NOBATGULY. Ikinji pikiriň rast bolsa gerek. Ateistik konkurs yglan edilýän döwürleri şahyr Sona Ýazowa konkursa gelen bir eşek araba ýüki – romanlary, powestleri... görüp: «Ýazyjylaryň içi Hudaýdan porsap duran ekeni» diýip jaýdar söz aýdypdyr. Hudaý – munuň özi baky filosofiýa, iň uly, iň bimöçber filosofiýa. Dünýäniň, ýaşaýşyň, barlygyň, geçmişiň, geljegiň bar mazmuny diňe Hudaýda jemlenýär. Asmanyň mazmuny Hudaýda... Sada adamlaryňky aňsat: dünýäniň bar syryny Hudaý bilen baglaşdyryp, halys ýürekden ynanýar, olaryň durmuş filosofiýasy şonuň bilen tamam bolýar. Emma Hudaý kim? Hudaý näme? Hudaý nirede? Muňa hatda Gündogaryň beýik sopularam, Günbataryň beýik Hudaý agtaryjylaram jogap berip bilmändir. Men şol baýrak alan eserlerimde köre-körleri tankytladym. Häzirem tankytlamaga taýýar. Arada geň galdym. Ozal bir kommunist ýazyjy, ýygnak bolsa hökman çykyş edýän ýazyjy, jynazada dur. Ol ozal Darwiniň ogludy, Marskyň zurýadydy, indi Allatagala ynanyp, Muhammediň sapyna giripdir... Düýn ateistik goşgy ýazýanlar bu gün Alla hakynda şeýle bir goşgular çypdyrýarlar welin, okap haýran galyp oturmaly. Ozalky kommunist şahyrlaryň ählisi diýen ýaly Hudaýyň tarapyna geçdi. Şu gün goluna galam alanlaram dini goşgy ýazýar welin, hut Hudaýa «gözüň aýdyň» diýesiň gelip dur. Emma olardan kommunistik ideala çigit ýaly peýda bolmandy, din üçinem peýda bolmaz. Beýle ýazyjy-şahyrlar özbaşdak pikirlenip bilmeýän mahluklar, olar döwür nämäni talap etse, nädeňde özüňe bähbitli bolsa, şonam edip ýörler. Eýse, Magtymguly – barypýatan Hudabent läheň – dine müňkürlik etmänmi?! Edipdir. Oňa mysal kän. Aýdaly, bize partiýa Alla hakynda goşgy ýazmagy gadagan edipdir, şonuň üçin ýazmandyrys, a Kemine näme? Oňa gadagan eden adam ýok ahyry. Gaýta, ol din wekillerini masgaralaýan şygyrlary döredipdir...
Sözümi jemläp aýtsam, biz kommunistik inersiýadan aýrylyşyp bilemzok. Görýärmiň, her oba barjasyny ýygnap, uludan-uly metjit saldyrýar, her kim her edip, hesip edip gurbanlyk edýär, haja gitjek bolýar. Magtymguly bolsa: «Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar» diýäýýär. Şükür, metjit kän, indi olaryň içini dolduryp ybadat etjek adam tapyp bolsa... Ýa metjidem «Leninizm – millionlaryň uniwersitetidir» diýlene öwüräýjeklermikä? Hudaý Lenin-ä däldir, gündiz süýthorluk, ogurlyk ýa zyna edip, agşamam öz metjidinde aldatdyrmasa gerek!
Men Hudaýsyz däl, Hudaýa ynanýan, ýöne şol Hudaý nähili, nirede, niçik gudrat? Şu pikirler hemişe meni öz günüme goýmaýar. Allatagala, bize «pikirlen» diýip beýni beripdir, «akyl ýetir» diýip dünýä beripdir – şonuň üçinem pikirlenmeli, akyl ýetirmäge synanmaly, onuň beren beýnisini gije-gündiz işletmeli. Biziň beýnimiz – çagalaryň köpük ýygnaýan kopilkasy. Biz oňa tapan paýhasymyzy atýarys, wagty geler, ony ajal döwäge-de, näme ýygnanymyzy aýyl-saýyl eder.
OSMAN ÖDE. Diýmek, sen diňe gümmi-sümmüsiz ynanmany inkär etjek bolýaň-da?
NOBATGULY. Dine köre-kör ynanýanlara-da syn edip görýän. Ynanç bilen iş gabat gelenok. Arada Ahmet Gurbannepesow bir gowy pikir aýtdy: «Adamyň kellesinde şeýtan otyr, kalbynda Hudaý» diýip. Dine köre-kör uýýanlaram öz bähbidine gezek gelende ejiz! Ýeriň üstünde, ýaşaýyşda ýalňyz bir Hudaý bar. Ol Hudaý üçin serhet çäklerem, millet çäklerem, din çäklerem ýok. Ol Hudaýyň adyna pul diýýärler! Ýüzüňe öwmeýän, ýogsa beýtmek moda, sen Adylla diýip bir gahrymany dünýä berdiň. Öýlenip bilmän ýören garyp Adylla iki ýola, birinde lomaý gyzyl, beýlekisinde gaty köp pul tapýar, eýesini gözläp hem gaty heläk bolýar. Hekaýada dine uýmak, Hudaýa ynanmak ideýasy ýok bolsa-da, hakyky din taglymatyny ileri sürýän eser şonyň. Sen maňa şu gün durmuşdan bir Adylla tapyp ber, men saňa metjitden iki sany şeýtan tutup bereýin. Men durmuşda Adyllalaryň köp bolmagyny isleýärin. Meniň Hudaýa bolan ynanjymdan dörän zatlar: eger mende çigit ýaly päklik, sähelçe adamçylyk, bir dynnym gowluk görýän bolsaň, meniň Hudaýa ynanjym şonuň ýalydyr. Düýn haja gidip gelip, bu gün arak urýany, öýünde gurhan saklap, öz bähbidi üçin ýalan sözleýän şermendäni, «watana dil ýetirsem, dilim gurasyn» diýip, ony gije-gündiz talaýanlary men barypýatan ýezit, Hudaýsyz, hut Hudaýa garşy iblis hasaplaýan.
OSMAN ÖDE. Dünýä kimi bişirip iýýär, kimi çigligine! Kim dünýä aam gelýär, aamlygyna-da geçip gidýär. Hemme kişi kämil bolup bilmez, diýmek, hemme kişi päk hem bolup bilmez. Päklik hem beýik ylym, özem ylmyň iň beýigi bolsa gerek!.. Haýwanat dünýäsine seredip oturýarsyň welin, bir haýwan beýleki haýwana enjebi, duşman. Her bir haýwan özünden güýçliniň diri gezip ýören hurşy. Meniň pikirimçe, adamlar hem şeýle. Güýçli ejizi ýok edip gidip otyr.
NOBATGULY. Ony sen meniň pikirimçe, iň gowy powestiň bolan «Möjek kanunynda» gaty gowy beýan eýlediň. Ýöne, meniň pikirimçe, öz-özüni eklemegi başarýan adam öz-özüni iýýär. Adamyň özüne özünden gaýry duşman ýok. Adama özünden gaýry Ezraýyl hem ýok. Elbetde, men muny Adam diýip atlandyryp bolýan adamlar babatda aýdýan. Adamyň iň uly duşmany beýnisi. Beýni gulçulygyndan çykmak welin ýokmuka öýdýärin. Görýärmiň, dünýäniň gylla ýary diýen ýaly ýüz ýyllap Marksyň, Leniniň beýnisiniň çäginden çykyp bilmän ýaşady. Olaryň pikirine gulluk etdi. Din barada-da şuny aýdyp bolar: Gadym-gadym zamanlar şalar özüni Hudaý saýypdyrlar. Assiriýa şalarynyň aglabasy özüni Hudaý diýip yglan eden şalar. Olaryň diňe gylyjy däl-de, şol mahalky beýnileri bendi edip bilýän taglymaty hem bolupdyr. Soňra adamzat kämilleşdigisaýy, özlerine edil «Hudaý» diýip bilmän, (Dawut, Süleýman ýaly şalar) özlerini «pygamber» diýip yglan edipdirler. Olaryň pygamberlik taglymaty bolupdyr, Leniniň taglymatam öz döwrüne görä hut şolaryň taglymatynyň ösen görnüşi. Ol hem beýni gulçulygyny talap edýär. Seniň bir gowy hekaýaň bar «Her kellede han otyr» atly. Men ondan ugur alyp, bir poemany hem tasladym. Her kellede han otyr, her kelle özbaşyna dünýä, her kelledäki beýni näçeräk işleýän bolsa, şonçaragam dünýä akyl ýetirilýär, şol sebäpdenem dünýä kämil däl, çünki her kellede han otursa-da, her kellede beýniniň işleýşi ýabygorly.
OSMAN ÖDE. Hemme adamyň dünýä akyl ýetirjek bolmasy hökmanmy?
NOBATGULY. Onuň geregem ýok. Ýöne, adam mahluk, ol beýnisiniň üsti bilen öz mahluklygyny ýeňip, özünden üstün çykyp päklige ýol salmaly. Her bir kişiniň päl bolmagy bolsa hökman. Şeýle päkize dünýäde hapa ýaşamaga hiç kimiň haky ýok. Men saňa bir mysal getireýin: haýwan öz balasyny dünýä getirip, bäş-üç gün yzyna düşürip aw etmäni, örüsini görkezýär, haýsy haýwanyň özüne duşmandygyny, haýsynyň dostdugyny öwredýär. Dessine onuň balasy özi ýaly ýaşamaga ukyply haýwan bolup ýetişýär. Emma ynsan pikirlenip bilýär, munuňky başga. Ol bütin ömrüne öwrenmeli. Ýöne sada ylymsyz-bilimsiz bir müň ogrynyň ogurlajagyny, ylmyň aňyrsyna ýeten ýekeje wezipeli bilimdar ogurlap bilýär. Wessalam! Ine, beýni gulçulygynyň ýene bir zyýany. Beýnisinde oturan şeýtan oňa: «Ogurla, puldar bolsaň, gowy ýaşarsyň» diýip, gulagyna guýup dur. Şonuň üçinem ynsan beýnisini işledip, ýüregine gulak asmaly. Ýürekde päkizelik mesgen tutandyr.
OSMAN ÖDE. Bu pikiriň bilen düýbünden ylalaşmaýaryn. Ýüregi hapa, ýüregi ýaman adamlardan Hudaýyň özi saklasyn! Käbir adamlaryň kalbynda şeýle bir ýigrenç bar: olar hatda seni ýaşap ýöreniň üçin ýigrenýär, sen oňa ýagşylyk ediber, barybir ol ýigrenýär. Belanyň körügi ýürekde bolaýmasyn? Şeýtan ýürekde oturan bolaýmasyn?
NOBATGULY. Ahmal, men özümiň her bir pikirim dogrudyr diýen pikirden gaty daşda. Eger original bolsa, men ters pikirem gowy görýärin. Jedeliň ters tarapyny tutup jedelleşmänem söýýärin. Mende, näme-de bolsa şahyrçylyk bardygyna sen, hiç bolmanda, dostum hökmünde ynanýaň. Men bolsa: «Şahyryň ýadygärlik goýulmaga-da, dardan asylmga-da sogaby-günäsi bolmaly» diýen pikire gulluk edýärin. Ömrüne «dogry» pikirleri ýazyp ýören şahyrlary şahyrçylykdan müň ýyl daşda hasaplaýaryn.
OSMAN ÖDE. Ýene nähili şahyrlary şahyrçylykdan daşda hasaplaýarsyň? Şeýle şahyrlar bolýar, ony tutuş halk gowy görýär, käbirini belli bir düşünjedäki adamlar. Käbir şahyry halk beýle gowy görmeýär, a şahyrlaryň özleri gowy görýär. Meniň diýjek bolýan zadym: şu günlki ýaşap ýören halk üçin şahyrlar bar, düşünjesi öräm ýöntemler üçin şahyrlar bar, geljegiň şahyry bar!
NOBATGULY. Makul! Men atlaryny tutmakdan heder edýän, ýöne bizde «şahyr» diýip apalanyp ýörlen, emma şahyrçylykdan daşdaky şahyrlar bar. Söýgini başdan geçirmedik, söz bilen düşündirip bolmaýan söýgi goşgularyny ýazmadyk şahyrlar, belkem, filosofdyr, belkem, didaktikdir, belkem, akyldardyr, belkem, Hudaýdyr, ýöne welin, şahyr däldir! Olar pikirlenip bilýän maşyndyr, kompýuterdir, emma şahyr däldir!
OSMAN ÖDE. Ylalaşýan, emma, aýdaly, watana, il-güne söýgi şahyry döredip bilmezmi?
NOBATGULY. Hälki hapa ýürekli, gara ýürekli diýen pikirimize geldik. Meniň pikirimçe, söýgi hut ylahyň parçasy! Ynsan kalbyna söýgi aralaşanda, ýüregiň daşyndaky sowudy aýrylýar, ýürek ganat ýaýýar, ýürek kapasasyndan çykýar, ýürek yşk peýkamyndan ýaralanýar, näzikleşýär, gözelleşýär, şonuň üçinem aşyk bolan adamyň içinde deýýusy bardyr öýdemok. Şonuň üçinem goşgy diýen närsäni okaýanlaram bir wagt aşyk bolan adamlar. Şonuň üçinem aşyklar aglap bilýär, ýürekden gülüp bilýär. Şahyrlaryň ummaty – olary okaýan, olary söýýän bir mahalky aşyk-magşuklar, şu günki söýýän kişiler. Söýýän ýürek bolsa pes işe, pis işe baş goşup bilmeýär, sebäp yşk ylahyň parçasy!
OSMAN ÖDE. Dünýäde çylşyrymly zatlar kän. Adamzat aňy ösdügiçe, şol çylşyrymlylyklaryň täze taraplary açylyp gidip otyr. Şeýle hakykat mahal-mahal munda hiç hili ösüş ýok, onuň bolmagy mümkinem däl diýen pikire getirýär.
Adam özüni aňlaly bäri, akyl ýetirip bilmän gelýän zady hem Hudaýdyr. Hudaý diýilýän zat çöldäki salgym mysaly, golaýlaşdygyňça aňryk gidýär. Şeýdip, adamzat Hudaýyň yzyna düşüp, özi üçin içki hem daşky älemiň barha täze serhetlerini açýar.
Hudaýyň hem diniň özara gatnaşygy hem tapawudy gyzykly mesele. Hudaý hakyndaky düşünje diniň özeninde ýatýar. Ýöne munuň özi Hudaý diňe dinde bardyr diýildigi däl. Hudaýyň barlygyna filosofiýa-da, ylym hem, sungat hem şaýatlyk edip bilýär, edil şonuň ýaly Hudaýdan daş düşürýän ynançlaryň bardygyny-da inkär edip bolmaz.
Yslam türkmenleriň millet hökmünde kemala gelmeginde uly rol oýnan taryhy hadysa hasaplaýaryn. Orta asyr taryhçylarynyň bir toparynyň «türkmen» sözüniň gelip çykyşyny şunuň bilen baglanyşdyrmagy ýöne ýere däldir. Olar oguzlaryň yslamy kabul eden böleginiň türki-iman, ýagny yslamy kabul eden türkiler diýip at alandygyny belleýärler. Elbetde, taryhy çaklama hökmünde munuň bilen jedel etse bor. Ýöne, başga bir zat möhümdir: türkmenleriň milli ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelşi yslamyň kabul edilen döwürlerine gabat gelýär. Orta asyr türkmenleriniň ruhy sütünleriniň biri Gorkut atanyň yslamy ilki kabul eden hasaplanýandygyny özüň oňat bilýäň. Täkhudaýlylyk dini halkyň döremegini ruhy taýdan taýýarlaýan bolmaly. Häzirki zaman milletleriniň köpüsiniň taryhyny yzarlasaň, millet hökmünde kemala gelşi diniň üýtgemegi, täze diniň kabul edilmegi bilen baglanyşykly bolup geçýär. Şu nukdaýnazardan biziň ruhy binýatlarymyz asylbaşdan yslamyň ruhy-ahlak gymmatlyklary bilen baglanyşykly. Taýpalaryň köphudaýlylykdan – butparazlykdan täkhudaýlylyga geçmegi örän çuňňur içki ruhy üýtgemeleri alyp gelýär. Ýogsa-da biz muny öz edebi mirasymyzda janly suratda-da görüp bilýäris-ä. Men «Däli Domrulyň» gürrüňini edýärin.
Täkhudaýlylyga geçişiň daşky formalary bitewi syýasy-sosial strukturlaryň kemala gelmeginde ýüze çykypdyr. Yslamy gutarnykly kabul eden türkmenler XI asyryň ortalarynda seljuklar imperiýasyny gurmaga girişýärler. Indi pikir edip görsek, türkmenleri ýokary galdyran şu hem soňky ösüşleri, heý, yslamsyz göz öňüne getirmek mümkinmidir?! Elbetde, ýok. Ýöne entek bu meselede diniň roly hem ähmiýeti öwrenilenok.
Üstesine-de, has soňraky asyrlarda türkmenleriň millet hökmünde azalmagynyňam başga bir dini üýtgeşme bilen baglydygy – belli-belli taýpalaryň şaýylygy kabul edenligi sebäpli bolandygy-da ünsden düşürilýär. Bir mezhebden başgasyna geçen türkmenler gyzylbaş, gajar, beýleki atlary alyp, öz garyndaşlaryna – sünni türkmenlere duşman boldular. Diniň, mezhebiň üýtgemegi özge taýpalaryň – dünýägaraýşyň, ruhuň, durmuş obrazynyň, däp-dessurlaryň, hatda diliňem üýtgemegine getirýär. Biziň yslamdan öňki dini ynançlarymyzy saklap galan altaý, sibir türkilerini ýada sal, ýa-da, öz ýakyn garyndaşymyz gagauzlary (gök oguzlary) alyp göräý. Diýmek, adamzat taryhynyň kontekstinde alanyňda, din gaty düýpli hadysadyr. Türkmen dilinde «messepsiz» sözüniň sögünç ýaly eşidilmegi-de ýokarky taryhy wakalardan galan zatlarmyka diýýärin.
Hawa, din adamzadyň ruhy ösüşinde möhüm bir hadysa. Ol hadysanyň dürli esaslary, sebäpleri hem-de dürli aspektleri bar. Özüniň ruhy-psihologik gurluşy, tebigaty boýunça adam ynynçsyz ýaşap bilmeýär. Dini ynanjyň çyra, nura meňzedilmegi asla ýöne ýere däl. Munuň aňasty esaslary bar bolara çemli. Dünýä, älem – haos, garaňkylyk, tümlük. Şol haosyň hem tümlügiň içinden özem bilmän nirädir bir ýere nämüçindir ýol salýan adamzada ýoluny ýagtylandyrmaga çyrag zerur bolupdyr. Onuň bu ýolda duş gelýän kynçylyklary ýeňip geçmegine ruhy söýget, onuň bu ýolda edýän işleriniň ahlak esaslandyrmasy bolan ruhy-ahlak gymmatlyklar zerur. Munsuz adamzat jemgyýeti halys ugruny ýitirjek. Biologiki progres üçin ruhuň zerurlygy ýok. Emma adamyň, adamzadyň progresi üçin ruhy söýgetler, deliller hökman. Ine, şu kyn ýolda adamzada din kömege ýetişipdir. Men diniň Ýer üstündäki ýaşaýyşdaky, şol ýaşaýşyň häzirlikçe iň ýokary hem çylşyrymly formasy bolan adamzat progresindäki kosmiki manysyny hem ähmiýetini umumy suratda şeýleräk göz öňüne getirýärin. Şu manyda dini ynanç, din obýektiwlikdir. Obýektiw zat babatda bolsa «gowy» ýa «erbet», «gerek» ýa «gerek däl» diýen kriterileri ulanmak gülkünç zatdyr.
Kosmosdan aşak düşüp, adamzadyň has pes derejedäki wagt-giňişlik taýdan anyk ýaşaýşyna gelenimizde, diniň beýleki täze-täze aspektleriniň açylýanlygy tebigy zatdyr. Adamzadyň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň moral esaslandyrmasy hökmünde din Ýewropada Wozroždeniýe döwrüne çenli inisiatiwany hem pozisiýalary elden bermän geldi. Kapitalistik siwilizasiýanyň agalygy bilen adamzadyň haýyr-şer, ýagşylyk-ýamanlyk meselelerine gatnaşygy diniň içine sygman ugrady. Şonuň üçinem hristian alymlary şol döwürden Günbatarda diniň güni ýaşyp ugrady, ýewropalylar Hudaýdan daş düşdi, ybadathana jemgyýetde iň biderek zat bolup galdy hasaplaýarlar. Elbetde, munuň özi Ýewropanyň tutuşlygyna ateistlere öwrülendigini aňlatmaýar. Ýöne ol, barybir, indi öňki manysyndaky hristian dünýäsi-de däldir.
«Gündogarda wagt haýal geçýär» diýip öňem aýdypdym. Belent geriş boýunça barýan adamlar özünden öňküleriň ýalňyşlygyny, şowsuzlygyny özüne sapak edinýär. Musulman dünýäsi-de şu meselede özüniň içki yslamda saklanýan potensiýalary ýüze çykarmaga, ulanmaga, durmuşa uýgunlaşdyrmaga çalyşýar. Ýöne, meniň pikirimçe, çakym çak bolsa, barybir, indi sosial iteriji, sosial ýaşaýşyň formasy hökmünde diniň möwriti geçäýen bolsa gerek.
Eger, öňe gitmek islesek, biziň öňümizde: ösen sosializmden kapitalizme äden adamlaryň öňünde «bir elde iki garpyz tutmak» wezipesi durýar. Şol bir wagtda hem yza dolanyp, yslam, onuň dürli anyk ýüze çykmalary bilen baglanyşykly ruhy gymmatlyklary özleşdirmeli hem-de şol bir wagtda-da «real durmuşyň talaplaryna görä, olary «ykrar etmäge» howlukmaly. Eger biz diňe birinjä gümra bolsak, onda, megerem, batyp galarys. Munuň özi sözüň doly manysynda regres bolardy. Düşnükli bolary üçin özümize ýakyn zatdan – edebiýatdan, poeziýadan mysal getireýin. Başga ýerde-de gürrüň edişdik – häzirki türkmen poeziýasynda klassyky forma – goşuga köpçülikleýin geçiş başlandy. Sen muny edebiýat üçin göz-görtele regres hasaplaýaň. Menem doly ylalaşýan. Ine, biziň diniň ruhy gymmatlyklaryna dolanyşymyz bir şonuň ýaly bolmasa ýagşy.
Biziň dine bolan garaýşymyzyň iň uly aýby – biz dine taglymat diýip düşünýäris. Munuň özi marksizmiň şowakörlüginden miras. Şeýle bolanlygynda, din adamzat durmuşynda beýle uly rol oýnamazdy, belki, bir mahal ýitiben giderdi. Gep diniň instinktliginde. Din – instinktiw hakykatlaryň ýeke-täk sistemasydyr. Bu meselede onuň bilen bäsleşip biljek gaýry ruhy hadysa ýokdur. Ol, esasanam, jan, dirilik, ölüm bilen baglanyşykly instinktleri ideologiki taýdan esaslandyrýar. Ine, meselem, adamyň ölüm instinkti. Islendik janly-jandar ahyrky netijede öläýmeli. Munuň özi ýaşaýşyň biologiki kanuny. Emma dirilik, jan şeýle bir süýji zat, onsoň jandarda özüniň gutarmagyny aňladýan ölüme garşy duýgy döreýär. Şol duýga aman galmagyň instinkti diýilýär. Aman galmak instinkti beýleki jandarlar bilen deňeşdireniňde adamda has güýçli ýüze çykýar, sebäbi adam ösen aňy sebäpli ölümi abstrakt göz öňüne getirmek ukybyna eýe bolýar. Ölüm bilen baglanyşykly şol instinkt dinde ýokary ideologik derejede sistemalaşdyrylýar, esaslandyrylýar. Ölümden soňky ýaşaýyş, o dünýä hakyndaky taglymatlar formulirlenýär. Has soňrak, munuň adam ömri bilen baglanyşyklylykda moral, ahlak prinsipleri bilen üsti ýetirilýär. Şu manyda, meniň pikirimçe, din, Hudaý hakynda düşünjeler hiç mahalam bütinleý ýitip gitmez, çünki, adam hiç mahalam ölümiň çäresini tapyp bilmez. Bu oňa berilmändir. Doglan öläýmeli! Başga kanunyň ýöwuzlygyny örtüp, adam ömrüni hem ölmüni ahlak ölçeglerine salýan din sözüň hakyky manysynda mukaddeslikdir. Mukaddeslik bilen oýun edip bolmaýar, onuň üstünden gülmek bolsa ahlaksyzlykdyr. Islendik adamyň kemçiligini gönümel aýtmagyň ýakymsyz bolşy ýaly, adamzada-da dürli instinktler baradaky hakykatlary gönümel aýtmak onuň göwnüne degýär. XX asyrda dörän psihologik, psihoanalitik taglymatlaryň adamzat tarapyndan negatiw garşylanmagyny men şu hili edip düşündirerdim. Hakykaty dindäki ýaly aýlawly aýtmaly.
NOBATGULY. Bu aýdýanlaryň, belki, dogrudyram. Ony Hudaý bilýär. Ýöne sen diniň öz işimiz – edebiýet bilen baglanyşygyna dolansana!
OSMAN ÖDE. Bu hakda söýginiň ylahy manysynyň sufizmde ýüze çykýanlygyny aýdanyňda, özüň oňat gürrüň etdiň-ä! Injildäki «Başlangyçda söz bolupdyr» diýen pikire alymlaryň köpüsi «ruh bolupdyr» manysynda düşünmelidigini tekrarlaýarlar. Ruh bu ýerde, elbetde, Hudaý manysynda gelýär.
Rus edebiýatynda özboluşly «dinini», özboluşly ideologiýasyny döredip giden F.M.Dostoýewskiniň «Gözellik dünýäni halas eder» diýen sözlerine-de men şeýle erkin çemeleşýärin, bu erkinlik paýhas çäklerindäki erkinlik. Onsoň, men muňa «Hudaý dünýäni halas eder» manyda düşünýärin. Çünki Hudaý – gözellikdir! Adamzadyň Hudaý hakyndaky düşünjeleriniň köp bölegi onuň gözellik duýdularyna esaslanýar. Men muňa öz durmuşymda anyk göz ýetirdim. Öz başymdan geçen bir wakany gürrüň bereýin:
Gyşyň bir güni, entek Gün dogmanka, men depeden düşüp gelýärdim. Howa maýyl, gyşyň gününe meňzänok. Asmanda kä garamtyl, kä bütinleý ak bulutlar assadan süýşüşip barýarlar, entek hemme ýyldyzlary ýitmedik ýüzi dury gögüň köp ýeri açyk. Men ýüzümi gündogara tutup depeden düşüp gelýärin. Öňümde, uzaklarda kä ýerini bulut tutup duran daň şapagy lowurdap gelýär. Birdenem, gözüm täsin görnüşe düşdi: akly-garaly bulutlaryň içi bilen, olaryň aňyrsyndan täze Gün dogup gelýärdi. Onuň bolup gelşi, bulutlaryň üstaşyry ýalkym saçyşy meni haýran etdi. Bu görnüşde nähilidir, birhili, howuňy basýan ägirtlik, kalbyň iň aşaky duýdularyny bimaza edýän gözellik bardy. Dogup gelýän Gün bölek-bölek bulutlary atlanyp gelýän üýtgeşik bir ägirt zada – megerem, Hudaýa meňzeýärdi. Onuň ýalkymy gelip-gelip meniň gözümi gamaşdyrýardy. Bu ýalkymlar äpet naýzanyň tygyna çalym edýärdi. Ol özüniň elýetmezligi, ägirtligi, bimöçber beýikligi bilen maňa: meniň ejizligimi, kiçijikligimi aýan edýärdi. Ýüregim gopup gitdi! Nämüçindir gözüme ýaş aýlandy.
Hawa, men köp wagtlap bu täsirden çykyp bilmän gezdim. Ol haçandyr birmahal ýitip giderem öýdemok. Men soň-soňlar, şindi-şindilerem şol täsiriň sebäbine düşünmäge çalyşýaryn. Şol pursat nämüçin kalbyma Hudaý düşünjesiniň gelendigine, onuň atly obrazynyň aňyma gelendigine düşünjek bolýaryn. Bilemok. Bu, belki, kalbymda, ganymda Güni baş Hudaý saýan otparaz ata-babalarymyň ruhunyň oýanmagydyr. Bu, belki, adamzadyň gözellik duýgusynyň bir zarbada möçw urmasydyr. Bilemok.
Men şonda başga bir zadyň sebäbini bildim: gadymy derwüşleriň – sopularyň nämüçin daga-düze çykandyklaryna, olaryň şol çolalykda nämeler gözländigine düşündim. Olar beýik ruhy täsiriň gözlegine çykýan ekenler! Şol ruhy täsirden aýňalman gezmek – ömürlik döredijilik, gözellik atmosferasynda gezmek eken. Özge adamlaryň gözleri, düşünjesi bilen seredeniňde serhoşlukdan, dälilikden açylman gezmek eken. Men diňe şondan soň beýik Magtymgulynyň «Turgul diýdiler» şygryndaky ruhy atmosferany onki süňňüm bilen syzyp gitdim.
Turup, Magtymguly gözün açypdyr,
Serine ne köýler gelip, geçipdir,
Mest iner dek ak köpükler saçypdyr...
Şu setiriň ýokarky täsin görnüş tarapyndan düşündirilen Hak manysy ýüregim içre geçip gidýär. Eý-ho! Nähili beýiklik!
Onsoň şahyr bilen gaýybana gürleşip ugraýaryn: nähili beýik sen, Pyragy! Ýatan ýeriň ýagty bolsun! Ýok, sen ýerde ýataňok! Sen beýik, ölmez, baky ruhuň göklerde gezip ýör! Oňa ölme, ýatma ýok!
Soňra-da aýňalanymdan soň, özüme, ýagny ýokarky zatlar hakynda kitaplardan alan düşünjelerime gelenimden soň şeýle pikir edýärin:
Adamzat kosmosyň hem tebigatyň gözelligini Hudaý gözelligi hökmünde kabul edipdir. Sebäbi Hudaý diýmek dirilik, şahsyýetleşmek, janlanmak, gaýtadan dirilmek diýmekdir.
Meniň pikirimçe, durmuşyň özi ýaly, dini-de birtaraplaýyn teswir etmek mümkin däl. Sungat bilen din ýaly durmuşy dolulygyna, hertaraplaýyn öz içine sygdyryp bilýän özge bir zat ýokdur.
Taňry birnäçe güýji jahana beripdir. Söýgi, gözellik, gara güýç, hile-emel, baýlyk... Sen bularyň haýsy birini bijebaş edýärsiň? Yşkymy?
NOBATGULY. Gözelligi! Gözellik dünýä barkararlygynyň esasy. Şeýle bir gözellik bolýar, pulam, baýlygam, gara güýjem, hile-emelem onuň alnynda ejiz. Isgender Zülkarnaýyn Eýrany basyp alanda şeýle bir waka bolýar. Eýran şasynyň çakdan aşa gözel gyzy bar eken. Isgenderiň ähli goşunbaşlyklary «Şu gyzy Isgender hökman alar» diýip çaklaýarlar, emma, Isgender ony alman, gyrnaklaryň arasyna ugratdyrýar. Şonda «nämüçin şeýle gözel gyzy almadyň?» diýip ondan soraýarlar. Isgender: «Bütin dünýäni basyp alyp, onam bir gyza bermek bolmaz ahyry» diýipdir.
Beýik Pyraga çenli bolan Gündogaryň ähli beýik sopulary ýöne ýere Hudaýy gözellik hökmünde göz öňüne getirip, oňa hak aşyk bolan däldirler.
Dost, howaýy waslyňa men munça çendan isterem,
Damy zülpüň kaddyna özümni zyndan isterem,
Diýme: gamdan bir zaman, köňlümni handan isterem,
Bir garyp aşyk menem, ýar, senden isterem,
Gijeýu-gündizi, biliň, huw-haýa aşyk bolmuşam.
Ýa-da:
Pelek, maňa bal bere sen, ol genji-kän gerekmes,
Gözel ýarymny görmesem, pany jahan gerekmes.
Magtymgulynyň döredijiliginden çen tutsaň (başga çen tutara tutaryk ýok), ol serden jyda düşüp, Meňlä (meňli – «meňi bar» diýmek, ony Magtymgulynyň magşugynyň ady diýip çaklaýanlar gaty ýalňyşýar) aşyk bolýar, söýgi hijrana eltýär, soňra ony Hudaýy agtarmak, Hudaýa aşyk bolmak başlanýar. Pyragynyň iň ajaýyp goşgulary söýgi hem Hudaýa söýgi goşgulary! Biz Magtymgula düşünmek üçin Gündogaryň sopuçylyk mekdebiniň ähli ugurlaryny birin-birin öwrenmesek, oňa ýeke menzil hem golaýlap bilmeris. Meniňçe, gözellik dünýäni halas eder, ähli howp-hatardan aman-esen alyp çykar, çünki gözellik Hudaýyň nazaryndan dörän zat.
Indi özümden mysal getirmäge-de rugsat et, men özümden mysal alagan:
EÝJEJIK GYZ
Sen bagtly bolardan juda owadan,
Sen bagtly bolardan juda eýjejik.
Juda näzeninje...
Seniň ýanyňa
Hatda bagtam gelebilmez eýmenip.
Asmandan zemine inen melegim,
Melul bolma göwnüň gama berip sen.
Saňa bagty nämä gerek pelegiň?
Söýgüden owadan,
Bagtdan beýik sen!
Bagtdan gaýry bütin dünýä seniňki,
Sen ony agtarma perýat eýleýip,
Sen bagtly bolardan juda owadan,
Sen bagtly bolardan juda eýjejik...
– diýip, bir gyzyň waspyny edenim ýadyna düşýär.
OSMAN ÖDE. F.Dostoýewskiniň «Gözellik dünýäni halas eder» diýen pikirini gaýtalap gygyrmak ýoň boldy, ýöne durmuşda-ha köplenç gözel gyzlaryň ilki özleri zaýa bolýar.
NOBATGULY. Dürs! Osman jan, gözellik ýöne-möne zat däl. Gözellige diňe özgeler däl-de, gözelleriň özlerem aşyk bolýar. Uzyn gün aýnaň öňünden aýrylyp bilmän, özüne aşyk bolýan gyzlar gaty kän. Pyragy: «Ikiniň sylagy birin azdyrar» diýip, ýönelige aýdan däldir. «Sen owadan, sen gözel» diýiberseň, owadan däl gyzlar ereýär, onsoň özüniň owadandygyny bilýän gyzlaryň dat gününe! Her hal gözellik dünýäni halas eder!
OSMAN ÖDE. Gözellik duýgusy gaty inçe hem güýçli duýgularyň biri. Haýwandan tapawutlylykda adamyň ruhy gözellik duýgusy-da bolýar. Meselem, tebigatyň gözeldigine, owadanlygyna düşünmek. Watan tebigatynyň gözelligine düşünmek bolsa, ruhy taýdan has ýokarky bir hadysadan habar berýär.
Gözellik mähir, yşk, söýgi bilen baglanyşykly. Adamyň adama bolan mähir gatnaşyklary, adam ömrüniň manysyny düzýär. Meniň pikirimçe, mähir, yşk hem-de söýgi şol gatnaşyklaryň dürli derejelerini ýa-da taraplaryny aňladýar. Özüniň düýp manysy boýunça mähir ählumumy häsiýete eýe. Mähir ajaýyp söz. Asyl manysy boýunça ol ýylylygy, güneşi aňladýar. Beýik Magtymguly dünýä hakynda gürrüň edende «buzdan sowuk dünýä» diýen aňlatmany ulanypdyr. Ine, mähir şol sowuklygy ýeňip geçmäge, ony aradan aýyrmaga mümkinçilik hem puryja berýän serişdedir. Ene-atanyň – perzende, doganyň – dogana, dostuň – dosta, garyndaşyň – garyndaşa gatnaşyklary mähire ýugrulan zatlardyr. Şonuň üçinem mähir adamlar arasyndaky ählumumy ynsan baglanyşyklarynyň ýoly bolup durýar. Mähir adamlary ýalňyzlykdan, ruhy aýrylykdan halas edýär. Adamzadyň halasgäri bolan duýgy adamyň gadyr-gymmatyny dikeldýär.
Göwnüme bolmasa, mähir meselesinde, aýratynam, hristiançylygyň düýpli zatlary açandygy görnüp dur. Adamyň açan ruhy gymmatlyklarynyň içinde hristiançylyk mähire üýtgeşik ähmiýet berýär. Ol Hudaýy mähir hökmünde göz öňüne getirýär. Eger biz şu ugurdan düýplüräk oýlansak, onda öz ruhumyz üçin gaty zerur hem ähmiýetli zatlaryň üstünden barardyk diýip pikir edýärin. Sebäbi XX asyr türkmen ruhy öňkülerden düýpli tapawutlanýar, şol tapawut bolsa, hususanam, ol ruhy ruslaryň täsiri arkaly hristiançylygyň täze öwüşgin çaýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Diňe biz däl, asyl XX asyr dünýäsine şu hili täsiriň ýetendigi jedelsizmikä diýýärin. Dünýäniň häzirki maddy hem ruhy keşbini kesgitleýän ruhy güýçler özüniň gelip çykyşy boýunça hristiançylyk bilen baglanyşyklydyr. Häzirki dünýä siwilizasiýasy ýewropa-hristian tipindäki siwilizasiýadyr.
Mähir ruhuň ýaşaýyş çeşmesini aňladýar. Klassyky edebiýatymyzdaky aby-haýýaty ýatladyp duran ol çeşme adama ýaşamaga hem oýlanmaga, söýmäge güýç-kuwwat berýär. Eger biz – ýazyjylar adam ruhunyň şu tarapyna has köp üns bersek, onda birnäçe çylşyrymly täsinlikleriň üstünden barardyk diýip pikir edýärin. Tenden has ýokarda bolan ruhy gözellige dahylly mähir adamyň ruhy gatnaşyklarynyň sazlaşdyryjysy bolup durýar.
Biziň klassykamyzyň ruhy tejribeleri bolsa başga bir mähire ýakyn düşünje – yşk bilen baglanyşyklydyr. Meniň pikirimçe, hristiançylygyň musulmanlykdan degişli meseledäki tapawudy – munuň «mähiriň» «yşkdan» tapawudy bolsa gerek. Hristianlar Hudaýy adam keşbinde göz öňüne getirýärler. Düýp manysy boýunça munuň özi adamyň ylahylaşdyrylmagyny aňladýardy. Hudaýa adam keşbini bermek bilen hristianlar älemiň ýaşaýşynda adam ornuny hem ähmiýetini giňeldipdirler. Munuň özi adamy ruhy taýdan has ýokary götermek bolupdyr. Bu Hudaýy adam derejesine çenli peseltmek däl-de, adamy Hudaý derejesine götermekdir. Hut şunuň bilen baglanyşyklylykda hristian siwilizasiýasynyň baş aýratynlyklary ýüze çykýar: adamzat taryhy ilkinji gezek bitewi, wagt taýdan yzygider organiki prosese öwrülýär. Munuň anyk ýüze çykmasy – ýyllara, asyrlara bölünýän hristian wagt hasaby. Şeýle hasap ondan öňki siwilizasiýalaryň hiç birinde-de bolmandyr. Hristiançylyk gaýduwsyz taryhy prosese ýol açdy, ol adamzady tebigatdan alyp, ýer siwilizasiýasynyň içindäki özboluşly proses bolan taryhyň goýnuna gutarnykly oklady.
Musulmanlaryň hijri hasaby-da şonuň täsiriniň netijesidir. Bu günki gün dünýäniň ykbalyny kesgitleýän ýewropa siwilizasiýasynyň tehnika, ykdysadyýet, demokratiýa ýaly miweleri-de, düýp gelip çykyşy boýunça, hristiançylygyň adam, Hudaý, mähir konsepsiýalary bilen baglanyşyklydyr.
Musulmançylykda adamyň Hudaýa gatnaşygy yşk düşünjesi bilen berilýär. Munuň özi Hudaý üçin baryňdan geçmegi aňladýar. Yslam Hudaýy örän alyslykdaky, ümmülmez älem giňişlikleriniň iň ýokary başyndaky, diýmek, adamdan juda daşlykdaky bir zat, göz ýetirmesiz bir zat hökmünde göz öňüne getirdi. Ol hatda Hudaýy Ýere düşüreni, adama deňäni üçin hristiançylyga zabun darady. «Yşk» «mähirden» tapawutlylykda Hudaý bilen adamyň arasynda deň derejeli gatnaşyklaryň bolmagyny yslam inkär edýär. «Yşk» mähir berip, Hudaýyň söýgüsini gazanmagy däl-de, Hudaý üçin öz barlygyňy gurban bermegi talap edýär. Hristiançylykdaky adamdyr Hudaýyň arasyndaky ata-ogul gatnaşygy musulmançylykda ýakymsyz täsir döredýär, ol bu meselede «hojaýyn – gul» diýilýän formula eýerýär. Hatda sopuçylyk poeziýasyndaky «aşyk-magşuk» gatnaşygynyň düýp manysy-da biriniň absolýut hökmürowanlygyna, beýlekiniň absolýut garaşsyzlygyna hem tabynlygyna syrygýar. Onsoň bu ýerde nähili deň, ikitaraplaýyn gadyr-gymmat hakynda gürrüň bolup biler? Yşk – dälilik, ol adamyň adatdan daşary hala düşmegi, dini duýgulary bilen baglanyşykly hadysa. Mähir – adamyň adamçylyk, ynsanlyk duýgulary, ten aýralygynyň öwezini ruhy bitewilik, ikitaraplaýyn mähir bilen dolmagyň formasydyr. Isanyň wesýeti: «ýakynyňy söý!». Hristiançylyk adamy söýmegi Hudaýy söýmek deýin düşünýär. Yşk özüňi gurban etmek bilen baglanyşykly:
Yşgyň owazasyn diňle daşyndan,
Jan jebrinden gorksaň, barma başyndan...
Magtymguly.
Yşk – ýowuz synag, mähir bolsa bagt.
Elbetde, men özümiň şeýle formadaky pikirlerimiň degişli meseleleri biraz ýönekeýleşdirip göz öňüne getirýändigiňi bilýärin. Ýöne düýp manysy boýunça olar her hal dogry bolsa gerek.
Ruhy gözellik dünýäniň manysy, pähim-paýhas, adamçylyk ýaly düýpli ruhy düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. «Mähir» hem, «yşk» hem ruhy gözellige degişli hadysalardyr, sebäbi olaryň ikisi-de düýp manysy boýunça ruhy söýgüdir. Meniň pikirimçe, «yşk» köplenç akyl ýetirmegiň lezzetini aňladýar. Hudaý – nämälimlik. Şol nämälimlige akyl ýetirmek islegi adamyň göwnüni öz gününe goýmandyr. Hudaýa söýgi, onuň yşgyna düşmek, oňa akyl ýetirmäniň serişdesi hökmünde göz öňüne gelýär. Biz muny klassyk şahyrlarymyzyň şygyrlaryndan aýdyň görüp bilýäris.
Adam şahsyýetiniň gymmaty onuň Absolýuta söýgüsinde bildirýär. Munuň özi bakylyga ymtylmakdyr, sebäbi adam Hudaýy özüni ýaradany üçin, onuň bakylygy üçin söýýär. Islendik söýgä dahylly, söýgä mynasyp zat dirilik hem ýaşaýyş bilen baglanyşykly. Dirilik bolsa ölümiň, ýitip gitmegiň, tümüň gapma-garşygyly. Yşk – yşyk, mähir – Gün.
Şahyrlyk hem gözellik bilen baglanyşykly, poeziýa gözelligi aýan etmegiň iň ajaýyp serişdesidir. Şahyrlyk ene topragyň mährini dabanyň bilen syzmakdan, Hudaýyň mährini kalbyň içre geçirmekden, adamlaryň mährini onki süňňüň bilen duýmakdan ybaratdyr. Kalbyňda söýgüsi, mähri bolmadyk şahyrsumaklaryň goşgularynda jeset sowuklygy, mazar gum-guklygy bar. Goşgy ýazmak – düýp manysy boýunça ýaşaýşyň, diriligiň täze formasyny açmak, ölmänkäň şol forma geçäge-de baky diriligi gazanmakdyr.
Yşk – şahyr üçin aýratyn manyly zat. Şahyr ýaşaýşyň yşgyna düşýär. Adamyň beden ýaşaýşynyň wagtlaýyndygyny duýdurýan instinkt zerarly baky ýaşaýşa bolan aňlanylmadyk höwes şygyr ýazdyrýar. Hut şonuň üçinem poeziýa bilen köplenç ýaşlyk döwürde meşgullanyp ugraýarlar. Çünki ýaşlyk jahyllyk – diriligiň möwç urýan çagydyr, adamyň has höwesli, joşgunly ýaşaýan döwrüdir. Ýöne geçen ýetmiş ýyllyk edebiýatda söýginiň manysyna gaty dar çäklerde düşünildi. Söýgi iki sany ynsanyň tas jynsy gatnaşyklaryna çenli kiçeldildi. Munuň özi şol döwürdäki dünýägaraýşyň söýginiň düýpli ruhy hadysadygyna düşünmänligindendir.
Umuman, «söýgi» düşünje hökmünde mähirdir yşkdan düýpli tapawutlanýar. Bu üçüsiniň arasyndaky tapawudy men iň umumy suratda şeýle görýärin: mähir – ruhy, yşk – mistiki – sufiçilik manyly, söýgi bolsa erotiki manydaky ysnyşykdyr. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, soňky döwürde biziň gündelik durmuşymyzda «söýginiň» beýlekilere garanyňda has köp ýer tutandygynyň sebäbi oňat mälim bolýar. Eýse näme, geçen ýetmiş ýylda ruhumyzyň çüpremegi sebäpli, biz «mähirdenem» – ylahy manydanam, yşkdanam – mistiki duýdulardanam ep-esli daşlaşyp, ýüzleýräk manyly söýgä çenli peseldik. Marksizm bimöçber älemiň – ruhy hem hatda maddy älemiň çäklerini kiçeltdi, ruhuň gözýetimlerini adamyň sosial hem jyns gyzyklanmalaryna çenli daraltdy.
Hatda söýginiň özi-de juda ideologiýalaşdyrylan manyda teswir edildi. Muňa biziň söýgi meselesini erotiki aspektden mahrum edenligimiz-de şaýat bolup biler. Emma dünýä edebiýatynyň söýgini suratlandyrýan islendik beýik eserini alyp gör: iki ynsan – söýgüli arasyndaky söýgi gatnaşyklaryny erotiki duýgusyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Elbetde, munuň özi meseläni gödek wejeralaşdyrmalydygyny aňlatmaýar. Beýtseň, soňy dünýäde iň nejis hem talantdan mahrum zada – pornografiýa syrygýar.
Söýgi gürrüňsiz gözellik düşünjesi bilen baglanyşykly. Men muňa baryp ir döwürlerde beýik Tolstoýyň «Anna Kareninasyny», Floberiň «Bowary hanym» romanyny, Çingiz Aýtmatowyň «Jemilesini» okanymda göz ýetirdim. Ondan öňem, soňam men real durmuşyň özünde-de söýgi – ilkinji nobatda gözellikdir diýen tekrarnamanyň dogrulygyny tassyklap gezdim. L.Aragonyň «Jemile» – dünýäde söýgi hakyndaky iň ajaýyp eserdir» diýen pikirini könelendir öýdemok, ýöne bu ýerdäki «iň» diýen güýçlendiriji edil zeruram däl bolsa gerek. Gep munda-da däl. Gep: Aýtmatowyň iki sany ynsanyň kalbynda söýginiň kemala gelşini ussatlyk bilen suratlandyryp bilenliginde. Powestiň wakalaryny ýadyňa sal: Daniýaryň söýýändigi haçan aýan bolýar?! Haçan-da ol oba gelýärkäler aýdym aýdanda aýan bolýar. Awtor söýgini durmuşa, ýaşaýşa bolan hyjuw, adam bilen adamyň, adam bilen durmuşyň, tebigatyň arasyndaky näzik garmoniýa hökmünde aýan edýär. Daglaryň hem sähralaryň gözelligi, ýyldyzly bimöçber asmanyň owadanlygy, ene ýeriň mähri söýgüde açylýar. Men powesti gaýtalap-gaýtalap okanymda, her gezek söýmäge ukyply gahrymanlaryň kalbynyň owadanlygyna, tebigaty, dünýäni ýürek üzre üýtgeşik duýýanlygyna haýran galýaryn. Eseriň söýgä ukyply hem ukypsyz gahrymanlary hakyt biziň birwagtky çaga oýunlarymyzdaky aklar bilen gyzyllar kimin bir-birinden çürt-kesik tapawutlanyp dur. Söýgi adama tebigat tarapyndan berlen üýtgeşik talant bolup, ol diriligiň, ýaşaýyş hyjuwynyň aňrybaş ýüze çykmasy hökmünde berilýär. Onsoň men oturyp pikir etdim: biz bar zady iki tarapa bölýäris welin, munuň özi bitewi reallygyň göz-görtele bölünmegi-hä däldir. Ine, men ten gözelligi diýýän, ruhy gözellik diýýän. Eýsem-de bolsa durmuşyň özünde bular bölünmesiz, ikisi-de şol bir wagtda bolup geçýän zad-a däldir-dä?! Jemiläniň söýgüsini bu kesgitlemeleriň haýsydyr birine syrykdyrmak mümkin däl-ä! Munda ruham, tebigatam, erotiki meýillerem – bary-da bar. Ýa-da Anna Kareninanyň Wrožka bolän söýgüsini herekete getiriji zat hem duýgy, hem ruh, hem söýgüden mahrum adamsynda tapyp bilmedik mähridir mertebe duýgulary bar. Biz maddy hem ruhy baýlygy, maddy hem ruhy gözelligi, ruhy hem duýgyny bir-birine gapma-garşy goýup, durmuşy juda ýöntemleşdirýäsmikäk diýýän. Munda men öňki ideologiýanyň täsirini görýärin. Nämüçin adam bularyň haýsydyr birini gowy görmeli? Olaryň özi durmuşda bölünmesiz zat ahyryn, iň bolmanda, olaryň arasynda çuňňur garmoniýa bar ahyryn. Dogry, nebis gözelligiň, bähbit söýginiň duşmany bolup biler, ýöne ruhy hem-de maddy gözelligiň arasynda hiç hili gapma-garşylyk ýokmuka diýärin.
«Jemile» – söýgä, sözüň belent manysynda söýmäge ukyplylygy bilen ruhy taýdan azat, erkin ýaşaýşa mynasyplygyny subut edip bilen gelin hakyndaky powestdir. Belli bir döwürde powestden milli durmuşy ýoýýan eser hökmünde ýüz dönderen toparlar hem bolupdyr diýýärler. Haýp! Ruhy gözellige näderejede wulgar düşünilipdir! Men Anna Kareninany-da ýürekden ýigrenýän adamlara duş geldim. Munuň özi bir naçaryň soňsuz betbagtlygyna düşünmezlikden başga hiç zat däl.
Hawa, gözellige düşünmek, ony kabul edip bilmek ukyby-da talant ýaly öňýetene berilýän zat däl bolmaga çemeli!
Şu asyrda gaty gowy şahyrlar ýaşady, döretdi, ýaşap ýör, döredip ýör, emma Magtymgulyny beýlede goýaly, ne Mollanepes döredi, ne Kemine, se Seýdi, ne Zelili?
NOBATGULY. Bir akylly ors ýazyjysy: «Maksim Gorkiý Ýazyjylar soýuzyny döredip, gaýdyp ýazyjy-şahyr çykmaz ýaly edip gidipdir» diýen dana sözi aýdypdyr. Jikme-jiklige urmaýyn, ýöne esasy sebäbiniň biri şu. Ikinjisi, ýüz ýyl çemesi döwlet dürli syýasy wakalaryň içinde gaýnady, beýle ýagdaýlarda hakyky şahyrlaryň ornuny gygyryp jar çekýän şahyrlar eýeleýär. Soňky ýetmiş ýylda bolsa şahyrlaryň boýnuna döwlet garamaty düşmedi. Uly imperiýa – oňa hakyky şahyrdan diňe çagyryjy, ideýasyny düşündiriji, wagz ediji şahyr zerur. Üçünjiden, biz öňden gelýän edebi däbi ýoýup, Ýewropanyň edebi ýoluna düşdük. Dördünjiden, bize şahyrlygyň nämedigini okatdylar, şahyrlygyň nämedigini bilen adam aňsat şahyr bolup bilmez. Bäşinjiden, biz güzeran ugrunda bolduk. Bir çümmük hojalykçy, bir çümmük intelligent, bir çümmük şahyr. Şahyrlyk söýgi – oňa özüňi tutuş bagyş etmeseň, ol seni bölek-büçek kabul etmeýär...
OSMAN ÖDE. Şükür, ýurdumyz Garaşsyz boldy. Ýazyjylar soýuzy öňki ýaly ýazyjylary dolulygyna bir akym bilen sürenok. Edebiýatda-da klassyky formada goşgy ýazmak rowaçlanýar, seniň pikiriňçe, indi şahyr döremegine amatly ýol açyldy-da?
NOBATGULY. Klassyky forma klassyky edebiýanda şeýle bir işlenildi welin, o taýda klassyk bolmak beýle-de dursun, ibaly şahyr bolmaga hem ýer ýok. Beýleki, göz öňünde tutýan ýagdaýlaryň şahyryň döremegine oňat täsir ýetirse gerek... Meniň pikirimçe, şahyr hakyky şahyr boljak bolsa, ýa döwüm çöregiň aladasyny etmeli däl, ýa-da, hökman diwana bolmaly.
OSMAN ÖDE. «Başa baglap diwanalyk kemedin» diýip, «huw-hak» diýip, şahyrlaryň diwana bolup ýola ugramagyny göz öňünde tutmaýanyňy bilýärin. Adamyň ruhy, göwni bolsa hemişe diwanalykda...
NOBATGULY. Hak aýdýaň! Emma, bize ruhumyz bilen bir bitewi bolmak başartmaýar. Ruhumyz sergezdanlyk küýseýär, biz bolsak mähnet-mähnet jaý salyp, aýagy uzyn salyp ýaşamak isleýäris. Allatagala ýüregi, ruhy döş kapasasynda gaty berk ýerde ýerleşdiripdir. Şony şol kapasadan çykaryp, erkinlik berip bilmeýänimiz üçinem gowy şahyr bolup bilemzok.
OSMAN ÖDE. Hawa, Taňry ýüregi gaty pynhan ýerde ýerleşdiripdir welin, ýöne dil ýaragynyň atan oky şonda-da oňa degýär.
NOBATGULY. Şahyr mydama öz ruhy bilen içinden gepleşip ýören kişi bolmaly. Elbetde, daşyndan özüň bilen özüň gepleşseň däli bolýarsyň. Umuman-a, şahyry düşündirip bolmaýar, nädeniňde şahyr bolup bolýandygyny hiç kimse bilmeýär. Ýöne geçmişde ýaşap geçen beýik ärler ýönelige diwanalyga, derwüşlige baş uran däldirler. Dünýäniň keýpi-sapasyny, eşretlerini, baýlyklaryny öz ýanyňdan ret edip bilmeseň, şahyrlyk etjek hem bolmaly däl! Ol söýgüliňi kesekä berip, günüň üçin baý, emma söýmeýän zenanyň bilen ýaşan ýaly bir zatdyr. Injil: «söz ilkinji, materiýa ikinji» diýýär, marksistler bolsa: «Materiýa ilkinji» diýýär. Men olaryň jedeliniň beýleki trapyna ýüzlenjek. Söz ilkinji, poeziýa adamyň köňlüniň owazy, adamyň asly bolsa köňli. Şonuň üçinem ähli pygamberler şahyrdyr. Zaratustra, Isa, Musa, Muhammet. Gurhanda köp aýat goşgy, özem her bir adam çalt ýat tutar ýaly, örän göwnejaý goşgy bilen ýazylan.
Osman, saňa bir zady aýdaýyn: akgam pahyr maňa: «Goý, goşgy ýazmaňy, şahyr diýen her ýüz ýyldan biri dörärmiş. Olam seniň maňlaýyňdan çykmaz» diýip, kän käýäpdi. Men barybir goşgy ýazdym, ýöne şol mahal men ähli pygamberleriň, dünýäniň ykbalynda uly rol oýnan beýik patyşalaryň şahyrdygyny bilsem, syrtymy tanap, goşgy ýazmasam ýazmazdym hem.
OSMAN ÖDE. Köpden bäri goşgy ýazaňok, ýa ýaňky zatlara göz ýetirip goşgy ýazmany goýup ýörmüň?
NOBATGULY. Goýjak bolýan, goýdum diýsemem bolýar. Üç ýyldyr, ýazan zatlaryma synym oturanok, onsoň ýazmajak bolýan. Özem ruhy güýjüm ýetmän däl-de, goşgy ýazmaga fiziki güýjüm ýetenok. Ylham maňa däl-de, men ylhama ikilik etdim. Emma, her hal, goşgy käte alyp gaçýar. Bir ýola bir erkek möý urkaçy möýe:
– Gel, argaşyp keýp edeli – diýipdir.
– Argaşaly, ýöne meniň bir şertim bar: men özüme ýanaşan erkek möýi iýýän – diýip, urkaçy möý şertini aýdypdyr. Ölümem bir agyr zat. Erkek möý onuň şertine razy bolman:
– Aý, bir argaşanym üçin öljek bolsam, argaşman, keýp çekmän geçeýin – diýen. Şonda urkaçy möý:
– Bar onda, iýilesiň gelende geläý – diýenmiş...
Menem birden-bire ýene stoluň başyna geçip, goşgy ýazmaga başlanymy duýman galýan.
Söhbetdeşlik