23:44 Dogan diýen düşünjeler hakynda | |
DOGAN DIÝEN DÜŞÜNJELER HAKYNDA
Edebi makalalar
Ar-namysy yzlaşmaga, Dogan gerekdir ýigide. (Görogly). Garyndaşlygy añladýan dogan diýen söz şeýle ulanylanda, biçak umumy düşünjäni hem örän giñ manyny berýär. Aslynda dogan sözi dogmak işliginden bolup, adamzadyñ iñ ýakyn hossary, arkadaýanjydyr. Halkymyzyñ içinde dogan diýen düşünjäniñ birnäçe manysy bar. Biz şu makalamyzda, gysgaça bolsa-da, dogan diýen düşünjäniñ toparlara bölünişiniñ manysyny seljermekçi. 1. JAN DOGAN ÝA-DA GAN DOGAN Nikaly şol bir är-aýaldan doglan ynsanlara jan (janybir) dogan ýa-da gan (ganybir) dogan diýilýär. Olara jan dogan diýilmeginiñ sebäbi bir jandan emele gelendikleri üçindir, çünki är-aýalyñ asly bir jandan, has dogrusy, aýal erkegiñ çep gapyrgasyndan syndyrylyp ýasalandyr. Bu hakda mukaddes Kurany-Kerimde şeýle diýilýär: "Eý, ynsanlar, siz Belent Perwerdigäriñizden gorkuñ, ol sizi bir jandan peýda etdi we ol bir jandan (Adamdan) onuñ jübtüni ýaratdy". ("Aýallar" süresi, 1-nji aýat). Adam doglanyndan tä ölinçä ganynyñ topary üýtgemeýär. Şol sebäpli şol bir är-aýaldan doglan ynsanlara gan (ganybir) dogan hem diýilýär. 2. ENE BAŞGA DOGAN Atasy (kakasy) bir bolup, enesi başga bolan ynsanlara ene başga dogan diýilýär. Öñki döwürlerde biziñ halkymyzda ene başga doganlyk gaty häsiýetli eken. Sebäbi yslam dini erkek adamlara dört aýala çenli almagy rugsat edipdir. Şonuñ üçin gurbaty çatýan adamlaryñ aglaba bölegi iki-üç, hatda ondanam köp aýal alypdyr. Her aýalyndanam birnäçe çagasy bolupdyr. Häzirki döwürde aýaly ölüp, soñra aýal alyp, ýa bolmasa, dürli sebäp bilen aýrylyşyp, aýal alaýmasa, ene başga doganlyk ilat arasynda gaty bir häsiýetli däl. 3. SÜÝTDEŞ DOGAN Şol bir eneden doglan, ýöne atasy başga bolan ynsanlara süýtdeş dogan diýilýär. Sebäbi olar şol bir eneden kemala gelip, onuñ ak süýdüni emip ulalýarlar. Beýle adamlary diñe enesiniñ bir bolmagy baglanyşdyrýar. Türkmenlerde enäniñ ak süýdi örän mukaddes hasaplanýar. Şonuñ üçin dürli sebäpden bir eneden emşen çagalara hem emşen doganlar diýlipdir, hatda bir eneden emşen oglan-gyzlar ulalansoñ, näçe isleseler-de, olara är-aýal bolmaga ygtyýar berilmändir. Geçmişde patyşalaryñ beren ölüm jezasyndan käbir mekir adamlar enesiniñ ak süýdüniñ üsti bilen sypypdyrlar. Munuñ şeýledigini Isgender Zülkarnaýyn bilen baglanyşykly rowaýatam subut edýär. Şol rowaýatda aýdylyşyna görä, Isgender Zülkarnaýynyñ depesinde iki şahy bolup, şahlarynyñ bardygyny ile bildirmezlik üçin her gezek saçyny syrdyrýan dellegini öldürýän eken. Ine, ahyry ady belli dellege hem Isgender Zülkarnaýynyñ saçyny syrmak gezegi ýetýär. Şol dellek Isgenderiñ saçyny syryp durka, enesiniñ ak süýdüne ýugrulan kökejikden iýýän eken. Ahyry Isgender ondan: "Bu wagt näme üçin tamşanýañ?" diýip soraýar welin, dellekçi oña şeýle jogap berýär: "Patyşahy älem, ölmezimiñ öñ ýany süýji tagamdan doýup öleýin" diýip, Ishender patyşaha hem hödür-kerem edip, garaz, şol kökeden iýdiripdir. Soñra dellek Isgendere ýüzlenip: "Patyşahy älem, dogan-dogany öldürermi ýa zulum edermikä?" diýip soraýar. Isgenderem oña "ýok" diýip jogap beripdir welin, dellek oña: "Onda näme üçin, sen, öz doganyñy öldürmek isleýäñ?" diýipdir. Isgender dellegiñ aýdanyna düşünmän "Men haýsy doganymy öldürjek bolýan?" diýip sorapdyr. Dellek oña "Patyşahy älem, ýañky köke meniñ ejemiñ ak süýdüne ýugrulan. Sen hem şol kökeden iýip, ejemim ak süýdüni emdiñ. Eýsem bir eneden emen adamlara dogan diýmeýärlermi?" diýip, ölümden halas bolýar. Käwagtlarda ýetim galan çagajygy terbiýeleýän hojalyklar bolýar. Şol çagajyklar hem beýleki doganlar bilen süýtdeş dogan hasaplanylmalydyrlar. Eger-de şol çagajyklar ep-eslije bolansoñ alynsa, onda beýle çagajyklar öýdeş dogan bolýarlar. Käbir ýerlerde süýtdeş dogan diýlip, ganybir dogana hem düşünilýär. Ýöne beýle düşünmek logiki ýalñyşlykdyr. 4. KYÝAMATLYK DOGAN ÝA-DA DOGAN OKAŞMAK Beýle doganlygyñ hiç hili garyndaşlyk baglanyşygy bolman hem biler, bolup-da biler. Kyýamatlyk doganlyk 622-nji ýylyñ ýanwarynda ýasripli musulmanlardan gelen wekiller bilen Muhammet pygamberiñ (s.a.w) arasynda "Uruş kasamy" adyny alan Akaba baýryndaky baglaşylan ikinji şertnamadan gözbaşyny alyp gaýdýar. Şol şertnama laýyklykda ýasripli (medineli) musulmanlar mekgeli musulmanlary kyýamatlyk dogan hökmünde ýurdunda güler ýüz bilen garşylamaga borçlanypdyrlar. Şertnamanyñ ahyrynda Muhammet pygamber (s.a.w) Kurany-Kerimiñ süreleri bilen berkidip: "Ansarlar (ýasripli musulmanlara diýlipdir. Ansar sözüniñ Muhammet pygamberiñ kömekçileri, hemaýatçylary diýen manysy bar), siziñ ganymyz ~ meniñ ganym, meniñ ganym ~ siziñ ganyñyz" diýip, hatda gandüşer garyndaşlarynyñ bähbidi ara düşse-de, musulmanlaryñ tarapyny tutjakdygyna kasam edipdir. Şeýlelikde, Akaba baýryndaky şol şertnamada ömründe biri-birini görmedik, ýöne ruhy taýdan Allaha iman getiren, Muhammet ymmatyna öwrülen mekgeli we ýasripli musulmanlar özleriniñ ynamdar wekilleriniñ üsti bilen resmi ýagdaýda dogan okaşypdyrlar. Haçan-da muhajirleriñ (Mekgeden Ýasribe göçüp baran musulmanlary şeýle atlandyrypdyrlar. Ol sözüñ haramylygy terk edip, göçüp baran diýen manysy bar) her bir hojalygy Ýasribe gelende, ýerli musulmanlaryñ hökman biri dogan okaşyp, olary öz öýüne ýerleşdiripdir hem-de bu beýik ynsanlara ganybir dogandanam ýakyn kömek edip, Yslamyñ dünýä ýüzüne ýaýramagyna ullakan hemaýat edipdirler. Muhammet aleýhi wesellemiñ eden wesýetine görä, kyýamat-magşar gününde adamlaryñ arasyndaky dogan-garyndaşlyk ýitip, hiç bir adam başga bir adama kömek edip bilmeýän bolara çemeli. Emma dogan okaşanlar kyýamatda hem biri-birine ýardam edip bilýän eken. Şol sebäpli dogan okaşmaklyk - kyýamatlyk dogan diýen ady alyp iki dünýäñ abatlygy üçinem iñ uly sogapdyr. Türkmenlerde kyýamatlyk dogan okaşanlar bir ýerinde (esasan, elinden) gan çykaryp, biri-birine çalşyp, "Señ ganyñ - meñ ganym, meñ ganym - señ ganyñ" diýip, hemişe biri-birine gandüşer garyndaşdanam ýakyn hökmünde durjakdyklaryna söz berip, Kurany-Kerimi ortada goýup kasam edipdirler. Ýöne halkymyzyñ içinde dogan okaşmaklyk gaty seýrek duş gelipdir. Munuñam sebäbini dogan okaşmaklygyñ şertiniñ agyrlygy bilen düşündirilse dogry bolsa gerek, çünki kyýamatlyk dogan okaşanlaryñ biri öldürilip, beýlekisi öldürileniñ gandaryny öldürip, aryny almasa, ony gaty binamys hasap edipdirler. Halkymyzyñ arasynda Zelili hem Seýdi Hojanyñ doganlygy kyýamatlyk doganlygyñ nusgasydyr. Umuman, doganlygyñ islendik görnüşi hem är-aýalyñ nikaly gatnaşygyndn emele gelen bolmalydyr. Şeýle hem doganlaryñ özara gatnaşygy olaryñ öz içindäki abraýyny kesgitleýär. Şonuñ üçin adamlaryñ arasynda doganlygyñ hatyrasyna kiçi-kirim öýke-kineler unudylypdyr. Dürli sebäpler bilen öýkeleşen doganlar hem toýda-ýasda ýaraşdyrylypdyr. Şol sebäpli "Dogana toba bolmaz, ýamana oba" diýen nakyl il içinde gaty ýörgünlidir. Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) hadysynda bolsa "Musulman musulmana dogandyr" diýlip, üç günden artyk öýkeleşip ýörmek gaty berk ýazgarylypdyr. Şonuñ üçin biz hem doganlyk diýen düşünjäniñ mukaddesligine uly hormat goýup, özara gatnaşyklarymyzda agzybirligi saklap, hemmelere nusga bolmaga çalyşmalydyrys. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. # watan_97 | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |