00:01

Gadyr gijesi

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 668 | Добавил: Gülnahal | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 2.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024
Okanyma öýkünme / Goşgular - 28.11.2024
«Sallançakdan düşüp meýdana gitdim...» / Goşgular - 15.11.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Ýürek ýarasy / Goşgular - 08.12.2024
Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024
Ganyp dolup / Goşgular - 29.05.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Haweran  
411
Kurany Kerimiñ ilkinji aýatlarynyñ Jebraýyl perişdäniñ üsti bilen Nur dagynyñ Hyra gowagynda pygamberimize (s.a.w) inip başlandygy dogry. Bu milady hasap bilen 610-njy ýylyñ Remezan aýynyñ Gadyr gijesine gabat gelýär.
Ýöne goşgynyñ birinji iki setirinde bir ýalñyşlyk bar. "IKRA" sözüniñ özi arapça "Oka" diýmekligi añladýar. Şonuñ üçinem: "Ikra oka!" diýip, buýruk getirmiş" diýseñ, merhum satirik Nuryşkanyñ "Agam, bratok" diýşi ýaly bolýar.

* * *

Dini çeşmelerde sahabalaryñ aýdanlaryna salgylanyp, Kuranyñ tutuşlygyna bir gezekde Lowhy-Mahfuzdan (iñ ýokarky semadan) Beýti-Yzzata (dünýä semasyna) Gadyr gijesinde inderilendigini, soñra ony Jebraýyl perişdäniñ bölekler halynda 23 ýylyñ dowamynda pygambere (s.a.w) getirendigi aýdylýar. Kuran aýatlarynyñ, wahyýnyñ geliş şekili-de üç dürli bolandygy aýdylýar (munuñ uzak gürrüñdigi üçin esasy gürrüñden daşlaşmalyñ).
Bu ýerde "bäş aýat indi" gürrüñi nirden çykdy we ol bäş aýat haýsyka?

* * *

Gadyr gijesi - gyz çagajyklaryñ diriligine gömlen, daşdan, tagtadan we halwadan ýasalan wasanlaryñ hudaý hökmünde çokunylan, zorluk-sütemiñ giñden ýaýran, nadanlyk tümlüginiñ labyryny atan ýurtlaryñ yslam nury bilen aýdyñlanan we Muhammet pygamberden (s.a.w) nesiplenen gijedir.
Many taýdan alanda "bäş aýatly" ýerini hasaba almasak, birinji bendiñ soñky iki setirinde ýalñyşlyk ýok.

* * *

Pygamber Magraç gijesi Byrak münüp Hakyñ huzuryna barypdyr. Gadyr gijesi däl.

* * *

"Şondan soñ mukaddes bolmuş bu gije,
Hem musulman zenan, imanly äriñ."


Bu iki setir biri-birine sepleşenok.
Hem yslam dini külli adamzada, pygamberimiziñem ynsa-jynsa ugradylan iñ soñky pygamberdigine görä, bu gijäniñ bereketi diñe musulman ýa musulman däl zenan, imanly-imansyz är tapawudy ýok, külli adamzada hem haýyr getirýän bolmaly. Diniñe, jynsyña dahylsyz bolaymasa bu gijäniñ mukaddesligi...
Dinimizi dar galyplaryñ içine sygdyryp, garderob dine öwürmäliñ!

* * *

"Bu gije gelermiş rysgal seçmäge,
Keşbe girip Hydyr aleýhissalam."


Salyh amally mömin-musulman bendäniñ Gadyr gijesi Hydyr pygambere (a.s) duşýandygy barada halkymyzyñ arasynda yrym-ynanç bardygyna garamazdan, Hydyr aleýhyssalamyñ bu gije rysgal paýlaýandygy barada birinji gezek eşitdim. Geñ. Awtor muny haýsy dini çeşmä esaslanyp ýazdyka?
Her säher çagy perişdeleriñ rysgal paýlaýanyny, şoñ üçin dañ-säher çagy ýatmaly däldigini eşdipdik.
Hydyryñ iman edenlere, ýagşy adamlara kyn pursatlarda görünýändigine we olaryñ müşgilini asan eýleýändigine ynanylýar. Onuñ wezipesi rysgal seçmek däl...
Yslamy düşünjeleri yrym-ynançlar we Gurhanda aýdylmadyk mifiki gürrüñler bilen garyşdyryp, erteki aýdyp berýän ýaly hamala. Bu bolsa eseriñ ygtybarlygyny pese gaçyrýar.
Bular ýaly meselede özüñden bir zat oýlap tapmaly dälmikä diýýän. Seresap bolmaly, jogapkärçiligi bar.
Ýene bir zat: "Keşbe girip Hydyr aleýhissalam" diýýär. Eýse, bu gijeden başga wagt Hydyr aleýhyssalam keşpsizmi, keşpsiz gezyärmikä we nämäñ keşbine girip gelýärkä awtoryñ aýdyşyndan?

* * *

"Allah dergähinde kabul bolarmyş,
Uka eýlenmedik arzuwly kelam."


"Arzuwly kelam..." Men-ä düşunmedim.
Hem kelamyñ uka eylenmegi? Uka eýlenen kelamam bolýarmyka? Aslynda ukudakañ kelam sözläp, arzuw edip bir bolýarmyka?
Düýş görülse görülýändir.

* * *

"Musulman bendäniñ doga-dilegi,
Owratjakmyş şeýtanlaryñ dişini."


Şeýtanlar bu ayda öñem-ä zynjyrlangy dur. Eli-aýagy bagly duran bedibagtyñ nämesine dişini owratjak.. :)
Musulman doga-dilegi özi, öz gowulygy üçin, iki dünyäsiniñ abatlygy ü.n edýär, şeýtanyñ dişini owratmak ü.n däl.

* * *

"Şudur "Gadyr" hakda bilenlerimiz."

Gadyr sözi sözlemiñ içinde näme üçin goşa dyrnaga alyndyka? Ýa bu ironiýamy?
Gadyr hakda bilýänlerimiz entek-entek ýeterlik däl bolaýmasa.

* * *

Ikinji bentde pygamber sözi baş harpda alnypdyr. Pygamber - has at däl, sözüñ başynda gelmese, ortasynda ýa ahyrynda kiçi harp bilen ýazylýar.

* * *

Umuman goşgy gowşak...

* * *

"Musulman doganlar size arzuwym:
Kabul bolsun ähli dilegleriñiz."


Omyn. Külli adamzadyñ, jümle musulman ymmatynyñ doga-dilegleri kabul bolsun, arzuw-umytlaryna ýetsinler, Asmanymyz asuda, ýurdumyz parahat bolsun!
"Biz Kurany mübärek gijede inderdik, biz adamzady hemişe-de oýaryp gelýäris." ("Duhan" süresi, 44/3)
"Her görenñi Hydyr bil, her gijäñi Gadyr..."

0
2 baharaliyeva39  
1028
Gadyr süresini okap ýa-da bu hakyndaky hadyslara bakyp ylham alynsa (myş)-ly bir goşgy döremezdi belki-de. Muňa garamazdan gowy niýeti üçin sagbolsyn. Gadyr hakynda bilenleriňizi giňişletmek dilegi bilen.....

0
3 Haweran  
411
• Hydyrly gürrüñe goşmaça:
Musa pygamberiñ (a.s) döwründe ýaşap geçendigi rowaýat edilýän Hydyr aleýhyssalamyñ (Hadyr, Hyzyr diýilýän ýerlerem bar) ady Hadyslarda kän duş gelse-de, Gurhanda bir ýerde-de gabat gelenok. Halkyñ arasyna ýaýran rowaýatlardaky Hydyr umuman alanda mifiki obraza bürendirilen şahs.
Belkäm, şonuñ üçindir, onuñ pygamber däl bolmagynyñ mümkindigini orta atýan garaýyşlaram bar. Muña garamazdan ulamalaryñ agramly bölegi ony pygamber (has dogrusy ony nebi ýa-da weli hasaplaýanlaram bar, käbirleri bolsa perişde bolmagynyñ ähtimaldygyny öñe sürýär) hasaplaýar.
Real şahsdygy doly takyklanmadyk şahsy öñe tutup, onuñ wezipesinde (rysk paýlamak) ýok işi oña ýöñkemek awtoryñ niýetiniñ gowugyna garamazdan, dini taýdan alanda howply görünýär.

0
4 Myhman0430  
778
Byrag atly atyn münüp Pygamber,
Huzuryna barmyş Perwerdigäriñ.

Miraj gijesi bilen garyşdyrypdyr öýdýän.

0
5 Myhman0430  
778
Комментарий успешно отправлен на проверку администратору проекта.

Şu ýazgy biraz kejikdirýä.

0
6 durdygylyjowdowlet3  
1286
Dinden çyksañ çyk, ilden çykma.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]