12:34

Tik-Tok

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 1176 | Добавил: Haweran | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 3.7/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024
Baýrak / Goşgular - 16.08.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024
Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024
Baky söz / Goşgular - 25.10.2024
«Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024
Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024
Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 merdanh  
1728
Kerim hakda kelam agyz.

Kerim Hallyýew şahyrmy ýa-da goşgy ogrusy?! Beýle ýowuz daraşmagyma esas bar: ilki-hä ol ruslaryň meşhur şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenkonyň iki bent goşgusyny "terjime etdi (ogurlady)". Üstüne ýedi bent goşaga-da öz goşgularynyň hataryna goşdy. Ondan başga-da ýoldaş Kerim Hallyýew özbek we garagalpak şahyry Ybraýym Ýusubowyň "Bir adamy bir adam" atly alty bentli goşgusyny gysgaldyp dört bende getirdi. Göni manysynda, hiç-hili üýtgeşme gizirmän terjime edip muny hem öz goşgularyna goşdy. Ine şol goşgydan bir bent:

Qanday yaxshi, birodar,
Odamzodning yuragi –
Bir odamni bir odam
Jondek yaxshi ko‘radi.

Ine-de Kerim Hallyýewiňki:

Öndürer öz ganyndan,
Bir adamy bir adam.
Gowy görer janyndan,
Bir adamy bir adam.

Ýa Ybraýym Ýusup Kerim Hallyň pikirini ogurlaýdymyka, beýle diýsek gülkünç bolara, sebäbi bu goşgy geçen asyryň segseninji ýyllaryna degişli. Kerim bolsa bu "goşgusyny" ýaňy ýakynda paýlaşdy. Beh, garagalpak edebiýatynyň meşhur şahyrynyň ýakasyndan tutaýypdyr bü-ýä. Ýene bir mysal getirmekçi:
Nätanyş özbek şahyry (awtoryny tapmadym):

Şundaý künlar keladi,
Çontak pulga toladi,
Omanatga iň zor bank,
Hotiniňgiz boladi!

Kerim Hallyýew:

Arkaýynlyk hem gorky,
Hyýalyň bolar dostum.
Dünýäniň iň berk banky,
Aýalyň bolar dostum.

Göniden-göni terjime edilen goşgular. Özbek dilini bilýän eken, terjime diýip beräýmeli eken-dä. Şu goşgulary alar-da ogurlyk dälmi eýsem?
Indi Kerim "şahyryň" öz goşgularyna geçeli, ol "Bagşylaryň halasgäri" atly goşgusynda türkmen aýdym-sazynyň görnükli wekili Nurmuhammet Meredowyň kemis tarapyny aýdyp "kasoý" diýip adyny tutsa,"Türkmene haýyşnamada", şu ýerde iki setirini mysal getireýin:

Azalypdyr" Döwran, Döndi, Kemine",
Köpelipdir" Elif, Emir, Emine..."

Beh, "Kemine" haçandan bäri at hökmünde ulanylýarka, men-ä gabat gelmändirin şu güne çenli megerem Kerim Hally biläýmese. Ýa-da "Elif, Emir, Emine" haçandan bäri türk atlary boldy. Bu atlar haýsy bir musulman döwletinde ýokka?
"Mazarystandaky oýlanma" goşgusy hem derňewe mätäç "Telbe beýnisini şerap guýupdyr". Beýnisine bolmaly, onsoňam beýnä nähili ýol bilen şerap guýulýar? Şerap içilýär dälmi?
"Adamlyk derejesi" goşgusy:

"Hem ýurt üçin janyň beresiň gelse,
Diýmek sen adamsyň, adamsyň dostum."

Beh, hiç zat ýok ýerden ýurt üçin diýip ölibermeli bolarmyka, şonda adam bolarmykak, bäh?

"Kän oýnadyk Amyderýaň boýunda,
Bugdaý orduk, un gutarsa öýünde,
Şol dostuň wezipä geçiş toýunda,
Gülen başga boldy, aglan men boldum."

Näme, bu ýerde awtor görüpligini açyp görkezýämi, heý-de dosty wezipä geçer-de Kerim Hally gynanýar, ýa-da bugdaý oruşdym diýip minnet edýärmi?

"Dostlam, kärim etse bir gün ikilik."

Käri adama hiç-haçan ikilik etmez, ýöne şol käriň eýesi kärinden hyýanatçylykly peýdalanyp biler. Meselem: siz özüňizi şahyr saýyp doganlyk halklaryň goşgularyny öz hasabyňyza geçirişiňiz ýaly. Gürrüňi uzaldyp oturmakdan peýda ýok. Sözümi wenger şahyry Şandor Pötefiniň sözi bilen tamamlamakçy: "Talantsyz şahyr ýaly gözgyny jandar dünýäniň ýüzünde barmyka? Megerem, ýokdur! Iň binamys erbet jenaýatçy wagtyň geçmegi bilen düzelip biler, emma erbet şahyr hemişe erbetligine galar: ol düzedilýän, bejerilýän närse däldir."

0
3 Pegass  
1546
Kerim Hallyýewde zehin ýok diýmek adalatsyzlyk bolar. Zehinli oglan...

0
2 merdanh  
1728
Kerim Hallydan şahyr bolmaz setiri setire çatyp bilmän ýören

0
11 Moderator  
1471
Beýle baha dogrudanam adalatsyz bolar. Edebiýat ogrulary zehinsiz bolmaýar. Ogurlugy-da hemmeler edip oñarmaýar ahyry :)

0
4 Kovalevskiy  
1521
Tiz wagtda adygan Kerim Hallyýew indi näçenji gezek ýokardaky subutnamalardaky ýaly işlerde aýyplanýar. Dogrusy internetde köp gabat gelýän käbir şahyrlarymyñ goşgularyny okamak agyr gelýär. Dogrusy hiç birimiziñ hem ilkinji döreden eserimiz birinji gezekde gowy bolandyr diýip biljek däl. Emma käbir kämil söz ussatlarynyñ goşgularyny okamak maña teselli berýär. Olaryñ arasynda köp wagt bäri ýazyp gelýän we döredijilige ýañy-ýakynda gadam basan şahyrlar-da bar. Olaryñ köpüsi bilen aragatnaşyk saklamsoñ men olardan hemişe üýtgeşik pikirlere, täzeliklere garaşýan.
Indi dolanaýyn asyl tema Kerim Hallyýewiñ-de birnäçe goşgularyny okapdym. Onuñ birnäçe klip görnüşde çykarlanlary hem bar. Köpüsi erbet däl. Emma şol ajaýyp eserleriñ hemmesi ahyrynda gelip terjime edilen (has dogrusy ogurlanan) goşgulara gelip diräýýär. Pikirleriñ gabat gelmegi edebiýatda bolup biljek zatmyka diýýän.
Ylhamyñ okap beren goşgusyny kagyza geçirip ilkinji gezek saýtda köpçülige paýlaşanymda ilki şeýlebir ikirjiñlenipdim. Ilki-ilkiler "Maña bu zatlar nämä gerek?" diýip öz-özüme sowal berýärdim. Käteler kelläñde aýlaýan pikirleriñe gabat gelýän goşga duşañda ol eseriñ eýýäm döredilendigine garap oýlanýarsyñ. Ol goşgy edil seniñ isleýsiñ ýaly bolup döräpdir. Ussatlara tüweleme!
Nukdaýnazar bölümindäki birnäçe makalalardaky teswirlerde belleýşim ýaly hakykatdan hem bular ýaly işleriñ öñüni almaly. Kerim Hallyýewiñ bu tankytlardan bihabar bolmagy ähtimal. Emma bu gezek meniñ üçin-ä has çendençykma bolýar. Bu zatlardan tankytlanýan adamyñ özi hem habarly bolmagy we dogry netije çykarmagy hökman.

0
5 Edebiyatcy  
15
Miweli baga köpräk kesek atylýan ýaly. Umuman, Kerim Hallyň eserleri tutuşlygyna alanyňda erbet däl, käte köp babatda haýran galdyrýan pikirlerine, meňzetmelerine duş gelýärin. Şeýle şahyrana tapyndylar, pikiri özboluşly aýtmak usuly Kerimiň döredijiligine mahsus. Men-ä Kerimi zehinsiz hasaplamok.

0
6 merdanh  
1728
Saýlaw aga we Kowalewskiý pikiriňize goşulýan bu häli ýadymda galany başga-da ogurlyk goşgulary bar munuň.

0
10 Moderator  
1471
Kamtarlik haqida

Garchi shuncha mag`rur tursa ham,
Piyolaga egilar choynak.
Shunday ekan, manmanlik nechun,
Kibru havo nimaga kerak?

Kamtarin bo`l, hatto bir qadam
O`tma g`urur ostonasidan.
Piyolani inson shuning-chun
O`par doim peshonasidan.

1956

Erkin VOHIDOV

https://tafakkur.net/kamtarlik-haqida/erkin-vohidov.uz

Şu goşgynyñ türkmençe (has dogrusy kerimhallyça), wariantyny diñläñ, soñra wäşi artist Hoja Hojaýewiñ bu baradaky ýañsysyny görüñ. :)

0
7 merdanh  
1728
Edebiýatçy onda ogrular zehinli bolýar-da?

0
8 Remezan  
1397
Sizi goldasym gelýär. Emma janyganyña degenok. "Ogurlyk eden uýalmaz, üstünden baran...." Giñ düşündirilişe, geñ düşünerler.

0
9 Kovalevskiy  
1521
Men öz teswirimde Kerim Hallyýewi bellibir sebäp bilen hiç hili aýyplamadym. Has dogrusy aýyplamak niýetim hem ýok. Diñe aýdasym gelen zat meñzeş pikirlenme bolup biler diýjek boldum. Emma häzirki wagtda ogurlyk eserler boýunça köp nukdaýnazar makalalar paýlaşyldy. Şolary okanymda köp zada göz ýetirdim. Sungat bilen iş salyşmak kyn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]