00:24

Bagşylaryñ halasgäri

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 694 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 2.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Блондинка / Goşgular - 25.07.2024
«Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024
Şahyr / Goşgular - 17.11.2024
Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024
Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024
«Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024
Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024
Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024
Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024
Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024

Teswirleriň ählisi: 171 2 »
0
1 Dokma2442  
423
Halk köpçūliginiñ söýgūsini gazanan mahmal owazly merhum bagşy Nurymuhammet Meredowyñ şahsy kemis lakamyny tutman, Nury Meret diýen bolsa gowy boljakdy.
Awtor bagşylañ ikisi b.n kyýamatda haklaşaýmasa aýatda ýok.

0
2 Raziýe_Soltan  
16
Onson su gosgumy?!
Kapyyany ugrukdyryp bilsen gosgy bolyan bolsa men ozimde 2 depder gosgy yatyr...
Manysy name bunun?!
Bolya cagalygyn yatlap yazyp bilersin yone cagalyn tamizligi nirde?

0
3 Mehribon  
Okadym gowy degisme eken yone gulesim yok hic

0
4 Nowgül  
371
Şu boşga hiç düşünmedim men-ä? Kerim Hally näme diýmek isledikä?

0
5 jumagylyjovao  
88
Hawa şu Kerim Hally diýilýäni büdräpmiş, ýeňsesinden itip ýykmak isleýäňizmi? Geliň, itip
ýykdyňyzam diýeli. Indi depibem geçjekmisiňiz? A belki eliňizi uzadyp, galdyryp
görersiňiz. Geliň, şu oglan, has gödek söz bilen aýdanyňda, hapa bulaşdy
diýeliň. Hapa suw bilen hapany arassalap bolmajagyna aklymyz ýetmän durmy? Ruslarda
şu ýagdaýy häsiýetlendirýän şeýle söz bar” Тут действует закон курятника:столкни ближнего, сри на нижнего.” Meň aýdanlarymy halamajagyňyzy bilýän.
Halasaňyzam, halamasaňyzam ol siziň öz işiňiz, a bu meniň pikirim.

0
6 jumagylyjovao  
88
Elbetde, teswirde her kim öz pikirini ýazýar. Şol pikirleriň baryna-da hormatym bar. Emma diňe @Dokma2442
bilen doly ylalaşyp bilerin.

0
7 Gumlygelin  
8
Aýdym aýdýanlar telewuzoryñ,radiýoñ içinde bolaýarmyka diýen pikir hemme çagada-da bolýar.Şoñ üçinem yzyny bulam-bujar pikirlere sepleşdirmän,bu barada birki bentjik goşgy ýazyp"Çagalar üçin"-diýip goýan bolsa gowja bolardy belki...

0
8 jumagylyjovao  
88
@Palitra, üns beren bolsaňyz men pylany şony büdretdi ýa-da büdränden soň itdi  ýa-da pylany şony büdretmek isleýär diýmedim. Men özi büdredem diýmedim. Men büdränmiş diýdim. Kerim Hally diýilýän adamy
tanamok. Ýöne ol barada ýazylanlary okadym. Hawa goşgy ogrulygyny edipdir, hawa
bir ýerde degişmesi ýerine düşmändir... Indi ony haçana çenli ýerden çykaryp,
ýere sokjakmyşynlar. Gowy zada gowy diýmelidir-ä. Şu goşgyny Kerim Hally barada
öň aýdylan zatlary ýatdan çykaryp okasaň, gowy degişme.

0
9 Pegas  
98
Men Kerimiň muşdagy. cool

0
10 Hаwеrаn  
245
Umuman alanda, Kerim Hally erbet şahyram däl, esasy zat - gözleg bar onda, täzelik tapjak bolýar, illeñ gaytalayan temalaryna yuzlenenok. Emma bir uly kemçiligi bar - ony sowatsyzlygy köseyär.
Goşgynyñ birinji bendiniñ ikinji setirindäki gümra sözüne analiz berip göreliñmi?

Gümra [gümra:] - geplemän, sessiz-üýnsüz oturan, lal ýaly bolup oturan adam babatda ulanylýar. Mysal üçin: "Bu gürrüñ gozgady gümra ýigidi" ("Sowet edebiýaty" žurnaly). "Gezen - derýa, oturan - gümra" (nakyl). Bu söz bir zada aşa meşgul, öz işi bilen başyna gaý bolup ýören adama-da aýdulýar: "Nury özbaşyna gümra bolup ýörendigi üçin daşyndakylaryñ näme işleýändiginden habary ýokdy". (N.Saryhanow, Saýlanan eserler)
Umuman, "gümra" sözi gowy manyda ulanylanok. Töweregiñden gapyl bolup, bar zatdan bihabar galan adam babatynda-da gümra sözi ulanylýar. Mysal üçin:
"Magtymguly, boýun bolgul bu emre,
Mala meşgul bolup, ýatmagyn gümra."

(Magtymguly Pyragy).

Sözüñ asyl manysyny bilip ýerinde ulanmasañ, awtory gelşiksiz ýagdaýa düşürip biler. Men Kerim çagalykda teswirimde görkezen mysallarymdaky ýaly "gümra" bolmandygyna ynanasym gelýär, emma goşguda näme ü.n muny ulanypdyr, ony welin bilemok.
Sag adam gümra bolanok, näsag adam gümra bolýar.

0
11 Hаwеrаn  
245
Birinji bentdäki ady tutulan: "Aman Kadyr, Annuş, Hajydyr, Hemra.
Parahatdyr, Gülşat.." ýaly aýdymçylary (bagşy däl) bar döwürdeş hasap edeliñ. Aman Kadyr 90-njy ýyllaryñ "Ýañlan diýarym" telebäsleşiginden soñ ýitirim boldy we toy bagşysyna öwrüldi, men onuñ radioda çykyş edenini birinji gezek eşitdim (geñ). Annuş kim? (Myratdurdyýewmi, Babaýewmi, Seräýewmi?) Hajy (Ýazmämmedow?) halk aýdymyna geçensoñ radioda çykyş edyan bolmagy ahmal (olam "Owaz" radioyaylymy doredilensoñ) ondan öñ Hajy estrada aydymçysy hokmunde cykyş edyan wagty radioda adam yokdy ysam. Umuman "Owaz" radioýaýlymy, telewideniýede-de "T-men owazy" teleyaylymy doredilensoñ (2007-den bäri) Annuşyñ, Hajyñ, Parahadyñ we ýene-ýenäñ "bagşy" donuna girdiler. Ondan öñ bagyşla welin, seniñ bu goşguda "Kasoý" diyip kemsiden aydymçyñ tarapyndan "Annuş... ***** bagşyñ biri sen!" diýip ozune sögdurip yoren köçe bagşylaryñ biri dälmidi?
Gülşat haçanyñ aydymçysy, onuñ b.n ylalaşyan, radioda-da, twda-da men bar şolam bar. Ejem b.n deñ diyseñem yeri bar
Yone Hemra diyyaniñ olaryñ hemmesinden soñ çykmadymy?

* * *

"Kasoý" diyyaniñ (yatan yeri yagty bolsun) hiç haçanam radioda çykyş etmandi. Bally Hajyñ (oñam yatan yeri yagty bolsun) panydan göç edeni haçandy?

* * *

Kerimem bolsa 90-93-iñ ösdürimi bolmaly. Onuñ çagalygynda bu aydymçy diyenleriniñ birem radioda çykyş etmeyädi. Edenem bolsa goşgyda sanalanlaryñ hersi ayryrak dowruñ aydymçysy.

0
12 jumagylyjovao  
88
şu saýtyň sözlüginden:
GÜMRA [gümra:], syp.1. Bir işe, pikire berlip, diňeşoňa meşgullanýan, bir zada meşgul. Her kim öz işi bilen gümrady (B. Annageldiýew). 2. Bir zada meşgullanyp, başga zatdan gapyl, daş-töwerekden bihabar. Magtymguly, boýun goýgun bu emre, Mala meşgul bolup, ýatmagyn gümra (Magtymguly).
 Gümra bolmak bir zada meşgullanmak, bir işe ünsüňi bermek.
Ýaşlardan saýlanyp çykyp bir gyra,
Garrylar gürrüňe boldular gümra (A. Kekilow).

Çagaka  kakasynyň köne  radiosyna  köp  üns berip,  şonuň  bilen  meşgul bolupdyr,  oňa  güýmenipdir.  Diňe  oň bilen  çäklenmän,  söküp-düzübem  görüpdir.   Ýa  nädogry  düşünipdirinmi?

0
13 jumagylyjovao  
88
@Palitra,  bu aýdýanlaryň  seň  şahsy  pikiriň.  Öz  pikiriň  bilen  galyp  bilersiň.  Ol  meni gyzyklandyranok.

0
14 Jeksparro  
405
Juda ilkidurmuş obşinasynda yaşap yören bolaymasañ, çaga-da bilyarmikä diyyan şo magnitafonyñ içine adam girip bilmeyändigini, men çagakam şo magnitafony nadip yasalyandygy hakda oylanyardym... Bu şahyr çaga wagty şoñ yaly kemakyl boldumyka!?
Radio meselesinde-de şolar yaly. Radioda ol agzalan bagşylaryñ hemmesi aydym aytdylarmyka, ya magnitafondaky kassetada diñledim diyjek boldumyka Kerim şahyr! Düşünyan daldirin.

0
15 Jeksparro  
405
Radio meselesinde-de şolar yaly. Radioda ol agzalan bagşylaryñ hemmesi aydym aytdylarmyka, ya magnitafondaky kassetada diñledim diyjek boldumyka Kerim şahyr! Düşünyan daldirin.

1-15 16-17
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]