14:03

Çyrşabermeli zat ýok

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 511 | Добавил: Palitra | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025
Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025
Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025
Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025
Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025
Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025
Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025
Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025
Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025
"Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Wirus  
Şeýle manysyz goşgulary ýazybermeli diýen zat ýok.

0
2 Wirus  
Goñşy saýtda gaty gowy bellikler edilen eken şu goşga. Admin aga rugsat berse, şu taýda goýjak şony:

0
3 Wirus  
@ Mango:

Kerim kaka-da “çyrşabermeli zat ýok”, ýagny “çyrşabermeli däl” diýse-de “çyrşabilipdir”.
aýdylanlara “öýkeläbermeli zat ýok” diýip dowam ediberjek.

“Şygyr” diýip dile geldi,
Çyrşabermeli zat ýok.

“dile gelenlere şygyr diýip bolmaz” diýjek bolupdur, ýone diýip bilmändir.
(iň bolmanda “geldi” diýen söziň ýerine “gelenini” bolsady…. umuman, o-da halas edenok welin…) “şygyr” diýip dile geldi gelenini, çyrşabermeli zat ýok.
“çyrşamak” sözi hem edil ýerinde däl.
hapa zatlar çyrşalýar, ýa-da çyrşalan zat hapalanýar…

Gyz lebinde ary bardyr,
Ogşabermeli zat ýok.

kimiň a:ry bar.
(ary (пчела) diýip okasaň-a, dogram bolýar… ogşabermeli däl, ary bar bolsa.)

Şygry bezeýän ýürekdir,
… şygry bezeýän belki, pikirdir. belki manydyr. belki duýgudyr?…

Ýaz ýerinde ýazlamaly,
Buz ýerinde buzlamaly,
Söz ýamany duzlamaly,
Ýagşa bermeli zat ýok.

goşgyň iň “çürdepe” kupleti.
“ýazda ýazlamaly, buzda buzlamaly…
buzlananda nähili bolýar?
“gar ýerinde garlamaly” diýen bolsa – garlaşmak göz öňüne gelýär welin… bu “buzlamala” nähili düşünmeli?

“Söz ýamany duzlamaly” – söz bilen ýaman (kişileri) duzlamaly diýjek bolanam bolsaň “ýaman sözi (erbet sözi) duzlamaly (ýazgarmaly) ýalam eşdilýär…
söz diýlen zat duzlamak üçin däl ahyry…
ylalaş, ylalaşma, o başga mesele. ýöne injilde “ilki başda Söz bardy we Söz – Hudaýdady….” ýalyrak tarypy bar Sözüň. Söz -Kelam, Kelamyň Kuranda-da waspy ýetik….
garaz, söz – duzlamak üçin däl…

“Ýagşa bermeli zat ýok.” – ýagşa näme bermeli däl… düşnüksiz. ýaman kişä – duz bermeli, ýagşy kişä – duz bermeli dälmi? ýa-da ýagşa hiç zat bermeli däl….

“Gowy şygyr az ýazylsa,
Galanyna saz ýazylsa…”

many: saz ýazylan şygyrlar – erbet şygyrlardyr. sebäbi “gowy şygyr” kän däl, “az ýazylýar”…. gowy şygyryň daşynda galanlara bolsa – saz ýazyp millete dişletmeli….
bu ezýete haýranyň “hekgerýär”….

Söz maňzy çuňňur gazylsa,
Bagşa bermeli zat ýok.

maňyz gazylanok, maňyza ýetilýär…..
“Bagşa bermeli zat ýok.” – “bagşa” bermelimi, bermeli dälmi ol “gowy şygyrdan galanlaryna” ýazylan sazy… aýdyma “zörletmesi” üçin…

Kerim kaka, gaty görme welin, bu hödürläniňem – bolmady. ýöne, aýdylanlara “öýkeläbermeli zat ýokdur”. Nesip bolsa, gowy goşgularyňam okadarsyň diýen umydym bar.

0
4 Hаwеrаn  
245
Rugsat Alladan. ))
Ýerlikli bellikler edilipdir. Dogry söze ne hajat. "Çyrşamak" sözüni goýjak däl-ow şü awtor bir ýanyndan. Bu baradaky pikirimi öñ bir goşgusynda ýazypdym. Gaýtalap oturmagyñ geregi ýok. Degerli netije çykaryp mundan beýläkki goşgularynda ünsli çemeleşer diýip umyt edeliñ...

0
5 Artogrul  
374
@Wirus, goşgyñ içine wirus düşürip goýdyñaý ! biggrin

0
6 Aman  
Goşgy öñ wirusly, @Wirus gaýtam Kerime wirusdan saplanmagyñ ýollaryny salgy beripdir.

0
7 Aman  
Tois, Kerimiñ özüne däl-de, Kerime goşgusyny nädip wirusdan saplamagyñ ýollaryny salgy berýär smile

0
8 Aman  
Ýogsam bu Kerim Hally instagram hasabyndan koronawirusa meñzeş goşgulary bilen ýene kän kän "muşdaklary" zäherlär biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]