardy. * * * Ýüzi düýäñ dabanyndan ýuka däl, Her gulagyñ gurşuny bar bir gadak Bir haýkyrdy, sesi Çyryşla ýetdi: - Nähili deýýus, siz! Nähili gödek! * * * Jenaýat kodeksin maddama-madda Ýatdan aýytmaga gelýärdi hötde. Öýünde-hä şol kitabam ýok welin, Başga ýerde okandyr-da, elbetde. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |