11:16

Diñe sen

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 618 | Добавил: Zara | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025
Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025
Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025
"Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025
Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025
Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025
Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025
Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025
Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025
Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Hаwеrаn  
245
Kerim "Türkmene haýyşnama" goşgusynda "Türkmençedir öýdýäs türküñ kelamyn" diýip, teýkarynda türkmen sözi bolan sözleriñ bizde biraz undulyp, indem häzirki türk diliniñ üsti bilen gaýtadan janlanan sözlerimizi ulanmakda aýyplaýarka näme üçin "Den Walentin oýlanmasy" diýip ýazanda, "Den" sözüniñ türkmen däl-de, arassa rus sözüdigini bilmedikä? "Den" sözi bilen "gün" sözüni seljermez ýaly derejede bisowat bolsañ, onda belligimi yzyna gaýdyp alýan. Goşgyñ barada hiç zat diýjegem däl. "Walentina gününiñ oýlanmasy" diýäýse boljagam eken.
Adamyñ düşünjesi her dört-bäş ýyldan özgerişde bolýar. Birnäçe ýyl mundan öñki eden pikirimize bu günki pikirimiz ters gelip biler. Emma bir wagtrakda ýazylan iki goşgydaky pikir bir-birine ters düşse, ýa öñe süren bir pikiriñ öz üstüñden üstünden atanak çyzýan bolsa... bilmedim gelejekde näme apararkañ, näme alan galañ bolarka?
Ýene bir bellik edeýin (yzyna almankam):
Näme üçin sözlemiñ arasynda sözi goşa dyrnaga alýañ? Sözde ironiýa agyr bassa goşadyrnaga alynýar. Ýagny, goşadyrnaga alynyp ýañzydylmak islenen pikir ters many beriljek bolnanda, şeýdilýär. Meselem, kimdir biri siziñ goşgyñyz barada aýdanda goşgy sözüni goşadyrnaga alyp, "goşgy" diýip ýazsa, bu onuñ siziñ goşgy diýýän zadyñyza bolan pikirini görkezýär.(meselem, ikinji "goşgy" ýaly). Sarkazm, ýañsa alyjylyk manysy beriljek bolsa-da goşadyrnaga alynyp biler. Üçünji bir ýagdaýda, öz sözüñ arasynda başganyñ sözi gelende, goşadyrnaga alnyp berilýär.
Ýene-de bir zat: Walentina gününi näme üçin oglanlar gözýaş döküp ýatlamaly? Birinji bendiñ pikiri düýbünden düşnüksiz we yzy çöpe-çalama urup gidýär. Eger ýaşyñy sylyp ýatlanar ýaly aýratyn bir ýatlama ortada bar bolsa, ony soñky bentde aýdyñlaşdyrmaly ekeni.
Birinji goşgyña edere hiç hili bellik ýok. Sebäbi onda hiç hili pikir ýok.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]