23:37 Deňsiz paýlaşyk | |
DEÑSIZ PAÝLAŞYK
Goşgular
Pajygaly ýagdaýda wagtyndan ir aýrylan inilerime we aýal doganyma Ynsana durmuşy eçilen pelek, Paýlaşyk göwnüňe heý, boldymy jaý?! Hakym ýok diýmäge, edeniň telek, Ýöne kyn düşünmä, bu neneňsi paý?! Kim-ä ýetde-gütde dolar gününi, Kimler depseň yranmajak tütjar, baý. Gamly bar, gamsyz bar, tapman deňini, Pelek bu nä sowgat, bu neneňsi paý?! Biri güýçli boldy, biri hem asgyn, Güýçliň güýçlisem bar, tapmagam kyn taý. Kimler-ä hojaýyn, kimlerem bosgun. Pelek bu nä sowgat, bu neneňsi paý?! Kimler-ä han boldy, kim garamaýak, Kime asudalyk, kim başyna gaý. Kimler kowar, kim-de tutdurmaz aýak, Pelek bu nä sowgat, bu neneňsi paý?! Kimsäni semredip, kimsäni horlap, Beräýmediň deňje ýaşara-da maý. Kim nowjuwan gidýär, kimlerem garrap, Juwanka ýitirmek, ah, agyr, bijaý, Bu neneňsi paý?! 2017 ý. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |