DAŞDEŞEN
Gezen derýa oturan gūmra diýleni. Dostlarym bilen daglara syýahat etmegi otursak-tursak heñ edip ýörenem bolsak, hiç ugrugy bermedi. Ahyry özūm ugruna çykmaly boldum.
"Ýola çyksañ ýoldaşyñy dūzet" diýlenini tutup, göwūn halar, biri dil bilýän, beýlekisi ýol bilýän, il halar dostlarym bilen ýola çykdyk.
Minnetsiz, maşynymyzam guşdan ūrkūp duran göwnūñdenem ýokarda atylyp barýar.
Biz gezelenji Gyzylarbat etrabynyñ dag obalaryndan başlamagy mūwessa bilip Hojagala tarap ýöräp ugradyk.
Dag ýollaryna belet sūrūjimiz, maşyny gyssaman deräñ içi bilen sūrūp barýar. Ūstūmize abanyp duran gaýalary synlap barýarys. Ýoly ýarpylaberenimizde, hamana, geleni-gideni hasaba alýan serhetçiler ýaly, äpet guşlar ganatlaryny ýaýman, aşak -ýokaryk iýnişip, bizi garşyladylar.
Ymarat obasyny daşyndan synlap oñduk-da, deñinden geçip gitdik. Gūn ýaşmaga az galanda Bendesen obasyna, köne dostumyzyñ öýūne myhman bolduk. Bizi gūler ýūz bilen hormatlap myhman aldylar. Hal-ahwal soraşyp, gijàñ bir çenine çenli oturdyk.
Dag adamlary myhmansöýer ekeni.Bizi hormatlap goñşy-golamlary salama gelip, gije çenli söhbetdeş boldular. Öýūne myhmançylyga çagyranlaram boldy.
Ertesi ir bilen, öý eýesi bize dag içiniñ täsinliklerini görkezmäge, biz bilen gaýtdy. Biz, Garrygowaga gelip dūşdik.
Ine-de, Magtymguly Pyragynyñ waspyny eden, şo-ol Garrygowagy. Bir tarapy açyk bassyrma meñzeş. Gowagyñ içinde dag jerenleridir çekene mallaryñ saýalaýandygy mese-mälim görnūp durdy.
Beýle ýanynda her şahasy ineriñ bilindenem ýogyn, mūñ ýaşly, (belki-de adam ata duşly) uzyn boýly çynarlar, mūñ ýyllyklaryñ salamyny gowşurýan ýaly, çala başlaryny yrap durlar. Çūýjūkli miwesinden hödūr edip, şahalaryny sallap duran dagdan agajynyñ miwelerini eliñi uzadyp alyp durmalydy (dagdanyñ miwesine çūýjik diýilýär)...
Gudrat göreýin diýseñ daglara bar diýleni. Ynsanlara ybrat almaga tebigatda zat kän.
"Bir karary bolan berkarar bolar" diýleni . Bag bir ýerde oturmasa hasyl bermez- diýýärdi atam.. Köki daşda köñli bossanly daragtlar, daşa kökūni urup, miwesine sūýt, sůýji tagam berýän bu baglardan neneñ ybrat almajak. Men bu gözellikleñ täsirinden çykyp bilmän durşuma, ýoldaşlarymyñ çagyranyny-da eşitmändirin. Ikilenç çagyrdylar.
Olar gowagyñ sag tarapyndaky dik gaýañ ýūzūnden hat okajak bolýan ýaly bir nokada garap durdylar.
Men baramsoñ, olar maña garap:
- Aşyr, hol gaýañ ýūzūndäki höwūrtgäni görýärmiñ?!
- Hawa görýärin.
- Ana, şol Daşdeşeniñ howūrtgesi. Şony almanyñ ebeteýini tapman durys-diýdi. Men dūşūndim. Ýoldaşlarymyñ biri belli mirasgär, muzeý işgäridi. Men kes-kelläm garşy boldum. Olar Daşdeşeniñ höwūrtgesini okuwçylara görkezip, guşlaryñ bu hupbatly zähmeti hakynda gūrrūñ berip, höwūrtgäni muzeýde eksponat hokmūnde goýaslarynyñ gelýänine-de dūşūndim. Olaryñ maña haýyş edip durmasy hem birgeñsidi. Hamana, men eýesi ýaly.
Teý ahyry, ūçūsi ūç ýerden özelenişip duransoñlar ylalaşmaly boldum. Iñ ýaman ýerem, "öz eliñ bilen alyp ber" diýdiler. Eginlekden, etli ganly, pälwan sypat şofýor ýoldaşymyñ egnine mūndūm-de, gaýa söýenip durdym. Elime çekiçdir demir sūmeri alyp höwūrtgäniñ daşyragyndan tyrk-tyrk edip goparmaga başladym. Gaýañ ýūzūndäki oýuk ýeriñ daş töweregini gipsden palçyk edip, jūrūndigi bilen gūberçek formada ýasaýşyny görsediñ. Eger, eger... Goparmag-a beýle-de dursun, ellemäge-de dözer ýaly däldi. Bir ýerden gipsi tapmaly. Agzyñ bilen suw daşap palçyk edip, jūrūndigiñ bilen sūnnäläp gūberçek formada ýasamak ūçin dizaýner bolmaýsañ....
Men usullyk bilen ketegiñ agzyny açdym. Heniz ýaşalmandyr. Täze çatynja ūçin niýetlenen borly. Içine maýdajyk tūýdūlen otjagazlardan dūşelen ekeni. Agzyna-da dagdanyñ çybygyndan "Girmek gadagan" diýlen ýaly atanak gerdelipdir. Görsene muny! Meniñ şobada, öýmūzdäki sallançak göz öñūme geldi. Ejemiñ bizi gözden dilden gorasyn diýip, dakyp goýan dagdanjygy ýadyma dūşūp elimdäki sūmeri sypdyranymy duýman galdym.
Meni egninde göterip duran ýigidiñ gulagyny gyrdap ýere gaçdym.
Görsene muny! Yrym etmek ynsanlarda bardyr diýip pikir edişim ýalñyş eken-ä... Özūniñ polat ýaly çūnkidir aýaklary bilen daşdeşen-ä daşy köwūp gaýañ ýūzůnden,(tekiz ýerem däl) öý ýasanmaly, akylyny göwhere deñeýän bir ynsanam ony ýykmalymy? Garaż höwūrtgän-ä goparyp ellerine berdim-de, ýere dūşūp, birine- de söz gatman maşyna tarap ýöräp gaýtdym. Ýoldaşlarymyñ näme karara gelenini bilemok. Bizi myhman alan dostumyz bilen şol ýerde hoşlaşyp, ýene ýola dūşdūk. Indiki barjak obamyz Saýwan obasydy. Bu oba giren ýeriñde, bugdaýy orulyp, mal örūsine öwrūlen meýdana gözūñ dūşýär. Her kim içki oýlanmssy bilen dymyp barşymyza, birden maşynymyz saklandy. Şofýor ýigit bize seredip:
- Bäh, eşek sūrūsi bar diýseler ynanmazdym. Sygyrlar hezil edip otlap ýör diýjek boldum weli bular eşek sūrūsi eken-ä!
Her kim bir zat diýdi. Meniñ pikirimçe eşekleñ arkasyna şemal çalan bolsa, adamlar birneme gurplanan bolmaly. Her kim maşyndyr motor edinendir.
Bah, janawerler... Dyzynyñ bekärine- de garaşman ýūk urlup ýagyr bolan janawerleñ gerşiniñ ýarasydyr biliniñ ýagry bitewersin. Eti haramam bolsa hyzmaty halaldyr. Muña eşek diýesiñem gelenok. Kakam pahyr-a eşege garyp galdyran diýýärdi.
Gurbangeldi aga diýerdiler bir goñşymyza:
- Bäş tūmenlik eşegim bar, bäş mūñ tūmenlik abraýym bar-diýýärdi.
Goý, ine-gana gezibersinler.
"Eşek arpadan doýup ölse, özūni şehit saýar"- diýip ýöne ýere aýdylan däldir. Añyrsynda bir hakykaty bolmaly oñ.
Biz bu gije muzeýçi ýoldaşymyñ bile okan ýoldaşynyñkyda myhman boldyk. Gowy adamlar ekeni, gujak açyp myhman aldylar. Söwūş edip, oba adamlarynam çagyryp hezil berdiler. Gije-de bir çaka bardy diýip, obadaşlary biz bilen hoşlaşyp gitdiler. Dūşek atylansoñ menem ýerime geçip ýatdym. Ýadawlykdanmy, nämemi, esli wagt ýatyp bilmän, ahyry uklapdyryn...
- Ynha, hälki höwūrtgäñ ýany. Beýle ýanymda maşynymyz dur. Men maşyna tarap ýöräp ugranymam şoldy welin, ūstūmden pasyrdap indi bir bela. Ganatlary bilen ýūzūme urýar hem aýaklary bilen depämi dyrnap deşäýjek bolýar. Men zordan özūmi maşyna аtdym.
Garrygowagyñ agzynda ūýşūp oturan bir sūrū guşlara gözūm dūşende bar zat dūşnūkli boldy. Bular, hamana alamançylardan goranmaga ūýşen oba adamlaryny ýadyma saldy. Wah, göwnūme getirenim alnyma geläýmelimi diýsene. Elimi degirjek däldim şol ketege. Bular şol tūpbozar talañçyny ýesir alyp, indi jeza bermäge gelipdirler. Olar maşyny çala kakdyryp uçup geçip, uly gykylyk bilen daşymy gabadylar. Bir zatdan gorksam doga okaýardym. O dagy diliñe geläýse nädersiñ. Birdenem imisalalyk boldy. Bir uly guş maşynyñ ūstūne gelip gondy. Megerem serdarydyr. Indä bolaýdy öýdýän, diýenim şoldy welin, olañ barysy maşyna urdylar özlerini. Ozalam ýapgydyrak duran maşynyñ aşak tigirlenip gaýdanynam duýmandyryn, edil gorpuñ gyrasyndan inensoñ görūp ýetişdim. Indi giçdi....Waýý..
Çirkin sesime öýūñ eýesi oýanyp:
-Basyrganýañyz, turaweriñ inim! -diýip başujymda duran ekeni. Utanyp, daş çykyp gitdim. Dolanyp gelsem barysyny örūzūpdirin.
- Näme boldy- da näme boldy - diýip, sorag baryny berdiler. Men bolan wakany gūrrūñ bermekden saklandym-da:
- Özūmem haýran- diýip, başdan sowma jogap berip oñaýdym. Içimden bolsa, öý eýesiniñ bu wakany eşidäýse:
- Päheý-de weli. Meniñ myhman diýip söwūş edip hormatlan adamlaryma tūpbozar alamançy ekeni-diýäýmesin diýip, howatyr etdim-de, bu syry açman özūm bilen alyp gaýtdym. Meñki nädogry bolaýmagam ahmal. Ýöne meniñ:
Mūñ ýaşly çynarlar dag erenleri,
Ýene görsem diýdir bir görenleri.
Aw edip ynjytmañ dag jerenleri,
Daglañ bize inen sili bar, sili.
Derelerni synlamaga göz gerek
Waspyny etmäge sözūñ uz gerek.
Barsañ myhmansöýer, jomart ak ýūrek,
Daglañ daga meñzeş ili bar ili.
- diýip, bu setirleri özūm ýazypdyma. Ýeri, bu edýän işiñ näme?! Hawa, daglañ ilinem gördūm, silinem.
He-eý çyg sūýt emen adam, sen dūzelmän geçjegow...
20.01.2017.ý
Aşyr Salyh Ogly.
Hekaýalar