10:21 Dertli baş -5/ romanyň dowamy | |
9.
Romanlar
Kyrkynjy ýyllaryň ahyrlarydy. Narlynyň oguljygy boldy. Oňa Kakamyrat diýip at goýdular. Ol ýaňy bir ýörjen-ýörjen bolup aýak çykaranda-da, ýurtda uruş turdy. Watanyň üstüne faşistik Germaniýa ähtiýalanlyk bilen çozupdy. Ýyldyrym çaltlygynda ýaýran uruş habary Garawul obasynyň adamlaryny hem bir ýere ýygnapdy.Fronta gitmäge meýletinler tapyldy.Oglanlar topar-topar edilip her günde ugradylýardy. Şeýdibem parahat oturan bu obada-da yzan-da-çyzanlyk baslandy. Narly arabakeşdi. Ol iki yaby goşulan furgon arabasy bilen Arçman da ýaralanan golundan müdimilik jyda düşmeli bolandygyny ýolda gelýärkä gürrüň berdi. Soňam: -- Narly, nämüçin seni fronta alanoklar-a? - diýip, onuň ýüzüne çiňerildi. -- Bilmedim. Alsalar, alajyň ýok, gidibermeli bor. Belki meniň arabakeşlikde bitirýän işim has möhümdir. Stansiýa baryp gaýtmagyň özem ýeňil-ýelpaý iş däl, ýüz kilometrräk bar, kämahallar-a ol aralyga gün içinde iki gezek gatnan çaglarymam bolýar. Onsoňam bu hazanyň aňyrsy görnenog-a, eger şu gidişine gitse, biz-ä owarram welin, oglan-uşaklaram, garry-gurtularam çagyrylarmyka diýýärin. -- Ol aýdýanyň-a hak, gardaş. Ýöne frontda şumat bir adam, bir adam. Olar Nohura gelip girenlerinde, uly çynaryň kölegesinde oturan oba aksakgallary bu günem arabakeşiň ýoluna gözlerini dikip otyrdylar. Olaryň pikiriçe “Uruş gutardy” habaryny hem şol arabakeş getirmelidi. Tagan arabadan düşensoň,adamlar onuň daşyny gallap aldylar. Garawula golaýlaberende, olaryň öýüne bir oglanjyk buşluga eňdi. Taganyň ejesi bu mahal gola tuduň kölgesinde başyny ýassyga berip, ýüzüni siňeklerden gorap ýatyrdy. --Aknur eje, buşluk! Aknur eje bu oglanjyga seredip durdy. Oglan welin şol bir sözüni gaýtalaýardy: --Aknur eje, buşluk!-diýip, öňkä garanda birneme gatyrak gygyryp gepledi. -- O nämäniň buşlugy oglum? Uruş gutarypmy? Ýa oglumdan hat gelipmi? Aýt ahyryn?!1 -- Ogluňyz geldi. Tagan daýym geldi. -- Oglum geldi? Nädip ol gelip bilýärkä? Urşy gutarman kim ony öýe goýberjek?Ýa-da ol gaçyp gelipmi? Aknur eje oglanjyk bilen düşünişýänçä, howla esger geýnüwli Tagan gelip girdi. -- Eje jan, käbäm! Aknur eje ýerinden galybam ýetişmedi. Ogly ony oturan ýerinde gujaklady. Olar birsellem gözýaşa boglup oturdylar. Töwerege üýşen adamlardan hem ses-seda çykmady. -- Oglum, seni wagtlaýynça, görme-görşe iberdilermi? Sen ýene gitmelimi? Aýtsana, ýüregim agzymdan çykyp barýar. Sebäbi näme? -- Eje, men seniň ýanyňa hemişelik geldim. -- Nädip, hädip gelip bildiň, guzym? -- Aý, neme-dä, men ejemiň ýeke ogly diýdim, özümem läligiräk ösdüm diýdim, öýe gaýtarmasaňyz bolmaz, urşup ýadadym, men ejemi göresim gelýär diýdim. Komandirime-de ýalbar-ýakar etdim welin, olam musulmançylyk etdi-de, “bar, ötägit” diýäýdi. -- A paçistler näme, olaram öýlerine gaýtdylarmy? Onda näme Guwa ýeňňäň ogluny ýeke ogul diýip gaýtaraýmandyrlar-da, gaýta dereksiz ýitiräýipdirler. Ä? -- Eje, eje, faşistler heniz-heniz öýlerine gaýdarly däl. Ýöne olaryň gaýtaryljagyna men ynanýan. Bu ýeriň mähellesi köpelmese azalanokdy. Aknur eje göýä olary görmeýäň ýalydy. Hiç kimden ses çykanokdy, adamlar ylla dilleşen ýaly lal-jim bolup, eneli-ogluň bolup oturyşyny synlaýardylar. -- Oglum, seniň synaň sagmy, keselläp dagy eden dälsiň-dä! -- Aý, hiçle… Aknur eje ogluny gujaklap, iki egninden gysymlanda, onuň bir ýeňiniň boşdugyny bilip ‘hiýh” diýdi-de, dyzyna çökdi. -- Wah, balajygym… Adamlar: -- Gözüň aýdyň, Aknur eje - diýşip, garrynyň töweregine halka gurap oturdylar. Her kim Tagandan özüňkileriniň halyny soramaga durdy. Buşluga garaşyp duran oglanjygam olaryň bu gürrüňlerine aňkarylyp galypdy. Oňa gözi düşen Aknur eje aýňalan ýaly boldy. -- Oglum, sen azajyk garaş, ketegi görüp gaýdaýyn. Bagtyňa ýumurtga bolsa bererin. Her zadam bolsa, “ak zat alnyňa ýagşy”diýlendir. -- Eje sen azar edinme - diýdi-de, Tagan goşhaltasyndan bir tike akja sabyn çykardy. - Ine, men oňa şu sabyny beräýerin. Al, jigi, el-ýüzüňi ýüwarsyň. Özüne uzaldylan sabyny alan oglanjyk guş bolup uçup gitdi. x x x Narly öýe gelende, Gülmusa eje öňünden ýylgyrjaklap çykdy. -- Oglum, Narly jan, ogul ýaşy uzyn bolsuň! -- Ogul! - Ol özüne bakan ýöräp gelýän Kakamyrady gujagyna aldy-da: --Agtygyň boldumy, eje? Seniňem gözüň aýdyň! - diýdi. -- Näme boldy, sussuň ýaman pes görünýär-ä. Agyrýan-goýýan ýeriň-ä ýokdur-da? Keýpiň-a ogly bolanyňka meňzeş däl. -- Eje, maňa çagyryş haty bar. -- Näme? - Gülmusa ejäniň elindäki agaç tabak ýere gaçdy-da, düşen ýerinde ysgynsyz caýkandy. - Urşamy? -- Hawa, eje, ertir ugramaly. -- Seni almazlar, sen arabakeş-ä, arabakeşiň gerekligi… -- Oba şurasyny gördüm. Arabaňy Tagan golaga tabşyr diýdi. -- Ol ýeke goly bilen… -- Onuň özem döwtalap, onaryn diýip dur. Onsoňn menem tabşyryp gaýtdym. Ýöne onuň öýünde-de bu mahal… Ejesi dünýäden gaýdypdyr bende. -- Wah, pahyr, imany hemra bolsun. Taganyňkam ýenil bolmaz, bir içerde ýeke özi. - Gülmusa eje ýaňy doglan bäbejige seredip gepledi. - Balam, ogluň adyna näme daksam diýýäň? --Eje, o zatlary seniň özüň gowy bilýäň ahyryn. Öňkinem özüň dakypdyň. --Muhammet dakaýsak bolmazmy? --Bolubilýä, Muhammetden gowy at bolmaz, ynsaplysy bolsun,eje! -- Aýdanyň bolsun, balam. Şol gün agşam bu içerde hiç kim uklamady. Kakamyrat kakasyny gujaklap ýatdy. Muhammetjigiň ýüzi ap-akdy, bulaşykdy, heniz gözlerem oňly açylanokdy. Özem çyrlap aglap, uly ses edýärdi. Gülmusa eje-de: -- Aglabersin, gelin, häzir oňa aglamak gerek - diýdi. -- Nämüçin? - diýip, Narly ejesine garady. -- Sebäbimi, guzym, ýaňy dünýä inen çaganyň aglaýän mahaly agzynyň ýukajyk perdesi sypyrylarmyşyn. Eger şol ýyrtylmasa, onda çaga emmesini emip bilmän heläk bolarmyşyn diýip, seň göbegeneň aýdardy. Gulak perdelerem diňe sese açylarmyşyn. Ýogsam nädip dem alsyn çagajyk. Daňdanlar Narly Gülöwsere golaý süýşdi-de: -- Mähribanym, meni bagyşla - diýdi. -- Nämäni, oglan? -- Men saňa “aýagyň düşmedi” diýip, seniň hähak göwnüňe degipdirin. Meretgül daýzamam öz ajalyna ölendir. Ýöne ynan, adamlar şeý diýensoň… Beterinden saklasyn diýleni. Belki, menem dolanyp gelmerin. -- Ýok, beý diýme, oglan, sen hökman gelersiň. Biz sana ömürboýy garaşmalam bolsa garaşarys. Är-aýalyň bir-biriniň boýnundan gol salşyp duran hoşlaşyk pursatyny hiç kes görmedi. x x x Güýz günleriniň biridi. Oba aksakgallary Möwlam aganyň öýünde jem bolupdy. Olar on-on iki adam çemesi bardy. Möwlam aga bu ýerdäkileriň iň ýäşulysy, dokuz onlugy tegeläp barýan adamdy. -- Hawa, gardaşlar, ýurtda uruş barýar, onda-da gazaply uruş. Ine, meniň elimde ertir urşa ugradylmaly oglanlarymyžyň ýene-de ýedisiniň ady bar. Megerem, bular iň soňky ýigitlerimiz bolsa gerek. Sebäbi, indiki össürimlerimiz kileň urşa ibererden gögele. Mende bir teklip bar, hut şol teklip bilenem sizi şu ýerik çagyrdym. Maňa dogry düşüniň. -- Möwlam aga, başa iş düşende hemişe aksakgallara sala salyňýandyr, şolara-da gulak asylýandyr. Bi ata-babamyzyň edähedi. Aýdyşyňyz ýaly, erkek göbeklimiz gutaraňkyrlady. Näme etmeli? Adam ibermezlige-de hakymyz ýok. Aýdyň, näme teklibiňiz bolsa eşideli - diyip, bu oturlyşyga yzyndan çagyrylyp getirilen oba şurasynyň başlygy Mele gepledi. Ol bu ýere ýygnanlaryň iň ýaşragydy. -- Ýok, Mele, üstüňe howp abananda eline ýarag almak, Watanyňy goramak dürs. Watanyň eliňden gitse, göz öňüne getirip bir görüň, alla görkezmesin, heriň bir ýerden çykarsyň. Ýöne bu ýerde başga bir gep bar, olam geljegiňi alada etmeli - diýip, çetde oturan bir gözi şikesli adam gürrüňe goşuldy. -- Meniň aýdýanymam şol. Şonuň üçin men hem öz teklibimi aýdaýyn diýdim. Biljek däl başgalaryň bu meselä nähili garajaklaryny. Üöne bu zerur, başga çykalga göremok. - Möwlam aga ýuwdundy-da, oturanlaryň ýüzlerine birlaý seredip çykdy. Hiç haýsysynyň ýüzünde-de närazylyk alamatyny duýmady. - Adamlar, eger meniň diýenimi etseňiz-ä ertir ugramaly ýigitlerimiziň ählisini ur-tut şu gijäniň özünde öýerjek, olaryň ählisem callah. Her birimizde ýetişen maşgala bar. Aýyp görmäliň aqamlar, öýereliň. Nesil aladasy bi! -- Örän makul teklip. -- Menem goldaýaryn. -- Menem. -- Başga ýol ýok, oňlanylmaly pikir, Möwlam aga! -- Maňa düşunenligiňiz üçin taňry ýalkasyn adamlar. -- Eger gerek bolsa, ertirki ugramaly ýigitlerimizi iki-üç gün fronta ugratman saklamagyň alajyny ederin, ýöne ondan artyk däl - diýip, oba şurasynyň başlygy Mele hem Möwlam aganyň gelen netijesini ikelläp goldady… Şol günüň ertesi obanyň ýedi ýerinde toý tutuldy. 10. O gün Gülmusa ejeleriňkä uly Kesirden myhman geldi. Ol gyjagy ýaş çagaly, keselbendräk gelindi. Cagajyk welin ýaňy bir aýak çykaryp ugran saryýagyzdan owadan ýüzli gyzjagazdy. Ol häzirem yerinden dikeldi-de, özüni düşekde ýatan ejesiniň üstune oklady. Ejesi ony zordan tutup ýetişdi, soňam çagajygyň aýagyna çolaşan balagyň aşagyny çermäp, köýneginiň düwmelerini uruşdyryp çykdy. Gyzjagazyň özi ýaly çagajyklara bakan ýönelenem şoldy welin, şarpyldap ýüzinligine gaýtdy. -- Wah, balajygym. - Ol turmak isledi. Gyzjagazyň henizem aglap oturyşydy. Ony Gülöwser baryp ýerinden galdyrdy, üst-başyny kakyşdyryp, gujagyna aldy. --Gyzyň ady näme? -- Ogulsuraý. -- Owadan ady bar ekeni. -- Könelerimiziň aýtmadyk zady ýok. ''Taý aty at edýänçä, eýesi it bolar''. Bulardan haçan adam çykar?. -- Ýok, Enebaý, beý diýme.”Kiçisi bolmadygyň ulusy bolmaz” diýlenidr. Ynha, görersiň, bir günden bir gün “Eje jan, saňa näme kömek gerek?” diýer-de, goltugyňdan diräýer. -- Aý, bilmedim-dä! - diýip, Enebaý içini çekdi. -- Mollamyz aýdardy bir gepi: “Çagajyk gyz bolup doglan bolsa, onuň on iki ýaşy dolýänça ölümini dilemelişin” diýerdi. -- O nämüçin? Heý-de, çagaňam ölümini diläp bormy? -- “Gyzyň on iki ýaşyna çenli ölümini dile, şondan soň abraýyny” diýen gürrüňem şondan galan borly. Elbetde, gyz maşgala ulalansoň namysyňa gep getirjek, il-günüň ýanynda ýüzüňi ýere saljak bolsa, onda onuň kemala gelmänkä, öleni ýagşy. Bu şo manyda aýdylan söz. Gülöwser Enebaýyň gürrüňe täzeden goşularyna garaşdy. Ýöne ol gaýdyp geplemedi. Onuň ysgyn-mydary gaçypdy, baldyry syzlap, kellesi agyra gaplanypry. Ol şeýdip bir hepdeläp düşege baglanyp ýatdy. Bir günem, asyl şol güni ol bütinleý sag adam dek ine-gana iýip-içdi, ýüz-gözem, gepi-sözem hassa ýatan adamyňka meňzemedi, ylla nur saçylan ýaly. Gülmusa eje-de muny gowulyga ýordy. Agzyndan gelýän hemişeki ganly perçikli suwam kesilipdi. Ol her gezek ýanynda goýlan içi gumly tabaga tüýkürinerdi, bu gün welin tabagyň gumy täzelenmese-de gus-gurudy. Enebaý dikelip oturdy. Gyzjagazynyň keltejikden gulpaklyja saçlaryny darap oturyşyna: -- Balajygym, ýetim galaýmasaň ýägşydyr. Bu kesel meni halys aljak - diýdi. -- Enebaý, gyzym, sen bir beý diýme, çagajygy gorkuzma. Işalla gutularsyň - diýip, Gülmusa eje oňa golaý bardy. - Tüweleme, ýüzüň-gözüň dert çekýäne meňzänok. Ynha, düzelipjik ötägidersiň. Alla diý, alladan özge penakäriň ýokdur. -- Ýeňňe, ýagdaýymy özümden gowy bilýän ýok. Meniň sizden, gelniňiz Gülöwserden etjek haýyşym, şu gyz meniň bar guwanjym, ýalňyz dikrarym. Şuňa siz eýelik ediň. Ony kakasyna berip goýbermäň, onda oňmaz, horlanar. Ymamberdi hökman öylener, öweý enäniň elinden dokuzy düzüw çaga seýrek çykýandyr. Sizi alla tabşyrýan, Ogulsuraý janam size. Muňa kakasynyň özem garşy bolup durmasa gerek. Ýeňňe jan, men gi-di-ip barýan… -- Sen nämäniň gürrüňini edýäň gyzym. Ogulsuraýa-da, saňa-da özümiz serederis. Ondan ýaňa arkaýyn bolaý - diýip, Gülmusa eje Enebaýyň bir agaryp, bir garalýan, reňk berip, reňk alyp oturan ýüzüne gorkuly seretdi. Enebaýyň bu huşundaka aýdan sozleri boldy. Molla çagyryldy, ýasyn tebäregi çykyldy. Yz ýany hem… Aýalynyň ýogalanlygy hakyndaky habary adamsy gyrkyma giden ýerinden eşidip geldi. Ol Enebaýyň ýagdaýyna oňat düşünýärdi. Şol sebäplem gyrkymdan gelýänçä, oňa göz-baş bolsunlar diýip, Gülmusa ejeleriňkide galdyryp gidipdi. Ajy habary eşidip, başga-da ýakyndan-daşdan gelenler boldy. Merhumyň jaýlanylan gününiň ertesem Ymamberdi Gülmusa ejäniň ýanynda söz açdy: -- Rugsat berseňiz gaýdaly, eden hyzmatyňyza taňry ýalkasyn, dogan. Bizem indi ataly-gyz bolup başa gelenini görübermeli borus-da - diýip, gyzjagazyny gujagyna aldy-da, ýerinden galdy. -- Dur entek, howlukma. - Gülmusa eje onuň öňüni gabsap ýetişdi. - Ymambedi, oglum, Enebaý pahyryň bize bir aýdan sargydy bardy. -- Nämäniň sargydy, eşideýin, ölerin, ýöne o pahyryň sargydyny ýerine ýetirin. Pahyryň wesýeti nämedi? -- O görgüli derdiniň güýçlüdigini aňýan ekeni.Ýogsam-da bolsa, ölen güni ýüzi-gözem hassa adama meňzeş däldi. Öler öýtmedik. Adam ölmezden owal owadanlanarmyşyn, dogan-garyndaşlaň gözüne çöp atarmyşyn diýýärdiler welin, ugrunda bar ekeni. Sähel salymda-da üýtgedi oturyberdi. Kysmatynda bardyr-da. Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň. Muňa Ymamberdi hem bozuldy. -- Siz ýaňy gelnimiň wesyeti hakynda aýtmakçydyňyz? - diýdi. -- Hawa, oglum, o pahyr öz wesýetinem aýdyp gitdi. Biz Ogulsuraýjyga öz gyzymyz эaly serederis. Gelniň tabşyrygam şudy. Ymamberdiniň birbada “bolýar” ýa-da “ýok” diýmäge dili barmady. Ol gujagyndaky gyzy ogşap durşuna: -- Siziň öz ýüküňiz özüňize ýetik. Bulam ustesine… -- diýdi. --Onuň bize ýuki degmez. Iki ýetim ekläp ýörüs, üçünjisini-de ekläris. Onsoňam bir zady pikir edip gör, sen erkek kişi, özüňem men diýen mahalyň. Ýaňadan öýlenmelem bolarsyň. Özüňem mydama diýen ýaly dagda-düzde. Bu iki aralykda horlanjak yene-de şu çagajyk bolar. Ymamberdi oýurganyp oturdy. Gülmusa ejäniň “Bu iki arada horlanjak ýene-de şu çagajyk bolar” diýen sözi ony özüne gelen ýaly etdi. -- Onsoňam Ymamberdi, oglum, men Enebaý pahyra söz berdim. Ymamberdi gyzjagazyny ýere düşürip, ýüz-gözünden taýly gezek ogşady. Soňundanam: -- Gyzym, sen bu ýerde galjakmy? --diýip, ondan sorady. Ogulsuraýjyk sesini çykarmady. Ýöne bir çetde özüne bakyp duran Kakamyrat bilen gundaglyja Muhammetjige bakan welin ylgap gitdi. -- Goý siziň diýeniňiz bolsun. Menem güýjümiň ýetdiginden kömek eder duraryn. -- Sag bol, Ymamberdi. -- Nämäniň sag bolsuny bi? -- Mana dogry düşüneniň sag bolsuny. Gülöwser gözlerinde ýaş buldurap durşuna, gelip Ogulsuraýy gujagyna aldy-da, içerik girdi. Ymamberdi atyna münensoňam, ýüregi sogrulyp galan yaly yzyna garap-garap gitdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -8: romanyň dowamy - 14.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |