DAŞARY ÝURT ŽURNALYNDAKY SURAT
Bir adam dur tebigatyñ goýnunda,
Giden gülli meýdan töwerek-daşy.
Ýüzi-hä irimçik, özi edenleç,
Şondan gelenem gör, buýsançly başy.
Juda ussat suratçynyñ işi bu.
Durmuşa guwanýan, dünýäni söýýän
Bir kişiñ öñümde durandygyny
Serede-serede men oñat duýýan.
Gören ýüzüme-de meñzäp barýar ol,
Şeýle dünýesöýer, şeýle owadan...
Göwnüñe şeýleräk bolup görünýär
Hergiz tanyş bolmasañ-da owaldan.
Mümkin, hudožnikler,
Mümkin, fermerdir,
Garaz kimdigini bilemok weli,
Duýşuma görä öz gadryny bilýän
Bir açyk ýürekli adam bolmaly.
Hawa, ol kişiniñ şeýledigine
Bilmen, nämüçindir, ynanýan gaty.
Adamyñ ýüzüne siñe seretseñ,
Bir zatlary añmak bolýar ahbeti.
Tekrarladym ýene, añladym ýene:
Bu dogry gep ~ adam adama ýat däl.
Adam bir-birine şeýle bir meñzeş!
Arman, ýakynlaşmak ýeñil bir zat däl.
Bir seretseñ, adam adam bilen daş,
Bir görseñem, olar şeýle bir ýakyn.
Oñuşmagyñ juda zerurdygyny
Subut etmek añsat,
Oñuşmagam kyn.
* * *
Tamamlanyp barýar tutuş bir asyr.
Ömür şuwlap barýar ok ýaly.
Döwür!
Bizi nirä alyp barýarsyñ,
Taýýarlaýañ bize niçik ykbaly?
Täze müñýyllyga dikilýär nazar,
(Arzuw etmek añsat,
Oña ýetmek kyn).
Bie säw bilen bagtym çüwüp birdenkä
Şol asyryñ ýüzün görmegim mümkin.
Özünden başga-da bir adam sygýan
Ömrümiñ ýarpysyn ýaşan otagym,
Hem-ä kitaphanam, hem kabulhanam,
Hem iş kabinetim, hem-de ýatagym,
Täze müñýyllygyñ çigrek dañynda
Senden örmek nesip etsin, ylaýym,
Palawy mydama zeýtun ýagyna
Bişirmegi endik eden aýalym ~
Meger, haýyş eder zala geçmegi
Sebäbi üç adam ýerleşýär zalda.
Bahasy ýyl-ýyldan gymmatlap barýan
Wagt, şuny arzuw edýän hyýalda.
Bilemok, sen näme taýýarlaýarsyñ,
(Arzuw etmek añsat,
Oña ýetmek kyn).
Men päli pes adam, ykbal göwnese,
Täze ýüz ýyllyga ýetmegim mümkin.
Meniñ öz asyrym paýawlap barýar,
Goý indikä eýe bolsun ogullar.
Hernä abat bolsun, döwletli bolsun
Öñdäki menziller, öñdäki ýyllar.
Täze ýüz ýyllykda ýaşajaklaryñ
Hernä biziñkiden giñ bolsun jaýy.
Hernä şu asyrda galsyn gödeklik
Indikiler bolsun herne sypaýy.
Şu asyrda galsyn soñsuz wadalar.
Işler rowaç bolsun,
Döwür ~ mylaýym.
Ili söýüp hem söýdürip ýaşamak
Entek bize nesip etsin ylaýym!
Jaýyñam barmy ~ bar...
Aşa zeýrenseñ
Sakgal agararmyş...
Mydar mydardyr.
Muña-da şükür et, Berdinazar jan,
Baky barjak öýüñ mundanam dardyr.
Goşgular