18:46 Diktatoryñ iñ uly gorkusy Sözdür... | |
DIKTATORYÑ IÑ ULY GORKUSY SÖZDÜR...
Sözler
XX asyrda döredijilik adamlarynyñ depesinden höküm sürüp biljek iñ gorkunç basyş bolan sowet režimi guruldy. Stalin diktaturasynyñ 1930-1938-nji ýyllarda aglabasy ýazyjy-şahyrlar bolan intellektual adamlara gönüden-göni terajt amala aşyrandygy baradaky arhiw materiallary gutararly däl. Lukmanlaryñam diagnozyny dogry goýmaga çekinen zannyýaman diktatory Iosif Stalin çeper edebiýatdan dil bilimine, filosofiýa çenli hemme ugra ýolgörkeziji serdar bolmaga synanyşypdyr we bu synanyşyklaryñ adamzat taryhyna söz bilen beýan edip bolmajak derejede ýaramaz netijeleri bolupdyr. Bir million döredijilik adamsynyñ atylan, sürgün edilen GULAG türmelerinde ölen şol gazaply ýyllarynda Kommunistik partiýanyñ metbugat organy "Правда" gazetiniñ ýa-da diktator Staliniñ bir agyz ýaramaz sözi atylmaga, tussag astyna alnyp sürgün edilmäge ýa-da iñ gowy sypanda işden kowulmaga, kitaplaryñ we makalalaryñ çap edilmezligine ýeterlik bolýan wagty, aý-ýyllaryñy sarp edip ýazan eserleriñi şahsy arhiwlerde çüýredip goýmakdan başga alajyñ galmaýardy. XX asyr dünýä edebiýatynyñ iñ esasy romanlaryndan "Ussat we Margaritanyñ" awtory Mihail Bulgakowyñ (1891-1940) döredijiligine diktator Staliniñ burnuny sokmagy-da munuñ ýaramaz manydaky iñ gyzykly mysallarynyñ biridir. Pýesasynyñ hut Staliniñ görkezmesi bilen gadagan edilmeginden soñ saglygy mazaly peselen M.Bulgakowyñ "Ussat we Margarita" romany diñe 1966-njy ýyldan soñ okyjylaryna gowşupdy. "Ussat we Margaritanyñ" awtory bilen birlikde bir million döredijilik adamsynyñ maşgalalaryna görkezen horluklary sebäpli Iosif Stalin ýaly zannyýaman diktatorlaryñ jemine nälet okap, Bulgakowyñ durmuş baradaky käbir sözlerini siziñ dykgatyñyza ýetirýäris we wyždany jogapkärçiligimizi az-owlak hem bolsa ýeñletmek isleýäris. Şondan üýtgeşik däl nälete eli galam tutýan şahsyýetsiz adamlary pula satyn alyp, jemgyýetiñ añynyñ ösmegine we ýüreginiñ urgusyna päsgel berýän biziñ günlerimiziñ diktatorlary-da añryýany bilen mynasyp. Olaryñ mazarlarynyñ tüýkülikden doljakdygyna ynanaýyñ. * * * Hiç wagt hiç zat islemäñ. Aýratynam sizden has güýçlilerden hiç wagt we hiç zat. Özleri hödürlärler we özleri hemme zady bererler. Hawa, adamlaryñ başy ölümli. Wah, käşgä hemme zat şunuñ bilenem gutarsady. Adamyñ kämahal duýdansyz aradan çykmagyndan ýaman zat ýok. Ine, hile-de şu ýerde. Söýýän adam söýýäniniñ ykbalyny paýlaşmasa bolmaýar. Erbetlik arap-şerapdan, oýunlardan, özüneçekiji aýallaryñ ýanyndan, stolyñ añyrsyndaky pyşyrdaşmalardan gaçýan erkeklerde gizlenýär. Bular ýaly adamlar ýa agyr hassa bolýar ýa-da töweregindäkilere garşy gizlin ýigrenç duýgusynda gezýär. Egin-eşige seredip garaýşyny kesgitlejek bolýarsyñyzmy? Hiç wagt beýtmäñ. Ýalñyşyp bilersiñiz, özem gatt erbet formada. Tegelek ýigrimi ýyllap adam bir zatlar bilen meşgullanýar. Mysal üçin, Rim hukugyny öwrenýär. Emma ýigrimi birinji ýylynda birdenkä Rim hukugynyñ özüne asla gerek däldigini we ony halamaýandygyny, hakykatda özüniñ ezber bagbandygyny we gülleri söýýändigini bilip galýar. Munuñ ömrümiziñ ahyrynda ýerbe-ýer bolan sosial gurluşymyzyñ ösmän galanlygyndan gelip çykandygyna düşünmeli. Ýoldaşlar, ownuk ýüreklilikden we özüñe ynamsyzlykdan erbet zat ýokdur. Haýsydyr bir bilim-terbiýe edarasynda düşünjeli adam bolup bilmejegini pikir edýärin. Emma gowy guralan bilim-terbiýe edarasynda düzgün-tertipli adam bolmak we geljekde bilim edarasynyñ diwarlarynyñ daşynda adamyñ özüni tertibe salmagy üçin peýdaly endikleri edinip biler. Maña näme sebäpden beýle seredýärsiñ, jana-jan kakam? Men nagyş däl-ä, üstümde güller bitenok. Ýer ýüzünde diñe iki güýç bar: Dollar we edebiýat. Ýadyñyzda saklañ: Parižde ýaşaýan adama rus dili hapa-paýyş söz aýmagy ýa-da hasam erbedi haýsydyr bir başly-barat şygarlara gygyrmagy üçin gerek. Hemme zat geçip gidýär. Güzaplar, muşakgatlar, gan, açlyk, garahassalyk. Dünýä özgerer, emma göwrämiziñ we pygyllarymyzyñ dünýäde bolmadyk wagtynda ýyldyzlar galar. Munuñ şeýledigini bilmeýän ýeke adam hem ýok. Şeýle bolýan bolsa, biz näme üçin nazarlarymyzy şolara gönükdiremzok? Nämüçin? Adama subutnamasyz ýaşamagyñ ymykly gadagandygyny özüñiz bilýärsiñiz. Golýazmalar ýanmaýar. Otyryn, hiç kim bilen işim ýok, semewarymy bejerýärin. Iñ gowular we güýçliler üstün çykýardy. Gorkunjy-da iñ gowular. Hiç zady oñaryp bolmajakdygyna garamazdan etmeli işini bilýän adamyñ nähili ýigrenç duýgusynda gezýändigine düşünýärsiñizmi? Ahyrsoñunda her bir hereketim üçin näme sebäpden bahana tapmalymykam? Maýis ALIZADE. Duşenbe, 12.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |