10:28 Dertli baş -7/ romanyň dowamy | |
13.
Romanlar
Gülmusa eje eli towuk bilen pyçakly derwezäň agzynda oturyp, köçeden erkek göbekliniň geçerine garaşdy. Ýöne geçen bolmady. Dogrusy esli wagtdan bäri arabakeş Tagan golak geçip gitdi. Gülmusa ony gören dessine, sesini-üýnüni çykarman, yzyna dolandy. “Ýylanyň ýigrenýäni narpyz, olam gel-gel hininiň agzynda gögärmiş” diýleni boldy. Tagan golak gözüne nemes basybalyjylaryndanam beter ýigrenji göründi. -- Paşist diýibem şuňa aýtsaň - diýip, içki oý-pikirini daşyna çykardy. -- Oguljygymyň arabasyna-da eýe durdy, aýalyna-da. Ol serinde aýlan şu sözlerinden soň goňşy howla boýnuny uzatdy. Mätiniň adyny tutubam birki gaýta gygyrdy. -- Gülmusa ýeňňe, Mätini näme etjekdiň?-- diýip, Jahan jogap berdi. -- Oňa towugyň damagyny çaldyraýjakdym. -- Ol öýde ýok. Şo-ol daňdanky köle gidişleridir, balyk tuitmaga diýip. Gülmysa eje gaýdyp geplemedi. Ol öýüne girip Kakamyrady alyp çykdy. -- Hany gel, guzym - diýip, ony howlyň çeträgine äkitdi. - Biz iki bolup bir erkegiň deregini tutmarysmy? -- Towuk öldürmelimi? -- Hawa, başararmyň? -- Men öldürip bilemog-a. -- Bilersiň, kim bu zatlary enesiniň içinde öwrenipdir. Bissymylla diýip, pyçagy damagyna syhap goýberseň bolany, galanyny özüm - diýdi-de, Kakamyradyň eline pyçak tutdurdy. Towugyň damagy çalnyp äkidilensoň Kakamyrat Ogulsuraýyň ýanynda öwünmek-öwündi: -- U-ra, men indi towuk öldürip bilýän! Şol pille-de, obanyň ilersinde jynssyz çykan aýal sesi goňşy-golamy, ýer goduklan ýaly, zöwwe ördürdi. Gülmusa eje duran ýerinde doňup galdy. Birsalymdan barysy belli boldy. Totam eje dünýäden gaýdypdy. Görgüli ýalňyz oglunyň ýoluna gözuni dikip, indi telim aýyň içidir düşeginden galman ýatyrdy. Hemmeler bu ýere ugrady. Gülmusa eje-de öýünden başatgyjyny atynyp çykdy. Gün gijigipdi, merhumy jaýlamak işini ertä goýdular.Ýç-dört aýaldan başgasy öýli-öýüne gaýtdy. Merhuma degişli ähli zat - egin-eşikdir saý-seplerine deňiç onuň jesediniň üstüne atylypdy. Hiç kes öliň üstündäki zatlary synlajak bolup oturanokdy. Her kim ýüzüni aşak salyp, matam tutýardy. Şaý-sepleriň arasyndaky bir bilezige gözi düşen Gülmusa ejäniň endamyndan garynja ýörän ýaly boldy, damagy doldy, howasy ýetmän, elewräberdi. Garbap aljak boldy, zordan özüne erk erdip saklandy. Onuň öýe gelensoňam ugry bolmady. Öz bileziginiň Totam ejä nädip düşüp ýörenini biljek bolup kän azar edindi. Tüňçede çaý oturtdy,yşgyn atybam demlendi. Ýöne caý demini alan-da bolsa, çaý bilen seri bolmady. Şol günüň ertesi ir bilen Totam ejelere adam barysy ýygnandy. Olar düýnkä garanda birneme köpräkdi. Ýöne kileň aýal maşgalady, erkek göbekliden gara berýän ýokdy. -- Köşeklerim - diýip, Abdyl sopy içerde ýüzlerini asyşyp oturan aýallara bakan ýüzlendi.-Özüňiz ugruna çykmasaňyz bolmaz. Görýäňiz-ä, obada ýekeje erkegem ýok. Ajap ýanyňa Sadaby, Dursuny, ýene-de birki aýaly al-da, gonamçylyga çyk. Pahyryň öz daş goýup gaýdan ýerinden-de gabyr gazyň. Soňy bilen Gulnazaram baryp gaýdar - diýip, ýanynda oturan gojany görkezdi. -- Hawa, gyzlarym, sopy dogry aýdýar. Başga ýerden kömege garaşmaň-da, eliňize pil, ýergazan alyp gidiň-de, işe başlaberiň - diýip, Gulnazar aga-da, uzyn ak sakgalyny sypaşdyryp durka gepledi. Ol her-hal Abdyl sopudan ganymadrakdy. “Gyrmyldan ýol asar’ diýleni, gitjek ýerine gidip, gelip bilýärdi. Abdyl sopy welin, indi ýedi-sekiz ýylyň içidir ýöremekden binesip, otura bolup galypdy. Gün guşluga galmanka merhumyň jaýy taýyn edildi. Abdyl sopynyň ygtyýar etmegi bilen aýallar uly ses edip tabydy alyp ugradylar… Gülmusa eje öýüne gelipdi. Gulnazar aganyň eşekli geçip barýanyny görüp: -- Gulnazar aga, şu gün Garabäpbe garybyň ölen güni, nahar atardym, duz dadyp, degsin edip beräýseňiz diýýän - diýip, ýaşmak astyndan gepledi. Gulnazar aga oňly eşitmese-de, Gülmusanyň Garabäpbe bilen bagly bir ys çykarýanyny aňşyrdy. Ol eşeginiň başyny Gülmusa ejeleriňkä öwurdi. Mäti Gulnazar agany eşeginden düşürmäge kömekleşdi. Soňam eşegiň ýüpüni agaja baglap geldi. Orta goýlan nahardan işdä görä iýen ýaşuly tebärek çykdy, töwir galdyrdy. -- Wah, Garabäpbe ýaly gerçek bolmaz. Arman täleýi ýaman boldy-da, juda ýaş gitdi. Il-günüň adamsydy. Ýatan ýeri ýagty bolsun. Imany hemra bolsun. Gulnazar aga ýerinden turmakçy bolanda, Gülmusa eje: -- Gulnazar aga, men sizden bir zat sorajakdym. Çekinýänem, birhiliräk göremsoň - diýdi. -- Birhilisi bolmaz, sora, Gülmusa, ýöne gulagym agyrrakdyr, gatyrajyk gürläber. -- Ýadyňyzda barmy-ýokmy, kyrk üçünji ýylda oba şurasyna fronta kömek bolsun diýip, şaý-seplerimizi tabşyrypdyk. -- Elbetde, ýadymda. Bir gezek ýygnanymyzda üç ýüz ýetmiş iki kilo çykypdy,ony Tagan golagyň arabasynda stansiýa äkidileni hem ýadymda. Oňa biziň keýwanymyz hem özüniň gymmatly şaýlaryny tabşyrypdy. -- Şonda menem giden bir zatlar bilen atam öýümden getiren eýran bilezigini tabşyrypdym. Alladan oglumyň uruşdan aman-sag gelmegini diläpdim. -- Ony oba şurasynyň başlygy Mele bilen Totamyň ogly ýygnapdy. Olar güllä öwrülip, birçaklar fronta iberilendir. -- Menem şeýle pikirdedim. Ýöne men bu gün başga bir zadyň şaýady boldum. Şol iberilen saý-sepleriňiziň fronta iberilmändigini aňladym. -- Bu nädip beýle bolýar? Kim aýdýar ony? Ol şaý-sepleri raýondan gelen ýörite bir adamyň alyp gidendigini menem bilýän. -- Alnyp gidilen bolmagam ahmal, ýöne hemmesini däl. -- Siz ony nämä esaslanyp aýdýarsyňyz? Munuň özi jenaýat ahyryn. -- Düýn Totam ejäniňkä baranymda, onuň jesediniň üstünde goýlan şaý-sepleriň arasynda öz bilezigimi gördüm. -- Ah, şeý diýsene. Sen ýalňyşaňokmy? -- Ýok, ol meniň bilezigim. -- Bi şol peläkediň işidir, ol bilezigi alyp galandyr. -- Sen Totamyň gyzyny gör, henizem giç däl, goý, gaýtaryp bersin. -- Oňa bognum ysjak däl, Gulnazar aga. -- Ýok, beýle däl, merhumda kimiň algy-bergisi bar bolsa, onuň hossarlary bilen üzlüşmegi gerek. Özem bu işi uzaklaşdyrmaly däl. Ýogsam ol gabrynda-da ynjalykly ýatmaz. Elbetde, zat seňki bolsa. -- Özümkile. Kişiň zadyna göz gyzdyramok. Men ony gören dessime tanadym. Ol maňa ejem pahyrdan galan ýeke-täk ýadygärlikdi ahyryn. -- Bolýar, Gülmusa. Sen arkaýyn bol. Ertir üçüdir, men olara baramda, ýanymda Abdyl sopy-da bolar. Biz seniň bilezigiňi sorarysam, alybam bereris. -- Taňry ýalkasyn, Gulnazar aga. - Gülmusa eje hoşwagt bolup, ýaşulyny ýola saldy. 14. “Ýeňiş” habaryny hem ilki bolup Tagan golak getirdi. Ol habar ýyldyrym çaltlygynda oba ýaýrady. -- Adamlar, buşlyk! Uruş gutarypdyr! Ýeňiş! Gözüňiz aýdyň, adamlar! -- Ol arabaň üstünde dik duran ýerinden şol bir sözleri sesiniň ýetdiginden zowladyp gelýärdi. Ýöne “buşluk” üçin sägineýinem diýenokdy. Bu şatlykly habary ähli kişä bir özi ýetirjek bolýardy. Adamlar, garry diýmän, gurty diýmän, aýal diýmän-çaga diýmän köçä çykdylar. -- Gidenlerimiz aman gelsin. -- Urşy turzana hälet bolsun! Tagan golagyň hem bu habary eşidişi şeýledi. Arçman stansiýasyna baryp ýüki düşürip bolupdy. Bir görse stansiýanyň naçalnigi radionyň kellesini agzyna tutup: -- U-ra, Ýeňiş! Gözüňiz aýdyň, adamla-a-ar! Uruş gutarypdyr, u-ra!!! - diýip, gygyrýardy. Hemmeler bu sese aňkarylyp galypdy. Gözýaş edip aglanlar hem köp boldy. Tagan golagyň bar göreni-bileni şol boldy. Ýüküni almaga-da garaşmady. Sen-men ýok, ýabylarynyň başyny oba bakan öwürdi-de, saldy gamçyny. “Çüw, janawar, biz ikimiz hiç mahal oba şundan gowy habary eltip bilmeris” diэip, эolboэy эabylaryny gyssady. Buşluga her kim bir zat eçildi. Kimsi ony öýüne äkidip, elin gowşursa, kimsi çagasyndan iberdi. Garaz, bergili-hä galan bolmady. Igde, kişmiş, kişde, hoz, ýumurtga, her kim tapanyndan eçildi. “Buşlukdan ýygnanan zatlara-da, bir gyş ýaşasa bolar” diýşip, adamlar soň-soňlaram degişdi ýordi. Gülmusa eje hem öňräkden bäri ýygşyryp goýan bir tokga gandyny eline alyp, howlyň içinde iki-baka ylgady, bir ýerde eglenesi gelmedi. Ol bu şatlykly güne gör näçe wagtlap garaşypdy. Şujagaz gandam agtyklaryna rowa görmän saklapdy. Bir gezek urşa gitjek bolup durka, ogly Narly: “Eje, çaý içmäge gandyň ýokmy? Hemişeler meň üçin bir tokga, ýarym tokga ýaşyryp goýmaň bardy-la. Kakam pahyr-a bizi süýjüsiz etmezdi” diyende-de, buşluk üçin bukup goýan gandyny çykarasy gelmändi. Garabäpbe pahyr dogrudanam, aýatda diri bolan bolsady, ähli zat onuň öz üstüne gelerdi. Gandy elinde goterip durşuna “Nädip ony Tagan golaklara gowşuryp borka?” diýip oýlanýardy. Onuň pikiriçe, buşluk haky, eger söýünjiläp gelen dužman tarapyňam bolsa, berläýmelidi. Ol şondan soň içki pikirini daşyna çykaryp, kimdir biri bilen derdini paýlaşýan terzde gepledi. -- Onda näme günä bar?. Ýeri, olam bnir goluny şol uruşda aldyryp gelmedimi näme? Olam Ýeňiş gününe biziňçe garaşandyr. Ýeňiş ýetim-ýesiriň, il-günüň bagtyndan dirär. Basym aýaga galdyrar, ýetmezini ýetirer, öwezini doldurar. Gowy günleriň öňdeligine hemişe-de ynanýardym. Gara günler gaýtalanmaz. Buşluk diýip gapyňdan.ilkinji giren adamyň maňlaýyndan ogşasaňam azdyr. Ýöne.. şol maňlaýyndan ogşatjak adamam gel-gel Tagan golak bolaýmalymy? Wah, yzýany kolhoz radiosam dil açdy-la. Ýeňiş diýip gygyryp dur, tüpeň seslerem eşidilýär, belki, begençlerinden atýandyrlar ýa-da iň soňky paşistler paýhynlanýandyr. Ýogsa-da, Ýeňiş gazanylan bolsa, indiki tüpeň sesi nämekä? Orusça gepläp duransoň, ol artyba düşünibem bolanok. Bu buşlugy özüm-ä berip bilmen. Kakamyrat jany hem o ýerik iberip bolmaz. Onda nätsemkäm? Wiý, huşum gursun. Mäti jandan haýyş edäýsem boljag-a. Ol Mätini gözläp tapdy. -- Mäti jan, guzym, bar şuny Tagan golaklara eltip gýt. “Buşlugyňyz üçin” diý-de, berdejik gaýdyber. Eline bir tokga gant tutdurylan Mäti äm-säm bolup galdy: -- Tagan golaga? Näme… ol.. biziň… --“Geçeni geçdi bil” diýipdirler, oglum. Men-ä onam ýazgaramok, gelnimem. Onsoňam talagy berlen, heleýe kim-de bolsa, biri eýe durmal-a. Bu zatlaryň baryna meniň oglum günäkär. - Ol gyňajynyň ujuny gözüne ýetirdi-de, gözýaşýny syldy. - Bar,bar, buşlugyny berip gaýt. -- Ol adam gowy däl-ä, o gün bizi meýdandan hoşa çöpläp ýörkäk, atynyň öňüne salyp kowaladam. Kakamyrat ikimiz ýygnanjalarymyzy hem şol ýerde galdyryp, boş gaýtdyk. Oňa gandy bermäli-le, Muhammedem gandy gowy görýä, o gün çagalaň elinde görüp agladam ol. -- Näme diýsene, Mäti jan. Urşuň gutarany çyn bolsa, gandam köpeler, kempudam. Ynha, görersiň, olar ýene-de owalkylary ýaly dükanlarda-da satylyp başlanar. Ýöne sen gaýrat et-de, buşlugy eltip gaýt. Men yzyňdan seredip duraryn, hökman bergin. Bolmasa, biziň bergili galdygymyz bolar. Mäti göwünli-göwünsiz Tagan golaklaryňka ugrady. x x x Uruş gutarypdy. Eýýäm birki aýyň içinde oba gaýdyp gelen ýigitler bardy. Jemi gelenler altmyş adama ýetdi diýdiler, bu urşa gidenleriň ýarysyndanam azydy. Şol günleriň birinde-de raýkomdan gelen wekiliň gatnaşmagynda obada uly ýygnak geçirildi. Kolhoz prawleniýesiniň karary bilen kolhozyň ady üýtgedilip, “Ýeňiş” dakyldy. | |
|
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |