10:30 Dertli baş -8/ romanyň dowamy | |
15.
Romanlar
Çagalar palçykdan salnan tamkepbäniň gaýrasyndaky giň giden meýdançada oýnap ýadansoňlar her kim bir tümmek bolup duran otuň üstüne gyşardy. Özlerem agyr ýoldan gelen adamlar ýaly ýadawdy, içleri eljuk diýýärdi. Ýüzlerini sortduryşyp, hiç haýsynyň-da gepläsi gelenokdy. Kimsi arkanlygyna ýatyrdy, kimsi-de ýüzinligine. Taýagatym ýerdäki üçegiň üstünde bolsa aýaklaryny uzadyp, üstüne ýagdyr bal çalnan çoregini uly-uly dişläp bir oglanjyk otyrdy. Oňa Gajar diýýärdiler. Gajara gösi dýşen Kakamyrat başyny galdyryp, dikelip oturdy. Gajar, ylla bilgeşlän edýän ýaly, her gezek çörekden dişlejek bolanda, ony oglanlara güjeňleýärdi. Ýöne onuň bu bolşundan diňe Kakamyrat däl-de, beýleki oglanlar hem habarly eken. Hol çetde ýüzin ýatan Muhammetdi. Olam ýerinden galdy-da, boýnuny almanyň sapagy ýaly edip, Gajara bakan agzyny suwardyp, dodagyny ýalady. -- Oglanlar, men-ä bu it ogluny keseklejek. Oglanlar Kakamyradyň tirsegine galyp, töweregine göz gezdirişine, soňam Gajaryň bolşuna alarylyp seretdiler. Hany kesekläbem bir gör. - Gajar Kakamyradyň sözüni eşidip, jogap berdi. - Men seniň eneň unundan bişirilen çöregi iýemok, iýsem özümizňkini iýýän. -- Eý, çişik! Sen çöregiňi öýüňde iýip bileňokmy? -- Men şu ýerde iýjek. -- Iýmersiň. -- Iýerin Oglanlaryň bu sene-menesi Gadyra ýaramady. -- Kakamyrat, sen bir puňňaly1) bilen deň bolma, men onuň ýerine bolan bolsamdym, elimdäki çörekden azajygam bolsa, jigiňe dadyrardym. Ol biziň aramyzda iň kiçijigimiz ahyryn. -- Dadyraýman. -- Dogry aýdýaň, Gadyr, onuň bilen it deň bolsun. Ýörü bu ýerden gideliň. - Ol jigisi Muhammede seredip gepledi. - Ýör Muhammet, ejem şu gün bize kaçy2) bişirip berjek diýipdi. Oglanlar topar bolup gaýtdylar. Muhammet yzyna garap gelşine daşa büdräp ýykyldy. -- Gözüňe seret, jigim. - Kakamyrat Muhammediň ysgynsyzja elinden tutup, alyp ugrady. Barybir,onuň gözleri yzynda galdy, boýny burlup gitdi. Bu boluş Gajaryň piňine-de däldi. Ol häzir elindäki çöregini barha azaldyp barýardy. Muhammet öýlerine gelende, daş işikde goja tuduň kölgesinde Oguisuraý gyzykly bir oýna başagaýdy. Ol ýanyna Muhammdiň geleninem aňşyrmady. Muhammet hem onuň oýnuna päsgel bermejek bolup, esli aralykdan ony synlamaga durdy. Ogulsuraýyň elinde daşyna bölejik mata oralan agaçdan ýasalan gundagly “çaga” bardy. Muhammet ol “çagajygyň” ýüzüni görjek bolup azara galdy. Älhepus, muny, aýny çaganyň özi-dä! -- Sen meniň eýjejigim. Sen meniň balajygym. Häziý, häziý, sen aglaýaňmy? Aglama bomy, häziý men seniň aýlygyny çalşaýyn. Çüş edäýdiňmi, ä, zyýany ýok. Ýöne gaýdyp-dywaýa žüş edäýseň, eşitdim, eşitmedim diýme, men seniň başmütüýiňi towlaýyn. Heý-de şeýle ullakan çaga-da ýeýini ölläými? Ejem-ä balagyna çüş edýän çaga kiýpiň etini iýdiýmeli diýýä. Iýjekmi, sen ajygyp aglaýan bolaýma? Men häzir goňşy aýallaýdan haýyş edeýin. Olaý seni emdiýip-emdiýip, gaýnyňy gez-mez edeýleý. Gaýnyň doýan soň welin pişik ýaly myýlapjyk uklaýsyň-a. Näme diýýäň, hemme aýal emdiýenok diýýäň. Emdiýen tapylaý. -- Ogulsuýaý. -- Muhammet birbada näme diýjegini bilmän oturan ýaly sakynyp gepledi.--Menem oýnaýyn-la, gel ikimiz bileje oýnaly, bile oýnasaň hezil-ä bi. Ogulsuraý birbada mölterildi. Gurjagy bilen eden gürrüňini Muhammedem diňländir öýdüp utandy. -- Ýok, Muhammet, seň bilen oýnajakgäl. Öňkiň ýaly uýaýsyň meni. Onsoň ikimikz teýsleşeris. Baý, sen oglanlaý bilen oýnabeý. -- Indi uýmaýynam, teýsleşmeýinem. Ogulsuýaý, sen-ä gyzykly oýun oýnap otuýsaň, menem saňa seýedip duýsam, gowy däl-ä, içiňem gysjak. -- Uýuşmajagyňy nädip ynandyýjak? -- Ant içeýinmi? -- Bolýa. -- Nämeden ant içemde ynanjak? -- Eje süýdünden ant içýän diýäý. -- Ejeden hökmanmy? -- Hemmeleýem şeýdýä. -- Şeý diýsem sen meniň bilen bileje oýnaýmyň? -- Wiý, ýogsa-da sen ejäň süýdüni içip göýmänsiň-ä. Ol andyň bolanok. -- Kim aýdýa ony? -- Eşitdim-dä! -- Onda men nädip ulalypdyýyn? Kakamyýat diýýä, illeň biý ejesi bolsa, biziň iki ejemiz baý diýýä. Sen bolsaň… -- Bolýa-da, şolaýyň beýlekisinden ant içäý. -- Aý, meniň-ä oýnasymam gelenok. -- Nämüçin, sen ajygaňokmy? -- Dogýusyny aýdaýynmy? Dogýusyny aýtsam-a menem aç. Ýöne ejemiz häziý nahaý bişiýip beýjeg-ä diýdi. Ýene-de sähelçe oýnasak, nahaý taýaý bolýaý. Şo mahalam howla Kakamyrat girdi-de: -- Muhammet, hany bärik gel jigim- diýip, ýanyna çagyrdy. Muhammet Kakamyradyn ýanyna ylgap bardy. -- Näme, aşyk utduňmy? -- Ýok, men saňa başga bir zat görkezjek. -- Näme zat? Gajaý çişigi uýjakmy? -- Gümüne gitsin-le, şol deýýus. Serçäň ýümutgasyny görkezjek saňa. -- Seýçäň ýumuýtgasyny? O niýede baý, maňa-da beýeýmiň? -- Beräýerin. -- Niýde, uzakdamy? Uzak bolsa… meniň ajygasym gelýä. Ýykyljak-ýykyljak bolýan, hälki ýykylamda-da gözleýim gaýaňkyýap gitdi-dä, entek ony ejeme-de aýdamok. -- Uzak ýer däl, hol köne saraýyň ýany. Olar tirkeşip gitdiler.Ogulsuraý olaryň yzyndan garap galdy. Kakamyrat gündogar goňşularynyň mal ýatagynyň ýanyna gelip aýak çekdi-de, töwerek-daşyna garanjaklady. Hiç kese gözi düşmänsoň, Muhammediň gulagyna çawuş çakdy: --Jigim, gaty ajykýamyň? -- Hawa. -- Şü günden şeýläk ajykmarsyň. - Ol ýyrtyk köyneginiň ýeňini çermedi-de, ýatagyň daş ýüzünde bir pürsüň oýulyp ýatan düýbüne elini sokdy. Muhammet häzirem hiç zada düşünmeýärdi. Ol Kakamyradyň şol deşikden guşuň ýumurtgasyny çykararyna howlukdy. “Be, olar köpmükä? Men-ä özümkilerimi oglanlaýa-da göýkezeýin. Ýöne ony iýip bolanog-a?”. Birdenem onuň edýän işi Muhammedi hopukdyryp goýberdi. -- Sen goýkaňok-maý? O ýeý ýylanyň öýi. -- Gorkma. - Kakamyrat köwekden elini çykardy. Muhammet öz gözlerine ynanmady. Nadip ynansyn? Kakamyradyň elinde guşuň ýumurtgasyna derek bäş-alty sany içi toşaplyja dörtburç süýji bardy. Kakamyrat ol süýjüleriň üçüsini guşuň ýumurtgasydyr öýdüp henizem aňkarylyp oturan Muhammediň eline tutdurdy. Muhammet nämedir bir zat diýjek boldy-da, ýuwdunyp oňaýdy. Kakamyrat onuň öňüni gabzap ýetişdi. -- Sen bu hakda hiç kime aýtmagyn bolýamy? -- Ogulsuýaýa dagammy? -- Hiç kime. Günde bir gezek şu ýerik gelip, şu köwege elini soksaň, hor bolmarsyň. -- Bolýa. - Muhammet toşaply süýjüniň biriniň ujundan gädip durşuna jogap berdi. Ol şol günden başlap bu ýere Kakamyratdan hem öň geldi. Asyl olar bu ýerden her gezek boş gaýtmazdylar. Bir döwüm çörek bilen bir döwüm peýnir alýardylar, käte igdedir kişmişem bolaýýardy. Soňy bilen bu ýerde hökman bir zatlar bolaýmalydyr öýderdiler. Emma hiç bir öýüň mezilligem meňki bolsun diýer ýaly däldi. Ýöne şol zatlaryň nireden gelýäňdigi gyzyklydy. Kakamyrat häzirlikçe ony Muhammede-de, asyl hiç kese-de aýtmazlygy ýüregine dýwýpdi. “Sen, jigim, heniz kiçijik, basymrak ulalmaly” diýip, Kakamyrat käte öz paýynam oňa iýdirerdi. Bir gezegem Muhammet o ýere elini sokup iki sany içi toşaply süýji çykardy. Şu pursadam onuň ýanyna Ogulsuraý geldi. -- Oguisuýaý, -- Muhammet elindäki süýjüsini görkezmän, arkasynda bukup saklady. - Men saňa biý süýji bersem, sen maňa tans oýnap beýeýmiň? -- Sen näme diýdiň, tans etseň süýji beýjek diýdiňmi? Ilki sen göýkez, ýogsam oýnajakgäl. -- Ine, biý-ä seňki, biýem meňki. Ogulsuraý bökjekläp tans etdi. Tans edip durka-da gözlerini süýjüden aýyrmady. -- Boldy, besdiý, ýykylaýmyň-nämemiň. Me, al! Ogulsuraý özüne uzadylan süýjüni garbap aldy-da, sormaga durdy. -- Sen muny niýden aldyň? Kim beýdi? -- Soýubeý, biýi beýdi-dä! Gaýdyp olaryň arasynda süýji barada gürrüň bolmady. Ýöne başga bir gün welin Ogulsuraýyň ýene-de süýji iýesi geldi. Ol ejesidir Kakamyradyň bar mahalynda: -- Muhammet, men saňa ýene-de tans oýnap bereýin, sen maňa ho-ol günkiň ýaly süýji beýseň - diýdi. Muňa Muhammediňem, Kakamyradyňam ýüzi gyzaryp gitdi. Gülmusa eje welin: -- O nämäň süýjüsi? Hany Muhammet, sen maňa aýt, saňa süýjini kim berdi? -- diýip, sorady. -- Tiz bol , aýt, saňa ony kim berdi?-diýip, Kakamyrat oňa gözlerini gypyp goýberdi. Muhammet basym özüni ele aldy. Kakamyrat ikisiniň arasyndaky pynhançylygyň üsti açylar diýip gorkdy. -- Maňa ony geçip baýýan biý atly daýy beýdi. Almajagam boldum, “al”, “al” diýip, otuýansoň alaýdym. Indikide almaýyn.. Kakamyrat Muhammediň oýlap tapan sözlerine haýran galdy. Gülmusa eje-de ony mundan artyk gyssap oturmady. Aslyýetinde welin bu şeýle bolupdy. Bir gün köçe bilen ýeke özi geçip barýarka Kakamyradyň elinden Gülöwser şapba tutupdy. Kakamyrat welin onuň elinden sypjak bolup urundy, gygyryp gördi, bolmady. -- Oglum, sen menden gorkma, men seniň ejeňdirin. Ýör bize baraly, men saňa kempudam bererin. Daýylaryň şähere gidip geldiler. Nogul-nabat getiripdirler, şekerköke getiripdirler, o zatlar sizsiz meniň bokurdagymdan ötmez. Kakamyrady gujagynda göterip gelen Gülöwser şo dem oýlanyp ýetişdi: “Öýe barsam-a golak bardyr. Bi güjügiň näme, ýok et diýer. Eline bir döwüm nan ber-ä diýäýmez. Gowusy, men muny ejemlere elteýin. Garnyn-a bir doýyr-da”. Ol yzyna öwrüldi-de, gabat garşyda ýerleşýän howla bakan ugrady. Eneli-ogul baranda Sona eje ýassygyna gyşaryp oturan eken. Gyzyny görüp bir begendi, agtygyny görüp iki. -- Gyzym, geleweri. - Ol gyzyna bakan topulyp bardy. - Bi Kakamyrat janmy? Wah, guzym, senem görjek ekenim-dä! Gyzym, bi garagol saňa nirde duşup ýör? -- Köçede. Eje jan, ol eýýäm meni ýadyndan çykarypdyr. Meni tananok… Eneli-gyz gözýaş edip oturdylar. Kakamyrat welin kapasa düşen guşjagaz ýaly urunýardy, bu ýerden gaçmagyň alajyny gözleýärdi. -- Goýberiň meni, gitjek, men, ejemiň ýanyna gitjek. Maňa garaşýandyrlar. Sona eje ukudan oýanan ýaly tisginip gitdi-de: - Häzir, häzir - diýip, öýe girdi. Gülöwser Kakamyrady gujagyna berk gysyp, onuň garşylygyna bakman, ýüz-gözünden ogşady. -- Ozal seniň ejeň mendim, indi saňa başga biri eje bolaýdymy? Gülmusa seniň eneň ahyryn. Meniň günäm näme? Eý, allam, menden şu çagalary aýra salanyň gözi çaga düşmesin, taňrysyndan tapsyn. Gülöwser hamsygyp aglady. Ony içerden eli bir tokga gantly çykan Sona eje köşeşdirdi. -- Aýyp bor, gyzym. Takdyryň şeýledir. Onuň garşysyna gidip bilmersiň. Onsoňam bular seniň bagryňdan öndüren çagalaryň. Olar hem iru-giç seň ýagdaýýňa düşünerler. -- Ýok, eje, görüp dursuň-a bir ýyl geçip-geçmänkä, eýýäm Kakamyradam meni tananok. Onsoň hol Muhammet jan balamdan nämäni tama edýäň? Men gaýdamda ýarym ýaşynam doldurmandy. Sona eje Kakamyradyň eline bir tokga gant tutdurdy. Soňam bir zadyny galdyran ýaly, ýene-de içerik girdi. Bir tabakda gatyk bilen bir döwüm çörek alyp cykdy. Kakamyrat gandyny gapdalda goýdy-da, gatygy çöregi bulap, howlukmaçlyk bilen iýmäge durdy. Ýüzüni iki eliniň aýasynda goýan Gülöwser ogluny arkaýynlykda synlady. -- Howlukma-da iýiber, balam. Kakamyrat hem howlugýardy, hemem töweregine gorkuly seredýärdi. Sona eje oňa has golaý geldi-de: -- Oglum, sen bize ýene-de gelermiň? - diýdi. -- Juk. -- Nämüçin? Geläý-dä. Men seni her gün şeýdip naharlaryn. Tapanymy bererin. -- Juk. Men… meni ejem öýde naharlaýar. Ynha, şu günem bize bulamak bişirip berjek diýdi. Dagdan iki horjuny dolduryp halwan* 1)ýygyp getiripdirler. Ondanam häzir un edip otyrdy. --Bulamagyňam gurbany bolaýyn, halwanyňam. Sen maňa aýt, jigiň Muhammet ony-muny iýip bilýämi? --Hawa, iýip bilýä, iýip bilmän näme?. --Muhammet jany görmänime köp wagt bolupdyr. Hemişeler daşynda göräýmäm bardy. Nähilikä, jigiň ýöräp dagy edip bilýämi? -- Jigimmi? Ylgabam bilýä. Ýone arada erbet ýaraman ýatdy. Onsoň ejem uzak gijäni onuň ýanynda oturyp geçirdi. Garahassa bolaýmasyn diýdi. Şol kesel bolmasa elimiziň uzan mahaly bir tokly hudaýýoluna berjegem diýdi. -- Häzir nähili oguljygym? -- Diýdim-ä gowy diýip, ylgaban ýör, o kesel garamyk eken diýdi. -- Hudaýa şükür. Kakamyrat ýüzüniň ähli ýerini gatyk edip çykdy. Gülöwser ony esgi bilen süpürdi. -- Ogulsuraý gyz neneň, ulalýarmy? -- Äý, olaryň ikisem “R” diýip bilenok-laý. -- Kakamyrat jan, onda sen bize gaýdyp geljek däl-dä, şeýlemi? -- Juk. Sona eje agtygynyň agzyna aňkarylyp galdy. Olar sagbollaşyp, howludan çykdylar. Gülöwser köçä çykansoňam daş-töweregine birlaý göz gezdirdi. Kakamyrat Gülmusa ejeden gorksa, Gülöwser adamsyndan çekinýärdi. Ogurlyk edýän ýaly şo dem ýüzi-de burç ýaly gyzardy. Ýoluň ortasyna gelibem gujagyndan düşürdi. -- Oglum, ynha indi biziň aýrylyşmaly ýerimiz geldi, sen-ä öz öýüňize tarap, menem öz öýümize. Men indi sizden başga ýerde ýaşaýan. Ýüregim welin siziň ýanyňyzda. Meniň sizi göresim gelýär. - Ol gözýaşyny saklap bilmän, ýüzüni kese sowdy. -- Sen nämüçin aglaýaň? -- Wah, oguljygym, sen heniz ýaş bolýaň-da. Nämäň-nämedigini bileňok. Kakaňyzyň aýatda diridiginem bilýän, onuň meni kowuň diýip hat ýazmanynam ýüregim syzypjyk dur. Şol Gadam kel meniň bagtymy ýatyrdy. Siziň ahy-nalaňyz ony tutsun-da hernä. Asyl alladan ýalkanmasa gerek. Çaga gözi düşmesin-dä hudaýym. -- Näme seniň öz çagaň ýokmy? -- Kakamyrat jan, oglum, sen bir beýdip ýarama duz sepmesene. -- Wiý, duz diýeňde ýadyma düşdi, ejem meni täze goňşulardan duz getir diýip iberipdi. Menem oňa duz däl-de, ine gant alyp barýan. -- Oglum, sen şy ýerde azayk garaş, men häzir duzam getirip bereýin bolýamy, garaşarmyň? -- Bolýa, ýöne… -- Ýönäň näme, guzym? -- Ejem duzy täze goňşulardan al diýipdi-dä! -- Onuň aýby ýok, sen şolardan aldym diýäý. Ýöne gandyňy görkezmän iýgin. - Ol yzyna bakan ýelk ýasady. Kakamyrada kän garaşmaly bolmady. Gülöwseriň barşy bilen gelşi des-deň boldy. Me, balam. Şunda birki atarlyk bardyr. Ajykdygyň ýaňky howla - Sona mamaňlara gaýdyber. Muhammet janam alyp gaýt bolýamy? Kakamyrat ne bolýa diýdi, ne-de ýok diýdi. Sesini-üýnüni çykarman yza öwrüldi.Gülöwser welin ony goýbererli däldi. Ol ylgap diýen ýaly oglunyň yzyndan ýetdi-de: -- Balam, ine, şujagaş ýerik eliň sygarmy? - diýip, pürsüň aşagyndaky köwegi görkezdi. – Hany eliňi sokup gör. Kakamyrat duz bilen gandy bir elinde saklap, beýleki elini şol deşige sokdy. -- Bolýa, bolýa balam, eliň sygjak ekeni. Her gün gel-de, şol deşige eliňi sok, men tapanjamy şu ýerde bukupjyk goýaryn. Başga hiç kim bilmesin. Şeýtseňiz siz hiç mahalam hor bolmarsyňyz. Jigileriň bilen paýlaşyp iýgin bolýamy? -- Bolýa. -- Bar indi ötägit. - Gülöwser Kakamyradyň ýüzünden telim öwre ogşady. Ol çagalarynyň serim-sal bolup ýörşüne dözmedi. Gözýaşyny köýneginiň ýeňi bilen syldy. Kakamyradyň ädimini sanap barýan ýaly ýöreýşini synlap, aňkarylyp galdy. -- Tüýs kakasynyň ýöreýşi-dä! Oglunyň has uzaga gidensoňam yzyna gaňrylyp seretmegi, onuň ene ýüregini elendirip-elendirip gitdi. x x x Anna günüdi. Gülmusa eje goňşý howla girip-girmänkä: -- Goňşy jan, sizem bizar etjek biz, başga gidere ýerimiz bolmansoň ýene geläýdik. Üç sanyja ýetimçäni ekleýän, şu gezegem azajyk duz berseň, Çagaklaň daýysy gelse-hä getirerem welin… oňa deňiç bir çümmük duzumyzam ýok. -- Onuň gýrrýňi bolmaz. Geregiň duz bolsun, goňşy jan. Asyl munça-munça zat dilegçilik etmedikdenem goňşy oturdyk bormy?-Täze goňşy öýe kýrsäp urdy. - Me, alyň, goňşy. Ýöne… -- Ýönäň näme, gyz? -- Siz ýaňy bir gepiňizde “gaýta-gaýta duz sorap sizem bizar etjek biz” diýdiňiz. Duz sorabam ilkinji gezek şu gapydan geldiňiz. Men-ä muňa düşünmedim. -- Ýok, goňşy, iki gün mundan ozal sizden duz alyp giden oglanjygam meniň agtyjagymdy. -- Men-ä hiç hili oglanjyga duz beremok. Mensizem ol golçadan hiç kesiň duz alyp biljek gümany ýok. -- Asyl şeýlemi? Başga goňşulara baraýdymyka? -- Onçasyny-ha bilmedim. -- Goňşy jan, taňry ýalkasyn, ömrüňiz uzak bolsun. Bizdenem gaýdar enşalla. Etne-ýütnelige döz geleris. Bu günlerem geçer. Ol öye-de dürli pikirleriň girdabyna batyp geldi: “Belki, Kakamyrat içerde hiç kim ýok mahaly goňşyň golçasyna elini sokup duz alandyr”. Ol elindäki duzuny öýde goýup çykansoň, Kakamyrady gözledi. -- Muhammet, oglum, Kakamyrady görmediňmi? -- Juk. Göýmedim. Öz-ä häli oglanlaý bilen oýnap ýöýdi. -- Bar çagyr şony. Bahymrak gelsin. Meniň ondan sorajak zadym bar. Muhammetjik ylgap gidişi ýaly, Kakamyrady hem yzy bilen alyp geldi. “Ýetim oglan it bolar, ölmese ýigit bolar” diýleni. Doýa garna naharlanmadyk çagajygyň ýüzüniň kirinden hem bir aç güjük doýjakdy. -- Eje, çagyrdyňmy? Gülmusa eje çala gobsundy-da, uludan dem aldy. --Çagyrdym. Hany sen bärik gel. Men senden bir zat sorajak, onsoň gidiber. Ýöne dogrujaňy aýtgyn bolýamy? -- Bolýa. -- Öňňin seni duz diýip iberemde, täze goňşularda kim bar eken? Hiç kimden soraman nädip golçalaryndan duz alyp bildiň? -- Eje, men… -- Hemmesini bolşy-bolşy ýaly aýtgyn. -- Men täze goňşulara barmadym. Barjak bolup ýola-da düşdüm, öňümden Muhammet ikimizi görse mydama kowalap ýören şol däli aýal çykdy-da. -- Sen näme etdiň? -- Menmi? Gaçdym, özümem sökdüm.”Gel men seni ogşaýyn. Men seniň ejeň ahyryn “ diýdi. Menem “Ejem öýde, senden eje bolmaz, sen däli çagalaň ejesi” diýip, ony kesekledimem. Kesegim degenogam-laý, onda-da aglan bolýa. Soňam meniň yzymdan ýetdi-de, şapba elimden tutdy. Nirä barýanymy, nämüçin barýanymy sorady. Menem aýtdym. Onsoň ol aýal bir ýerlerden duz getirip berdi. Sunça almajak boldumam, etmedi. “Ejeňe täze goňşudan aldym diýäý” diýdi. -- Tentegiň biri, saňa kim şol heleýiň ýanyna bar diýdi? Nädip sen bize onuň duzuny iýdirip bildiň? Ol heleý saňa ýene-de nämeleri diýdi? -- Ýenemi? -- Hawa, hawa, gürläber, ýene nämeleri diýdi? -- Men seniň hakyky ejeňdirin diýdi. -- Şol bir sözüňi gaýtalap durma-da, soň nämeler diýdi, aýt? -- Olmy? Siziň “ejemiz diýýäniňis eneňizdir” diýdi. -- Sen näme diýdiň? -- Biziň ejemiz öýde diýdim. Sen başga çagalaň ejesi diýdim. -- Onsoň ol näme diýdi? -- Ulalaňda hemme zada düşünersiň diýdi. -- Sen oň jogabyny bermediňmi? -- Menmi? Berdim. Eger sen biziň ejemiz bolýan bolsaň, bizde ýaşardyň diýdim. Dogry aýdypdyryn gerek? -- Ine, muny oňarypsyň. Ýöne duzy alan ýeriňi aýtmansyň, ol gowy däl. Gaýdyp-duwara ýalan sözleseň, gulagyňy goparyn. Onsoňam her ýeteniň gepine ynanybam ýörmezler. Biri ejeňdirin diýer, ýene biri kakaňdyryn diýer. Sen meniň balamsyň. Bu zatlary jugiň Muhammede-de berk tabşyrgyn. Bar indi ötägit. -- Tabşyryn. Görseň kesekle diýerin, ikimizem kesekläris şol aýaly. Kakamyrat munuň şeýle boljagyny öňem bilýärdi. Üstünden uly howpuň sowlanyna iki bolup bilmeýärdi. Ýogsam ejesi düýnki zatlar bilen has içgin gyzyklanyberse-hä, onda iş gaty ula gitjekdi. Kakamyrat muňa gowy düşünýärdi. 16. “Ýeňiş” kolhozy Garawul bilen Könegümmez obalaryny birikdirýärdi. Obanyň ýediýýyllyk mekdebi hem kolhoz posýologynda - Garawulda ýerleşýärdi. Awgustyň ortalarydy. Gülmusa ejelere mekdep mugallymy Meret agsak gelip, çagalaryň okuwy barada söz açdy. -- Basym okuw başlanýar. Birinjileri bu ýyl men okatmaly. Häzir şolaň hasabyny alyp ýörün. Eger sizde-de ýedi ýaşyny doldurýan çaga bar bolsa, ýazaýyn, Gülmusa eje! -- Bar, bar, Ogulsuraýymyz bar, şonuň adyny ýazaý. Olam meniň öz agtygym ýaly. Muhammet jan oňa görä birneme ýaşrakdyr. Geljek ýyl gitse-de bor. Bu mahal mugallym bilen ejesiniň arasyndaky gürrüňi Muhammet eşidip otyrdy. Ol mugallym howludan çykyp-çykmanka, enesiniň ýanyna gelip: -- Ene, sen mugallyma aýtsana, meniň adymam ýazsyn. Meniňem okasym gelýär. -- Sen, oglum, heniz ýaş, birneme ulal, täze ýyl gidäýersiň. -- Nämüçin? Ogulsuraý gitmeli-de, men gitmeli dälmi? Boýam meňkiden pes, el-aýagynyň sanynam bilenok. Men bolsam, ýüze çenlem sanap bilýän, ynha göräý, bir, iki, ýç, dört, ýedi, on… -- Berekella, sen dogrudanam sanap biýän ekeniň, ýöne ýaşyň ýetmänsoň almazlarmyka diýdim-dä! -- “R” diýip bilseň, mekdebe-de berjek diýen özýň dälmidiň? Men “r” diýmäni bireýýäm öwrendim. Ogulsuraý bolsa entegem “ý” diýip ýör. -- Bolýar, guzym, men mugallym bilen ýene bir gezek gürleşip göräýerin. -- Ur-a, menem indi mekdebe barýan - diýdi-de, Muhammet köçede bukuldym oýnaşyp ýören çagalara bakan ylgady… Basym okuw hem başlandy. Muhammet Ogulsuraý bilen ikisi mekdebe-de tirkeşip gutdi. Muhammediň boýy klasdaş oglanlaryňka garanda kiçiräk bolansoň, mugallym ony birinji hatarda oturtdy. Muhammet oturan ýerinden nägile halda yzyna gaňrylyp-gaňrylyp seretdi, soňam arakesmä çykylýança, ýüzüni galdyrman oturdy. Arakesmede welin Ogulsuraýa içini dökdi: -- Nämüçin mugallym ikimizi bir ýerde oturdanog-a. -- Mugallym kimi kim bilen otuýtmalydygyny bizden gowy bilýä - diýip, Ogulsuraý oňa garşy çykdy. -- Eger oturtmasa, ejeme aýdaýjak. -- Aýtma geýek däl. Soň gaýdyp bu barada gep-gürrüň bolmady. Şeýdibem durmuş arabasy öz ýoluna düşdi. Muhammediň eşigi köne. Saly çykyp gitse-de, heniz bütewidi. Ony Gülmusa eje sünnäläp ýamapdy. Siňe seretmeseň-ä bildirenokdam. Kendirden tikilen papkasy bardy. Enesi oňa birmahallar aňry-bäri salnardy. “Ynha, basym siziň her biriňiziň özbaşyna kitabyňyz bolar, häzirlikçe şü galam, depder bilen oňşuk ediň!” diýip, mugallym hem olara söz baryny berýärdi. Kitap ýekejedi, olam mugallymyň özündedi. Muhammediň aýakgaby welin ýabygorludy, ol Kakamyradyň esli wagtlap süýrän galoşydy. Onam birmahal daýysy getirip beripdi. Uly adamlar geýen bolmaly. Kakamyrat içine körpäk esgidir pagta dykyşdyryp, ony “kiçeldip” geýýärdi. Herhal ýyrtyk aýakgapdan-a gowudy. Bir gezek Mäti bilen çigildem ýygyp ýörkä: -- Eý, wäk, aýagyma tiken çümdi - diýip, gygyrdy-da, oturyp köwşüniň aşagyndan tiken aýyrmaga durdy. -- Kakamyrat, nädip seň aýagyňa tiken çümüp bilýä.? Şeň aýagyň galoş-la - diýip, Mäti ondan geňirgenip sorady. -- Ynanmasaň göräý! Mäti bir zady görüp, haýran galdy. Kakamyradyň galoşynyň aşagy - dabanlaryň ortasy ganjaryp durdy. Seredäýmäge galoşynyň tiken çümen ýeri galoşyň rezinidir öýdýärsiň, hakykatynda welin galoşyň aşagy oýulyp duran ýyrtyk eken, dabanynyň tiken çümen ýeri bolsa galoşyň rezinine çalymdaş bolup, bireýýäm gatap gidipdi. Olar iki bolup galoşyň ýyrtyk ýeriniň iç ýüzünde bir bölejik esgi goýdular. Mäti bu wakany gelen dessine Gülmusa ejä aýtdy. -- Men onuňam aladasyny edip ýörün, oglum. Edil seňki ýaly sygyr hamyndan Kakamyrada-da, Muhammede-de çaryk tikip bermegi ussa çopandan haýyyş etdim. Öz-ä sanlyja günden taýýar ederin diýipdi… Muhammediň welin okuw bilen weji ýokdy. Okamak oňa hemme zatdan agyr degdi. Soňy bilen mekdebe aç gidip, aç gelmäge-de ysgyn-mydar galmandy. Gyş günleri-hä mekdebe gatnamak has kynlaşypdy. Ýogsam klas ýylydy, çoýun pejiň ody ýetirilýärdi, ol Muhammediň oturýan ýerinden iki ädimlikde oturdylypdy. Arakesme çykdyklary pejiň töweregine üýşerdiler. Her kim ýany bilen getiren bir döwüm çöregini pejiň üstüne atyp, gyzdyryp iýerdi. Ogulsuraý syr bermezdi. Ýöne Muhammediň welin her gezek agzy suwjaryp, erni sallanýardy. Ýaman ýeri, özüne hödür etseler-de, almazdy. “Iýesim gelenok, men öýden iýip gaýtdym” diýerdi. Onsoň okuwçylaryň arasynda onuň bu sözlerine ynanýanam bardy, ynanmaýanam. Muhammediň zordan aýak üstünde saklanýandygyny Ogulsuraý, hawa, diňe şol bilýärdi. Özüne berlen çümmüjek çörekdenem Muhammede dadyrman, bogazyndan ötürip bilmezdi. Wah, üç bolup hoşa çöplände-de, orta esli bugdaý üýşjekdi welin. Sakçy Tagan golak asyl olary golaýyna getirenokdy-da. Daýysam, Ogulsuraýyň başga birine öýlenen kakasam köpräjik iýer-içer ýaly zatlardan getiräýenokdy. Bu çagalaryň göwün küýsegidi. Arman, ähli ýeriň-de horazynyň deň gygyrýandygyndan çagajyklar bihabardy. Ýaza çykylsa-da, herhal gowudy, gün-güzeran görmek bolýardy. Daglarda bitýän ir-iýmişler hem saňa ýürek tutarlyk bolýardy. Garamyk, ýemşan, alyç, hoz, dag almasy, igde, kişde, kişmiş… tapdyrýardy. Gülmusa eje bu zatlardan horjunyna salyp, gyş üçin ýygşyryp goýardy. Onsoň wagtal-wagtal çagalaryna bererdi. Özi iýmän, şolara iýdirerdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy - 16.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |