18:30 Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti | |
DAŞARY ÝURTDAN GELEN TÜRKMENIÑ AŞGABATLY GARYNDAŞY BILEN SÖHBETI
Goşgular
—Eýesin depermiş semrände eşek. —Aý, öz eşegmiz-dä, gylaw alýa-da. —Hany, namysa-da ýeten ýaly şek? —Aý, namysdan ölen barmy, bolýa-da... —Millet guldan beter ezilýän eken. —Ýene şükür, türme mundan aňsatmy?! —Adam hukuklary bozulýan eken. —O diýýäniň näme, iýilýän zatmy?! —Gabra itýärmişler ýuwaş-ýuwaşdan, —Aý, göni gyrmaga çekinerler-dä. —Saňa nä ýetenok bolelin aşdan?! —Aý, bir boldum edip, çekilerler-dä. —Duluňdaky saçagam-a boş ýatyr! —Aý, iliňem bizden artyk güni ýok. —Alnyňda bahar ýok, diňe gyş ýatyr! —Aýlawly gürleme, hiç zat bilemok. —Öýüň iç-daşam-a kirmi, hapamy? —Oňa derek asmanymyz arassa. —Haçan doýurjak ol ýeke gapany? —Aý, iýse-iýsin-dä, ýetim neresse. —Bilýäňmi haýwanyň iň bir mekirni? —Goýsana şu gepi, gözüm çekedir. —Dur onda, Hudaýyň ikimi, birmi? —Allajan ýekedir, özem—tekedir! Şirаly NURMYRADOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |