15:27

Mätäçlik

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 728 | Добавил: Gülkeşde | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 3.2/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024
Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024
Goşgular / Goşgular - 20.07.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024
«Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024
Durmuş / Goşgular - 29.08.2024
Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024
Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 baharaliyeva39  
1028
1. Dünýägaraýyş bilen Marsa nähili nur saçylyp biler. Alymlar bilim bilen nur saçyp bilenok ahyry.
2. Hem dil öwrenip gelenler ýurda gelip derdini düşündirip bilenokmy adamlara.?? İsleýän islän dilinde geplär. Bu olaryň tebygy hakydyr. Eysem öz ýurdunda ýaşap Rus dilinde gürlanoklarmy köp adam??
Okadykça soraglar öz özünden gelýä.
Ýene-de galamyň ýiti bolsyn.

0
2 puo  
292
Döwür geldi ýerden galdy egnimiz,
Wagty ötdi ok sesinden ürkmegiñ.
Gadryn bilýän gazanylan begligiñ,
Nesillere mätäç bu gün türkmenim.

ялан яшрыга багланан башы гошгынын, адаты омирсиз гошгы

0
3 Haweran  
411
Megerem, awtor iñ agyr tankydy kitapcydan alýan bolsa gerek. Bilemok, mundan onuñ özi habarlymy, habarsyz... Herhal, dogry bildigimiz zatlary "ýüz görüp, gapyrga syrman" aýtsak gowy bolar.

Ilki bilen-ä, tutuş goşguda, her bentde, hatda her setirde aýdylýan pikirler bir-birine sepleşmeýändigini aýdasym gelýär. Başy bir zat diýýär, soñy düýbünden başga zat. Ýa-da başyndaky aýdan pikiri jemlemesiniñ garşysyna gidýär. Meselem, "Nesillere mätäç bu gün türkmenim" diýlen her bendiñ dördünji setiri iñ soñky bendiñ üçünji setirini - jemleme "Biziñ hemmämiz däl, köpimiz ýaly..." pikirine doly çapraz gelýär. Çünki, mätäçlik diýen zat azlyk, ýeter-ýetmezlik netijesinde ýüze çykýar. Eger biz awtoryñ janyny "agyrdyşy" ýaly şeýle mätäç ýagdaýa düşen bolsak, onda biz köp-ä däl bolmaly. Ýa-da jemlemesinde aýdyşy "köp" bolýan bolsak, aýdylýan zatlara mätäçligimiz ýokdur. Haýsam bolsa bir tarapa agmal-a, belli bir pikiri saýlamal-a borsuñ, Kerim. Ýogsam bolmasa, diñe şu belligiñ özi "goşgynyñ" üstünden ullakan atanak çyzýar.

* * *

Başyndan ahyryna, käbir ýöntem pikirlere ser salyp geçeliñ:
"Döwür geldi ýerden galdy egnimiz..."
Kimiñ egni ýerden galdy? Eginler gün geldikçe çöküp, egbarlap barýar, habaryñ ýok... Haýsy dünýälerde gaýyp ýörsüñiz?

* * *

"Wagty ötdi ok sesinden ürkmegiñ..."
Siziñ aýdýan okuñyz haýsy? Ýaýyñ okumy (peýkam) ýa awtomatyñ, top-tüpeñiñ?
Aýdyñlaşdyrylmadyk pikir. Ok sesiniñ hiç haçanam wagty ötenok...

* * *

"Gadryn bilýän gazanylan begligiñ..."
Biziñ ýaşaýan döwletimiz garaşsyz, özbaşdak döwlet. Begligiñ statusy has pes. Beglik (ýa-da hanlyk) bolanda - güýçli döwletiñ wassaly bolýar, paç töleýär. Meselem, Osmanly döwletiniñ ilkibaşda beglik statusynda dörän döwürleri Eýrandaky Ilhanly (hulaguidler) döwletine paç töleýşi ýaly, ýa-da Krym hanlygynyñ Osmanly imperiýasynyñ garamagynda bolşy ýaly.
Şol sanda biz hanlyklar, beglikler, feodallar döwründe ýaşamzok. XXI asyrda, bütindünýä integrasiýasynyñ gurşawynda, globallaşan, demokratik jemgyýetde, kapitalizm eýýamynda ýaşaýarys.

* * *

"Dünýä gezip baýdak ýaly parlaýan,
On dil bilip, ýolbars ýaly arlaýan,
Ýurda dönse, ene dilde gürleýän,
Nesillere mätäç bu gün türkmenim".

Düşünmedim? Daşary ýurtlarda okap ýören ýaşlarymyzy öz ene dillerini bilmezlikde aýyplaýan-a dälsiñiz-ä, hernä? Olaryñ arasynda, heý, ýakyndan tanaýanyñyz-a ýokdur? Meñ özüm-ä, birnäçesini tanaýan we olar ene dillerini bilişleri ikimizdenem gowy, çuñ. Düşünjeleri-de, bilimleri-de, umuman hemmetaraplaýyn ikimizden öñde.
Onsoñam, okumyş, köp dil bilýän adam hiç haçanam "ýolbars ýaly arlamaýar".
Gaýtam, öz içimizde görýäs, öz ene dilini-de oñly bilmän ýolbars ýaly arlap ýören çöññeleri!

* * *

"Bilim alyp, öz halkyny goldajak,
Öñden gelýän ar-namysy bozmajak..."

Bilim bilen ar-namysy biri-birine baglajak bolmagyñ edil şu ýerde-hä, gozgajak bolýan pikiriñ boýunça hem hiç bir tarapdan mantyga dogry gelmeýär.

* * *

"Internediñ oýnatgysy bolmajak,
Nesillere mätäç bu gün türkmenim"

Özüñiz Mergenmi, Merdanmy, nämemi... biri bilen gurnan "çykyşyñyzda": "sosial mediýa gyzygandygyñyzy" aýdýardyñyz, şeýle-de dörediji ýaşlaryñ arasynda imo diýdi, instagram diýdi, pylan-pysmydan... sosial torlara sizden köp girýänem, sizden köp wagtyny geçirýänem ýok. Eger şu nukdaýnazardan alanda, onda bu aýdýanlaryñyz ilki bilen özüñize degişli bolýar. Eşitmişime görä, eýse instagramda şu goşgyny paýlaşan özüñiz dälmi? Biz-ä şu saýty ýöretsegem, instagramyñ nämedigini, nädip ulanmalydygyny bilemzok, diñe adyny eşidýäs.
Agahan Durdyýewiñ "Bally mollasynda" Akjemal diýen bir gepçi daýzanyñ obrazy bar. Şol daýza sähel bir hyşy-wyşy eşitse, dem salymda internet tizligindenem ýokary tizlikde tutuş oba jar edip çykýar. Eger interneti ýaramaz maksatlar bilen ulanyp gözden düşýänlere "internetiñ oýnatgysy" diýiljek bolsa, Akjemal daýza ýalylar hem "durmuşyñ oýnatgysy" bolýar-da, şeýlemi?
Internet hem durmuş mysaly. Her tüýsli adamlar bar we her tüýsli maksatlar bilen girýänler bar.
Internetiñ dürli ugurlarda - aragatnaşyk ulgamynda, halkara gatnaşyklarynda, habar beriş serişdeleriñ bir ugury hökmünde-de, söwda gatnaşyklarynda, edebiýatda, sungatda, ylym-bilimde, umuman halklaryñ özara dostlukly gatnaşyklarynyñ berkemeginde bu günki gün bahasyna ýetip bolmajak peýdasy bar.
Birki sany ýeñles üçin tutuş internet toruny, oña girýänleri "oýnatgy" yglan etmek akyly ýerinde adamyñ aýtjak zady däl.

* * *

0
4 Haweran  
411
"Dostuñ däl, taryhyñ syryny açýan..."
Taryh - hemişe aýlanyp, gaýtalanyp duran zat. O nädip taryhyñ syryny dogry aýan-beýan edýänler bize dost bolanokmyş? Taryhy bukýanlar, ýoýýanlar, galplaşdyryp ýaýýanlar bolaýmasyn bize dost däller?
Ikinji setiriñ hakda-ha aýdyp geçmegem uslyp däl.

* * *

"Dünýägaraýyşy Marsa nur saçýan,
Nesillere mätäç bu gün türkmenim."
Kerim şahyryñ "Mele ýeriñ astynda-da daş gyt" däl diýşi ýaly, ýagtylandyrjak, nurlandyrjak boljak, goja ýer şarymyzda-da entek tümlükler gyt däl, ilki şolary ýagtylandyrsak gowy bolardy.
Hem Marsda atmosfera ýok, janly-jandar ýok, ösümlikden nam-nyşan ýok... Öli planetanyñ nämesini nurlandyrjak? Atmosfera gatlagy, howa ýok ýerde ses, yşyk ýaýramaýar ahyryn. (Maña bu setiriñden soñ, mekdepde fizika, astronomiýa sapaklaryna gatnaşygyñy bilmek gyzykly bolup göründi).

* * *

"Bilim alyp, öwrenmekden doýmajak,
Ene-atañ buýsanjyny toýlajak..."
Bilim entek alynmanka öwrenilýär, öwrenensoñ aldym edilýär.
"Ene-atañ buýsanjyny toýlamak" ... men-ä düşünmedim.

* * *

"Pyragyny çañ basdyryp goýmajak,
Nesillere mätäç bu gün türkmenim"
Muña nähili düşünmeli, Kerimhan? Ýerliksiz aladalanypsyñyz. Pyragyny hiç haçanam çañ basmady, türkmen ýaşasa, mundan beýlägem basmaz! Pyragy aýdymlarda ýaşady, rowaýatlarda ýaşady! Soñ kinofilmlerde, romanlarda, ýüzlerçe proza we poetiki eserlerde ýaşady! Adyny ýazyp bilmeýän sowatsyz türkmen Pyragynyñ kitabyny guba düýesini berip satyn alypdy, atam döwri... Şolar ýaly kyn döwürlerde ömrüne ömür goşan Pyragyny (has dogrusy, şu pikiriñem nädogry, Pyragynymy ýa onuñ edebi mirasyny?) gel-gel, şu döwürde çañ basmalymy?
Iñ bir kitap okamaýan türkmenem, Pyragynyñ bir goşgusyny ýatdan bilmese-de, nakyla öwrülip giden setirlerini ikimizden gowy bilýär.

* * *

Soñky bendiñ birinji iki setirini özüñ şerh edäýmeseñ, biz-ä düşünmedik.
Soñky iki setiriñ barada-da ýokarda aýdyp geçdik.

* * *

Belliklerden netije çykararsyñyz diýen umyt bilen! Size diñe üstünlik arzuw edýäris. "Dost ýüzüne..." diýipdirler.

0
10 Azat_Nurgeldi  
283
Salam, Haweran. Sen "Dostuň däl, taryhyň syryny açýan" diýen setire biraz tersiräk düşünipsiň, meniň pikirimçe. Bu setirde Kerimhally dostuň syryny açjak bolman, taryhyň syryny açjak bolmaly diýen ýaly manyda ýazypdyr.

0
11 Azat_Nurgeldi  
283
Beýleki bellikleriň bilen bolsa doly ylalaşýan.

0
5 silapmuham  
1368
Şu gün bir obadaşym ýurduny täzeledi. Öwülýä depin edildi mollamyz tebärek çykdy. Onuň okaýşy äheňi buddistleriň mantra okaýşy ýaly bir zatdy. Aýat-Kurandan bilýän bir başga obaly meni dürtdi "Bu samahylly näme?" diýen manyda. Oňa: "bul oba geregi şu" diýip aýdasym geldi. Arman, öz obamyň abraýy ýene meni lal etdi.
"Kerimhallylary diňläp bilýän bolsa, gözüňiz aksyn" diýesim gelýär.

0
6 silapmuham  
1368
Haweran! Iki tarapyna okap bolýan sözlere Palindrom diýýäler menem Kerim bilen ýarym kapýalaşýan palindrom aýdaýjak "Kerime Krem"

0
7 Haweran  
411
Şu awtora şunça üns bermejek, ýazýan "goşgularyna" seslenme ýazmajak bolýan, bolanok. Näçe islemesem-de, onuñ daşary ýurtly ildeşlerimize beren gödek jogaplaryndan soñ, oña ýene bir gezek daramagy makul bildim, ýogsam bolmasa ýokarky iki teswirimi az-kem gödegräk görüp, gaýtadan gözden geçireýin we käbir ýerlerini ýumşadaýyn diýip durdym. "Ýagşy ata bir gamçy, ýaman ata müñ gamçy" diýleni-dä. Asyl onuñ suw gysymlan ýaly boş we ýeñles "döredijiligini" näçe tankyt topuna tutsañam bärden gaýdýar. Meñ pikirimçe ol özüne edilen tankydy belliklere-de göriplik düşünýär...

* * *

Türkiýede okap ýören bir ildeşimiz awtoryñ instagramdaky hasabyna şeýle ýazypdyr:
"Edebi tankytlara garşy däl bolsañyz, ýene bir gezek gözden geçirmegiñizi maslahat berýärin".
Awtor ilki sypaýysyrabam gürleşipdir. Goşguda dil bilmezlikde aýyplanýan setirleri göwnüne alan ildeşimizem oña meniñ ýokarky teswirimden, şu:
"Düşünmedim? Daşary ýurtlarda okap ýören ýaşlarymyzy öz ene dillerini bilmezlikde aýyplaýan-a dälsiñiz-ä, hernä? Olaryñ arasynda, heý, ýakyndan tanaýanyñyz-a ýokdur? Meñ özüm-ä, birnäçesini tanaýan we olar ene dillerini bilişleri ikimizdenem gowy, çuñ. Düşünjeleri-de, bilimleri-de, umuman hemmetaraplaýyn ikimizden öñde.
Onsoñam, okumyş, köp dil bilýän adam hiç haçanam "ýolbars ýaly arlamaýar".
Gaýtam, öz içimizde görýäs, öz ene dilini-de oñly bilmän ýolbars ýaly arlap ýören çöññeleri!"
bölegi ugradypdyr.
Okyjylaryñ özi aýtsyn, şu ýerde awtoryñ şahsyna degýän ýeke setir, ýeke söz barmy, heý? Dogry düşünşip, dost-doganlyk ruhunda pikir alyşmakdan geçen, gaýtam ol ildeşimiziñ üstüne çöwjäp şeýle zatlary ýazýar:
"Azajyk dünýägaraýyşyñy giñelt
Daşyña seret
Dil bilmezlikde aýyplanýan ýok
Ýüregiñi päkle
Onsañ goşga baha ber
Bir zada düşünjek bolup, düşünip bilmän iñ bolmanda tankyt bir edeýin diýip tankyt etme
Shol zatlañ dogrudygyny yurejigiñ duyyandyr
Turkmenistanyñ Aýraportynda yekeje gun durup gor
Turkden gelenleñ 90 % ejesini gorup, Annacim dp ylgamasa shu goshgyny udalit ederin
Yolbarsy nahili haywan hökmünde kabul edyan?"

Türkmenistanyñ Aşgabatdaky Halkara Howa menzili-hä beýlede dursun, Stambuldaky türkmen konsullygynyñ agzyny dolduryp, watanyna gaýtmak üçin nobata duran ildeşlerimiziñem öz ene dilinde gürleşýändiklerini anyk aýdyp biljek. Awtor tarapyndan üstüne çöwjelen naçar ildeşimiz hem hut şolaryñ biri.
Watanyny görmäge zar bolan ildeşlerimiziñ ýüreginde öz ata watanyna, ene topragyna, mährihan diline bolan söýgüsi awtor ikimiziñkiden has güýçli! Daşary çykyp göremzok, daşarda nämeler bolýar, hiç zat bilemzok, bar bilýänje zadymyzam gulakdan eşitme ýalan gatyşykly zatlar. Herki zadyñ magadyna ýetip, soñ gürlesek ýüzümiz utanmaz. Hatda şol ýerdäki bir ildeşimiz biziñ käbirlerimiz tarapyndan tatlar diýip göwniýetmezçilik edilýän lebaply ildeşlerimize çenli "tatça" gürleýär diýip gülýär.
Awtor ildeşlerimizi türkçe garyp gürlemekde aýyplaýanlygyny esasly dawa hasaplaýan bolsa, özüniñem arassa türkmen dilinde gürleýändigine ynamy güýçli bolsa näme üçin okyjysyna "shu goshgyny udalit ederin" diýip, rus sözüni garyp ýazýar. Ýogsam bolmasa, ol rus dilini bilenogam-a. Rus dilini bilmeýändigini awtoryñ özi reklama maksatly çykyşlarynyñ birinde agzaýar, hut şol çykyşynyñ ýene bir ýerinde-de Ýewtuşenkodan ogurlan goşgusyny rusçadan terjime edendigini aýdýar. Okyjy Kerimiñ haýsy sözüne ynanmaly?
Bilmezlik aýyp däl, bilmeýän zadyñy bilensiremek aýyp, hatda nadanlyk!
Onuñ ýazyşyndaky grammatiki sowat derejesiniñ pesligini-hä agzabam oturjak däl.

* * *

Häzir diñe Türkiýäniñ özünde ýurduna aşjak bolýan ildeşlerimiziñ sany bir milliondan geçýär. Munuñ özi halkyñ bir bölegini añladýar. Ýeri onsoñ nädip, öz ýanyndan özüni "halk şahyry" yglan edip ýören Hallyýewimiz halka bular ýaly duşmançylykly pikirde bolup bilýärkä? Nämüçin, nämäniñ hatyrasyna?

* * *

0
8 Haweran  
411
Galyberse-de, awtor diñe öz halkymyza-da däl, doganlyk türk halkyna we olaryñ diline näme sebäpden beýle gyýa garaýyşdadygyny hem düşündiräýse? Olardan näme ýamanlyk gördükä? Sen tünegiñe sygdyrmasañam, olar ýurt aşyp mysapyrlyk çekmäge giden ildeşlerimize töründen ýer berdi, seniñ gysganan bir döwüm çöregiñi iki bölüp paýlaşdy, öñki ýyllary hasaba almanymyzda-da, awtor diñe pandemiýa başlanandan soñky iki ýarym ýyly göz öñünde janlandyryp, şeýle gahatçylyk we keselçilik zamanynda gapyña gelen ýüz müñlerçe ýat ýurtla iş, hak-heşdek, çörek... bermegiñ nämedigini bilsedi we özüni olaryñ ýerine goýsady, dagy-duwara beýle sözleri agzyna almasa-da almaz.
Herhal, awtory şeýle ýöntem pikirlerden el çekmäge we giñ pikirlenmäge çagyrýaryn. Il bilen ilsiñ, halkyñ bilen adamsyñ, halk bolmasa biz kim? Ýeliñ ugruna gaýyp giden çopantelpegiñ übtüginden enaýy ýerimiz barmy, şolarsyz?

* * *

Iki ýarym ýyllap ýurda aşyp bilmedik ildeşlerimiziñ ençemesi ýat ýurtlarda mazar bolup galdy. Iñ bolmanda olaryñ ýoluna göz dikip aramyzda garaşyp oturan ene-atalaryndan, dogan-garyndaşlaryndan ejap et, Kerim.
Kimdigini, nähili dünýägaraýşynyñ bardygyny bilmedik adamlaryña nädip beýle zatlary ýazyp bilýäñ? Asyl her pikirini aýdana şeýdip azgyrylyp durýan bolsañyz, siziñ ol reallykdan üzñe wirtual dünýäñizdäki "goşgularyñyza" el çarpýanlar kimlerkä? Şo maña gyzykly bolup göründi birhili...
Her pikirini aýdan okyja awuñy pürküp ýörjek bolsañ, bahym gözden düşersiñ!

0
9 ahallydan  
6
Goşgy barada giň pikir ýöretmek islämok, ýöne Kerim öz şahsyny şahyrlyk derejesinde görýän bolsa, türkmeniň däl, onuň mätäçlik çekýän zatlary bar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]